16:04

Ýigrimi baş ýaşym

ÝIGRIMI BÄŞ ÝAŞYM

O diýen bir özgerişlik ýok ýaly,
Öňkimden azajyk gowşapdyryn men.
Agaryp ugrapdyr saçymyň ýary,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.

Ser salsam yzyma, geçen ýollarmyň
Käsinde kä hetden aşypdyryn men.
Düzetmän, düzelmän, düzeljek bolman,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.

Ykbal, uzat käsäň, ganyp içeýin,
(Sermest bolup, käte joşupdyryn men.)
Begenjegmem, gynanjagmam bilemok,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men...

Kakamyň yzyndan ýetipdir boýum
(Ynsanlyk hatarna girdimmikäm men)
Öwrenemok, henizem gürleşmäni
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men

Badak alsa-da, durmuş oýunlary
Öwrendim, Ejemden dik durmany men.
Birje ýalňyş üçin, gör, näçe wagt
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.

Annagurban ANNAGURBANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 333 | Добавил: Annagurban | Теги: Annagurban Annagurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Не говори мне, что ты любишь меня!..» / Goşgular - 12.02.2023
Mynajat / Goşgular - 04.02.2023
Ф.Е.Коршу / Goşgular - 11.01.2023
Январь – алмаз / Goşgular - 19.01.2023
Ýanyma gelýäň / Goşgular - 07.01.2023
Dost / Goşgular - 23.01.2023
Сон пророческий / Goşgular - 19.01.2023
M.A.Врубелю / Goşgular - 09.01.2023
Jogabyny tapyp bilmedik sowalym / Goşgular - 08.02.2023
Kim ol? / Goşgular - 11.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]