08:48

Ylham böwşeňligi nämeden?

YLHAM BÖWŞEÑLIGI NÄMEDEN?

Indi bir aý töweregi telefonymyň bloknot sahypasyna bellän pikirlerimi, ýolugra gelen goşgy bentleriniň diktofon ýazgylaryny, kompýutere ýazyp başlap, taşlan goşgularymy, ýanymda göterýän bloknodymdaky belliklerimi tertibe salýan. 11 goşgy. Ýene şonçarak goşgy üçin taýynlap goýan pikirlem...
3 ýyl mundan ozal biri goşgy ýazmagymy düýbünden taşlamagymy hem netijeliräk bir zada ýapyşmagymy maslahat berdi. Ýöne bir maslahatam däl, ýanjap-ýanjap delil getirdi.
«Mundan öňki şahyrlaň gazanan zady näme? Hana, Gurbannazaram ýazdy, ölüp gitdi. Çary Ýegenmyrat kesel gazandy. Bapbaň düşen gününem bilýäň. Nobatguly Rejebiň döwründe senzura bu wagtky ýaly däldi. Ol diýjegini diýip ýetişdi. Teatrlardan gelýän gonoraram ekledi ony.
Ýeri, Magtymguly bolaňda näme?! Özüňe, maşgalaňa haýry barmy? Biderek özüňi horlama. Günüň gowy bolanyny bil» diýdi. Men ýylgyrdym-da, başymy ýaýkadym.
Arada şol tanşym gabat geldi. Pikiri üýtgäpdir. Ýazmagy maslahat berdi. Men ýene ýylgyrdym, ýöne baş atyp ýylgyrdym.
Ýazyjylarda, şahyrlarda ylham böwşeňligi bolşy ýaly, edebiýatçylarda, okyjylarda hem edebiýata isleg böwşeňligi bolýar öýdýän.
Aslynda ownuk durmuş meseleleri, söýgi örtenmeleri edebiýata näme goşant goşup biler?
Ýazylýan hekaýalar, goşgular okyjylara näme bermeli?
Ruhyçökgünlik, ýaşaýyşdan ýadawlyk, birsydyrgynlykdan irmek, jogapsyz galýan soraglar adamlarda şeýle-de bar. Olarda agy-da bar, gaýgy-gussa-da.
Okyja umyt bermek, ony aldamak bolýarmy? Realizm esasynda ýazylýan eserler durmuşy çeper sözde beýan etmek bolsa, ýazyjy okyja näme berýär? Hany, ýazyjyň ýa-da şahyryň halka ýol, çykalga salgy berýän pikiri?!
Ýa edebiýat hem ýazyjy-şahyrlar ýaly, edebiýatçylardyr okyjylar ýaly böwrüni diňleýärmikä käte...

Seýitmyrat GELDIÝEW.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 427 | Добавил: Pegas | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 14
0
1 Bagabat  
43
Meniň pikirimçe, edebiýat - bu halkyň öz-özi, durmuşy, geljegi, geçmişi hem-de häzirki güni barada içini hümletmesi ýaly.

0
2 Bagabat  
43
@Haweran, ony "ylham böwşeňligi" diýip Seýitmyrat ýumşadyp aýdýa, hakykat-da, onuň çyn ady "ýaltalyk" biggrin

0
3 Bagabat  
43
Ýazmagyň birinji haýry, iň bolmanda adamlara düşünjek bolmaga-ha kömek edýär. Ýöne bilemok, hemme zady manat bilen ölçemeli bolsa, onda ýazanyňdan ekin ekeniň gowy ýaly biggrin

0
4 Bagabat  
43
Edebiýat barada bir anekdot bar:
Meşhur edebiýat tankytçysyndan dünýäniň halklarynyň käbiriniň edebiýatynyň esasy ideýasyny iki agyz sözde häsiýetlendirmegi haýyş edipdirler. Olam şeýle belläpdir:
Iňlis edebiýaty - men ahlak borjumyň hatyrasyna ölerin;
Fransuz edebiýaty - men söýgüniň hatyrasyna ölerin;
Nemes edebiýaty - men beýik şan-şöhradyň hatyrasyna ölerin;
Rus edebiýaty - men ölerin;
Hytaý edebiýaty - men bolsa garaşaryn... biggrin

0
5 Bagabat  
43
Ýene-de bir anekdot:
Bir ýaş ýazyjy redaktoryň ýanyna hekaýalaryny getiripdir. Redaktor onuň hekaýalaryna göz gezdirip çykypdyr-da, hasyr-husur nämedir bir zatlary ýazyp ugrapdyr. Ýazyjy ondan näme ýazýandygyny soranda, ol:
-Tanyş proktolog lukmanymdan sizi nobatdan daşary kabul etmegi haýyş edip, hat ýazýaryn.-diýip jogap beripdir.
-Näme üçin?!
-Sizi, hekaýalaryňyzam alyp, şonuň ýanyna ugratmak isleýärin! biggrin

0
6 shahyr1964  
283
Şu ikinji anekdodyňa maňa degişli :-)

0
7 Gumlygelin  
8
Düýn ýazmak meselesinde meñem çetime degdiler azajyk dry

0
8 Gumlygelin  
8
Düýn ýüwürjim ýoldaşyma degişmek üçin"Gitme"diýen goşgymy okap beripdir.Ony hem gaýyn agam eşidip"Gelin goşgudan başga edere iş tapmaýamyka"diýipdir.Aslynda "Gelin şonça işleñ arasynda goşgy ýazmaga nädip wagt tapýarka"diýäýmeli ýaly...

0
9 Gumlygelin  
8
Hawa...

0
10 Gumlygelin  
8
Ýöne...wagtynda çykalga tapyldy.Çagalañ kakasy käýinç berip oturan wagty tikin işlerimiñ tokgaja puly geläýdi.Şeýdip ýene rugsatnama aldyk biggrin

0
11 Gumlygelin  
8
Dogry.Adamlañ kalbyny bezemek üçin edýän ähli tagallañ mugt we gymmatsyz.Daşky gözelligne degişli işler bolsa ullakan pula durýa...

0
12 Gumlygelin  
8
Ýazyp-ýazyp şygyrlaryñ ýagşysyn,
Arzuwymdy ynsan kalbyn bezemek.
Emma munda meñ bijäme düşüpdir,
Köýnek tikip ynsan üstün düzemek...

diýip döwre görä hereket edibermeli bolar.Döwürden aýrylyp gidibä bolanok eken happy

0
13 Gumlygelin  
8
Dogry...Zenanlañ el hünärine hormatyñ üçin sag bol @Has.

0
14 Pegas  
98
Goşguda-ha gülündirmedim. Haly dokamagy öwrenäýsemmikäm onda biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]