15:58 Ylahy zehiniñ eýesi | |
YLAHY ZEHINIŇ EÝESI
Bagşyçylyk dutar-gyjagyň şirin owazynyň, şahyryň jadyly sözleriniň we bagşynyň mahmal sesiniň birleşmeginden emele gelýän sungat. Türkmeniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan aýdym-saz sungaty nesilden-nesle geçip, täzeçillik dessurlary bilen baýlaşmagyny birsyhly dowam edip gelýär. Bagşylarymyzyň ýerine ýetirijilik tejribeleri, tilsimleri barha artyp, ussatlyk derejesi has-da ýitileşip barýar. Bagşyçylyk sungatymyzda aýdymlaryň ýerine ýetiriliş ugry boýunça «Ahal ýoly», «Damana ýoly», «Salyr-saryk ýoly», «Ärsary ýoly», «Ýomut-gökleň ýoly», «Çowdur» ýaly ýollara bölünýändigi mälimdir. Il içinde Perman bagşy lakamy bilen tanalýan, «Damana» ýolunyň ussat bagşysy, aýdym-saza, bagşyçylyk sungatyna düýrmegi bilen berlen Gurbangylyç Nurgylyjow ýaly ezber bagşylar bu sungatyñ eziz Arkadagymyzyň ünsüdir aladasynyň netijesinde ýeten derejesini aýan edýär. «Damana» ýoly öňki Gyzylarbat, Bawart, Änew-Manyş, Bagyr-Gypjak we Nohur gollary diýilýän bäş bölege bölünýär hem-de ençeme görkezijileri boýunça bir-birin- den düýpli tapawutlanýarlar. Gyzylarbat goly hem, öz gezeginde, Batyr gagşal, Abylesen hem-de Gazak Ga- ra diýilýän üç şahadan ybarat. Agzalan üç şaha biziň günlerimizde hem Derýaguly Hanow, Bäşim Mämmetnepesow, Hudaýberdi Tuwakow, Goçnyýaz Myratnyýazow, Annadurdy Garaýew we başga-da birnäçe ilhalar bagşylarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Permanyň nesil şejeresinde hem aýdym-saz sungaty bilen bagry badaşanlar az däl. Muňa mysal edip, Gurbangylyjyň aga toparyndan bolan, öz döwründe il içinde meşhurlyk gazanan bagşy-sazandalar Gazak Garaýewi, Baýramdurdy Garaýewi, daýy toparyndan ejesiniň agalary Baýram we Iljan Papyýewleri, ýaş sungat höwesjeňleriniň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» besleşiginiň çäklerinde, ýurdumyzda her ýylda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi bagşy Baýmuhammet Papyýewi, şeýle hem Gurbangylyjyň özünden kiçi inisi, tanymal bagşy Merdan Nurgylyjowy görkezmek bolar. Muňa ýene birje mysal edip türkmen saz sungatynyň Mylly aga, Sary bagşy, Hanmämmet gyjakçy ýaly ägirtleri bilen ýakyn gatnaşykda bolan, Perman bagşynyň garry babasy, il içinde Öwez par lakamy bilen tanalan ussat sazanda Öwez Begzadany ýatlamak has-da ýakymly. Gurbangylyç Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Tutly obasynda 1981-nji ýylda dünýä inýär. Ol aýdym-saza çagalykdan imrinip başlaýar. Heniz mekdebe baryp, eline «Harplyk» kitabyny almanka, ýeňiljek-ýönekeýräk sazlardan 6-7 sanysyny dutarda çalmagy başarypdyr, bu gürrüňi men serdarly mirasgär Atda dädeden (Atda Gurbangeldiýewden) eşidipdim. Gurbangylyç 1998-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, şol ýyl paýtagtymyzdaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk» bölümine okuwa girýär we ony üstünlikli tamamlaýar. Ol aýdym-saz ägirtleriniň hemmesini-de özüniň tälim alan ussatlary saýýar, Türkmenistanyň halk bagşysy Oraznepes Döwletnazarowy bolsa özüni bagşyçylyk sungatyna gözükdiren esasy halypasy hasaplaýar. 2007-nji ýylda Serdar şäherinde ýaşaýan ýakyn garyndaşymyz Çendirdir Bibi ogluny öýerdiler. Toýa Perman bagşy çagyrylan ekeni. Maňa ony ilkinji gezek şol toýda diňlemek miýesser etdi. Toý märekesi durky bilen gulaga öwrülip bagşyny diňleýärdi. Perman bagşy, göräýmäge, «Damana» ýolundan aýdýan ýaly bolsa-da, ol ussatlyk bilen «Damanany» beýleki ýollar bilen hem utgaşdyryp goýberýärdi. Men bu ýagda- ýa haýran galyp, ýuwaş-ýuwaşdan süýşüp, bagşynyň alkymyna baranymy özümem duýmandyryn. Bu utgaşdyrmalar aýdymyň durkuny bütinleý özgerdip, öňküden-de gözelleşdirip, has täsirli edýärdi. Bagşy ýaşdygyna garamazdan, hemmeleriň göwnüni awlap otyrdy, ýaşkiçiler-de, orta ýaşdakylar-da, ýaşulular-da bagşynyň aýdymlaryny tolgunmakdan ýaňa, başlaryny ýaýkap, ikiýana yranyp diňleýärdiler. Bu pursatda adamlaryň ruhy dünýäsine aýdym-sazyň edýän jadylaýjy täsirini duýmak kyn däldi. Gahryman Arkadagymyzyň sungatyň güýji barada çuňňur mazmunly kitaplarynda belleýşi ýaly, şol pursatlar toý märekesiniň ham-hyýallary, ruhy ahwalatlary Ýerden aýagyny üzüp, Arşa sary göterilene meňzeýärdi. Toý märekesi erkini Perman bagşynyň ygtyýaryna beripdi. Ikinji gezek Perman bagşyny ýene-de Serdar şäherinde ýaşaýan öz doganoglan inim Bäşimmyrat Gammarowyň tutan toýunda diňläpdim. Bu gezek ol öňküsinden-de täsirlidi, onuň, ýyl geçdigiçe, kämilleşýändigi mese-mälimdi. Aýdym-saz sungaty ýöne-möne sungat däl, juda inçe ýol. Şu barada ir wagtlarda atam Atajantemek Allaberdi oglunyň aýdanlary hem ýadyma düşýär. Ol okumyş adamdy, «Üç närsede — Gurhany Kerimde, Hezreti Magtymguluda we aýdym-sazda keramat bardyr, bularyň üçüsi-de gulak asan adamy öz erkine goýmaýar, bular ada- myň ruhuna täsir edýän ylahy gudratlardyr» diýýärdi. Gurbangylyjyň aýdymlary ýerine ýetiriş tärleri «Damana» ýoly ýalyrak başlansa-da ýa-da aýdymyň ýanyndaky, sazşynaslaryň dili bilen aýtsam, sazlaryň mukamlyk nazaryýeti saklanýan ýaly bolsa-da, onuň girizýän täzelikleri, bokurdakda edýän oýunlary, süýkäp-süýndürip, owaz almalary, diňe bir sözi däl, sözüň käbir bognuny, käte bolsa iň soňky ýekeje harpyny-da şeýle bir sünnäläp, süýndürip, dowamly çekmesi, diňe bir «Damananyň» däl, başda sanap geçen bagşyçylygyň uly ýollarynyň hem galybyn- dan, çygryndan çykyp gidýär, özem ösüşe-özgerişe tarap, kämillige-täsinlige tarap, arassalyga-tämizlige tarap çykýar. «Zehin zehinden zyýada» diýleni eken. Ol aýdymyň nalyşly ýerlerinde setiriň ýa-da bendiň anyk mazmunyna laýyk gynançly, zaryn owazy, begençli ýerlerinde bolsa şadyýan, buýsançly owazlary özboluşly şirinlik bilen alýar. Aýdymyň hörp belentligi, depgin dowamlylygy ýekeje ýerde-de peselmeýär. Perman bagşynyň sesindäki labyzlylyk aýratyn bellenilmäge mynasyp, bu meniň diňe bir öz pikirim däl, men muny bagşyny diňlän ençeme adamyň agzyndan eşitdim. Onuň bagşyçylyk hünärinde özboluşly ezberlik, zyýadalyk duýulýar. Bir aýdymyň dowamynda, ol birnaçe garaşylmaýan täsin we geň öwrümleri, täzeçillige bezelen ajaýyp tärleri edýär. Käbir aýdymlaryň sözleri-de, sazy-da edil Perman bagşynyň sesi üçin döre- dilen ýaly bolup görünýär. Toýda bagşyny diňläp oturan ýaşulularyň biri ýerinden turup, çaslyrak gygyryp: «Perman jan, Pyragynyň «Jan eýledisini» gaçyryp goý- bersene, janym bir hezil etsin-le» diýdi. Şygryýetiň şasy, sözüň piri, akyldar Magtymgulynyň «Jan eýledi» atly goşgusyna aýdan aýdymy şeýle bir ýerine düşdi, bu aýdymda bagşynyň keşbe girişi, emosional duýga doluşy, owazlaryň mazmuna laýyklykda goýazylyga gaplanyşy, garaz, gowy taraplaryny «sanasaň, sogaby bar» diýleni boldy. Şu aýdymyň çeküwli ýerine gelende: «Eý bo-o-o-ý» diýip, jaýdar çekip goýbermesi, «Eý boýuň» eýesi hasaplanýan, Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowy ýatladyp gitdi, şol bir wagtda-da, bu ýerine ýetirilişde Aşyrmämmet halypanyň ýolundan nam-nyşan görünmän galdy, ine saňa gerek bolsa, isle täsinlik diý, isle-de jady! Bu ýerde tilsim täzeçilligi görünýär. Şol toýda menem bagşydan akyldar şahyr Magtymgulynyň sözlerine «Duruşyn görüň» diýen aýdymy aýdyp bermegi baýrak tutup haýyş etdim. Ol bu aýdymy şeýle bir süýjüden-süýji owazlar, inçelik bilen bir-birine sepleşip inip-çykýan ses halkalary bilen ýerine ýetirdi welin, men bu aýdymyň beýle terzde ýerine ýetirilişine heniz gabat gelmändim, ol bu aýdymyň öňki ýerine ýetiriliş tärleriniň ýekejesine-de meňzänokdy. Men haýran galmakdan ýaňa, Perman bagşa nähili sözler bilen hoşallyk bildirjegimi-de bilmän, ýanyna bardym-da, elini mäkäm gysyp, arkasyna kakdym. Pyragynyň «Reftarydyr» aýdymyny ýerine ýetirende-de, goşgynyň mazmunyna görä mylaýym heň, sypaýy sanaw, asuda hem salykatly inim-çykymlar, edil goşgyny zikr heňi bilen saza goşup okap oturana golaý wagyz alamatlary öz-özünden emele gelip gidip otyr. Onuň şirin owazy, mylaýym labzy adamlaryň süňňüni gowşadyp, kalbyny kä heýjana, kä lerzana getirip jadylaýana meňzeşdi. Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Halk bagşylarynyň ýerine ýetirijilik tejribesinde şol bir heňi dürli aýdymlarda ulanmaklyk giňişleýin ýaýrandyr» diýip, jaýdar belläp geçýär. Perman bagşy Pyragydan «Haýrandadyr-haý- randany» aýdanda, ýerine ýetiriş täri-de, heňiň saz binýady-da, göräýmäge, Pyragynyň sözlerine aýdylýan «Bellidiriň» biçimine doly laýyk gelýän ýaly, ýöne şol bir wagtda-da onuň bokurdakda edýän şelpe-şelpe, halka-halka, düwme-düwme owaz oýunlary şol aýdymy öňki ýerine ýetiriliş usulyndan-da has bezemen görkezýär. Onuň juda üýtgeşik aýdýan aýdymlarynyň ýene-de käbiri barada bilenimi aýtjak bolaýyn. Nusgawy şahyrymyz Zynharynyň sözlerine aýdýan «Galsaň näder» aýdymynda bokurdakdaky owaz bedewiniň jylawyny çekip, kä sägindirip, kä säpjedip, käte-de öz erkine goýberip sazlaýşy bagşyçylyk dessuryna aralaşan täzelik. Ýa-da Zynharynyň sözlerine aýdýan «Sendedirini» ajaýyp akym bilen orta çeküwde ýerine ýetirişi hiç kimiňkä meňzemeýär. «Zöhre-Tahyr» dessanyndan «Hoş gal indiniň» bir ýerinde-de hörpüni gowşat- man, şol bir tapda sözlerini ýerbe-ýer, jaýba-jaý, düşnükli edip, owadan, mylaýym, labyzly jukguldylar we hyrryldylar bilen diňleýjä ýetirýär. «Meşrepdäki» ýaýrawly jukguldylary, bogazdan halka-halka bolup çykýan kagşa- malary, biraz ýognasdan çekilip, süýji süýülmek bilen sesiň inçelmek kaddyna gelip, mahmal owaza öwrülişi, Perman bagşynyň kämillik derejesinden habar berýär. «Ýar otagyndany» aýdanda-da, halypalar ýoluny birkemsiz ýerine ýetirýändigi görnüp dur. «Sowroldyny» dagy ediberişini diýsene, düwme-düwme, halka-halka, basgan- çak-basgançak, inçeden-ýogyna, ýogyndan-inçä akgynly sapýan ses sazlaşdyryjy jukguldylary diýjekmi, ýumşaklyga ýugrulan mylaýym mahmal owazy diýjekmi, diňe berekella diýäýmek galýar. Magtymgulynyň sözlerine «Dert iňňildäri» aýdanda, «Gyz gördüm türkmen gö- çünde» diýip, çeküwe çykyp, aldygyna asmana göterilişi, yzysüre-de, asmandan ganatyny ýygnap, aşak inýän bürgüt ýaly merdemsi, haýbatly, ynamly, owadan ses bilen aşaky perdelere inişi ýene bir gezek «aperin» diýdirýär. Perman bagşynyň «Arzyrumy» aýdanda edýän tilsim täzelikleri aýratyn bellemäge mynasyp, bu aýdymyň öňki aýdylyş tertibi gysgarakdy. Ol bu aýdymda edýän täze süýji çeküwleriniň hasabyna, aýdymy öňküden ep-esli uzaltmagy başarypdyr, aýdymyň şowhun derejesi has-da beýgelipdir we gözelleşipdir. Ençeme täsinliklerdir täzeliklere onuň nusgawy şahyrymyz Mätäjiniň sözlerine aýdýan «Har bolsa», «Diýmek olmaz» atly aýdymlarynda-da duşmak bolýar. Dostmuhammediň sözlerine aýdýan «Başyňa döndügimindäki» täsin ses tolkunlary hem mylaýymlygy, ýumşaklygy bilen, edil pamyga daman ýag ýaly kalbyňa, ýüregiňe siňip barýar. Şeýle aýdymlaryň hatarynda Aşykynyň sözlerine sanaýan «Hoş görünerini», «Joşy bileni», Zeliliniň sözlerine «Ýakandyr menisini» agzamak adalatly bolar. Duz- nesibesi çet ýurtlara çekip, öz dogduk Diýaryndan jyda düşüp, ömürboýy Watany zarlap gezen, türkmeniň nusgawy şahyry Garajaoglanyň sözlerine iň köp aýdymlary aýdýan, megerem Perman bagşy bolsa gerek. Oňa Garajaoglanyň bagşysy, wagyz- çysy, waspçysy, mahabatçysy diýsek-de, gelişmän durjak däl, sebäbi Garajaoglanyň sözlerine şondan köp aýdymy ýerine ýetirýän bagşyny men-ä bilemok. Garajaoglanyň sözlerine aýdýan «Bak meniňdäki» zarynlyk, «Gel indi, dilberindäki» naýynjarlyk, «Iller içindäki» mynajat, «Gurban boldugymdaky» waspy birle ýalbarmak, «Duman indidäki» arzy-hal beýany ýaly ahwalatlary janlandyryp, diňleýjä ýetirip bilşini bir makalanyň çäginde aýdyp gutarar ýaly däl. Onuň aýdyş usulynyň ýekeje ýerinde-de zowlap çykýan guraksy ses ýok. Bogazy şirin owaz tolkunlaryna, mylaýym labyz akymlaryna baý. Goşgynyň mazmunyna görä keşbe girişi, öň edilmedik tilsimleri, ilerlemeleri, yza tesmeleri, säginmeleri, garaşylmaýan ýerde sesini şireli, tagamly sozup, süýndürip sokduryp, süýkäp, owaz alşy, edýän jukguldy we hyrryldy tirkeşikleri aýdymy has-da baýlaşdyrýar we beý- geldýär. Isle ýönekeýräk ýapbyldak, isle orta hal çeküwli aýdymlary aýtsyn, isle-de şirwana galsyn, hemme halda-da onuň öz sesi, öz labzy üýtgänok. Bu ýagdaý bolsa oňa isledigiçe ýakymly, owadan ses halkalaryny, labyzly owaz tolkunlaryny almaga mümkinçilik berýär. Ol janly dile aýratyn üns we seresaplylyk bilen çemeleşýär, Perman bagşyda harsallyk ýok, aýdýan aýdymynyň bir sözüni ýa-da bir bognuny däl, hatda ýekeje harpyny-da üýtgetmän, ýerbe-ýer, düşnükli sanamagyň ussady. Ýeri geldi, hakykatyň hatyrasyna belläp geçeýin, käbir bagşylarymyz şu meselede bir däl, iki aýaklary bilen agsaýarlar. Käteler aýdyma äsgermezçilik bilen çemeleşip, özleriniň bilmeýän sözleridir setirleniň deregine, çem gelen manysy gabat gelmeýän sözleri sanap hem goýberýärler ýa-da aýdymyň sözlerini düşnüksiz aýdýarlar. Beýle ýagdaýda ne many, ne mazmun, ne-de sazlaşyk saklanýar. Perman bagşynyň öňki aýdylýan aýdymlaryň ýerine ýetiriliş usullarydyr tärlerine girizen täzeliklerinden başga-da, türkmen şygryýet äleminiň parlak ýyldyzlary Mag- tymgulynyň, Garajaoglanyň, Zynharynyň, Aşykynyň, Mätäjiniň sözlerine döreden täze aýdymlary hem sanardan köp. Onuň heň örüsi giňäp, aýdym gaznasy has-da baýlaşyp barýar. Perman bagşynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ençemesi türkmen radiosynyň altyn gaznasyna girizildi. Onuň şirin owazy ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda häli-şindi ýaňlanyp dur. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň, şol bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty oňa mi- ýesser etdi. Bagşynyň aýdyş özboluşlylygy «Damananyň» täze dörän goly ýa-da gollarynyň täze bir şahasy diýilse hem, juda bärden gaýtmak bolar. Täze aýdymlarynyň gurluş galyby, labyzlylyk derejesi, mukamlyk nazaryýeti we ençeme beýleki görkezijileri bar bolan bagşyçylyk ýollarymyzdan mese-mälim tapawutlanýar, ol emele gelip, göze ilip başlan täze bir uly ýola meňzeýär, geljekde-de bu ýola eýerjekleriň köpeljegine şek-şübhe ýok. Eger şeýle bolsa, Gurbangylyç bagşynyň bu ýoluna umumylykda türkmen bag- şyçylyk sungatynyň täze dörän ýedinji «Arkaç» ýoly diýilse, ýerlikli bolar. Akyldar Magtymguly «Türkmen binasy» atly goşgusynda: - Aryflary dem-dem geler, toýy bardyr her zaman, Hak sylaýyp kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy — diýýär. Beýik türkmen halkynyň bagşyçylyk sungatynda täze ýollaryň, ýollardan gollaryň, gollardan şahalaryň döremek däbi geçmiş taryhymyzda bolşy ýaly, geljekde-de dowam eder. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek baradaky aýdanlaryndan ruhlanan bagşy Gurbangylyç Nurgylyjowyň ýiti ylahy zehini, egsilmez hyjuwy, diňe bir Balkan degresiniň ýa-da Kesearkaç ýaýlasynyň däl, eýsem, tutuş türkmen dünýäsiniň ruhy ösüşindäki rowaçlyklary äleme jar edip, buşlap ýör. Didarberdi ALLABERDIÝEW, Magtymgulyşynas, sazşynas. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |