YKBALYMYÑ BAGT PEŞGEŞI
Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserini okadygyňça okasyň gelýär. Çünki ene hakyndaky sözler, pikirler her bir adam üçin elýetmez akyl-paýhas hazynasy. Enelere bolan söýgüden doly kalbyňy joşa getirýän bu ajaýyp eserdäki aýdylýan sözle- riň, ýöredilýän pikirleriň ýürege ýakynlygy, göwnüňe makullygy kalbyňy heýjana salýar. Şol pursat şeýle ajaýyp eseriň döremegine sebäp bolan mähriban käbämiz Ogulabat ejäniň nurdan doly ýüzi, mähirden doly gözleri seriňe dolýar. Şeýlelik bilen, zenanlar — eneler hakyndaky söhbede berilýärsiň.
Dünýämiziň bahary hasaplanýan zenanlaryň näzik duýguly dünýäsine aralaşmak maksady bilen bu söhbedimizde zenan dünýäsi, olaryň näzikligi, aýratyn duýgurlygy, ejizligi we merdemligi hakynda gürrüň ederis. Daşymyzy gurşap alan owadan tebigatyň — dünýäniň giň gujagyndaky ýaşaýşyň dowam edip durmagyna uly goşant goşýan zenanlar bu gözel ýaşaýşyň göwher gaşyna meňzeýär. Zenan näzikligiň, mähir-muhabbetiň, şol bir wagtyň özünde-de merdemli- giň nusgasydyr. Zenan hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen, nämüçin- dir ynsan bedeniniň hökmürowany bolan ýürek hem-de onuň halasgäri söýgi hakynda aýratyn durup geçesimiz gelýär. Uly-uly daragtlaryň inçejik köklerinden nemlenişleri ýaly, zenanyň näzik ýüregi hem hemişe söýgi bilen iýmitlenýär. Biz my- dama zenanlaryň — eneleriň mähir ummanydygy hakynda söz gozgaýarys. Emma olaryň hut özleriniň hem hemişe söýgä mätäçlik çekýändigi ha- kynda az oýlanýarys. Ene perzent ösdürmek bilen ähli baýlyk-baryny, ukyp- başarnygyny, mähir-muhabbetini balasyna bagyş edýär. Ene şol söýgüdir yhlas üçin perzentden hiç hili gaýtargy hantama bolmaýar. Emma perzentlerinden hoş söz eşidende gözleriniň ýaşyny saklap bilmän oturan zenanlaryň mähre juda mätäçlik çekýändigini bilmek kyn däl. Ýürekdäki söýgimiziň önümi we alamaty bolsa, şirin-şirin sözlerimizde enelerimizi apalamagy, olaryň näzik ýüreklerine em eýlemegi başarýarmykak?! Şu ýerde Berdinazar Hudaýnaza- rowyň: «Hoş sözleri aýdyň birek- birege» diýen goşgusy hakynda durup geçesimiz gelýär. Hemmelere mälim şol meşhur goşguda beýan edilişi ýaly, hoş sözlerde ýakym bar, ýalkym bar. Olarda garşylyklara garşy göreşmäge güýç, ýaşaýşa bolan hyjuw bar. Turuwbaşdan, perzentleri hakyndaky aladalary bilen özüni unudan enelerimize soňky gezek haçan hoş söz aýdyp, onuň aran bedenine aram berdikkäk?! Ah, eneler, siziň gijelerine ýatman aýdan hüwdüleriňiziň gurbany bolsagam az ahyry!
Siziň ak daňlary kirpik gatman garşylan ak ýüregiňize, üznüksiz yhlasyňyza döneýin! Umyt bilen beren ak süýdüň öňünde başymyzy egýändiris, käbelerimiz! Balasynda kemçilik görse düzetmek üçin jan eden, ötülmejek hatalary bagyşlap, özüni balasynyň ugrunda serim-sal eden, ogul-gyzlarynyň ilhalar adamlar bolup ýetişjegine ynam bildirip, ýaşaýşa bolan höwesini artdyran eneler, siziň öňüňizdäki borjy nädip üzüp bolarka?! Iýmän iýdireniňiz bar, geýmän geýdireniňiz bar. Bagryňyza basyp ezizlänleriňiz bardyr.
Ýarym asyr ýaşasagam kuwwat berýän mähriňiz, ýüregimize em eýleýän söýgiňiz bardyr. Perzentleriňiz ýetişip, agyr ýüküňizi paýlaşýançalar gözleriňiz çöňňelmedimi, olar size gül-parça geýdirýänçäler, eýýäm gül görküňiz saralmadymy?! Perzentleriňiz ýetişip, hersi bir gaýanyň algyr bürgüdine dönenden soň saýlap- seçip iýmeli wagtyňyz bedeniňiziň gowşany sebäpli köp zatlardan umydyňyz üzülmänmidi, käbelerimiz!? Hawa, ine, şeýlelik bilenem, siz diňe hoş sözlere mätäç bolup galýan ekeniňiz ahyry.
Hawa, bu owadan dünýäniň gözel görküni synladygyňça, tebigatyň ynsana eçilen bagtynyň çäksizdigine barha aýdyň göz ýetirýärsiň. Ýöne biz özümize berlen şeýle lezzetli durmuşyň — ajaýyp ýaşaýşyň, eşretli dünýäniň enelerimiz tarapyndan sowgat berlendigi hakynda oýlanýarmykak?! Durmuşyň dürli-dürli ýollarynyň, wakalarynyň, ýatlamalarynyň we
garaşylmadyk sowgatlarynyň bolşy ýaly, adamlaryň ýaradylyş aýratynlyklary, ykballary, gylyk-häsiýetleri hem dürli-dürli bolýar. Emma eneler welin, biri-birine juda meňzeşdirler. Olar hakynda oýlandygyňça, adamyň hökmürowany bolan ýüregiň enelere örän näzik berlendigine göz ýetirýärsiň. Adamlar ýüreginiň ýukalygy, ejizligi, dözümsizligi we dözümliligi bilen tapawutlanýarlar. Emma eneleriň ýüregi güldenem näzikdir. Olaryň uzak ýaşamagy hem, saglygy hem, şatlygy ýa hasraty hem perzendine baglydyr. Ähli beden agzalaryny özüne tabyn edýän ýürek ynsan bedeniniň iň duýgur, iň näzik, şol bir wagtda-da iň çydamly agzasydyr. Emma ene ýüregi balasynyň bendisidir. Ol her näçe çydamly bolsa-da, balasynyň gaýgy-hasratyna çydap bilmeýär. Ýürek hakyndaky söhbetlere ser salanymyzda, ýüregiň her bir adamy öz islegine boýun edýändigi hakynda kän belleýäris. Bu, elbetde, şeýle, ene ýüreginiň islegi — ýüregi perzendiniň goragy. Ene ýüregi öz perzendini göze görner-görünmez belalardan goramak üçin hemişe howsalaly urmagyny dowam edýär. Eneleriň perzendine bolan söýgüden pürepür bolup duran ýüregi enäni öz buýrugyna tabyn edýär. Ata-babalarymyz: «Guýmagursak bolmasa, dürtmegursak neýlesin?!» diýmek bilen, gursakdaky ýürek diýilýän närsä adamyň bialaçdygyny az sözde beýan edipdir. Ýa-da bolmasa, ilçilikde ene-mamalarymyzyň nesillere ýagşy dileg edenlerinde: «Gursagyna gowusy guýulsyn!» diýýändigine köp gabat gelýändiris. Munuň özi her bir ýaş ýetginjege ynsap, ygrar,
akyl-paýhas dilendigidir. Islendik meselede sabyrly bolmagy ündän pederlerimiziň giňlik, kanagatlylyk ýaly göreldeleriniň, aýdanlarynyň aňyrsynda-da her bir adama özüňe erk etmegi başarmak, ýüregiňe giňlik dilemek hakyndaky sargytlar bardyr.
Ene ýüregi welin, başgaçadyr. Enäniň ýüregi diňe perzent üçin urup duran kysmydyr. Janyndan jan beren käbelerimiziň hamraklygy hiç zadyň çeni däldir. Başda agzap geçişimiz ýaly, durmuş bizi garaşylmadyk sowgatlary bilen her hili synaglara salýar. Şol synagly ýollarda birnäçe adamyň götermeli ýüküniň bir egne düşýän ýerlerem bolýar. Şeýle ýagdaýda iner ýüküni çekip bilýän «maýalar» ýene öz perzendiniň penakäri bolýarlar. Synagly, kynçylykly ýollarda islendik adamyň birden gaharlanyp, sabyrsyzlyga, terkidünýälige duçar bolup bilýändigini lukmanlar belleýärler. Emma enelik söýgüsiniň gudraty enelere şeýle synaglardan hem synman geçmeklige ýardam edýär. Eneler ylahy güýçlere eýedirler. Olaryň sabry tükeniksiz, söýgüsi çäksiz, mähri ölçegsizdir. Aslynda, sabyr diýilýän zada her kimiň öz garaýşy bar. Esasy zat, sabyrly bolmagyň şükrana bolmakdan ybaratdygyna düşünmek. Ol özüňde bar bolan bagtyňa guwanmak, onuň gymmatyny bilmek, özüňe berlen ömür atly peşgeşiň bahasyz hazynadygyna göz ýetirmek- dir. Emma eneler welin, şol bir gezek berilýän ömür atly sowgady hem balasyna bagyş edip bilse armany ýok. Durmuş adamlara juda köp bagtly pursatlary peşgeş berýär. Olaryň iň gymmatlysynyň eneli günlerdigini arkaýyn aýdyp bolar.
Dürnabat AŞYROWA,
žurnalist.
|