23:55

Ykbal

YKBAL

Men bar zatda kejir
bolýan,
      çeksem-de köp ejir...
Haýyş ähli günämi geçir,
Şo bes maňa...

Ýüzüme ýylgyryp eset,
Göwnüňi  şatlykdan mes et!
Gaharlanmagyňy bes et!
Hebes saňa...

Enem bar maňlaýy gasyn,
Atam ýaşy segsen basym,
Goý, şolaň ömri galňasyn!
Höwes maňa...

Bir saga, bir sola çyrpynýar  deñzim,
Buýr-bulaşyk  pikirlerim mysaly.
Bu hala seredip ýagtylýar  meñzim,
Bir gün gelip setirlerim wysaly
Tapar.
Muña çyn ýürekden ynanýan,
Şu ynama baglanypdyr duýgulam.
Wah,bir  zada gyýylýan  hem gynanýan,
Diñe  ýeñşe çaglanyp dur duýgulam...

Duýgularmy  depelärin ýeñmesem,
Sepelärin  hünji baryn göreje.
Ýakynlarmyñ  öwütlerni  diñlesem:
"Sen taýýar  däl  bu  aýgytly  göreşe!"
Diýýärler.
Bu dogrumyka? 
Bilmedim.
Näme diýse şony diýsin illerem,
Men bu dünýä  olar üçin gelmedim

Saçlarymy  mähir  bilen  sypaýañ,
Inçe, uzyn  barmaklañ  meñ daragym.
Soñsuz  mähir  görýän  bakyp  gözüñe,
Ylahy  söýgüñem duýýar ýüregim.

Ol  söýgi  şeýlebir mukaddes  söýgi,
Boýun  ede  bilmez  hiç-hili  höküm.
Megerem  şol söýgi bolmadyk  bolsa,
Ýeñletmezdi  hiç  zat  dünýäniñ  ýükün.

Mähir-muhabbetden  doly  gözleriñ,
Nämüçin ünjüsin gizlejek bolýar ?!
Derdiñ  ýeke  çekme, paýlaş  meñ  bilen,
Göwnüm  saña  derdi  dözmejek  bolyar.

Sen  meni  söýýärsiñ  päk  ýüregiñden,
Bilýän, bu söýgüniñ ýok çaky-çeni.
Wah  meñ  aladaçyl , mähriban  ejem,
Ynan  señ  söýşüñ dek  söýýärin  seni.

Sülgün BAZAROWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 410 | Добавил: Мylayym | Теги: Sülgün Bazarowa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Весна / Goşgular - 02.01.2023
Git! / Goşgular - 09.02.2023
Ода Анакреона / Goşgular - 07.02.2023
«Когда читала ты мучительные строки…» / Goşgular - 15.02.2023
В горах / Goşgular - 12.02.2023
«Мировое началось во мгле кочевье…» / Goşgular - 14.01.2023
Ak goşgy / Goşgular - 04.02.2023
"Gökdepe mukamy" / goşgular toplumy / Goşgular - 12.01.2023
«За то, что ходит он в фуражке…» / Goşgular - 04.01.2023
Mynajat / Goşgular - 04.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]