20:10 “Ýorga bedew Gülsary hakda kyssa” atly pýesanyň annotasiýasy we remarkasy | |
“ÝORGA BEDEW GÜLSARY HAKDA KYSSA" ATLY PÝESANYŇ ANNOTASIÝASY WE REMARKASY
Çingiz Törekulowiçiň meşhur powestine galamymy galdyranym üçin ondan ötünç sorasym gelýär. Ýöne, meniň ýagşy niýetim, ýagny päk ýürekli adamlaryň durmuşyny sahnada beýan etsem, köşeşdiräýjek ýaly. Gadymyýetden gelýän we bakylyga dowam edýän adam bilen atyň içki dünýäleriniň—kalplarynyň örän meňzeşligi , bir-birine bolan wepalylygy hem-de söýgisi—pýesanyň özenidir. Pýesa iki perdeden düzülen: birnjisi Tanabaý bilen Gülsarynyň ýaş döwrüni beýan etse, ikinjisi olaryň garran çagyny görkezýär. Ýagşylyk bilen ýamanlygyň gapma-garşylygy, maldarlaryň edermenligi, olaryň agyr hem çylşyrymly durmuşy, adamalryň haýwanalara bolan ynsanperwerli we birehim gatnaşyklary pýesanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýan etmeler, dialoglar, monologlar birnäçe goşulmalar we sähelçe düzedişler bilen gönümel powestiň özünden göçürilip alyndy. Beýik ýazyjy-realistiň leksikasy mümkingadar berjaý edildi. Tekstde käbir gyrgyz sözleriniň asyl nusgalary üýtgedilmän, düşündiriş berildi. Ssenarist powestdäki kiçijek dor gysragyň reňkini gyzyl reňke “boýap”, oňa Gyzylgül diýip at goýuldy. Galaktos grek sözi bolup, “süýt” sözüniň manysyny aňladyp, “Galaktika” sözüniň sözkökidir. Pýesanyň bir epizodynda, Jaýdar gopuzy bilen “Akja köşegini ýitiren akmaýa hakda aýdymyny” çalyp otyrka, sahnada ýyldyzlar toplumy bolan Ak maýanyň Ýoluny—biziň Galaktikamyzy görkezilmegi ssenariniň awtorynyň şahyrana oýlanmasyna degişli bolsa-da, onuň metaforasy biziň öýümiziň—älemimiziň—biziň Galaktikamyz bolan Akmaýanyň Ýoluny her halk öz dilinde atlandyranda-da, onuň asyl manysy süýt bilen baglanyşyklydygyny aňladýar. Pýesanyň baş gahrymany, Gülsary bilen baglanyşykly epizodlar sahnaň germewiniň (kulisasynyň) aňyrsynda bolup geçýär, şoňa görä-de hyýaly at bilen baglanyşykly hereketler goşa dyrnagyň içine alnandyr, “diri” Gülsary diňe Gyzylgül bilen duşuşýan epizodlarynda we epilogda, ömrüniň ahyrynda peýda bolýar. Epilogda pýesanyň awtory dartgynly hadysalaryň “taryny gowşatmak” maksady bilen Gülsary bilen Gyzylgüli ýaşlygy bilen duşuşdyrýar. Bu iki ýaş aşyk-magşuklar duşuşyga begenip uçaýjak bolýarlar. Asyl, uçýalaram: gopuzyň owazyna ýaşlar tans edýärler; bularyň şatlygyna bütin gylýal sürisi goşulýar; tansyň kulminasiýasynda Gülsary bilen Gyzylgül asmana “uçýarlar”—Tanabaýyň ýorgasy bilen Uçmahda duşuşmak hyýalynyň allegoriýasyny suratlandyrýar. Bu powest şu günlere çenli Türkmneistanyň teatrlarynda we kinosynda sahnalaşdyrylmady. Çingiz Aýtmatowyň besteller-powestiniň okyjylayň ýüreklerinde orun tutyşy ýaly, bu spektakl hem tomaşaçylaryň göwninden turar diýip, awtor umyt edýär. Ssenariýaçynyň remarkasy. (Gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri, egin-eşikleri we düşündirişler.) Tanabaý: Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, Tanabaý harby düzgüniň täsirinden çykyp bilenok: tä garraýança gimnasterkasyny, gaýyş ädigini we gyzylesgerleriň şinelini çykarman gezýär. Diňe kellesinde milli gyrgyz başgaвyny göterýär. Ol ýaş wagty murtsyz-sakgalsyz, garran döwründe çalaran murty bilen seýrek sakgaly bar we birneme bükilip ýöreýär. Onda ýagşy adama mahsus bolan gylyklar: mertlik, batyrgaýlyk, dogumlylyk, gaýratlylyk, erjellik, tutanýerlilik, päkýüreklilik, dogruçyllyk jemlenen. ýöne şol wagtyň özünde-de onuň özüne zelel berýän gylyklary hem bar. Görülip-eşidilmedik zähmetsöýerligi we borjuna wepalylygy bilen özgelerden hem şony talap edýär, aýdany ugruna bolmasa, dogruçyllygy duýgysy oýanyp, hakykatyň gözüne basýar. Onda-da paşa barmasa, onuň yňdarma häsiýeti oýanyp, yzgytsyz adama öwrülýär, özüniňkisiniň hakdygyna gözi ýetse ýa-da mertebesini peseldäýseler, kim bolsa-da parhy ýok—gyzyl ýumruga girişmekden hem gaýdanok. Şol sebäpli onuň kän bir dosty hem ýok, iň ýakyny—aýaly bilen ýeke dosty, Çoro. Jaýdar-apa: sada, gyrgyz aýaly. Tanabaýyň pähimli we wepaly aýaly, taýsyz kömekçisi, ömürlik syrdaşy we egindeşi; maşgala ojagynyň diregi. Ol öýüniň işinden daşary mallara-da seredýär. Ol özüniň asuda, oňşukly gylygy bilen elmydama adamsynyň gyzmalygyny köşeşdirip ýörendir. Parasatly paýhasy bile adamsyna dogry hem ýerlikli maslahatlar berýär. Çoro Saýakow: Tanabaýyň tersine bu adam örän parahat, asuda, sabyrly we ýuwaş. Oba intelligensiýasynyň bir wekili. Tanabaý bilen çagalykdan dost. Bu hem tanabaý ýaly harby eşik geýmäni halaýar, ýöne başgaba derek furažka göterýär. Один из представителей сельской интеллигенции. Друг детства Танабая. Ходит в тужурке (зимой в тулупе), вправленными в сапоги галифе и в фуражке, без кокарды. Onuň egninden serkerdeleň göterýän planşeti asylgy. Soňky döwürde köp keselleýär. Bibijan: frontda wepat bolan, gyzylesgeriň dul aýaly. Mylakatly we owadan aýal. Söýgä we mahir-muhabbete mätäç. Ibragim: maldarçylyk fermasynyň müdiri. Ikiýüzli, ýaranjaň, karýerist. Örän howply, mekir we ähdiýalan adam. Jorokul Aldanow: iýmäni-içmäni gowy görýän, semiz adam. Adamlary gorkuzyp işletmäge öwrenipdir. Golastyndaky işgärler onuň buýruklaryny gürrüňsiz ýerine ýetiräýmeli. Boýunegmezekligi halanok, içi kitüwli adam. Kaşkataýew: köpi gören, tejribeli, etraba belli, görnükli döwlet işgäri. Onuň gylyk-häsiýeti hem wezipesine görä, ýagny örän adalatly, dogruçyl, hakykatçyl, talapkär, gaýduwsyz tankytçy, partiýanyň işine wepaly adam. Kerimbekow: etrabyň komsomol komitetiniň sekretary, partbýuronyň iň ýaş agzasy.Ýaş hem bolsa durmuş tejribesi bar. Batyrgaý, dogruçyl, adalatly, mylakatly. Сегизбаев: döwlet emelday, kabinet işgäri. Obaň we maldarlaryň durmuşyna näbelet. Öz meýilnamasy bilen ýokaryk galýan karýerist. Tankyda çydamsyz, tankytlary üçin ar almagyň küýünde. Gülsarynyň ýaş wagty: ol hem hojaýyny ýaly elmydama hereketde, ýadamany-ýaltanmany bilenok. Onuň güýç-kuwwady daşyna çoýar. Hojaýynyna (Tanabaýa) we Gyzylgüle wepaly. Onuň şekilinde oýnaýan artist atyň daş keşbine kybapdaş lybasda: sarymtyl mele eşikli, ýaly we guýrugy garamtyl reňkde. Onuň bilen bagly herketleriň aglabasy germewiň arkasynda geçýär. Gülsarynyň garran çagy: artistiň eşigi ýygyrt atan, öçügsi boz reňkde. Ýaly we guýrugy gözgyny seýreklän we çalaran. Elmydama başyny sallap, bir nokada seredip ýöreýär. Hereketleri haýal we indi kişňänok. Gyzylgül: bu gahryman powestde ýok, ýöne kiçijek, maňlaýy ýyldyzjykly dor gysrak barada agzalyp geçilýär. Gyzylgüliň şekilini oýnaýan aktrisa gyzyl reňkli gysraga lybas—gyzyl eşik, ýaly we guýrugy altynsow reňkde, zer öwüşýän. onuň maňlaýynda bellik—akja ýyldyzjyk bar. Torgoý: kiçi boýly horja sakgal-murtsyz ýaşuly. Ullakan silkme telpekli. Örän galjaň we sesi güýçli. Baýry ýylkybanlaryň biri. Sakmançylar—wagtlaýynça hakyna tutylan obaň aýallary. Powestde olaryň biri ýaş, ikinjisi orta ýaşlardan geçen. Bellikler: *Apa (gyrgyz.)—bu ýerde: özüňden uly ýaşly aýallara hormat goýulyp ýüzlenilýän at; daýza, gelneje; *Baý (gyrgyz.)— 1) has atlaryň yzyna goşulýan goşma at (Tana+baý, Sary+baý we ş.m.); 2) jenap, hojaýyn; Ibragim bu ýerde “ba-aý!” diýip, Tanabaýa ýüzlenende, goşadyrnakly “jenap” sözüni kinaýaly ulanýar. *Baýbiçe (gyrgyz.)—1) durmuşa çykan aýal; 2) öý hojalykçy aýal; 3) aýal maşgalalara hormat goýup, ýüz tutylýan at; *Ake (gyrgyz.)—sypaýylyk bilen ýüzlenmek maksady bilen has atlaryň yzyna goşulýan at: 1) “aga”, “akga”, “kaka”, “däde” manylaryny berýär: 2) has atlar mylaýym bolar yzyna goşulýan goşma at: eneke (ene jan), ataka (ata jan), ejeke (ýaşy boýunça uly aýal-gyzlara ýüzlenilýän sypaýy at), abake (ýaşuly erkek adamlara ýüzlenilýän sypaýy at), balake (oglanjyga ýüzlenilýän sypaýy at), kyzyke (gyzjagazlara ýüzlenilýän sypaýy at). Bu ýerde Tanake—Tana aga, Tana däde, Tana kaka we ş.m. *Ail (aýyl) (gyrgyz.)—oba. *Gülsary—sary gül. *Ukuruk – at tutmak üçin niýetlenen, ujy syrtmakly uzyn agaç. *Alaman-baýga—atyň ütünde geçirilýän gyrgyz milli oýny: ýaňy damagy çalnan toklyny atlylar bir-biriniň elinden aljak boluşyp synanyşýarlar. Kim tokly bilen pellehana gelse, şony ýeňiji hasaplap, baýrak gowşurylýar. *Düldül—hezreti Alynyň atynyň ady. *Sakmançy—ýazlaga çykylanda, goýunlar guzlap başlanda, wgtlaýynça hakyna tutylýan işgärler (köplenç aýallar). *Arbaklar (gyrgyz)—ata-babalaryň ruhlary. *Tebeteý—gyrgyzlarda erkek adamyň milli başgaby. *Kişen—gadymy zynjyr gandal. Ony atogrylaryndan goranyp, atlaryň aýaklaryny baglaýan ekenler. Her kişeniň öz gizlin açary bar. *Manap (gyrgyz)—orta asyrlarda, gyrgyzlaryň nesilden-nesile miras geçýän baý-begligiň maşgalasyndan bolan wekil. Onuň emlägi we hususy eýeçiligi bolmansoň, öz golastyndaky ilatyň eýeçiligini dolandyryp, şonuň hasabyna ýaşapdyr. Bu ýerde kemsidiji söz (ýerli şiwe). *Barga guzy—niýetlenen wagtyndan öň doglan guzy. *Goçgar—ýaş goç. *Körpeç—owlak-guzy üçin niýetlenip ýerden gazylyp ýa-da agaçdan taýýarlanýan ýatak. *Beşmet—erkek adamlaryň eşigi—syýy dyza çenli gysgaldylan içlikli çäkmen. Kakajan BALKANOW. • Аннотация к пьесе «Сказание о буланом коне Гулсары» Хотелось бы просить прощения у Чингиза Торекуловича за то, что поднял перо на его знаменитую повесть. Однако, утешает меня мои добрые намерения—показать благородных людей на сцене. Основная фабула пьесы: схожесть почти идентичность душ человека и лошади, любовь и преданность друг-другу, узы которых заплетны в древности и простираются в вечность. Пьеса разделена на две части: первая повествует о юности Гульсары и о молодости Танабая; вторая рассказывает об их преклонном возрасте. Вся пьеса унизана остросюжетными событиями; противостояниями добра и зла; о героическом труде животноводов; об их трудной и сложной бытовой жизни; о человеческом и нечеловеческом отношении к животным. Повествования, все диалоги и монологи копированы с повести в неизмененном виде, правда с некоторыми поправками и дополнениями. Максимально соблюдена лексика великого писателя-реалиста. Некоторые киргизские слова как и в повести, в пьесе приведены в оригинале с комментариями. Маленькой гнедой кобылице, со звездочкой на лбу автор сценария дал имя Гызылгюль, немногго приукрасив масть—гнедая кобыла превратилась в красную. В эпилоге сценарист решил немного «смягчить» обстановку: долгожданная встреча Гульсары с Гызылгулю переполненная радостью обеих главных героев дополняется веселым танцем родного табуна Гульсары под музыку национального музыкального инструмента—темир-комуза. Кульминациялошадиного танца—полет влюбленных: Гульсары и Гызылгуль в Поднебесье, как грезил Танабай встретиться снова со своим иноходцем в Раю. Эта повесть еще не инсценировалась ни на сцене театра, ни в киноТуркменистана. Надеюсь спектакль понравится зрителям также, как полюбили читатели повесть-бестеллер Чингиза Айтматова. Ремарка сценариста (Харктеры и костюмы героев, комментарии.) Танабай: в послевоенной солдатской шинели, в кожаных сапогах и национальной тюбетейке. В молодости с усами и без бороды. В старости сгорбленный, с усами и редкой седеющей, сивой бородой. Огромной силой воли, энергичный, порывистый, невероятной работоспособностью, безупречной честностью, осознаным чувством долга; вспыльчивый. Джайдар-апа: Обыкновенная киргизская женщина, пастушка. Незаменимая помощница, вечная спутница и соратница Танабая. Мудрая и верная жена, хранительница семейного очага. Своим ровным, покладистым характером ей все время приходится успокаивать мужа и давать ему дельные и верные советы. Чоро Саяков: по характеру ровный, уравновешанный, спокойный в противовес Танабаю. Один из представителей сельской интеллигенции. Друг детства Танабая. Ходит в тужурке (зимой в тулупе), вправленными в сапоги галифе и в фуражке, без кокарды. Он носит заплечную, как офицерский планшет, сумку. Бюбюджан: вдова погибшего на фронте красноармейца. Красивая и обаятельная женщина, тоскует по мужской ласке. Ибраим: заведующий животноведческой фермой, лицемер, угодник, подхалим, карьерист. Очень хитрый и коварный. Джорокул Алданов: толстый по телосложению, чревоугодник. Привык, чтобы подчиненые неукоснительно, беспрекословно исполняли его приказы и распоряжения. Не терпит неповиновения, злопамятный. «Говорили, что человек он крутой, в больших начальниках ходил. На первом же собрании предупредил, что будет строго наказывать нерадивых, а за невыполнение минимума трудодней пригрозил судом, сказал, что все беды в колхозах происходили оттого, что колхозы были мелкими, теперь их будут укрупнять, вскоре положение должно выправиться - для того и послали его сюда, и он ставит своей главной задачей вести хозяйство по всем правилам передовой агротехники и зоотехники. А для этого все обязаны учиться в агротехнических и зоотехнических кружках. И действительно, учебу наладили, - развесили плакаты, лекции стали читать. А если чабаны засыпали на лекциях, то это уж их дело...» Керимбеков: секретарь районного комсомольского комитета, член партбюро. Молодой парень с комсомольским значком на груди. Моложе всех героев пьесы, щуплый, узколицый, очень юный, но уже с достаточным жизненным опытом. Справедливый, обьективный. Сегизбаев: государственный чиновник, кабинетный работник. Малосведущий о жизни и труде сельчан. Карьерист, идущий по служебной лестнице по заранее намеченному плану. Бурно реагирует когда задевают его самолюбие, и за это жаждет мщением. Гульсары в молодости: как и его хозяин, очень подвижный, его кипучая энергия не дает ему покоя—он постоянно в движении, не узнает усталости; он верен своему хозяину, предан подруге Гызылгюлю и родному табуну. Артист исполняющий его роль одет в импровизированную одежду светло-рыжего цвета с темной гривой и темным хвостом, изображающие буланую лошадь. Когда его оседлают или расседлают; взнуздают или разнуздают его самого не видно, он за кулисами. Он появляется на сцене почти всегда без сбруй. Только в конце пьесы в эпизоде с Танабаем со сбруей. Вообще почти все действия совершаемые с лошадью происходят за кулисами—человек имитирует присутствие лошади за кулисами. Гульсары в старости: цвет костюма, артиста исполняющего роль Гульсары в старости серого цвета, блеклый со складками, с поредевшей гривой и жалким хвостом. Голова у него постоянно понукшая, взгляд остывший, движения замедленные, теперь не ржет. Гызылгюль: в повести Ч. Айтматова эта кобылица без имени, имя ей дал сценарист. Актриса, исполняющая ее роль одета в импровизированную одежду красного цвета с золотистой гривой и золотистым хвостом, изображающие красную лошадь, неземной красоты. На лбу Гызылгюль должна быть отметина—белая звездочка. Торгой: сухонький старичок без единой волосинки на сморщенном лице, сам с локоток, как подросток. Большая косматая баранья шапка сидит на нем, словно гриб. Такие старики обычно легки на подъем, занозисты и горласты. Сакманщицы—жители аила, временно нанимаемые на работу. Одна из них в повести Ч.Айтматова молодая, а другая—старая. Словарь: *Аил (кирг.)—аул. *Апа, байбиче—почтительное обращение к замужней женщине *Гульсары—желтый цветок, лютик. *Гызылгюль—красный цветок. *Укрук - длинная палка с петлей на конце для ловли лошадей. *Аламан-байга—киргизская национальная игра на лошадях, при которой всадники стараются отбить друг у друга тушу козла. Кто с тушой финиширует, того считают победителем с вручением приза. *Дулдул - сказочный скакун. *Сакманщица—временно нанимаемые на сезонную работу женщины из аула в основном для подмоги пастухам, чабанам во время окота скота весной. *Арбаки - духи предков. *Тебетей - шапка, отделанная мерлушкой или лисьим мехом. *Темир-комуз - щипковый музыкальный инструмент в виде железной скобы со стальным языком посредине. *Арак–водка. *Кишен - старинные цепные путы. У каждого кишена особый замок, без ключа не откроешь. Раньше надевали кишен на ноги лучшим коням, чтобы конокрады не могли их угнать с выпаса. * Кереге-уук - разборный деревянный остов юрты. *Манап—унизительное название чиновника (местный сленг). * Ойбайай, баурымай! - траурный крик, оплакивание умершего. Какаджан БАЛКАНОВ | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |