08:00

Ýol oýlary / esse-hekaýa

ÝOL OÝLARY

Bu gün agşam ýoldaşlarym ýygnanyşyp deňňene edýärler diýip, oýlanýaň. - Menem çagyrdylar. Gün-güzeran aladasy bilen ýola ugramadyk bolanymda hökman olaryň arasynda bolardym. Häzir olar iýip-içip oturandyrlar. Ýerlikli degşip-gülüşýändirler. Soňra hemmesi birleşip küşt oýnarlar. Dost-ýarlaryň degresinde küşt oýnamak nähili gyzykly.
Ýekäniň ýary hudaý diýip ugramaga hyýallanýarsyň. Obadan çykyp gum-gukluk bolup ýatan ýola gadam basýaryn. Aslynda bu durmuşyň özi hem bir oýun dälmi diýip oýlanýarsyň. Şol barşyma gijäniň çigrekli howasyna teniňi üşedip, ýyldyzly asmana garaýaň. “Durmuş oýun bolsa-da, durmuşda oýnalmasaň gowy bolardy”. Soňky oýlan pikiriň öz hoşuňa hem gelen ýaly ýylgyrýarsyň. Häzir adamlar şeýle bir mekir bolup gidipdirler weli, hatda melgun hem olara telpek goýýandyr. Garaňky gije bu çetende ýalňyz özüň barýarkaň da;şlanyp kowlan melgunyň adyny aňyňda aýlanyňdan üýşenip gidýäň.
Howwa, durmuş oýun diýip köne pikiriňi hetjikleýärsiň. Emma durmuşda birini utup ýa-da birinden utulman deň-deň oýnap hem ýaşap bolar, ýa-da hemişe utulyp ýa-da diňe utup ýaşamalymyka?!
Ýolagçynyň ýalňyzlygyna ýoldaş pikir-oýlar onuň barýan ýoly näçe egrem-egremleşdigiçe çuňlaşýar, çolaşýar, çylşyrymlaşýar.
Durmuşda utulman ýaşamak birinden aldanman, hakyňy iýdirmän, pent iýmän ýaşamakmyka? Durmuşda utup ýaşamak seniň utjak bolýanlary ät goýup, olaryň tutan guşuny ütüp goýmakmyka?! Eger şeýle bolsa-ha men kän babatda adamlardan, durmuşdan yzygiderli utulýan diýip oýlanýarsyň. Adamlar seni aňsatjak ynandyryp doly ulanyp bilýärler, soňam ýalan wada berip umytlandyryp hem goýýarlar. Boş wadalardan ýadan mahalyň hem özüňi günäkärleýärler.
Suspeslige eltýän oý-pikirleriň galybyndan çykyp bilmän barşyňa, bu ýollaryň egreminde bir ýalňyşmaýyn diýip, howatyr edip, alagaraňky gije gözýetime çenli uzalyp ýatan ýola bakýarsyň. Gökde Aý bulutlara bir girip, dünýäni tüme gark edýärdi, bir-de bulutdan çykyp älemi ýagtyldýardy. Aý buluda girende kalbyň daralýar, ýokardan garaňky dünýä ýagtylyk inende, Aýyň bulutdan çykandygy üçin göwnüň giňeýär. Garaz tamaly kalbyň bir zatdan biynjalyk.
Ynha, şu wagt barýan ýerimde hem söwdam oňup biläýse, aldaw-hile etmeseler ne gowy bolardy. Utulmazdyk diýip oýlanýaň. Esasy zat-ynam, eger ynam bolmasa, hiç bir ýeňiş bolmazdy diýýärler. Emma kän gezek aldanan-utulan adam seýrek ýagdaýda ynamly hereket edýär. Ýa bu hem onuň gaýta-gaýta utulmagyna-aldanmagyna ýol açýarmyka. Barlygyň bar zady, hatda jansyz-aňsyz hasaplanýan daş-demir, agaç-ugaç, asyl ähli zatdan bir ýamanlyk geläýmesin diýen heder bilen ýaşaýaň diýip içiňi gepledýäň.
Hon-ha, bu pikiriňi tassyklaýan ýaly hol agajyň tutuş durky dünýäni agdar-düňder edip gelýän deňiz tolkunyna ýa-da asman-zemine sygmaýan äpet ajdarhanyň sypatyna meňzänokmy. Ýol ýakasyndaky jigirdekleriň kölgeleri hem elleri polat serdesseli döwlere çalymdaş. Be-e, ine şeýdip agaçlaram meni oýnajak bolýarlar-ow diýip ýylgyrýarsyň.
Daň agarmaga az galdy. Indi şähereiň yşyklary görnüp ugraýmaly. Sen bolsa ilerini-gaýrany baýanlaman gidip otyrsyň. Ýol hem entek gumak, daşly ýola çykman şäher görünmeli däl.
Çümre geýen telpegiňi eliňe alyp maňlaý deriňi süpürýärsiň. Bu nä boluş, älem-jahan tersine ýörän ýaly. Men şähere-mal bazaryna tarap söwdalaşyp mal almaly, gazanç etmeli ýerime ýetmäge howlugyp eňip barýaryn, ýol bolsa meni nirä äkidip barýar.
Hiç oýlanyp kelläňe gelmejek, bolmajak zat. Gidip barşyňa hemişeki gatnaýan ýoluňy ýalňyşyp, yzyňa - oba burupsyň. Ine-de, öýüňe eltýän köçäniň ugruna gelip saklanyp dursuň. Hiç zada düşünmän, dört ýanyňa seredip gözleriňi tegeleýärsiň. Edil düýş görşüp, düýşe hem ynanyp, soňam zöwwe ýeriňden turup hiç zada düşünmän äm-säm bolup oturylşy ýaly. Nähili ýagdaý boldy-aý bi, asyl meni ýolda eden pikirlerim çaşyryp, ýoldan uraýdy öýdýän?!
Lapykeç halda, aýaklaryňy laýdan sogrup alýan deý süýrenip gelýäň. “Be-e, adamy hemme zat oýnap biljegi çynmyka, ýa bu hem pikirlerdäki ýalňyş bir ädimmikä?!”
Daň atyp gelýär. Öýüňe golaýlaýaň. Howa sözýetmez tämiz. Howlyňa girýärsiň, malýatagyň gapdaljygynda teläriň astynda duran mallaryňa göz aýlaýaň. Aýalyň sygyr sagyp gelýär. Ol seni görüp ýylgyrýar. “Wiý, ezizim, ýaňy seni sorap jaň etdiler. Şol şäherdäki etmeli söwdaňyz bu gün goýbolsun edipdirler, eger gaýtmadyk bolsa ertire çenli dynç alybersin diýdiler”.
Aýalyň howlukmaç aýdan sözlerini äwmän diňleýäň. “Men gynandym. Sen giden dessiňe aýtdylar weli, irräk habar edäýmeli-dä, bolmajak bolsa diýip olara gatyrgandymam”.
Sen uludan dem alyp “Bähbit bolsun! Hemme zat gowlugadyr” diýip, aýalyň bilen tirkeşip içeri girýäň. Aýalyň golunda ýaňja sagylan süýtli bedre. Çagalar bolsa ýorganjyklaryny eýläk-beýäk serpip, mazaly uklap ýatyrlar.
Durmuş oýun ýaly gyzykly dowam edýär diýip oýlanýarsyň.

Sylapberdi MUHAMOW.

21.10.2019. Moskwa.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 174 | Добавил: Haweran | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]