22:32

"Yhlas bilen ak tozgañy seçeläp..."

"YHLAS BILEN AK TOZGAÑY SEÇELÄP..."

Yhlas bilen ak tozgañy seçeläp,
Ýer ýüzüne dokaýarsyñ ak haly,
ýiti päki bilen ýüzleri ýylmap,
Awundyrýar, öwsüp sowuk şemaly.

Ýelek ýasap agaçlaryñ şahasyn,
Aýna bilen örtüp, ýaplaryñ suwyn,
Bar yhlasyñ ýele ýegsan eýledi,
Bulutlardan ýylgyryp çykanda gün...

Gyş!
ykbalymyz meñzeş ekeni,
Biziñ eden yhlasymyz bir meñzeş.
Sowuk pikirlerime, ýazýan setirme,
Meñzeş eken,
Meñzeş eken, sowuk gyş!

Men syýa ýüplikden dokaýan haly,
Ak kagyzyñ ýumşak böwrüni sünjüp.
Käte düýrläp, kagyz pökgi ýasaýan,
Tokgalap, tokgalap elimde mynjyp.

Oklaýaryn basketbol topuny ed:p
Bolmajak bolanda olañ kabirin.
Zyñýan urna basketbol toruna derek,
(Sportsmen bolardym men, üýtgetsem kärim).

Dokaýaryn...
gara ýüplük setirim,
Ak kagyza keşde çekýän nagyşlap,
Boýaýan, çyrşaýan, käbirin çyzýan,
Iki ýa üç bentde bezelýär goşgam,

Tirkeş bolup kerwen gurar pikirler
Okaýan, çyzýaryn ýene-de ýazýan,
Ahyr soñy lükgelenen setirler,
Tutaşdyrlyk bolup ojakda ýanýar...

Remezan MÄMETGURBANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 172 | Добавил: Remezan | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]