■ Uçýan awtoulaglar köpelýär
Soňky wagtlarda uçýan awtoulaglar baradaky täzelikler köp eşidilýär. Şeýle ulaglary diňe awtoulag öndürijiler däl, eýsem, uçar öndüriji kompaniýalar hem kämilleşdirýär. Golaýda ýolagçy uçarlaryny öndürýän «Boeing» kompaniýasynyň uçýan awtoulagy synagdan geçirildi. Bu ulag awtoulaga däl-de, kiçeňräk uçara çalym edýär. Mundan ozal, «Airbus» hem «Pop up» atly ulagy köpçülige görkezipdi. Elektrik energiýasy bilen işleýän «Pop up» ýerde we howada hereket edip bilýär. Iki ýolagça niýetlenen uçýan awtomobil bir gezekki zarýady bilen 100 kilometr ýol geçýär. ABŞ-nyň «Terrafugia» şereketi hem birnäçe ýyldan bäri uçýan awtoulaglary kämilleşdirýär. Bu şereket häzirki wagtda Şwesiýanyň «Volvo» şereketine-de eýeçilik edýän Hytaýyň «Geely» kompaniýasyna degişli. Bahasynyň näçeräk boljakdygy entek nämälim bolan awtoulag 322 km/s tizlik bilen uçýar. Şereketiň ýolbaşçylary bu ulagyň satuwa çykarylan ilkinji awtoulag bolmagy üçin tagalla edýärler. Oňa bir gezek ýangyç guýlanda 805 kilometre çenli ýol geçýär. Entek beýle ulagyň ýol hereketine goşulmagyna rugsat berýän şäheriň ýokdugy bellärliklidir.
■ Howpsuz ýolagçy uçary
Ukrain awiainženeri Wladimir Tatarenko adatdan daşary ýagdaýlarda peýdalanmak üçin uçaryň esasy korpusynyň özbaşdak aýrylýan görnüşini oýlap tapdy. Oňa laýyklykda, haçan-da esasy korpusyň uçardan bölünip aýrylmagy zerur bolanda mehanizimdäki ýörite düwmejikler korpusyň ýere düşmekdäki tizligini haýalladyp, paraşýutlaryň açylmagyna ýardam edýär. Netijede ýolagçylaryň howupsyz ýere düşmegini üpjün eder.
■ Sesden çalt uçar
Sesden çalt uçýan uçarlaryň gatnawy birnäçe ýyl ozal ýatyrylypdy. Soňky ýyllarda bolsa, aşa ýokary tizlikli uçarlary işläp taýýarlamagyň aladasy edilýär. «Aerion Corporation» kompaniýasy «Aerion AS2» atly kiçi göwrümli uçary öndürmek üçin «Boeing» bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ýurtlaryň we şäherleriň arasyndaky howa gatnawlarynyň wagtyny azaltmak maksady bilen başga taslamalar hem taýýarlanýar. Ylalaşyga laýyklykda, amerikan «Boeing» kompaniýasy «Aerion»-a maddy we tehniki goldaw berer. Täze uçaryň tizliginiň 1700 km/s boljakdygy aýdylýar. Uçaryň uzynlygy 51,8 metr, ganatynyň gerimi 23,5 metr bolar. Üç hereketlendirijili uçaryň esasy müşderileri işewürler bolar. 12 orunlyk howa gämisi 2025-nji ýylda satuwa çykarylar. «Aerion Corporation» mundan ozal «Lockheed Martin» kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlyk edipdi. «Lockheed Martin»-iň ýokary tizlikli uçarlary öndürmekde baý tejribesi bar. Mundan başga-da, ýokary tizlikli iri ýolagçy uçarlarynyň taslamalary hem taýýarlanýar.
■ Uçarmansyz aňtaw uçary
«AeroVironment» uçarmansyz hereket edýän kiçi uçarlar ulgamyny öndürýän kompaniýa bolup, 140 gram agramy bolan «Snipe» atly täze kwadrokopteri (dört nurbatly uçarmansyz hereket edýän uçar) köpçülige hödürledi. «Snipe» elde işledilýän we jübüde ýerleşdirip bolýan tehnologiýadyr. Ol 32 km/s tizlik bilen hereket edip, 1 kilometr çäkde 15 minutlap uçmaga ukyply. «AeroVironment» kompaniýasynyň habar bermegine görä, bu tehnologiýa aňtaw işlerini, gözegçiligi we monitoringi geçirmek üçin niýetlenip, elektron-optiki we uzyn tolkunly infragyzyl geçirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr.
«AeroVironment» kompaniýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, «Snipe»-yň göwrümi örän kiçi bolsa-da, mümkinçilikleri haýran galdyryjydyr. Şeýle göwrümi bilen onuň harby ulgamda peýdasy biçak uludyr. Bu enjam aňtaw we gözegçilik işlerini amala aşyrmak üçin harbylara bahasyna ýetip bolmajak serişde bolup durýar.
«Snipe» sensorly dolandyryjy bilen işläp, günüň ýa-da gijäniň dowamynda wideo ýazgylary hakyky ýagdaýda (real ýagdaýda) ýazyp hem-de şekilleri ýokary hilde ugradyp bilýär. Uçarda oturdylan UFH radiostansiýasy ajaýyp dolandyryşy hem-de görmezden üpjünçilik programmasy arkaly gözegçiligi ýola goýýar. Bu bolsa, «AeroVironment» kompaniýasyna bu tehnologiýasyny köpçülikleýin satuwa çykarmaga mümkinçilik berýär.
«AeroVironment» ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Monrowiýa şäherinde ýerleşip, ABŞ-nyň harbylary üçin «Raven», «Puma» we «Wasp» ýaly uçýan enjamlary elde öndürip berýär hem-de «Switchblade» atly harby ätiýaçlyk enjamlary taýýarlaýar. «Drone World Expo» maslahatynda bu kompaniýa dikligine galyp, gorizontal ýagdaýda uçup, aralykdan ýerleri synlamaklygy amala aşyrýan «Quantix» atly uçarmansyz hereket edýän gibrid uçary hödürledi.
■ Ýük göteriji dron
ABŞ-nyň goranmak ministrliginiň saýtynda Amerikanyň Goşuny täze tehnologiýalaryň üstünde işleýändikleri barada habar berilýär. Şol tehnologiýa söweşjeň hereketleri geçirmekde amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer diýip aýdýarlar. Mundan başga-da, ol tehnologiýalaryň içinde esasan «DP14» atly dron hakynda gürrüň edilýär. Ol ýük göteriji dik uçary ýatladýar. Onuň iki sany propelleri bar we ýörite kamera enjamy bilen üpjün edilip, adamynyň ýatan halyny göni ýaýlyma bermäge mümkinçiligi bar. Dron 200 kg çenli ýük göterip bilýär, onuň uzynlygy iki metre golaý, korpusynyň ini bolsa ýarym metre barabar. Sürüjisiz dron-sanitary howa giňişliginde 2 sagada golaý bolmaga, şeýle-de onuň tizligi sagatda 130 km ýetip bilýär. Bu täsin enjam giňişlikde barmaly nokadyny özüne degişli ulgamdan alnan maglumatlara daýanyp, «Lazerler ulgamy», «GPS» we «Emeli intelekt» arkaly ýagdaýy anyklap bilýär. Dronyň bu ulgamy hat-da tüsseli, tozanly we ýagyş ýagyp duran wagty hem daş-töweregiň ýagdaýyny kesgitlemäge ýardam berýär. Dron islendik şertlerde ýokary uçup we gonup bilýär, onuň üçin ýörite gonuş meýdançasynyň zerurlygy ýok. Şonuň üçin ol ýaralananlary islendik şertlerde, şol sanda howply ýerlerden hem ewokuasiýa etmäge ukyplydyr.
■ Basgançakda ýöreýän ýük göteriji tirkeg
Amerikan dizaýnerleri basgançaklarda hiç hili päsgelçiliksiz tigirlenmän, eýsem ýüzýän şekilde basgançakdan-basgançaga galýan tigirleriniň her biri 3 tegekden ybarat bolan täsin ýük göteriji tirkegi döretdiler. Indi agyr torbalary 9-njy gata çykarmak hem müşgül däl.
■ «TAG Heuer» gerimini giňeltýär
Her bir enjam täze öndürilip başlan wagty köpçüligiň gyzyklanmasyny özüne çekýär. Ýakynda önümçiligi ýola goýlan döwrebap akylly sagada hem müşderiler uly gyzyklanma bildirýärler. Şwesiýaly «TAG Heuer» şereketiniň noýabr aýynda köpçülige hödürlän «Android Wear» iş ulgamynda işlemäge niýetlenen akylly sagady üçin hem buýurmalaryň sany gün geldikçe artýar. «Bloomberg» habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, «Tag Heuer Connected» ady berlen bu sagadyň 1500 amerikan dollaryndan satuwa goýberilendigine garamazdan, müşderiler tarapyndan bir aýyň dowamynda 100 müň sany buýurma kabul edilipdir. Şol sebäpli hem şereket önümçiliginiň gerimini ulaltmaga mejbur boldy. Eýsem, müşderileriň söýgüsini gazanmagy başaran akylly sagadyň tehniki aýratynlyklary nähilikä?!
«TAG Heuer» şereketiniň döwrebap sagady «Intel» tarapyndan öndürilen 1.6 GHz frekans tizliginde işleýän iki ýadroly hereketlendiriji esasynda herekete gelýär. Şeýle hem sagatda 1.5 inç ululygynda 360 x 360 piksel ölçegindäki, gorag ulgamy bilen üpjün edilen sap kristal aýna daşly LTPS LCD ekrany ýerleşdirilipdir. «Tag Heuer Connected» 410 mAh göwrümli batareýasy, 1GB RAM göterijisi, 4GB maglumat saklaýjy ýady, titaniýden ýasalan daşky gaby, «Bluetooth 4.1» we «Wi-Fi» aýratynlyklary bilen müşderileriň ünsüni özüne çekdi. Döwrebap akylly sagat şol bir wagtda howa maglumatyny, şemalyň ugruny we ýagyş-ýagmyry we smartfonlara gelýän habarlaryň gözegçiligini amala aşyrmak mümkinçiligine hem eýedir.
■ «Xiaomi» noutbuklary öndürer
Tehnologiýa dünýäsinde öndürilýän enjamlaryň gün geldikçe ösmegi bilen bu ugurdaky bäsdeşlik hem barha giň gerime eýe bolýar. Hytaýyň tehnologiýa enjamlaryny öndürýän şereketi «Xiaomi»-ä hem bu bäsdeşlikde mynasyp orun degişlidir. Ilki başda mobil telefonlary bazarynda elýeter bahaly enjamlary bilen meşhur bolmagy başaran şereket, wagtyň geçmegi bilen öz önümçilik örüsini giňeldip, telewizor, tablet, geýilýän elektronik enjamlar we aksessuarlaryň önümçiligine-de başlapdy. Bu ugurlarda mynasyp üstünlik gazanmagy başaran «Xiaomi», «DigiTimes» habarlar gullugy tarapyndan mälim edilen soňky maglumatlara görä, noutbuk kompýuterlerini öndürmek üçin ädim ätmäge başlady.
Mälim edilişine görä, «Xiaomi» adyny göterjek ilkinji noutbugyň nesli 12.5 inç ululygynda bolar. Şereketiň ýolbaşçylar Geňeşi satuwa goýberiljek noutbuklary bilen tehnologiýa dünýäsinde üstünlik gazanyp bilen halatynda 13.3 inç ululygyndaky täze noutbugyň hem önümçiligine başlamagy meýilleşdirýärler. «Xiaomi» noutbuklarynyň tehniki aýratynlyklary hökmünde arkadan şöhlelendirilýän 1080 x 1920 piksel ölçeginde ekran, 8 GB RAM göterijisi we «Intel i5/i7» prosessorlary bilen gelmegine garaşylýar. Şereketiň noutbuk görnüşlerinde «Windowsyň» ýerine «Linux»-a ýer berjekdigi barada hem maglumatlarda mälim edildi. Şeýle hem, «Digitimes» we «Bloomberg» gulluklarynyň maglumatyna görä, bu noutbuklaryň önümçiligini şereketiň telefonlarynyň öndürilişini amala aşyran hyzmatdaşlary «Invectec», «Foxconn» bilelikde alyp bararlar. «Xiaomi» öz noutbuklarynda «Lenovo Thinkpad» we «Apple Macbook Air» görnüşli noutbuklardan esas alar. Şereketiň akylly telefon bazaryndaky üstünligini ýene-de bir gezek gaýtalamagyna garaşylýar. Gazanyljak üstünligiň esasynda bolsa noutbuk kompýuterleriniň önümçiliginde örüsini has hem giňeldip biler.
■ Akylly aýakgaplar
Siz her gün dürli görnüşli bezegli krossowka geýmek isleýärsiňiz. Ýöne onuň üçin puluňyz ýeterlik däl. Bu ugurda shiftwear krossowkalary siziň talabyňyzy ödär. Olar ýöräp barýan wagtyňyzda daşky görnüşini üýtgetmäge ukyply. Krossowkalar reňkli, çeýe E-ink displeý enjamy arkaly hemişe gerek bezegiňi üpjün eder. Krossowkanyň daşky görnüşini üýtgetmek üçin ýöriteleşdirilen mobil enjamynyň kömeginden peýdalanylýar.
■ «LG» täze nesil ugrunda
Tehnologiýa äleminde telewizorlaryň önümçiliginde belli bir derejede şowlulyk gazanan, emma mobil dünýäsinde seýrek duş gelýän maýyşgak ekran aýratynlygyny «LG» şereketi täze nesil telefonlarynda ýene-de müşderilerine hödürlemegi meýilleşdirýär. Ýakynda şereket käbir sebäplere görä özüniň maýyşgak ekranly «Flex» nesline degişli telefonlarynyň önümçiligini bes edýändigini habar beripdi. Bu habaryň mälim edilenine köp wagt geçmändigine garamazdan, bu ugurda täze bir habar köpleriň ünsüni özüne çekdi. «Flex» nesliniň önümçiligini bes etmek bilen maýyşgak ekranly telefonlar bazaryndan düýpli çykmagyna garaşylýan şereketiň, aslynda bu ugurda başga meýilnamasynyň bardygy mälim edildi. Ygtybarly habar beriş çeşmeleriniň aýtmagyna görä, «LG» şereketi maýyşgak ekrana eýe bolan täze görnüşli smartfonlaryny öndürmegiň üstünde iş alyp barýar. Emma, bu ýerde esasy aýratynlyk «Flex»-iň daşky gabyny hem maýyşgak görnüşde öndüren şereketiň täze nesil enjamlarynda, daşky gabyny tekiz, ekrany bolsa maýyşgak görnüşde hödürlemegi niýet edinýändigi bilen baglydyr. Bu maglumatlar esasynda şereket tarapyndan nähili bir smartfonyň müşderilere hödürlenjekdigi baradaky gyzyklanma has-da artan bolsa gerek. «Flex» nesli bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk bu täze nesil smartfonlaryň «LG» üçin «täze eýýamy» açmak mümkinçiligi hem orta atylýar. Häzirki wagta çenli müşderilerine haçan ýetiriljekdigi mälim edilmeýän syrly görnüş hakynda ýakyn günlerde has köp maglumatlaryň berilmegine garaşylýar.
■ Dünýäniň iň ýuka ýankompýuteri
«Acer» kompaniýasy iň ýuka «Swift 7» ýankompýuterini tanyşdyrdy. Galyňlygy 9,98 mm bolan enjam mundan ozalky rekordyň eýesi bolan «HP Spectre 13»-den (10,4 mm) ozdurdy. Agramy 1,1 kilogram bolan kompýuterde «Intel»-iň «Core i5» mikroprosessory oturdylypdyr. RAM-y 8 GB bolan kompýuteriň gabarasy bitewi alýuminden ýasalypdyr. «Full HD» durulygynda 13,3 dýuýmlyk ekranly «Swift 7»-ni bir gezekki zarýad bilen 9 sagatlap ulanyp bolýar. Oktýabrda satuwa çykaryljak kompýuteriň bahasynyň 1299 ýewro boljakdygy aýan edildi.
■ Täze sagat tanyşdyryldy
Şweýsar sagat öndürijisi «Tissot» täze «akylly» sagady «SMART-TOUCH» modelini tanyşdyrdy. Ygtybarlylygy bilen tanalýan şweýsar sagatlaryna bolan ynam oňa bolan islegi artdyrýar. Smartfonlar bilen baglanyşdyryp ulanmaga hem mümkinçilik döredýän «SMART-TOUCH»-yň ululygy 45 mm. «Tissot T-Touch Solar» modeline meňzeş edilip taýýarlanan sagat has ýokary tehnologiýany özünde jemleýär.
Zarýady bir ýyla ýetýär
Gün şöhlesi arkaly öz-özüne zarýad berip bilýän sagat bir ýyla çenli ýagtylygyň ýok ýerinde hem işläp bilýär. Sagadyň gabarasynyň we bagynyň dürli görnüşleri bar. Bu sagady GPS arkaly nawigasiýa, kompas, ýylylyk, beýiklik, basyş we howa ýagdaýyny ölçeýji hökmünde hem ulanyp bolýar.
■ Kwant radary
Hytaýyň «SETS» korporasiýasynyň işewürleri kwant görnüşli radaryň protopini işläp düzýärler. Enjam uçarlarda gurnalýar we hat-da radiolakasiýa tarapyndan garşylyk ýüze çykýan ýagdaýlarynda, çala saýgarylýan nyşanalary-da ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda harbylar çala görünýän uçarlary we raketalary anyklaýan tehnologiýalary işläp düzýärler. Olar uçýan enjamlaryň görülmän galmaklyga we bellenilen nyşanalara iňňän ýakyn uçup barmaklyga mümkinçiligi bar.
Bular ýaly tehnologiýalardan goranmaga kwant radarlary ýardam berer.
■ Hem planşet, hem kompýuter
Mundan ozal, ýan kompýuter bilen planşetleri bir ýerde jemleýän enjamlaryň dürli görnüşleri satuwa çykarylypdy we uly islegden peýdalanypdy. Golaýda «Home-tech» kompaniýasy «e-Box Mini PC» atly adaty kompýutere öwrüp bolýan planşeti hödürledi. «Windows 10» amaly ulgamynda işleýän kompýuteri okuw, saglygy goraýyş, güýmenje maksatlary hem-de öýde ulanmak mümkin. Ol adaty kompýutere garanyňda, has az energiýa sarp edýär. 7 dýuýmlyk ekrany bolan enjamyň 2 GB RAM-y we 32 GB içki ýady bar. Ony microSD kart arkaly 64 GB-a çenli artdyrmak mümkin.
■ Iň ýeňil emeli hemra uçuryldy
Hindistanly talyplaryň işläp düzen «Kalamsat-V2» emeli hemrasy kosmosa uçuryldy. Agramy 1 kg 26 gram bolan enjam ýurduň Kosmos Barlaglary Guramasy (ISRO) tarapyndan Sriharikota kosmodromyndan älem giňişligine iberildi. ISRO-nyň ýolbaşçysy Kaýlasawadiwu Siwan «Kalamsat-V2»-niň häzire çenli uçurylan iň ýeňil emeli hemradygyny, ony hususy şereketiň öndürendigini belläp, emeli hemranyň aragatnaşyk üçin niýetlenendigini, munuň talyplaryň geljegiň alymlary we inženerleri bolmaklaryna höwes döretjekdigini aýtdy. Hindistanyň hökümet başlygy Narendra Modi emeli hemrany işläp düzen ýaşlary gutlady. Emeli hemra golaýda «PSLV-C43» raketasy bilen uçurylan 31 emeli hemranyň biridi.
Ýurtda soňky ýyllarda kosmos pudagynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýurduň astronomlarynyň taýýarlan kosmos gämisi 2014-nji ýylda Marsa baryp ýetipdi we taryhdaky iň iri taslamalaryň biri hökmünde hasaba alnypdy. Kiçi göwrümli emeli hemralary hem kosmosa ibermekde ýöriteleşen Sriharikota kosmodromyndan beýleki ýurtlara degişli emeli hemralar hem uçurylýar. Geçen ýyl bu ýerden jemi 104 emeli hemra kosmosa iberildi.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.