21:59

Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen...

''ÝOK, LUKMAN, ÝÜREGIM HIÇ KIME BERMEN''

Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen,
Oñ üçin pyçagñy gynama, lukman!
Başga kişiñ ýüregini götärne,
Derdi-azar çekerine howlukmañ!

Ony arzan alyp, arzan satmadym.
Ol maña berilen ömrüñ ykbaly.
Men ony köçeden gözläp tapmadym,
Indi bun çykaryp bererim ýaly.

Bolgusyz joşanda, sesin diñdirdim,
Hak söz diýeninde, erk berdim doly.
Men oña juda kän zehin siñdirdim,
Gel-gel bun çykaryp bermezim ýaly.

Sag günüm bäsdeşim ummandy, umman,
Höwesimdi köñlüm alan ýerlerim.
Meniñ bu dünýede bir baýlygym bar, ㅡ
Olam aýdyp ýetişmedik syrlarym.

Başga biri üçin gursagma kakyp,
Hakym ýok syryna gulak asmana.
Ýürekler diwar däl,
Oña çüý kakyp,
Soñ şo çüýden başga pikir asmaga.

Nämä degseñizem,
Degmäñ ýürege,
Mydam ýürekleri sylamak gerek.
Salmañ ony başga bir del kükrege, ㅡ
Agyr düşer del syrlary götermek?!

Gurbannazar EZIZOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 361 | Добавил: Artogrul | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]