16:54

Ýitip öýlenen / hekaýa

ÝITIP ÖÝLENEN

Ýitip öýlenen…
Bu lakamy oňa öýlenende ýelmediler.
Obanyň taryhyna giren şol wakanyň üstünden otuz bäş ýyl ötse-de, Çary häzirem şol lakamy bilen tanalýar.
Onuň hekaýatam şeýle.

*****

…Ýarygijeden agyp, sagat iki boluberende, tirkegçi (teležkaçy), dikdurma bagşynyň sesi kesildi.
Aýdymçy, ýanynyň sazandalary bilen paty-putularyny ýygnaşdyrdy-da, gelen ulagyna ýüklenip, zut gitdi.
Köçede keserip duran tirkegem: “Ötjek-geçjege bir päsgel bermesin. Eýesi: “Gün dogmanka traktorly alyp gitjek” diýipdi” diýdiler-de, ýokarky-aşaky gapaklaryny ýapakga, bir gyra sowup goýdular.
Öýlenýän ýigit Çarynyň, agşamky şagal mesligine esbaplaryny gündizden üpjünläp ýören synpdaşlary, köneden gelýän deňňene dessuryna eýermäge başladylar.
Gerek-ýarak et-petini, çüýşe-püýşesini Çarynyň kakasynyň gözüne güýdüşip aldylar.
Soňam iki gözi dört boljak bolýanyň özünem, alys ýurtdan ýöriteläp, onuň toýuna gatnaşmaga gelen gazak gullukdaşynam yzlaryna düşürip, gürüm-jürüm bolaýdylar.
Bir, Çarynyň pil ýaly daýaw, çyny bilen gaharlansa dagy, hatda mähnet-mähnet goýun itlerinem eýmendirip, duran-duran ýerlerinde guýruklaryny ýamzyna gysdyryberýän doganoglan agasy Nury Ketje, ýognas sesini bolşundanam bäşbeter ýognadyp, yzlaryndan gygyryp galdy:
-Eý! Sizler-eý!
Hakyllyja boluňlar-eý!
Düşdüňizlermi-eý?!
Şü tüntawyň özünd-ä çagalykdanam kelle ýokdur.
Ol, onuň iki egninde göterip ýören zadyna-da seretmäň, kellä meňzese-de, hakykatda içinde şemal “hüňleýän” boş kädidir onsy.
Indem, Siwiriň aýagujunda gulluk edip gelenem bolsa, häzirler-ä meýnisinde mazgisi köpelene meňzänok, çakym çak bolsa!
Erte nika gyýlandan soň dagy, mollaň demi düşüp, adam bolaýmasa!
Ýöne, onam näbileýin!
Her egninden öküz asybermeli daýaw-daýaw, jyrk sary kemennirleň ýerine salyp bilmedik mazgisini, mollaň “çüf-püfi” ornunda oturdaýarmyka?!
Ýöne şonna-da, sizem, ondanam beter mahaw bolakga, ol oýnatgyny oýnaplar, guýanyňyzy boşatdyryp, gowzadanynam dolduryp, ony ertir gelnalyjy ulaga münmäge ýaramaz derejede bazzyk-buzzuk edip oturan edäýmeňler-eý!
Beýdäýdigiňizler-eý, menem sizleri eýderin-eý!
Hezil bermen-eý!
Eşitýäňizlermi-eý?!
Oýun edýän däldirin-eý!
Şuny ýaman bek belläňler-eý!...
Nury Ketjäniň haýkylygyna, ondan azak-tenek çekinmänem durmaýan ýigitler: “bo-da, bo” bolşup baryşlaryna, iň bärkisi ädimlerinem haýallatmadylar.
Hemmesiniň etjegi içinde.
Öz akyllary ýetik bolansoň, kesekiniň “haý-küşi” artykmaç…

*****

…Ertesi, daň saz berende toý başlandy.
Goňşy-golam, ilen-çalan üýşdi.
Tirkegiň eýesi traktoryny “tarryldadyp”, ony tigirläp alyp gitdi.
Aşpez geldi.
Onlap ojaga ot ýakylyp, gazanlara ilk-ä, gaýym ýakylan çigit ýagyň ölçegi guýuldy.
Soňam lomaý-lomaý dogralan etli tabaklar düňderildi.
Karzyna alýan ýaly edip dogralan käşir-soganam eňterildi.
Toý palawynyň teýlik dürüşdesi mazaly gowrulandan soňam, her gazana birki bedre suw boşadyldy-da, gazanlar “demini alaryna” goýuldy.
Artykmaç atarylan gazandaky teýlik dürüşde-de, hyzmata gelenlere ýürekselik.
Ýaş oglanlar, derrew çaklaňja okaralara ýapyşdylar.
Aşpez susagy bilen, eti, käşir-sogany akyp, malgama dönen teýlik dürüşdäni, her uzadylan okara deň-derman paýlady.
Agzyňda eräp barýan dürüşdäniň ýany bilen hyzmata çulum degenekler, derrew gödeňsiz dogralan çörekdir, ýumry-ýumry ardylan sogan böleklerini paýlap çykdylar.
Işdäaçaram isläne uzadyldy.
Çüýşelisem.
Ýapbyldak gaplara bezelen pomidor-hyýarlysam.
Ýüzlerini kürşerdişip, ýarym ukuly gözlerini gyzardyşyp, öýlenýäniň deň-duşlaram, tagamyň ysyny alan ýaly bir ýerlerden peýda boldular.
Näme, munuň ýaly köpbilmişlere-de: “Siz gara daň bilen gelip nahar ataryşmadyňyz! Indi etlije nygmatam özlemmiz iýeris. Bu işde bize ýardamçy gerekmez!” diýip bolýarmy?!
Türkmeniň toýy hemmeler üçin göwnaçyk.
Bulara-da bolanjasyndan guýup berdiler.
Zaňňarlaryň aňyrsy kendir halta bilen syrylana dönen bolara çemeli.
Okaralaryndaky naharyň ýagyny dagy, biri-birine gezek bermän, “hopurdadyp-hopurdadyp”, çemçeläp içýärler.
Ýany bilenem çörekmi, soganmy, elin dogralan pomidor-hyýarmy...garaz, näme gabat gelse, saýgarman dykýarlar.
Arasynda-da biri-biriniň elinden şakäsäni almaga howlugyp, çal-agaranam käsesi bilen ýuwdaýjak bolýarlar.
“Uly ile goýuldy. Bularam galyp näm boljak?!” diýen ýaly edip, gapdallarynda dikilen çüýşemämmet begiň dagy, ýüzüne-de äňetmeýärler.
Eýýäm, gerejigini edinmäge ýetişen Nury Ketje, inisiniň deňdeşlerini göz astyndan synlap durşuna, keýpihonluk bilen lokguldap güldi-de, özi bilen tabakdaş oturan dosty, obanyň aşpezi Pyhym Süýjä degen kişi boldy:
-Süýji dost, bi nä-how, öýlenýänçi inimiziň ülpetleri, bumat ýaman sus görünýärler-le?! Öten gijä-hä, kişňeşip, ýyldyza toýnak salýadylar welin...Hä?!
Pyhym Süýji, bolşundan bäşbeter süýjüdip, “şapbyldap” nahar iýip oturyşyna, tahýasynyň aşagyna elini sokdy.
Tüý galman, tekiz ýyldyrap duran süýrdepesini gaşady.
Myssa ýylgyrdy-da, çagalyk dostunyň “hähini” ýetirdi:
-Äý, Ketje halypa, bi soňkular öňküler ýaly dä-how! Bir gijelik bezm-meýlise-de ýaraman, balnisaňam barypýatan: “waý, öldüm” renemasasyna girjek bolup ýatyrlar-haw! Bi ýaş ýigit diýeniň dagy, özlemmiziň jahyl uçurlarymyzdaky ýaly, söweşde-de, meýlisde-de, işde-de ýadamany-ýaltanmany, ýarawsyzlygy-suslugy bilmeli dädir welin...Hä?!
Ikisem biri-biriniň ýüzlerine seredişdiler-de, ala-pakyrdy bolşup, gülüp ugradylar.
Töwerekdäkilerem nämä gülýändiklerine doly düşünmeseler-de, ýylgyryşyp olaryň gülküsine goşuldylar.
Gülkiniň arasynda, ýaşaran gözlerini süpürip, Nury Ketje, inisiniň deňdeşlerine lak atdy:
-Bi hany-how, biziň ini nirede?! Ýa, onam siz kürreler, meniň diýenimi etmän, zibil händege süýräýmeli edip taşladyňyzlarmy?!
Nury Ketje, mähnet göwresini hasam güberdip, aňyrlaryna bir zat oklanlaryndan soň haýdamaklaryny haýalladan ýigitlere garşy gözüniň agyny köpeltdi.
Olaryň ekabyrrak biri Nury Ketjä jogap bermäge howlukdy:
-Ýo-how, Nury däde! Ediljek, seň aýdyşyň ýaly, biz Çara, eptekdäki ýalyjak edipjik sähelçejik guýd...üh-he, üh-he...
Tabakdaşlaryndan biri böwrüne symsykladymy ýa-da agzyndaky çeýneýäni ýalňyşrak gitdimi, dil ýaran düwündi.
Onuň demligini arçajak bolmaga başagaýlygyndan peýdalanyp, ýigitleriň oňa görä dogumlyrak görünýäni dillendi:
-Nury kaka, Çary biz bilen biraz iýip-içenden soň, çete geçip, basyryndy-da ýatdy. Özem: “Ertire-de ýaramaly-how, men! Kakam-a zat diýmez welin, birdenkä Nury kakam käýýäýmesin!” diýibem, bir zatlar-a diýişdirýärdem öýdýän, şo!
Nury Ketje gepleýäniň ýüzüne şübheli çiňerildi.
Ýöne gatyrganmady.
-Bolýa. Menem düşünmän durammok. Ýaşlykdyr. Ýöne gelnalyja gidip-gelmeli bolanda “pylanyň ogly ýaly” diýip, it masgarasy bolmasa bolýar. Dirimi bir özi?!-diýip ol, özüne jogap berene soragly garady.
-Gowy, gowy, Nury kaka! Häzir, birazajyk ukusyny alar, onsoň özem oýanyp geler!-diýip dogumly ýigit, Nury Ketjäni köşeşdirmäge alňasady.
-Bolýa gelse. Has gowy!-diýip hümürdän Nury Ketje, biraz dymdy.
Birdenem bir zat ýadyna düşdi-de, öýlenýäniň deň-duşlaryny ýene-de birlaý gözden geçirdi:
-Bi, hany-how, o biziň iniň gullukdaş gazak oglany nirede?!
-Äý,-diýip, Nury Ketjäni rahatlandyrdym eden ýigit, öňündäki tabak-çemçesine güýmenip oturyşyna, elini göwnübir salgady:
-Düýn geleli bäri: “Üş künnen keýin üýlenemin! Anam dedi: “Kişkentaý ulim, siz wagitinda bolmyňyz kerek!”. Eger men üýlensem, bul öte jaksy bolady!” diýip, şol yzyny üzmän käkeläp, halys ýykaýdy.
Sapsym göterenok eken-laý!
Özlerem ýohha, geplerine gulak gabartsaň-a, Çaryşka bilen iki bolup, Buzly okeanda ak aýylaryň hemmejesini aparyp gelen kişi bolan bolýalar!
Iki gezek nemeden ýaly etdi...
Soňam boldy.
Fsýo!
Gutardy.
Tekiz-bütüýn, tamam tepbet boldy-da, diňe şo: “Neke, ol jürekten öte jaksy! Eger men üýlensem, bul öte jaksy bolady!” diýmekden başga zada ýaraman galdy.
Onnoňam Çaryň şol gazak gullukdaşynyň, Gazagystanyň üstünden geçip, Meskewe gidýän gijeki otla petegi bar ekeni.
Agşam bagşy gaýdansoň, ol gazak: “Men žotlydan sagindim. Men žotlyda žok bolyp kaladym!” diýip, zynharlap durandygy üçin, oglanlaň birki sanysy: “Otur-how, gazak dost! Bi türkmeniň munuň ýalaky ot duşi toýuna, indem galan ömrüňe haçan gelip görersiň?! Ýa, näme, bir oky iki paýlaşyp atyşan, jan ýalyjak prontdaşyň Çaryşka, günde-günaşa öýlenip ýatary ýaly, onynyň puly beýlesinde depe tutup ýatymmy?! Şu gezek göreniň göreniňdir! Ynha, ol otlyňam sagat pylança nol-nolda, Büzmeýiniň wagzalyna geler welin, özümiz elinjek seni küpede ýerleşdirip gaýdarys!” diýip, ony ýolundan alyp galdylar.
Soňam-a, şol ikisi saçagyň o ýan çetinde, Çaryň ýaňky gazak gardaşyny: “Saňa, gazak dost, türkmeniň toýuny ömrüň ötünçä ýatdan çykarmaz ýaly ederis!” diýşip, daşlaryna çüýşe baryny üýşürip, ony gaýym bejerip, uzak ýola taýýarlap otyrdylar.
Ondan soňuny welin, bilemok.
Ondan soň özümem nemedipdirin...Öte ýadaw bolanym üçin...ýatyp galypdyryn...
Nury Ketje:
-Hä, onda, Çaryň gullukdaşy: “Üç günden öýerýärler. Ejem: “Toýuňa ýetişeweri!” diýdi” diýipdir, synpdaşlaryň iki sanysam ony Büzmeýinden gijeki otla mündürip goýberipdir. Şeýlemi?!-diýdi.
Naharyna gümra ýigit, sesini çykarman baş atdy.
-Hä, onda bolýar.
Gitse, sag-aman barsyn.
Ýöne bi, beýdip, ilk-ä, o bendäni suwy daşyna çykyp giden süzme halta dönderip, soňam hiç kime aýtman-diýmän, otla gapgaryp goýbermeli dä ekeniňiz.
Bi, Çaryň ejesi – gennejem, o gazak oglanyň enesine-atasyna sowgat-serpaýam-a taýynlap goýupdy welin...
Äý, bolýar-da.
Ýene-de bir, şo ýanlara ýoly düşjekden ugradylar-da.
Ýa-da, bütüki kellesine taýak degen Çarynyň özi, çileden çykandan soň dagy, gidip-geler-dä!-diýip Nury Ketje, sözüni kanagatlanma bilen jemledi.
Nahar iýlip bolandan soň, töwir galdyryldy.
Soň her kim işli-işine başlady.
Tä, gelnalyjy ugramagyna sähel salym galýança-da, nirededir bir ýerde ýatyp galan öýlenýän ýigit hiç kimiň ýadyna düşmedi...

*****

Gelnalyjynyň ugramagyna az galanda, gelniň ýanyna münmeli ýeňňeleri, Çaryny gözläp başladylar.
Çary ýok-da, Çary ýok...
Çary hany-da, Çary hany...
Ilki bilen, eýýäm haçan öýlerine gidip, eşiklerini çalşyp, ýuwnup-ardynyp, bolanjasyndan bezenip-beslenip, yzlaryna gelmäge ýetişen Çarynyň synpdaşlarynyň ýakasyndan tutdular.
Olaryň gijeki deňňeneleşen öýlerini anyklabam, şo ýana ýeňilaýak oglanlaryň birini iberdiler.
Ýok.
Tapman geldi.
“Oglana ýumuş buýur, yzyndan özüň ylga” diýip, Çaryň ýeňňeleriniň biri, hüňürdeý-hüňürdeý özi gidip geldi.
Hakykatdanam ýok.
Ol oturylan öýde diňe agşamky iýlen-içilen zatlar çalam-çaş bolup ýatyr.
Öý eýeleriniň hemmesi toýda bolandygy sebäpli, heniz öten gije ýazylan saçagam ýygnalmandyr.
-Saçagyň işi haýyr-la, inni bi güm bolmuş ýeksuruny nireden agtarmaly?!-diýip Çarynyň uly ýeňňesi, Nury Ketjäniň aýaly, öýi barlap gaýdan eltisine geňeşdi.
Munuň ýaly ýagdaýlarda aýallaryň tapýan ilkinji çykalgasy, ärlerine çawuş çakdylar.
Nury Ketje hemişeki edähetine eýerip, ilki bilen gümmür-gümmür gümmürdäp başlamakçy boldy:
-Äý, şüleriň öten agşam şeýden bolşup, symsyldaşyp giden boluşlaram, heýç, maňzyma batmady-la, asyl! Häzir men bulary bir edişime garaň!-diýip, ol gelnalyjy ulagyň ters tarapyndan özünden bukulubrak duran Çarynyň deňdeşlerine garşy gazaply nazaryny aýlady:
-Geliňler-eý, bärrägime! Ýeksurun gopdygaýmaklar, diýmäýin diýsem! Hany-eý, bi biziň öýlenjek bolup ýatyrka-da, aň girmän geçen, akmak inimizleri nätdiňizler-eý?! Ýuwutdyňyzlarmy-eý?! Hä?!
Nury Ketjäniň adaty gyzmalygy bilen “degene gözüm menden däl” edäkge, küdüň ýaly ýumruklaryny aýlabermegem daşda däldi.
Hernä, ýaşmak astyndan daş-töwerege eşitdiribräge-de pyşyrdaýan aýaly, ýeňinden tartyp ýetişäýdi.
-Duraweri, Nury! Hiç haýsam bir ýüzlerini ýuwar ýaly eşeg-ä dädir welin, onna-da bu çagalarda nä günä bar?! Onnoňam: “Sary towuk saman seçer, öz aýbyny özi açar” edip, goh turuzmaweri. Bi, gelniň alnyp gaýdylmaly goňşy obamyza-da sygyrsaň eşidilip dur. Häzir, bi, ýeksurun ýüwürjini ýitirip galandygymyz, o guda görgülileriň gulagyna ýetäýse, büçe-de bolmaz. Şoň üçribem “käýinm-ä” diýjek dä welin, biraz pessaýrak käýinseň dagy ýagşy bolmaz öýtýäňmi?! Hä?!
Aýalynyň sözleri Nury Ketjäniň gyzyp duran kellesine bada-bat ýetdi. Ol duran ýerinde sesini, takmynan ep-esliň ýarysy ýaly peseltdi-de, güňleç pyşyrdy bilen buýruk bermäge başlady:
-Boluňlar-eý, beýdip, etjegiňizi edeniňizden soň agyzlaryňyzy öweldişip durmaň-da, bi nirä güm edenem bolsaňyzam, bi özüňizleriň samsyk dostuňyzlary tapyňlar! Bejit boluňlar özleňňizem, bi gennanjy eýýäm häli ugramaly bolup ýatyra-how! Tapyň derrew, ýeriň teýine girip ýatanam bolsa! Özüňizem diliňizlere bek boluňlar-eý! Eşidýäňizlermi-eý?! “Çary ýitipmiş” diýip jahana jar edäýmäňler!
Çarynyň deň-duşlaram, Nury Ketjäni eşidýän beýleki oglan-uşaklardyr, aýal-gyzlaram, onuň sözüni tamamlaryna mähetdel, gyrgy gören sülgüniň jüýjesi ýaly dyr-pytrak boldular.
Toý mähellesini kyn güne goýan öýlenýän ýigidiň gözleginde goňşy-golamlaryň howlusyna, öýlerine çenli sähel salymda gyzyl-dörjük edip çykdylar.
Hyýalbentligi öte güýçlüräk bezzatlaryň käbirleri dagy, şunuň ýaly ýagdaýlar babatdaky öz tejribelerinden ugur alyp: “Öýlenesi gelmän, ejesinden, kakasyndan ýa-da agalaryndan şü ýanda bukulyp ýatan bolaýmasyn?” diýen pikir bilen, ösgün baglaryň çür başyna-da dyrmaşyp gördüler.
Tamlaryň üçeklerine çykdylar.
Aýaguja küdelenen ýandaklardyr, odunlyk ot-çöpleriň aşagyna çenli barladylar.
Ýürekleri bulansa-da, burunjyklaryny tutup, hajathanalaryň çukurlaryna yşykladylar.
It ýataklara, mal ýataklara kellelerini sokdular.
Bu ugurdan öte ökderäkleri bolsa, ondanam aňyrrak geçip, tamdyryň içine-de, öýlerdäki eşik tekjelerine-de göz aýladylar.
Tapylmady.
Hiç ýerde ýok.
Edil jyn uran ýaly.
Ýa-da al kakan ýaly.
Agtarýançylaryň uzyn etekliler topary, ymykly dowla düşmäge taýýarlandylar.
Ondan buýanky galanlaryňam ýagdaýy şolaryňkydan öwerlik däl welin, her niçik-de bolsa, olar ýagdaýlaryny ýaşyrmagyň hötdesinden gelýärler.
Toý edilýän işikde keserdilip goýlan bezegli gelin ulagynyň ýanyna gaýtadan jemlendiler.
Oýlanyşmaga başladylar.
Hemmesem ýüzlerini sallaşyp dur.
Çarynyň synpdaşlarynyň hasam ýüzi salyk.
Hamana, Çaryny hut öz eljagazlary bilen ýitirim eden ýaly, hemmejesem müýnli.
Bejit bolup, bir çykalga tapylaýmasa-ha, toý gamhana öwrülip barýar…
Nury Ketje, göwresine hem yzgytsyz häsiýetine gelişmeýän halda, dik depesi özüniň döşüne-de ýetmän gapdalynda duran girdeneje aýalyna, ýokardan aşaklygyna naýynjar bakdy:
-Şunuň ýaly ýerlerde, adatça-ha milisge çagyrylaýýandyr welin…Ýa, bizem, nemedip nemedäýsekmikä?!
-Goýaweri, goýaweri! Toba-toba! Tüf-tüf-tüf…-diýip Ketjäniň aýaly, ýakasyna tüýkürmäge howlukdy:
-Bir, ýetmeýän zadymyz şody.
Häzir, milisge çagyrsaň, gybat tapsa aş gerekmeziň biri, derrew gudalara öýlenýäniň ýitendigi hakyndaky habary elinjek eltip berer.
Onsoň özümiz-ä özümiz welin, olaryňam ile gülki bolany galar.
Biziň wejera bolanymyz-a hiç diýseň, o bize gyz berýän bendelerde nä ýazyk bar?!
-Beh, onda näme işlesek gowy bolar? O ýeksurunam-a zym uçan ýaly, hiç ýerde ýok.-diýip Nury Ketje, ýeňsesini gaşady.
-“Milisge” diýip, gowy ýatlatdyň, dost!-diýip Pyhym süýji, agzy boş bolsa-da, süýji sorýan dek “şapbyldap”, gürrüňe goşuldy:
-Bi ýaşululaň arasynda, ilerki goňşy Bäşim milisge aga ba bolmaly. Bäşim aga ömrüniň kyrk ýylyny şo taýlardan çörek iýip, pensiýa çykan adam. Munuň ýaly adam ýitýän ýagdaýlaryny, günde üç wagtyna, nahar deregine gören zadydyr. Hökman bir degerli maslahat berer.
Aýdyldy gutardy.
Ylgamaly diýilse gözi açylýan oglanjyklaryň biri, goňşularyň giň bassyrmasynyň aşagynda çaý süzüp oturan ýaşululara garşy ýelk ýasady.
Sähel salymdanam Bäşim agany yzyna tirkäp, alyp geldi.

*****

Ýagdaýy düşündirenlerinden soň Bäşim aga, kellesindäki silkme telpegini eline aldy-da, biraz oýurganyp durdy.
Akgaýma tahýanyň astyny “hyrt-hyrt” gaşady.
Gözüni süzdi.
Onsoň dillendi.
Köpi gören adam hemmä belli.
Bäşim aga gepläp başlanyndan, bu gümürtik işden hiç kime-de abraý ýokdugyna düşünip, ondan boýun gaçyrmagyň alajyny agtarýandygy göz-görtele bildirdi.
-Adamlar!
Jemagat!
Bi, men garra ynam bildireniňiz-ä, Alla ýalkasyn welin…
Bi siz, ýalňyşýaňyz öýdýän.
Sebäp diýseň, munuň ýaly hadysalary o meniň işläp gaýdan ýerlemde ýörite adamlar derňeýädi.
“Sülçi” ýa-da “Anyklaýjy” diýilýädi olara.
A men bolsa şunça ýyllap şo ýanlarda zähmet çeksemem, okuwsyz bolandygym zerarly ömrüme gapy garawullygynda gezdim.
Onsoň, munuň üçin, ýörite şol ugurdan çörek iýip ýören adamlary çagyrtsak dogry gelmezmi, ýa?!…
Şunuň ýaly ýerlerde adamlaram gaty düşüş bolýar.
Ýa, Bäşim aganyň boýun gaçyrjak bolýandygyny aňdylar.
Ýa-da ol näzini artdyrýandyr öýtdüler.
Garaz ýerli-ýerden ony yrmaga, oňa göwünlik bermäge başladylar.
-Ýo-how, Bäşim aga, hiçimizem senden üýtgeşik dä, şu taýda!
-Ýo-how, Bäşim aga, haýsy işinde işlänem bolsaň, sen-ä ýaňky diýýänleň özi bolup görmeseňem, iň bolmanda, işiginden-ä jyklap görensiň. Biziň aramyzda bolsa şojagazy bilýänem ýok.
-Özüň bilýäň-ä, ýaşuly! Häzir milisgäni çagyrsak, bu şum habar dünýä jar bolar. Gaýrat et ýaşuly, masgara bolmalyň! “Pylanyň ogly öýlenmejek bolup, gelnalyjy güni öýünden ýitäýipdir” diýen gepe galsak, bijaý erbet bolar-ow! Şoň üçribem, şu taýda ony ilki özümiz tapjak bolaly, onsoň başarmasak, ýörite adamlary çagyraýarys!
Arasynda Nury Ketjäniň aýaly kimin dogumlyrak gelinlerem: “Bäşim aga, ýokarda-ha Hudaý, aşakda-da sen!” diýip, ýaşmak astyndanam bolsa, gep goşup galdylar.
Garaz, Bäşim aga “eý” diýse “beý” diýdiler, “beý” diýse-de “eý” diýdiler.
Ahbetin ony yrdylar.
-Bolýa! Onda, maňa bir depder bilen galam tapaýlyň!-diýip, “tamdyra gyzanda ýap” diýen nakyldan ugur aldymy nämemi, Bäşim aga ýüzüniň ugruna “derňewe” girişdi.
Tapdylar.
Bäşim aga özüniň ekabyrja agtygyny ýanyna çagyrdy-da, onuň eline galam-depderi tutdurdy:
-Al şuny, köşek! Häzir, biz muňa ilk-ä, bi goňşularyň bu dogmasynyň ýitmegi hakyndaky waka boýunça öňe sürüljek çaklamalary ýazarys. Soňam geçiriljek anyklaýyş hereketlerini belläris. Hany onda, jemagat,-diýip Bäşim aga, nazaryny birmahal möjek çykyp giden tejribeli anyklaýjynyň içiňi deşip gelýän ýiti bakyşyna çalym etdirip, adamlary ýekän-ýekän gözden geçirdi:-…bu waka boýunça kimde nähili çaklama, näme maglumat, neneň-niçik pikir bar bolsa, ýeke-ýekeden aýtsyn! Hä?!
Hiç kimden ses çykmady.
Töwerege dym-dyrslyk aralaşdy.
Bäşim aganyň lapykeç boldy.
Ýaňyja, agtygynyň eline galam-depderi tutdurandaky ruhubelentligi kem-kemden peselip ugrady.
Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, “Ýo, Bäşim milise! Sen bu lam-jim bolup duran, kellesi boşlar bilen-ä hiç haçanam çorba bişirip bilmeýäň!” diýip, gursagynda emele gelen nähilidir birhili köpbilmiş owazam, böwrüne dürtene çalym etdi.
-Hany, boluň-da, adamlar! Nähilem bolsa bir çaklamany aýdyň-da!-diýip Bäşim aga, ýene-de goňşularyny “itip otlamaga” çalyşdy.
Emma, ýene-de hiç kimden ses çykmady.
Dymyşlyk.

*****

Hümer duranlaryň arasynda “Ensikloped” lakamly Nutdy hem bardy.
Çyn ady “Nurmyrat” bolsa-da, il içinde “Nutdy” diýlip ady tutulýan, bu dogabitdi şowakör bende, islendik üýşmeleňde, bilýän-bilmeýän zady barada akyl satyp galýandygy, geçiň öň aýagy ýaly islendik gürrüňe-de goşulmaga howlugýandygy üçin, oňa dili şerebeliräk biri, haçanam bolsa bir wagt: “Senem durşuň bilen ensiklopediýa ýaly-laý! Bilmeýän zadyň ýok, asyl!” diýipdi.
Şondan bärem onuň lakamy gysgaldylan görnüşde, “Ensikloped” bolup galypdy.
Häzirem ol, ildirgijiniň bir tarapy döwük bolandygy üçin, şol tarapy ýüp daňlyp gulagyna iltelen äýneginiň, galyň aýnasynyň aňyrsynda, köpbilmişlikden dolup duran gözlerini ýyldyradyp, nämedir bir zatlar diýmäge çemelenýärdi.
Agzyny müňk-müňk edip durdy.
Birsellem hiç kimden seda çykmandan soň, Nutdy Ensikloped birdenkä, morta gepläp goýberdi:
-Ony uçýan tarelkaçylar ogurlandyr!
Onuň ýanynda duran, oňa görä ýaşy kiçiräk, orta ýaşan pyýada göwnüýetmezçilik bilen seňrigini ýygyrdy:
-Senem-aý, Nutdy goňşy!
Şü uçýan tarelkalaň bilen, halys, adamlaň başyny-gözüni çaşyrýaň-haw!
Şü seniň şolar barada gürrüňleňňi diňläp-diňläp, gije-girim dagy aýakýoluna çykýaň welin, hajathanada otyrkaň üstüňden hüwi ýa-da ýarganat uçup geçse-de, birhili, oturan ýeriňden özüňem duýman, biygtyýar galkyjaklap gideniňi bilmän galýarsyň.
Şo pille, edil ýöne, çermegiňi çekmäge-de alňasap, öýe garşy şo durşuňa ökjäni göteräýesiň gelip gidýär…
Ulular-a myssa ýylgyryşdylar.
Ýaş-ýeleňlerem bildirip-bildirmän kikirdeşmäge başladylar.
-Näme?! Dagam şolar ba bolansoň, menem aýdyp berýän-dä! Birden ahmal galaýmaň diýip…
Nutdy Ensikloped gyzarylyp ugrajak boldy.
Emma, Bäşim aga gürrüňi başga ýana sowmaga mümkinçilik bermedi.
-Hany, adamlar, beýdip, gepi çagaladyp, başga-başga zatlaryň başyny agyrdyp, esasy ugurdan ünsi sowmalyň!
Bolýar, Nurmyrat goňşyňam aýdýanynyň jany ýok däl.
Bi, derňew diýilýän närsede, iň bir ýapa degmez çaklamalaram öňe sürlüp we barlanylyp bilner. Şoň üçinem…-diýdi-de, Bäşim aga, depder-galamyny ykjamlap duran agtygyna garady:
-Ýaz köşek, birinji çaklama, öýlendirilmeli ýigidi başga planetalylar ogurlan bolmagy ähtimal! Aşagynam çyz-da, indiki çaklamanyň sanyny goý. Iki.
Öz edýän işinden lezzet alýandygy mese-mälim bildirip duran Bäşim aga: “Nädýär?! Akgaňlaň ediberşini, görýäňizler dämi?! Görseňizler, henizem däri gutumyz taňkyran däldir-how! Garry gurtdyryn. Entejik başarmagy başaran ýerlerim kö-ö-öp bolar, nesip etse!” diýýän terzde, töweregine buýsançly nazar aýlady.
Soňam öz edýän işiniň ähmiýetini görkezmek üçinmi nämemi, özüni gyzyklanma bilen synlap duran obadaşlaryna, eden hereketini gysgajyk düşündirmegi müwessa bildi:
-Bi, ötüki, entek çaklamalary ýazyp dynaýlyň. Soňyýetinde onsoň, olaryň her birisi boýunça etmeli işleri arkaýyn jikme-jikläbereris.
Bäşim aga daşyny gallap duranlara indiki çaklamany öňe sürmek barada teklip etmekçi bolanam şoldy welin, Nutdy Ensiklopediň ýaňky “uçýan tarelkaly” gürrüňine garşy çykan pyýada, ýene-de hüňürdäp galdy:
-Äý, näme diýseňizem, haýsy ýapa degmez çypdyrunlygy “çaklama” diýip, batlandyran bolup, şo depderiňize ýazdyrsaňyzam, şo boş gürrüňi bir, ýazmaň şo taýa! Bi, biziň Çarymyzy uçýan tarelka başyna ýapsynmy-aý?! Owalam-a, gennejem dagy gapy-gapy aýlana-aýlana, ol işigaýdana gyz bermäge razy bolan garamaňlaýlary zordan tapdylar…
Bu gürrüňe, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklardan gaty gowy başy çykýan Bäşim aganyň içi ýandy.
“Tükenen samsyk ekeniň-aý, sen-ä, inim! Ýeri, ejesiniň, garyndaşlarynyň barlygynda kimdir birine, ol nähili biderek bolanda-da, heý, şeýle diýilermi?! Häzir, inni görersiň, seni it alan sanaja dönderişlerini!” diýip, içiýangynly oýlandy-da, köpi gören goja, tutaşjak dawa-jenjeli bes etmäge häzirlendi.
Çarynyň ejesi görgülem, her näçe ýuwaş bolsa-da, çagasyna kesek atylandan soň, barça gaharyny gözüne üýşürip, dogumlanyp ugrady.
Ýüwürjisine at dakylan Nury Ketjäniň aýalam, zarbany agyrdan urmak üçin, iň awuly sözlerini içinde jemläp, ýaşmagyny çeýnäp başlady.

*****

Şol pille-de, tutaşsa ula ýazjak biderek sene-menäniň öňüni almak üçinmi ýa-da öz pikirlerine boýyn çümendigi sebäpli, daş-töweregindäki bolup geçýän zatlary aňşyrmanmy, äýneginiň aňyrsyndan gözlerini petredýän Nutdy Ensikloped, mojugyndan mojugyny tapdy oturyberdi:
-Onda, ony öldürendirler!
Nutdy Ensiklopediň bu jümlesini eşiden badyna, dawa-jenjeli undup, huşy başyndan uçan Çarynyň ejesiniň ýüzi, üç ýuwlan ak esgä döndi.
Bu aýylganç jümlesi bilenem çäklenmedik Nutdy, kellesinde tüweleý turuzýan pikirleriniň badyna, ýüzugruna yzynam dowam edip goýberdi:
-Damagyny tersligine çalakga, maslygynam keçä dolap, gömmek üçin ýanlary bilen äkidendirler!
Çarynyň ejesi:
-Hiýh!-edip içini çekdi-de, birdenem, hem aglamyşlap, hem eňräp, gazala çalymdaş jümleleri biri-biriniň yzyna sepläp başlady:
-Ogul-ogul, aý ogul!
Bilermi sen, näler oldy?!
Söýleşdiler pyşyr-pyşyr!
Kapyryň pyglyn duýdum!
Tüýnügi altyn ban öýümiň gabzasy ogul!
Gaza meňzär gyzymyň-gelnimiň güli ogul!
Ogul-ogul, aý ogul!
Dokuz aý dar garnymda göterdigim ogul!
On aý diýende, dünýä getirdigim ogul!
Gundagy sallançakda bildigim ogul!...
Nury Ketje düşünmedi.
Aňk-taňk boldy.
Şunuň ýaly bir zada düşünmeýän ýa-da aljyraýan ýerlerinde, hemişe edişi ýalam, haçan görseň töweregräginde bir ýerlerde köwejekläp ýören aýalyny, gözleri bilen agtaryp tapdy-da, oňa delmuryp bakdy.
Soňra aýalynyň gulagyna tarap egildi-de, “ýuwaş gepläýin” diýse-de dogabitdi başarmaýan adamyň güňleç pyşyrdysy bilen, çar ýanyny ýaňlandyryp sorady:
-Bi, gennejem, näme samraşdyryp otyr-a?! Ýa, görgüliniň, şuş-şumatjyk, elinjek aklyndan azaşyp başladygymyka şü?!-diýdi-de, Çarynyň ejesine tarap ümledi.
Nury Ketjäniň aýaly agzyny açmaga ýetişmänkä, Bäşim aganyň agtygy öňürtdi:
-Ýo-laý, Nury kaka!
Arada tamyň kölegesinde kitap okap otyrkam, gennejem näme okaýanymy sorady.
Şonda oňa “Gorkut atadan” Salyr Gazanyň ogly Orazy gynanlarynda, onuň ejesi Burla hatynyň zarynlap, gözýaş döküp, gazal aýdýan ýerini okap berdim-läý!
Onnoň şonda, gennejem maňa: “Köşegim, şu taýyny maňa-da ýazyp bersene! Men ony ýat tutaýyn-la! Birden bir ýerde gerek bolaýmasyn!” diýdi welin, menem ýazyp berdim-läý!
Şony aýdyp otyr-laý, şumadam, bi gennejem!
-Toba-toba, tüf-tüf-tüf…-diýip, Nury Ketjäniň aýaly, ýakasyna tüýkürdi:
-Heýem bir, munuň ýaly zatlary: “derkary bolaýmasyn” diýip ýat tutularmy?! Yrymyňa-da ýagşy dä ahyry, munuň ýalaky zatlar. Hä, Nury?!
Nury Ketjäniň başy çaşdy.
Ömründe görmedigini başyndan geçirýän sada görgüliniň beýnisi, bu bolup geçýän zatlara tap getirmedimi nämemi, ol, şol duran ýerinde tozan turzup, lampa çökdi.
Bezegli gelin ulagynyň tekerine ýaplandy.
Kiçeňräk çagany ap-arkaýyn oturdybermeli mähnet penjesi bilen maňlaýyna şapylatdy-da, hüňürdäp goýberdi:
-Häk, seniň bir Çary! Diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy! Bir, elime düş bakaly. Diri bolsaňam, öli bolsaňam, ýenjip-ýenjip içimi sowadaýmasam, inni ömralla-da içim sowamyýa meň!
Adamlar Nury Ketjä haýpygelijilik bilen seredişdiler.
Nutdy Ensikloped bolsa, şol galyň hamlylygyny edip, hamana, ýaňky eýmenç çaklamany ilkinji bolup özi diline almadyk ýaly, usullylyk bilen Nury Ketjäniň alkymyna dykyldy-da, onuň gulagyna pyşyrdady:
-Nury, agam, şü men, arada bir žurnalda okapdym.
Daşary ýurtlarda adamlaryň ýürek, bagyr, öýken, böwrek, beýni ýaly içki agzalaryny goparyp alyp, ony başga adamlara oturtmagyň usulyny oýlap tapypmyşlar.
Onsoň syrkawlyk tapynan puldar adamlaram, köçede gezip ýören hossarsyz bendeleri ogurladýarmyşlar-da, şolaryň içki agzalaryny kesdirip alyp, özlerine goýdurýarmyşlar.
Bi, biziň Çarymyzam şolar ýalyň biri elinjek sargyt edip, ogurladan bolaýmasyn?!
Sebäp diýseň, hemme kişiň agzasy hemme kişä laýygam bolmaýarmyş.
Iki sany biriniňki beýlekiňkä gabat gelýäni uçursyz kän gözläp tapmalymyş.
Dogrusy, o Çaryň meýnisin-ä özüne oturdyp gönenen tapylmaz welin, onuň kän bir içgi-piçgi, çilim-beýleki bilen arasy bolmansoň, iç goşlar-a derde ýarasa gerek! Hä?!
Nury agam?!
Nutdy Ensiklopedi ünsli diňlän Nury Ketje, elini ýüzünden aýyrdy.
Nutda tarap iň bärkisi gözüniň gyýtagynam aýlaman, ganguýma gyzaran gözlerini aýalyna dikdi.
Boguk pyşyrdady:
-Seň-eý, äriňi on-on bäş ýyllyk türmä basdyryp, menden ymykly dynasyň gaty gelýär öýdýän?! Hä?!
Bu oslagsyz hem gorkunç gürrüňe heýýaty göçen aýaly, nädip başyny ýaýkap:
-Ýo-o-o…-diýip, sakawlanynam duýman galdy.
-Onda nä beýdip, mölterip dursuň, bu ýanda! Aýyr-da, jähennem et-de, şu yşarady meniň ýanymdan! Ýohha-da häzir, bir uramda muny asfalta möhür edýän!-diýip Nury Ketje, jynssyz sesi bilen jabjynyp goýberdi.
Nutdy Ensiklopedi Nury Ketjäniň ýanyndan aýyrmak gerek bolmady. Ol Nury Ketje aýalyna bakyp gepläp başlanyndan rejäň geň däldigini aňyp, çuslanypdy. Azgyrylan dessine-de, ziňkildäp ýerinden galakga, toparlanyşyp duranlaryň arasyna siňdi.

*****

Halys paltaňy daşa degirýän şunuň ýaly hadysalarda, adatça zenanlaryň kellesi mundan buýanky beýlekileriňkä garanyňda has dürs hem sagdyn işläp başlaýar.
Munuň şeýledigini Nury Ketjäniň aýaly ýene-de bir gezek subut etdi. Ol kelebiniň ujuny ýitiren äriniň ýanynda ony köşeşdirmäge söz gözleýäne çalym edip, kellesine agram berip durşuna, özem duýman bilen öwlüýälerine-pirlerine ýalbaryp başlady:
-Ýa, ýitigleri tapmagyň piri, Käkilik atam!
Ýa, uz tapaganlaryň piri, Şyhym Pukara Hütdükgyz!
Ýa, ýigitligiň hem öýli-işikli bolmagyň piri, Soltan Hüpbi!
Sizden medet!
Bela-beteriň ýüzüni terse öwürgiç öwlüýä, Gaýtarmyş ata!
Awuňy oljalamagyň piri, Awlarmyş ata!
Sizden hemaýat!
Haktagalanyň biz günäkär bendelerine, diri ýitig bolan ýeksurunymyzy tapmaga delalat edeweriň!
“Hudaý diýene Hudaý ýetirer” diýenleri. Nury Ketjäniň aýaly gudratly öwlüýälere-pirlere mynajatyny doly tamamlabam ýetişmänkä, toý tutulýan howlynyň açyk derwezesinden, olaryň iki-üç öý aňry ýanyndaky goňşulary Zybagözel jaňkakar jyklady. Hiç kimiň özüne üns bermeýändigini görübem, hemişeki jaň ýaly “jaňňyr-juňňur” sesini jaňňyrdadybam gygyryp goýberdi:
-Gyý-ýuw! Nä, özüňiziň öýerjek bolýanyňyzy tapman otyrsyňyzmy, bi ýanda?!
Hümer duranlaryň hemmesi aňka-taňka bolşup, oňa bakdylar.
-Hawa, genneje!-diýip, syrtyny kakyşdyryp ýerinden turan Nury Ketje ilkinji bolup umytly dillendi.
-Onyňyz-a hanha, meniň saman kepbämde penjegini depesine tartypdyr-da, şol agşamky toý eşigi bilen lül-gammar bolup, saman-supura bulaşyp, bürenip, uklap ýatyr. Aragyň ysyndan ýaňa-da kilometrinde-de durar ýaly dä. Dürtgelänim-ä baýaky welin, birki gaýra syrtyna depsemem oýanmady. Gaýta, halys serhoş bolandygyny bildirip, gazakçalap bir zatlar diýip hüňürdeýärem-ä, o işigaýdanyňyz! Öten agşamky penjeginden tanaýmasaň, tanar ýalam dä, ol sypaty guraman galanyňyzy!...
Zybagözel jaňkakar sözüni soňlap ýetişmänkä, adamlar topar tutup, onuň saman kümesine garşy eňdiler.
Iň öňde-de, gazap donuny geýendigi sebäpli, hasam läheň hem gorkunç görünýän Nury Ketjäniň daýaw göwresi haltyldap barýar.
Bardylar.
Girdiler.
Şol.
Öten agşamky toýda ilkinji gezek geýlen täp-täzeje, heniz gylam gyrylmadyk penjegi, saman-sepire, çaň-kirşene bulap, mäjärläpdir-de, başyna bürenip, tersine dönüp, hor çekip ýatyr.
Kümäni gaplan ys-kokdan ýaňa-da otluçöp çaksaň, partlajak.
Bu ys-koka eýlenenden soň bu kümäniň saman-sepirinem mal iýjegi gümana.
Dözer ýaly däl.
Penjege-de.
Samana-da.
Öňem-ä gazabyny nirä sarp etjegini bilmän, her haýsy pişigiň kellesine barabarrak ýumruklar-a beýle-de dursun welin, hatda aýaklaram kimdir biriniň otyrýerini tapbatlasy gelip, gijäp duran Nury Ketjäniň gözüniň öňüni gyzgylt ümür gabsady.
Şunuň ýaly ýagdaýlarda hemişe golundan aslyşmaga ýetişýän aýalynyň dyknyşyp duranlaryň arasyndan itinip, şol pille ýakynyna ýetip bilmändigem bir töwra.
Rast geldi gahary.
Çep penjesini haçjartdy-da, saman küdeleriniň üstünde horlap ýatanyň ýüzünem açman, göni penjeginiň üstünden kellesine çaňňalyny urdy. Bar güýji bilen penjesini gysakga, bir tartanda ony söm-saýak etdi.
-Häk, seň bir, dädeňem pylan pismidan edeýin! Diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy!
Onýança adamlaryň arasyndan dykylyp, kümä girmäge ýetişen aýaly, elinde saklap duranyny ýelmemäge çemelenýän Nury Ketjäniň golundan asyldy:
-Gyýw, özüňe bir sökme ahyry! Bi, ýeksurunyň senden özge dädesi barmy, ony pylan pismidan edibereriň ýaly?! Hä?!
Şol pille, Nury Ketjäniň atagzy kimin penjesinde çalamydar mata gurjak deýin bulam-bujar bolup duran pyýada-da dil bitdi:
-Eý, meni nege uryp žatyrsyňyz? Häh siziň şeşeňi!...
Girisinden sypmaga çytraşyp urunýan, bulam-delem pyýadanyň sesiniň öz inisiniňkä düýbünden çalym etmeýändigi, gany gyzyp duran Nury Ketjäniň aňyna birbada ýetmedi. Ol goluny bir silkende girdeneje aýalyny ýere gaçyrdy-da, barmaklarynyň arasyny giň açdy:
-Gör-ä bi, öýerjek bolnup ýatyrka-da aň girmän geçen mahlugy! Gaýta, bi maňa – öz agasyna, gazakçalap sögünenem bolýar-a! Me, saňa!-diýip, ol ýene-de äpet şapbadyny gondurmaga çemelendi.
-Gyý-ýuw, gyý-ýuw, duraweri, kakasy! Bi, asyl, Çary jan däl-de, gazak oglan ýaly-la!-diýip, Nury Ketjäniň aýaly, döw kimin pyýadanyň penjesinden sypyp bilmän bulanýanyň dadyna ýetişdi.
Nury Ketjäniň şarpyk urmak üçin göterilen eli, howada doňdy galaýdy.
Ol, ýanynda duranlaryň haýsam bolsa birinden haraý isleýän dek, halys kelebiniň ujuny ýitiren neresse çaganyň aljyraňňy nazary bilen töweregini gyzyl-dörjük edip çykdy.
Gysymyndakyny pişik göteren ýaly edip, gözleriniň deňesine galdyrdy.
Uzak gije çybyn-çirkeý çakyp, güp ýaly çişen ýüzi-ýaňaklary güpberip duran myhman ýigit, ýüzüni ejirli çytdy-da, ýerden üzülen aýaklaryny çala gymyldadyp:
-Men kaýdamyn? Men munda ne işteýmin? Nelikten žotluda bolmaýmyn?-diýip naýynjar pyşyrdady.
Bady gaýdan Nury Ketje, ony emaý bilen ýerde goýdy-da, göýä, öz gözlerine özi ynanmaýan dek, onuň böwrüne dürtüşdirip gördi. Beýdeni bilenem ynjalman:
-Myhman?!-diýip güňleç sorady.
Onýança az-kem ukudan açylmaga ýetişen myhman ýigit, umytsyz halda:
-Keýinirek! Şeşem mana ne aýtady?!-diýip hümürdedi-de, özüne lampa ýere goýbermäge synanyşdy.
Emma, Nury Ketje oňa beýtmäge mümkinçilik bermedi.
Egninden gujaklap saklady-da, ýarym çalgyrtlap, rus, türkmen, gazak sözlerini garym-gatym edişdirip, onuň bu kümä nädip düşendiginiň derrew anygyna ýetdi.
Gije gowuja oturypdyrlar.
Onsoň ol daş çykasy gelip, töwerege näbeletligi sebäpli, Çarydan özüni aýakýoluna ugratmagy haýyş edipdir.
Çary oňa gadyr edip, onuň ýene-de şol eşigi bilen alys ýola düşmelidigini aýdypdyr-da, gijäniň içinde atdanlykda eşiklerini hapalamazlygy üçin oňa egnindäki penjegini beripdir. Onuň penjeginem özi geýipdir.
Onsoň ol aýakýoluna gidip-gelipdir.
Gelse, Çary ýokmuş.
Onsoň olam garaňkynyň içinde özleriniň çykyp gaýdan öýlerini agtaryp başlapmyş.
Sebäbi, şol öýdäki Çarynyň biçak mähriban dost oglanlary, ony şol pursat demirýol menziline eltip, otla mündürmeli ekenler.
Emma, gözedürtme garaňky bolandygy, üstesine özüniňem ýagdaýy ilk-ä “juda gowy” diýilýäni bolup, soňam aýagüstünde köpräk gezeni üçinmi nämemi “ýaman erbet” diýilýänine öwrülendigi sebäpli, ol oglanlaryň gözleri ýolda özüne garaşyp oturan öýüniň işigini tapyp bilmändir.
Özem bijaý ýadapdyr.
Ahyrynam ýykylyp-sürşüp, bir saman küdeleri basylan işigi açyk jaýyň üstünden barypdyr-da, onuň içine giripdir.
Tümlügiň içinde selpäp, azaşyp ýörmänem, gün dogýança şol jaýda garaşmagy ýüregine düwüpdir. Biraz dynjyny almak üçin gyşarandan soňam, kimdir biri gelip, ýüzikessir doňdurakga zähresini ýaryp oýarypdyr.
Ýogsa ol şol küdeleriň üstünde hiç kime hiç zadam etmän, ýöne bir dynjyny almak üçin gyşarypmyş…
Indem, ol özüniň otludan-a gijä galandygyna, ejesiniňem özüne igenjekdigine düşünenmiş…
Myhmanyň gürrüňinden soň bir zatlary güman edip başlan Nury Ketje, gazak oglany öz gününe goýdy-da, kümäniň agzyna dyknyşyp duranlara garşy öwrüldi.
Myhmanyň habar beren zatlaryndan soň olaram özleri üçin käbir netijeleri çykaran bolara çemeli. Öýlenýän ýigidiň synpdaşlary assa-ýuwaşdan ökje ogurlap, toparlanyşyp duranlaryň arasyndan sogrulyp, gözden sumat bolmaga synanyşyk edip ugradylar.
Emma, gözüniň agyny köpelden Nury Ketje-de atyny oka bererli däldi. Olary gözünden sypdyrmady:
-Biriňem butnaýmaň-eý, şo duran ýeriňizden!-diýip, ol haýkyrdy welin, Çarynyň deň-duşlarynyň hemmesi duran-duran ýerlerinde dikilgazyk boldular.
-Hany, köşekler, siziň haýsyňyz, öten agşam gazak myhmany Büzmeýinden otla mündürip goýberdiňiz?!-diýip olary içiňi deşip gelýän ýiti nazary bilen birlaý gözden geçiren Nury Ketje, äheňinden bal damdyraýjak bolup, mähirli sorady.
Jan diýlenem bir öte süýji zat bolmaly. Öýlenýäniň deň-duşlary ýaşyryp-gizlejegem bolman, baş bermejek bolup yza-yza tesýän iki sany ýigidi: “Ine şular-da-şular!” bolşup, itip öňe çykardylar.
-Äkitdiňizmi?!-diýip Nury Ketje, yşnaksyz ýylgyrdy-da, ýylgyryşyna gelişmeýän mylaýymlyk bilen sorady.
Ýüzlerini sallaşyp duranlar: “äkitdik-de-äkitdik” bolşup, myňňyldaşdylar.
-Mündürdiňizmi?!
Ýene-de “mündürdik-de-mündürdik” boluşdylar.
-Nädip mündürdiňiz?!-diýende Nury Ketjäniň äheňindäki mähir-muhabbeti edil ýöne mesge deregine çörege çalyp iýibermeli boldy.
Ýigitleriň gepläsi gelmeýäni duruşlaryndan bildirip durdy.
Emma, jogap bermeseňem boljak däl.
Oba arasynda onuň hemişe gaharlanyp gepläp ýörmegine endik edilendenmi nämemi, pilmahmydyň agtygy ýaly mähnet Nury Ketjäniň bu mahalky mähir-muhabbetden püre-pür sesi, edil ýöne, injiklerini saňňyldadyp alyp barýar.
Ikiň biri uzak dymman, çekine-sakyna gepläp ugrady:
-Agşam…“elinjek äkitjek” diýenimiz üçin, ony gije alyp gitdik-dä…
Ilk-ä ýaman gowy otyrdyk…
Gülşüp-degşip, guýş…üh-he, üh-he…
Bir görsek, ýaňky gazak myhman ýanymyzda ýok...
Sagada seretdigem welin, onuň otlusynyň gelmeli wagty golaýlapdyr…
Onsoň öýüň içinden gözläp ugradyk…
Görsek, bir gyrada hor çekip ýatyr…
Kellesine çenlem penjegini bürenipdir…
Oýarjak bolduk…
Oýanmady…
Äý, onsoň: “aý, şuny oýarman, hormat edip, göterip alyp gidibereli-le” diýişdik-de, iki bolup, germesatan edip, daşaryk çykardyk…
Mottoryň gozagyna ýükledik…
Wogzala barsak, otly ugrajak bolup dur…
Zordan ýetişäýipdiris…
Penjeginiň kisesinden ýol peteginem, paswyrdynam aldyk-da, ýolbelede uzatdyk…
Mottoryň gozagynda henizem ýüzüni açman, horlap ýatan özünem görkezdik…
Jan ýalyjak gullukdaşynyň toýundan alyp gaýdanymyzy düşündirdik…
Ýolbeledem güldi-de, öňümize düşüp: “Munda ýükläp oklaň, kardaşyňyzy!” diýäkge, onuň peteginde bellenen ornuna eltdi…
Bizem ony germesatan edip, göterip, ýerinde ýatyrdyk-da, çykyp gaýtdyk…
Ine, bar bolany, şü…

*****

Nury Ketje öňünde ýüzüni sallaşyp duran bu iki ýigide näme diýip näme aýtjagyny bilmedi.
Ol bar zada düşünipdi.
Bir görseň-ä gülki.
Bir görseňem nalajy gahardan ýaňa aglap oturmaly.
Ýeri, gijäň içinde, öňem-ä ýaşlyk ýelgininden ýaňa mydam sämäp duran, düzüw däl kelleleriniň serhoşlugy sebäpli, myhmanyň ýerine öýlenýäni otla ýükläp goýberenler-ä gülki diýseň, bu ugrap bilmän duran gelnalyjyny näme etmelidigi, näme onda?!
Agymy?!
“Häk siziň bir, enesi ýalamadyklar!” diýip Nury Ketje, hemişekisi deýin çykgynsyz ýagdaýlardaky endigine eýerip, gaharyny oýarmaga synanyşdy.
Bu giden göz-gülbançylygy şeýdip, gaharlanyp ýeňäýmese, dagy nätsin?!
Bolmady.
Hemişe sähel bahana tapsa, dem salymda gyzyl-ot bolup tutaşýan gazaby, bu gezek näme üçindir oýanmady.
Ertirden bäri müň gezek möwjäp-kiparlap, kalbynda, hatda tamdyrtowulygam gyzgynlyk galmandygy üçin bolmagy-da ähtimal.
Ýöne, onda-da beýdip, dursaňam-a bolmyýa.
Bu jygba-jyg ýagdaýdan nähilem bolsa bir çykalga tapmaly.
Ol otlynyň ýola rowana bolanyn-a, eýýäm ýedi-sekiz sagat geçiberendir.
Eýýäm ol Türkmenistanyň çäginden çykyp gidendir.
Otlyň yzyndan ýetip, ol ýeksuruny düşürip, alyp gaýdara-ha maý-pursat ýok, bu mahal.
Gelnalyjam eýýäm häli ugramaly wagtyndan gijä galyp gitdi.
Barmasaňam, bi türkmen üçin aşagyndan çykmaz ýaly masgaraçylyk boljak.
Nätmekden Hudaý saklasyn welin, onda-da nätmeli?!
Saman kümäniň işiginiň agzynda depesini oň üçegine degräýjek bolup söm-saýak duran Nury Ketje, kellesine agram salyp çykalga agtarýardy.
Şol wagt:
-Nury!-diýdi-de, aýaly onuň ýeňinden çekdi.
-Hümm…-edip, pikirlerine boýyn çümen Nury Ketje ilki aýalyna üns bermedi. Emma, haçan-da ol gaýtadan özüne ýüzlenende, ol aýalyna nägile bakdy:
-Näme-how?!
Aýaly sesini çykarman, ýerde oturan gazak myhmana tarap ümledi.
Nury Ketje düşünmedi.
-Näme diýýäň-how? Bu mahal, adatdaky ýaly seň ümüňi-beýlekiňi ýarym kakuwdan alyp duran kelle galmady bu taýda!-diýip ol, gatyrganjak boldy.
-Şunuň üsti-başyny arassalap, bezäp-besläli-de, gelnalyja mündüreli. Gidip-gelýänçä, hiç zadam bolmaz. Hiç kimem bilmez. Şu gün agşamam otla mündürip, sowgat-serpaýdan ýüküni ýetirip, öýüne ugradyp goýbersek, ol guda obadakylar soň kimdir birinden bolan wakany eşidäýenlerinde-de gurnalan oýundan uç çykaryp bilmän galarlar. Onsoňam Çary bilen ikisem dyzzykgöz. Ýakyndan beletler bolaýmasa, öň çala görenler kän bir, birinden beýlekisini seljeribem durmazlar…-diýip, ökjesini ýerden galdyryp, daraklygyna münüp, dartylanda, Nury Ketjäniň gulagyna zordan ýeten aýaly, töwereklerinde gulaklaryny üşerdişýänlere eşitdirmän pyşyrdady.
Birbada Nury Ketjäniň ýüzi ýagtyldy.
Emma, bada-badam keşbine kölege indi.
Ol aýalyny göterip diýen ýaly, samankümäniň aňry çetine çekdi-de, işikde hümerlenişip duranlara müňkürlik bilen gözüni alartdy.
Bilesigelijilikden ýaňa içlerini it ýyrtyp gelse-de, adamlar “güsürre” yza tesdiler.
-Näme, gelni getireniňden soň, nikanam Çaryň deregine şonuň bilen gyýdyrjakmy?!
-Toba-toba, daş edewersin, tüf-tüf-tüf! Aýdyp oturan zatlaň näme, kakasy?! Munuň ýaly ýagdaý ýüze çykandan soň nika gyýdyrjak bolup, dyzap ýatmak nämä gerek?! Gelni öýe getireli, onýança Bäşim aga haýyş edersiňiz. Tanyşlary-dostlary bardyr. Derrew jaň ederler welin, milisgeler, ol biziň ýeksurun Çarymyzy nobatdaky demirýol bekedinde otludan düşürip, yzyna ugradarlar. Erte-birigün gelerem welin, ilk-ä mazalyja onuň eýini ýetirersiň. Soňam nikasyny gyýdyrybereris-dä…
Nury Ketjäniň ýüzi dup-dury boldy.
Ol, edil şuş-şu mahal, eli bilenjik özüniň ýeksurun inisini ýenjip duran ýaly, şoh boldy.
Gül-gül açyldy.
Hatda, keýpiçaglygyna bäs gelip bilmän, loh-loh gülmäge başlaýşyna:
-Äl-aýt, keýwany, şü siz aýallaň bilýänini ýeriň ýüzünde, ol biziň Nutdymyz ýaly şumçy, ýalan ensiklopedler däl-de, galyň-galyň ensiklopedleriň ýassyk ýaly hakykylaram bilýän däldir-haw!-diýip, aýalyna degdi.
Ýanýoldaşynyň öwgüsine monça bolan zenanam göwnühoş ýylgyrdy.
Soňam är-aýalyň ikisi iki ýerden, goňşularydyr, ilen-çalanlarynyňam ýardam bermeginde, hiç zada düşünmän, aňalyp galan myhman ýigidiň daşyna geçdiler.
Ýuwundyrdylar.
Geýindirdiler.
Daradylar.
Bolanjasyndan atyr sepdiler.
Ýüz-gözüniň has ýakymsyzrak görünýän çişlerini, gök-alasyny, syýrgynyň ýaş-ýeleň gelin-gyzlaryndan dilenip alnan, tapan-tupan çalgy-boýag sepgileri bilen, bolşuna görä ýylmaşdyrdylar.
Soň daşraga çekilip, ony bir meýdan synlap gördüler.
“Äý, edil, gaty ýakyndan, dykgat bilen esewanlaşaýmasaň, beýlebir ýüregiňem ýaryp durjak däl ýaly-la!” diýşip, ýeňselerini gaşaý-gaşaý, biri-birlerine göwünlik berdiler-de, myhman ýigide timar bermeklerini “dyndym” etdiler.
Şol ikarada Bäşim aga, oba arçynynyň jaýyna gidip, Çaryny otludan düşürip, yzyna ibermek barada dost-ýarlary bilen habarlaşyp gelmäge-de ýetişdi.
Hälden bäri özüni näme üçin bezäp-besleýändiklerine düşünmän, sermisal duran myhman ýigit bolsa, diňe, şaý-sepleri “şyňňyr-şyňňyr”, göreş meýdanyna ýaýdanman çykarybermeli, daýaw ýeňňeleriň iki sanysy, özüniň her golundan biri tutup, bezemen gelin ulagyna garşy idekläp ugranlarynda, käbir zatlara göz ýetirip başlady.
Ol, ilki bir, tirseginden pugta gysymlan, on barmagy köken ýüzükli, bilegi bilezikli gollardan sypmaga çalşyp, dyzan ýalam etdi.
Butnar ýaly däl.
Myhman ýigit, daş-töweregine ýaltaklap, kimdir birinden dalda isläp, mümkin boldugyndan zaryn ýalbarmaga başlady:
-Agaýyndar, men munda üýlene almaýmyn! Mana üýde kelindim kütemin! Agaýyndar, men sizden ötinemin, buni žasamaňyz! Men sizden suraýmin!!!...
Hiç kimiň piňine-de däl.
Gelnalyjy ugrajak bolup dur.
Dep kakýarlar.
Surnaý çalýarlar.
“Akkordeon” diýilýän, aňkardýan eplik-ýaplygy ýygryp-ýazýanam beýleki çalýançylardan peslär ýaly däl.
Alan hakyny aňryýany bilen ödejekden.
Tans edýän haýsy.
Çapak çalýan haýsy.
Hiç zat etmese-de, edýänden beter galmagal turzup, şowhunyň “hähini” ýetirýän haýsy.
Saýgarar ýaly däl...
Çagalaryň gykylygy göge galýar.
Gelin-gyzlaryň gülküsi, şatlykdan ýaňa zarňyldap duran şadyýana goh-galmagaly dünýäni elendirýär.
Gelin ulagyna un sepýän garry enäniň sanawaç-patasy bir ýerlerden eşidilýär.
Hol beýleräkde, gelnalyjynyň ýolunyň ak, ýoldaşynyň hak bolmagyny diläp, doga-dileg edýän ýaşulularyň sesi gelýär...
Garaz, tötänden dostunyň ýerine gelnalyja gitmeli bolan ýigidiň towakgasyna üns berýän ýok.
Diňe, dostunyň ýanynda durşuna gulagyny pakgardýan Pyhym Süýji, şol tarapa üşerilip, onuň sözlerini ünsli diňleýär.
-Ketje dost, bi myhman ýigit näme diýip perýat çekýär-ä?!
-Näme diýer öýdýäň-aý?! “Beýtmäňler-ow doganlar, meni bu ýanda öýermäňler! Öýde maňa gelinligim garaşyp ýatyr! Haýyş edýän, meni öýermäňler, agalar!” diýýär...-diýip, aýaly bilen dil birikdirip, başlaryna düşen çykgynsyz ýagdaýdanam çykalga tapandyklaryna göwni galkynan Nury Ketje, äwmezeklik bilen jogap berýär.
Indi bolsa, iki dostam, toý mähellesem şoh bolsunlar-da, bu ýanlarda galybersinler.
Habary kimden al?!

*****

Habary: “Nirdesiň, Meskew sary?!” diýip, “şakydyk-şakydyk” myçyp barýan otludan al.
Nobatdaky beketde togtanda, otla iki sany ýörite lybasly, syrdam ýigit mündi-de, ýolbeletden sorap, henizem öz ornunda horlap ýatan ýigidi oýaryp, yzlaryna tirkäp alyp düşdüler. Bekediň binasyndaky iş otaglaryna eltibem, ukuly gözlerini owkalaşdyryp, ukudanmy ýa-da başga zatdanmy açylybilmän oturan ýigide, sorag edip başladylar.
Ýöne, ondan öňünçäsi, ýörite lybasly, daýanykly ýigitleriň biri, gapdalyndan ötseň howurly deminden ýaňa: “Ulagyň ýangyçgabyna ýangyç guýdurman, şuny üfledibermeli” diýdirýän ýigide dözmän, çüýşe gapdaky suwa ümledi.
Ýigit ikilenç gaýtalatmady.
Suwy, taňkyraýança “hopurdadyp”, bir demde başyna çekdi.
-Türkmenistandanmy?!-diýip, ýörite lybasly ýigitleriň beýlekisi rus dilinde sorady.
-Hawa!-diýip, suwdan ganandan soňra, biraz nepesi durlanan, ýokary bilimli ýigit, şol dilde jogap berdi.
-Otluda nirä barýarsyň?!
Ýigit aljyraňňy halda, egnini gysdy:
-Men-ä şü otla nädip münenimem bilmeýärin.
Aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen, eýýäm bu wakanyň änigi-şäniginden habarly syrdam ýigitler, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler-de, ýylgyryşdylar.
-Öten agşam nirdediň?!
Ýigit ýüzüni çytdy:
-Toýdadym. Dostum öýlenýär. Onsoň, agşam oglanlar bilen aýdym-saz sowlandan soň, ýene-de oturyşdyk. Soň geçip ýatdym. Gije üşäbem, ýapynmak üçin bir zatlar gözläp, sermelänimde, elime bir zat ildi. Şonam ýapyndym-da, ýene-de ukladym. Ýaňam siz oýaranyňyzda, özümiň otluda barýandygymy görüp, zähräm ýaryldy.
-Penjek siziňkimi?!
-Ýok.
Ýigitler mundan artyk saklanyp bilmediler.
Ala-wakyrdy bolşup, gülüp ugradylar.
Birsalym gözlerini ýaşardyp gülenlerinden soň, biraz köşeşip, ýene-de özlerine garşy kineli mölterilýän ýigide ýüzlendiler:
-Näme-how, Türkmenistanly gardaş, beýdip, öýlenýän günüň, toýuňdan gaçyp, öz gullukdaşyň deregine otla münüp ýörsüň?!
Ýigit düşünmezlik bilen olara garady:
-O nähili “öýlenýän günüň”?! Men näme üçin öýleneýin?! Men geçen ýyl öýlendim, öýümde-de aýalym, gyzym bar!...
Bu gezek biri-birine sowally garamak nobaty şadyýan hem syrdam ýigitlere geçdi.
Olaryň ýaňky dözümsizi, kellesini aşak sallap, ýüzüni ejirli çytyp oturan ýigide siňe-siňe seretdi-de:
-Dur-la, dur-la, gardaş, seniň adyň Çary dälmi?!
Henizem öten agşamky elpe-şelpelikden doly açylyp bilmän durandygy üçin, beýnisi düzüwli işlemeýän ýigit, geň galyp özüni sorag edýänlere tiňkesini dikdi:
-Ýo-o-k!-diýip, süýkdürip jogap gaýtardy.
-A onda “Çary”atly, öýlenýän ýigit nirede?!
-Men näbileýin! Öýündedir-dä! Onuň şu gün gelnalyjy güni ahyry! Onsoň ol öýünde bolman, dagy, nirede bolsun?! Hä?!...
Indi bu üç ýigidem, haýrany-serasyma bolup, munda galybersin.
Indi habary kimden al?!

*****

Indi habary, traktora tirkelip gaýdylyşyna, beýik bassyrmanyň aşagyna salnan tirkegden al.
Ilk-ä gullukdaşyny aýakýoluna ugradanda, üzümçilikde irikgä bolup, dura-dura bizary çykdy. Ahbetinem: “Äý, çaga däl-le, çykyp gaýdan ýerini özem tapar-la!” diýip, yzyna gaýtdy.
Öňki ýerine geçip, irkilenem ýaňydy welin, kimdir biri üstüne ýapynan penjegini dartyp aldy.
Ilki bir sermeläbem ugrady.
Soňam birdenkä ýüregi bulandy-da, daşaryk çykdy.
Suw içdi.
Azajyk gezmeledi.
Biraz nepesi durlanyp, yzyna dolanmakçy bolanda-da, dürli-dümen ys-kokdan ýaňa palta asybermeli bolan, petiş öý ýadyna düşüp, şol tarapa aýagy çekmedi.
Şonda-da köçäniň gyrasyna itilip goýlan tirkege gözi düşdi.
“Şunuň içine girip ýatybereýin-le. Şu taýda-ha daň atýança hiç kim azar bermez! Birsalym gözümiň awusyny almasam, ertir derde ýaramaryn!” diýip, özbaşyna hümürdedi.
Soňra howlularyndan ilkinji eline ilen keçäni süýräbem, demirden gapyrjak şekilli, toý tirkeginiň gapdalky gapysyndan içini girdi. Elindäkini ýazynyp, üstünde süýndi. Sähel salymdanam, näçe günki ýadawlygy zerarly, ölen ýaly uka gitdi...
...Oýananda-da agzy kepäp oýandy.
Gözüni açdy.
Alagaraňky demir gapyrjak...
Ukudan doly açylman, ölendirin-de, demir tabytda jaýlandyrlar öýdüp, tas zähresi ýarylýardy.
Hernä, öten gije özüniň nirä girip ýatandygy ýadyna düşüp ýetişäýdi.
Ol gözlerini açalak-ýumalak edip gapyny itdi-de, tirkegden aşak bökdi.
Şol bada-da aňk-taňk boldy.
Düýbünden nätanyş howly.
Toý-da ýok, mähelle-de.
Günem, günorta çagy bolandygyny bildirip, süýrdepede ýalbyrap dur.
Gelnalyjy!...
Nury kakasy!...
Çarynyň heýýaty göçdi.
Ol, näme etjegini bilmän, bir öňe ädip, bir yza tesip, elewräp başlady.
Şol pille-de, gädiklerinde traktorynyň ýagyna-suwuna seredip, güýmenip duran, tirkegiň eýesi gözüne ildi.
Çary perişde görene döndi.
Oňa garşy eňdi.
Olara düşünişmäge kän wagt gerek bolmady.
Göz açyp-ýumasy salym geçip-geçmänkä, traktor “tar-tar” edip, ýola düşdi…
Pälwan ýeňňeler çym-gyzyl bolup, näçe dartsalar-da, janhowluna olara güýç bermän, gelin ulagyna münmezlige çytraşyp, arkanlygyna dyzaýan myhman ýigit, toý tutulýan howlynyň gabat-garşysynda togtan traktora, ilki üns bermedi.
Emma, haçan-da onuň gapysy serpilip, ondan Çarynyň ýüzi görnende, ol neresse edil mähriban ejesini gören oglanjyk deýin biygtyýar kemşerdi-de, bogazyna sygdygyndan:
-Çary, Çary!!!...-diýip, çirkin gygyranyny özem duýman galdy.
Neressäniň begenjinden ýaňa, hatda gözüne ýaş aýlanyp gitdi.
Traktordan goluny bulaýlap, misli sygry ekiz guzlan dek, otuz ikisinem syrtardyp düşen Çarynyň bolsa, tersine, adamlary iteleşdirip, bäş deşigini bir ýere üýşürip, özüne garşy gaýdan Nury Ketjäni görende, ýüzüne kül urlana döndi…
Megerem, “syçanyň hini müň tylla bolýar” diýilýän ýerleri, şunuň ýaly ýerler bolmaly…
…Ine şeýdibem, Nury Ketjäniň jan ýalyjak inisi Çary, gözli-başly boldy.
Onuň obanyň taryhyna giren toýundan ýadygärlik hökmünde-de, adynyň yzyna hemişelik tirkelen lakamy galdy.
Ýitip öýlenen…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 932 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024

Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Мylayym  
83
Gyzykly hekaýa eken.

0
2 ezizh764  
356

0
3 Bagabat  
43
Iliň diline düşüp, şunuň ýaly lakam almakdan Hudaý saklasyn! wacko

0
4 Yusup  
50
Gyzykly, Hekaýada bolsa anyrsynda hakykat ýatan bolmaly.

0
5 Yusup  
50
"Ol otlynyň ýola rowana bolanyn-a, eýýäm ýedi-sekiz sagat geçiberendir.
Eýýäm ol Türkmenistanyň çäginden çykyp gidendir."

7-8 sagatda otly Mara hem ýetip bilmez Büzmeýinden. Şu ýerini başgarak düzetmeli ýaly

0
6 Bagabat  
43
Ok.

0
7 Remezan  
1397
Gülüp içim gyrlara geldi. Gelin çalşygy ýaly bolupdyr, gowy hekaýa

0
8 yalnyzozi660812  
1367
Чагалар учин мултфильм дийсенем болжак. Миллети халыс сада кечетелпек эдип горкезэйипдир. Эгер хекая совет доврунин вакасы болса нэдурс фактлар гозе дуртулип дур.
1. Тойун гелналыжысы гелманка тиркегин алнып гайдылмасы ынандырыжы дал.Туркмен тойларында галапын гелин гетирленде тележкалы багшылар тойда боляр ахыры.
2. Совет доврунде багшылар учин булар ялы ясама прицеплер екды.
3. Эгер хекаянын вакасы гарашсызлык йыллары болан дийжек болсак, онда Бузмейинден гонумел Москва барян отла мунмек ынандырыжы дал. Чунки, Ашгабат-Москва отлусынын гатнавы гарашсызлыкдан сон кесилди. Кесилманде-де Бузмейине барып ызына гайтмажагы малим зат... Ёкарда бир агза догры белледи. "7-8 сагатда Туркменистандан чыкып етишмейар" дийип. Гаты догры беллик.

0
9 Bagabat  
43
Ok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]