18:28

Ynsap dile geldi...

YNSAP DILE GELDI...

Goşgy ýazdyk:
Bizde bar zat gülala-güllük - diýip.
Goşgy ýazdyk:
Dürli käriñ syryny bildik - diýip.
Goşgy ýazdyk:
Gol gerende al şapakly täze dañ
Täze ýeñşe,
Şanly ýeñşe biz jylaw saldyk diýip.
Goşgy ýazdyk:
Günbe-günden artdy - diýip - badymyz.
Harman görsek,
Höwes bilen deñedik daglara biz.
Suw zerarly şor basan hem
Akjaran boz ýerleri
Deñedik (aslyna ýetmän)
Gül açan baglara biz.
Ýene ýazdyk:
Nebit sili batly çogup dur - diýip.
Öwdük ýördük, öwdük ýördük,
Öwünmekden doýmadyk.
Ýene ýazdyk:
Nygmat bary ýöne ýagyp dur diýip...
Garaz, gözel çagdan gaýry
Many-mazmun duýmadyk.

Gaýry gerdiş geldi indi,
Dagady gitdi duman.
Adyl ynsap dile geldi,
Nalady ynsap bu gün:
Eýsem indi şeýle biweç
Ýaşajak ýörjekmi sen
Ömür boýy ak kagyzdan gül ýasap,
Aldap göwün?
Derde derman gözlemäge
Kömek etmän iliñe,
Saýrajak ýörjekmi indem
Buýsanyp boş sanlara?
Ilki sen il ogly, şahyr!
Göz, gulak ülkäñe sen!
Neneñ ogluñ jany ýanmaz
Bu telek nogsanlara?!

Ata ATAJANOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Goşgular | Просмотров: 275 | Добавил: Haweran | Теги: Ata Atajanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]