23:46 Ýorga bedew Gülsary hakda kyssa / II perde | |
II perde
T a n a b a ý y ň ak öýi. Bahar aýlary, ir säher. Guşlar jürküldeşýär. T a n a b a ý bilen J a ý d a r ertirligini edinip otyrlar. Uzakdan atlaryň kişňeýän sesleri eşidilýär. T a n a b a ý . Ýene iki hepdeden daga göçmeli. ( J a ý d a r a ýüzlenip .) Sen nädýäň goşlaryňy düwüp başladyňmy? J a ý d a r . Hawa-la, her gün az-azdan. Munça goş nirden ýygnandyka diýäýmeli. T a n a b a ý . Ata-babalarmyz aýdypdyr-a: “Eger özüňi garyp saýýan bolsaň, bir gezek göç edip gör.” (Ikisi hem gülüşýärler.) J a ý d a r . Eger biz bir ýyllyk göçüm edýän bolsak, indiki ýyl ýaz aýlary dolanarys. Internada—oglumyzy görüp gaýdaýsak näder? Ädikçä-de barmaly, bazarlamaly, gaýdyşyn haraza sowulmaly—etmeli işimiz örän köp. ( T a n a b a ý y ň ýüzüne seredip .) Saňa näm boldy? Gaýgyly görünýäň-le? T a n a b a ý (gaýgyly). Erbet düýş gördüm. J a ý d a r. Meni diňläsiň gelýän-ä däldir-dä? (Uludan dem alýar.) T a n a b a ý (gaýgyly). Düýş görenim-ä hak. Hakydamdan hiç çykanok. J a ý d a r . Çorodan habar tutaýmaly ekeniň. Hemme kişi göçmänkä näsaglaryň halyny sorap gaýdýarlar. T a n a b a ý . Ýetişeris-le, soň. J a ý d a r . Haçan ”soň”? Näme oba girmäge ýaýdanýaňmy? Ertir çagalaram alyp, bileje gideris. Meňem obalyk işim bar. T a n a b a ý bilen J a ý d a r obaň içi bilen barýarkalar obadaşlary bilen salamlaşýarlar. Uzakdan goýunlaryň mälemesi, sygyrlaryň molamasy we itleriň üýrmesi eşidilýär. T a n a b a ý (aýalyna). Men häzir, Jaýdar. Sen gidiber. Çoro “arakesmä çykmankalar kontora baryp gyssagly bir işimi bitirip, soň ussahana sowlup, nal aljak-da, eglenmän bararyn diýdi” diýip, aýt. J a ý d a r . Ýeke barmaga men-ä utanýan. T a n a b a ý . Zeleli ýok, bar, bar. Men häzir, derrew. (Ikisi hem gidýärler.) Kolhozyň athanasy. T a n a b a ý . T a n a b a ý (sahnaň arkasynda “duran G ü l s a r y ň ” ýanyna barýar.Çommalyp oturşyna, telpegini çykaryp, ýere urýar.Ýumruklaryny düwüp, silkinip dikelýär, gazaply.) Şeýleräk boljagyny aňdymam-la. Deýýuslar! (Gidýär.) T a n a b a ý y ň ak öýi. T a n a b a ý bilen J a ý d a r agşam çaý başynda. Uzakdan atlaryň kişňeýän we itleriň üýrýän sesleri eşidilýär. T a n a b a ý (gamgyn). Meň düýşüm dogry bolup çykdy. J a ý d a r. Hä, näme? T a n a b a ý . Myhmançylykda agzap oturmany uslyp bilmedim. Gülsary indi gelmez. Ony biçipdirler. Myrryhlar! J a ý d a r. Bilýän. Şoň üçin men seni oba äkitdim-dä. Ýogsa, sen elmydama bu habary eşitmägä çekinip ýörerdiň. Sen çaga däl-ä, ata-baba edilýän zat. Şu wagta çenli höwürden kesipdirlermi, indi hem dowam eder. T a n a b a ý . Meň pikirimçe, ýüregim bilen duýýan: biziň başlygmyz gowy adam däl. J a ý d a r . Goýsana, atyňy biçenleri üçin başlyk erbet adam bolaýýarmy!? Beý diýmesene! Onsoňam, ol bu ýerlere entek näbelet, indi öwrenişmeli. Hojalyk uly, kolhozyň işi hem agyr. Ana, düýn, Çoro gürrüň berd-ä: “kolhozlaryň hojalygyny seljerläp, hökümet hökman ýardam berer” diýdi. Biz köp zatdan bihabar-a, şonuň üçin öňünden çak urup oturmaly. Tanabaý, näme garrajak bolýaňmy? T a n a b a ý (öz-özünden, gapdala). Dogrudanam adamlar barada bular ýaly pikirde bolmak nädogrydyr. Elbetde, akmaklyk. Ýyllarboýy süriň yzynda gezip köp zatlardan bihabar bolýan, şol sebäpli garraýan bolmagym mümkin. Ýöne, bu kynçylyk döwri haçan başymyzdan sowularka? Goý, men ýalňyşýan ekenim (belki ýalňyşýan bolaýadym), ýöne edil men ýaly pikir edýänlerem bar ahyryn, ýa olaram ýalňyşýarmyka? Başlyklaryň çykyşyny diňleseň—hemme zat gülala-güllük. Urşuň gutaranyna näçe ýyl geçdi, a biz bolsa, köne, şylhasy çykan öýümizi ýamaýşymyz ýaly hojalygymyzy aýlajak bolýas—bu taýyny oňarsaň, o taýy gopýar. Näme üçin? Näme üçin indi kolhoz öňki ýaly ýakyn däl, a ýat boldy? Eýden bolýarlar-beýden bolýarlar—netije ýok. Ýygnaklarda eşidýäniň boş gürrüň. Saňa nebsi agyrýan ýok. Kolhozy kolhozçylaryň özleri däl-dä, keseki dolandyrýan ýaly. Merkezden wekil iberen bolýarlar—halk bilen däl; başlyga gygyran bolar, kemçilikleri düzetmäge puryja berer; başlyk başarsa-başarmasa wada berer. Barlaga gelen wekil oba geňeşligine barmysyňam diýenok. Şol bir gaýtalaýan sözi: “Işläň, gije-gündiz işläň; meýilnamaňyzy doluň, başga zadyňyzy bilemok...” ( J a ý d a r y ýadyndan çykaryp, daşyndan gepleýär.) Hany entek, Çoro sag-aman keselinden saplansyn, men ony bar zat barada aýtmagyny mejbur ederin. Özümem ýüregime yza bolup giden meseleleri aýdaryn. Eger men ýalňyşýan bolsam, ýaşyrman göni aýtsyn. Eger-de meňki hak bolsa... Onda nähili bolar? Ýok-ýok, edil olar ýaly bolasy ýok-la. Elbetde, men nädogry pikirde. Men kim? Sähraýy, bir sada ýylkyban, çopan. Ýokarda oturanlar maňa görä has akylly... J a ý d a r (haýran galyp). Saňa näm bolýar?! T a n a b a ý . Aý, hiç-le… Men ýöne... (Gülüp.) Mendirin-dä (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Güýz. Dagyň etegi. Daglaryň depeleri gar bilen örtülen. T a n a b ý y ň gyşlagy. T a n a b a ý , Ç a p a r . Ç a p a r . Essalamu aleýkim, Tanake! T a n a b a ý (iki eli bilen görüşip). Waleýkimessalam! Ç a p a r . Sag-gurgunmysyňyz, atlar hem oňatmy? T a n a b a ý . Taňry ýalkasyn, oňat. Henizler-ä kem zadymyz ýok. (Eli küýzeli we käseli J a ý d a r gelýär.) Ç a p a r . Jaýdar apa, salawmaleýkim! J a ýd a r . Aleýik salam! (Käsä gymyz guýup erkeklere äberýär.) Ulus-il amanmy? Ç a p a r . Oňatçylyk. Salam ýolladylar. ( T a n a b a ý a ýüzlenip.) Meni Çoro ugratdy. Ertir ir bilen sen oba barmaly, birigün şo taýdanam etraba ýygnaga gitmeli. T a n a b a ý . Hoş, ertir daň atmanka bararyn. (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Oba. Daň atyp barýar. Kolhozyň kontorasy. Ç o r o ň iş otagy, stoluň başynda Ç o r o otyr. Gapydan T a n a b a ý girýär. Olar gujaklaşyp, salamlaşýarlar. Ç o r o (şähdaçyk). Tüweleme, Tanabaý seň öňkije durşuň—garraňok. Görüşmänimizä näçe wagt boldy—geçen bahardan bärimi? Gymyz, dag howasy—gudrat. A men bolsa, haýallaýan, dost. Sanalgym ýakynlaşýar öýdýän...(Biraz dymansoň.) Näme diýsene, Tanabaý. Ýene sen gerekli bolduň. Ertir etraba, maldarlaň ýygnagyna gidýäs. Mallaň ýagdaý öwerlikli däl, hasam dowardarçylyk. Dargap barýar. Geçen gezek ýylkyny dikeltdiň, sag bol, bu gezegem, gaýrat et-de goýunlary halas et. Sen alyp çykaýmasaň, başga adama ynanamzok. T a n a b a ý . Ýaman sen çalt how, Çoro! (Biraz dymansoň.) Men gylýallara öwrenşipdirin. Goýunlar bilen içgysgynç bolaýmasa! Ç o r o . Zorum ýok, zarym bar, Tanabaý. Aý, indi gitjek ýeriň ýok—partiýa tabşyrygy. Gatyrganma, zerurlyk çykanda ýatlat, ähli zady boýnuma alaryn. T a n a b a ý (gülüp). Elbetde, ýatladaryn, arkaýyn bolaý, ýöne hezil-ä edesiň ýok. Dowar barada aýalym bilen maslahatlaşaýyn... Ç o r o . Oýlanyp görüň, ýöne ertire çenli netijäňizi habar ediň. Men ýygnakdan öň başlygy habardar etmeli. Jaýdar bilen soň maslahatlaşarsyň, oňa hemme zady düşündirersiň. Özümem gabat gelende haýyş ederin. Seň aýalyň düşbi hem asylly—düşünip, ylalaşar. (Gülüp.) Eger-de, elmydama ýanyňda şol bolmadyk bolsady, bir ýerlerde boýnyňy oňurardyň. Gowymy oň ýagdaýy, çagalaram oňatmy? T a n a b a ý . Oňat, enteg-ä zeýrenemzok. Gyzlarmyz ýanymyzda. Oglum internatda, oňat okaýar, seýrek görüşýäs, tomus dynç alyşa çykanda ine-gana didarlaşaýmasak. Seň ogluň—Samansuram oňatmy? Ç o r o . Indi ikinji ýyl talyp. Erbet okamaýan ýaly. Tomus dynç alyşa gelende: “Tanakaň mellegini haşal ot basyp gidipdir, jaýynyň suwagy gopupdyr, döwük aýnalardan serçeler girip-çykýar, jaýyň içini görer ýaly däl” diýip, oragyny, pilini alyp bir hepdäň içinde howlyňy gül pürkilen ýaly etdi, jaýyň içini arassalady. T a n a b a ý . Ogluňa meň adymdan minnetdarlygymy aýt. Bütin ömrümiz dagda geçdi, öz öýmize myhman, oglum gelip eýeçilik eder-dä. Ç o r o . Sen çekinme-de aýdyber, gerek zadyň bolsa. Ýaz çykar, öýüňi abatlamaga-da ýadam bereris. T a n a b a ý . Sag bol, dostum. Ç o r o . Onda näme, gepleşdikmi? Atyňy atýataga ýerleşdir, ýygnaga maşynly gitmegi niýet etdik. Kolhoza maşyn berleninden seň habaryňam ýokdur. Ikinjini hem bereris diýip, wada berdiler. Onsoň-a bir ýaýnamaga maý bar. Men ýorgany münip, häzir ugramakçy, sagat ýedä barmaly diýip, buýurdylar. Başlyk eýýäm o taýda. Ýorga-da maşyndan asgyn gelesi ýok-la. T a n a b a ý . (geňirgenip). Sen näme, Gülsaryny münýäňmi? Başlyk seni sylapdyr-ow... Ç o r o . Näme diýsemkäm. Syladymy-sylamadymy, bilemok, ýöne Gülsaryny maňa berdi. (Ellerini gerip, gülýär.) Belaň körügi näme diýsene, näme üçindir Gülsary başlygy ýigrendi—dälirän ýaly ýakynyna golaýlaşdyranok.Haýran galaýmaly. Eýdip gördiler-beýdip gördiler—netijesiz. Men münýän welin, şondan asyllysy ýok. Sen oňa baş öwredeňde gyssamansyň, bildirýär. Ýüregim sanjyp dur, eýere münýän welin, agyry edil gyl sogrulan ýaly—ýom-ýok bolýar. Diňe şu Gülsary üçin janymy gaýgyrman işlemäge taýyn, ol meň janyma şypa berýär. T a n a b a ý . Ony menem halamok. Ç o r o . Kimi? T a n a b a ý . Başlygy. Ç o r o (çyny bilen). Hä, näme üçin? T a n a b a ý . Aý, bilemok. Meň pikirimçe hepbesiz, zoňtar, betha adam. Ç o r o . Bolmanda-da saňa ýaranmak kyn. Bütin ömrüňe maňa-da “gowşak”, “ýöwsel” diýip geçdiň. Indi başlygam saňa ýaranok... Bilemok, men-ä ýaňy işe çykdym, başygy entek öwrenibem ýetişemok. T a n a b a ý . (ara dymyşlyk aralaşýar. Dymyşlykdan soň). Kolhoza maşyn berenleri gowy bolaýypdyr, nesip etsin! Öňüräkden bermeli-dä. Ýadyňa düşýämi: urşuň öň ýanynda bize ilkinji birýarymlyk ýük maşyn berlipdi. Soň ony front üçin aldylar. (Ýene dymyşlyk.) Ç o r o . Men seň gözüňden okap otyryn—Gülsaryny göresiň gelýär. Ýeri, bar, bar! Ol atýatakda. ( T a n a b a ý çykyp barýarka, Ç o r o onuň yzyndan. ) Ýadyňdan çykarma ertir jahan ýagtyldygy, ýola düşmelidir! (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Atýatak. T a n a b a ý G ü l s a r y bilen duşuşýar. T a n a b a ý (sahnaň aňyrsynda “duran G ü l s a r a” ýüzlenýär.) Salam Gülsary, salam! Gardaş gün-güzeran nähili? (“G ü l s a r y ň başyny sypalaýar”, atyň hokranmasy bilen onuň toýnagynyň dükürdisi eşidilýär.) Syratyň-a tüweleme, görnükli Gülsary! Döşüň ýaýbaňlanypdyr—köp ylgaýaň öýdýän. Bilýän dost, hemme zatdan habarly, edil şol wagt bulaň pyglyny eşiden bolsam, ýol bermezdim. Seni gowy adama berenlerine begenip, iki bolup bilemok. Özüňi akyllyja alyp barsaň, ýamanlykdan adam adyňy tutmaz. (Jübisinden gant çykaryp iýdirýär.) Me, bu gandy saňa gyzlam iberdi we olar saňa salam aýtdylar. Gardaş, maňa çopan bol diýýärler. Meň bütin ömrüm atlar bilen geçensoň, goýunlar maňa başardarmyka? Nätjek halk talap edýän bolsa, etjek alajyň ýok. Bolýar dostum, men ýöräýin, entek ýene görüşeris. (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Etrap merkezi. Medeniýet öýüniň öňünde adamalar ýygnagyň başlamagyna garaşyp durlar. Girelgäň ýokarsynda gyzyl mataň ýüzüne ak reňk bilen: “Kommunistler öňe!”, “Komsomol—sowet ýaşlarynyň öňbaşçysydyr” ýazgyly şygarlar asylan. T a n a b a ý , Ç o r o , kolhoz başlygy—J o r o k u l A l d a n o w . A l d a n o w ( T a n a b a ý a ýüzlenip). Tanabaý, ýör, çete çykaly. Biz seni çykyş edýänleriň sanawyna goşduk. Sen kommunist we iň göreldeli ýylkyban hökmünde çykyş etmeli. Ynha, seň geplemeli sözüň ( T a n a b a ý y ň eline bloknot tutdyrýar.) T a n a b a ý . A, men näme hakda gürlemeli? A l d a n o w . Men kommunist diý, we yza galak hojalygy, ýagny tohumlyk goýun sürisini idetmegi borç edinýän diý. T a n a b a ý . Barymy şü? A l d a n o w . O nä barymy? Aýdarsyň owlak-guzy möwsüminde her ene goýundan bir ýüz on guzy almaga we her başdan üç kilogramm ýüň almaga partiýanyň we halkyň öňünde borçlanýan diý. T a n a b a ý . Nädip sözläýin, eger men dowarlaň garasyny görmesem. Ç o r o ( T a n a b a ý y rahatlandyrýar). Senem tapaýaň-ow bir zatlar. Sürini saýlap alarsyň. Onuň gaýgysyny etme. Hawa, ýene goşarsyň: iki sany komsomol çopany howandarlyga alyp, olara ýardam etjek diý. T a n a b a ý . Kimleri? Ç o r o . (elindäki kagyza seredip). Eşim Bolotbekow bilen Bektaý Zarlykow. Т а н а б а й . Men olar bilen entek gürleşibem-ä göremok. Entek olaryň näme diýjegi hem belli däl. Ç o r o . Sen ýene öz eňegiňe tutýaň-da. Bir töwra adam-da. Saňa şolar bilen güleşmek hökmanmy? Gepleşdiňem-dä, tapawudy näme? Olaryň gaçyp gitjek ýeri ýok. Bu mesele eýýäm çözülen. T a n a b a ý . Çözülen bolsa meň näme işim bar bu ýerde!? (Ýygnak geçiriljek ýere ugraýar. ) Ç o r o . Gysgajyk çykyş et, diňe öz borçnamalaň barada aýt, artykmaç gürleme. Eşitmedim diýme! ( T a n a b a ý y ň ýeňinden ýapyşýar, ol sypjak bolýar.) Dur, hemmesini ýat beklediňmi? T a n a b a ý . (säginmän gidip barşyna, gaharly). Ýat tutdym-la how, ýat tutdym. (Ýygnak geçiriljek jaýa girýär.) Ç o r o ( Tanabaýyň yzyna düşüp barşyna ). Wah, Tanabaý, Tanabaý ! Juda sada bolýaň-da, durmuş saňa hiç zat öwretmändir. Köp zada üns bereňok, kän zady bileňok. Jahyllygyňa galypsyň. Şol gönümelligiň. Indi döwür başgaça—hak sözüňe ynananoklar. Aýtjak gepiňi döwre kybapdaş bolar ýaly saldarlap, elekden geçirmeli, talap edilýän çarçuwa sygdyrmaly, ondan soň kime aýtjagyňy anyklamaly. Saňa dagy öz göwnüň islänini et diýip rugsat beräýseň, dünýäni çepbe-çöwürersiň. Soňundan saňa derek bir topar adam jogap bermeli bolar. (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Sähra. Güýzüň soňky aýlary. T a n a b a ý çopan taýagy bilen. T a n a b a ý . Adam ömrüniň ýarysy arzuw-hyýal bilen geçýär. Mümkin, ýaşaýşyň lezzeti hem şondadyr. Arzuw-hyýallarymyzyň hemmesiniň hasyl bolmaýanlygy üçin durmuş şeýle gadyrly bolaýmasyn?! (Daglary, asmany synlaýar.) Adamlaryň hemmesi deň derejede bagtly bolmagy mümkin däl. Sebäbi her kimiň öz ykbaly bar. Bu ykbalda ýagtylyk bilen tümligiň utgaşyp gelişi ýaly, şatlyk bilen gussa garyşan. Şeýdip ykbala garaşly bolup, ynsan garrylyk möwsümine ýetýär. Onda-da adamyň göwni garraýasy gelenok. “Göz garrar, göwün garramaz, är garrar, heňňam garramaz” diýleni-dä. Wah, adamyň bir özi garraýan bolsa zelelem ýok-la—onuň bilen birlikde onuň dünýägaraýşy garraýamyşyn. Düýnki ýygnakda dagy how, ullakan adamlara çenli agyzlaryny dolduryp gepleýärler: “indi maşyn köpeldi, atçylyk öz ähmiýetini ýitirdi, atdan gelýän girdeji ýok—durşyna çykdajy; ähli gujur-gaýratymyzy dowardarçylyga gönükdirmeli—goýnuň etem, derisem, ýüňem, baganasam at bilen deňeşdireňde has amatly, onsoňam at iki ýyldan bir gulunlasa, goýun-her ýyl, onda-da käbiri ekizden” Tfu! (Gapdalyna tükürýär.) Meň özüm günäkär—gepe gidip, “Watanyň, partiýaň öňünde söz berýän...” Söz bermenkäň oýlanmaly ekeniň, kesekiň görkezmesi bilen ýaşajak bolýaň. Bu ýerde partiýa bilen Watanyň nä derkary bar? Sähel zat üçin Watany galkan kimin öňüňe tutyp ýörseň, ol iglemezmi? Bu bir adaty hojalyk işidir-dä.. Olara, Çoro näme—olaryň piňine-de däl. Ýene-de Çoro nebsim agyrýar. ( J a ý d a r gelýär, oňa ýüzlenip.) Jaýdar, men sürini aýlap gelýänçäm, ýazlagçy aýallar bilen ak öýi, çadyry guruň. ( J a ý d a r başyny atyp, gidýär. Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Güýzüň soňky aýlary, gar sepeleýär. T a n a b a ý y ň ak öýi bilen brezent çadyr. T a n a b a ý, J a ý d a r w e s a k m a n ç y a ý a l l a r . Goýunlaryň mäleýän we itleriň üýrýän sesleri eşidilýär. T a n a b a ý . Goýunlaryň garny barha giňelip, aýaklary agralýar. Bogaz goýunlar örän seresaply, äwmän, kynlyk bilen ýöreýärler. Käbiriniň guzysy uly bolmagy, ýa ekiz bolmagy mümkin—tegelenen garynlaryndan bildirip dur. Ertir däl birigün Bäş agaçly derä—düýp goşa-baza göçmeli. Belki, goýunlaryň ýataklary abat, körpeçleri guryja, ýyly; gyş iýmleri hem bol-elin bolaýady. Ynha, hä diýmän gyş geler. B i r i r n j i s a k m a n ç y aýal . Süride iki sany bogaz goýun öldi, biziň golastymyzdaky süride-de birnäçesi. T a n a b a ý . Hawa-la, onça-munça bolaýmaly. Gyş on-on bäş goýunyň gitmegi—kadaly ýagdaý. Entek hemme işler öňümizde—ýaz çykyp gelýärkä, ana şonda aladamyz käneler. Eger barga guzyjyklar* peýda bolup başlan bolsalar—süriň içinde çopanlaň gözünden sypyp, birnäçe goçgar* galypdyr. Maýsa gyltym bolanda bişen armytlaryň ýere gaçyşy ýaly, guzyjyklar dökülip başlar, ýetişip bilseň kaýyl bolarsyň. (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Bäş agaçly dere. Çopanlaryň düýp goşy—baza. Gyş, aýaz. Gar alaňlary. Guzyly goýunlaryň ýataklary gözgyny ýagdaýda: gamyş bilen basyrlan üçekler her ýerde-her ýerde sallanyşyp durlar, diwarlary deşim-deşim, äpişgesiz. Daşdan salnan agylyň seňňeri ýumrulyp, daşlary dagaşyp ýatyr. Bir üýşmek saman dargap ýatyr. Ýatagyň bir burçynda ýag bilen ýanýan döwük çyralar-panuslar üýşürilipdir we iki sany pil, omrulan çarşaklar, içi kerosinli posly bidon diwara direlip goýulypdyr. T a n a b a ý bazany gözden geçirip ýör. T a n a b a ý (gazaply, ellerini galgadyp, eýläk-beýläk gezmeläp ýör). Bir topar bikärler! Muny nädäýipler! Hiý, bular ýaly hem biperwaýlyk bolarmy? Wyždansyzlar, halkyň emlägine nädip hyýanat edip bilýäňiz? Ýataklary bir gezek hem arassalamandyrlar: malyň tezegi basgylanyp-basgylanyp gemre bolup gidipdir—her ýylyňky gat-gat bolup ýatyr. Üstesine-de, yzgar çekip buza öwrülip gidipdir. Hany ot-iýmiň gory? Bu aňzakda üçeksiz, äpişgesiz hazlap duran ýatakda aç goýunlar gatap galarlar. Guzylar üçin körpejem-ä* taýyn däl, olary nirä ýerleşdirmeli? Bulaň barynyň üstüne kerosin guýup otlap, gümüňi çekip gidäýseň...Ýo-o-ok! (öç alyp.) Ilki bilen siz bu hepbesizligňiz we nadanlygňyz üçin jogap beresiňiz. Häziriň özünde oba gidip baryňyzy aýaga galdyraryn, Ibragimiň ezeneginden tutyp, başlyk bilen Çorony öňüme salyp getirerin, goý, öz gözleri bilen görsünler! (Atyň uýany bilen eýerini alyp ata tarap ýönelýär. Onuň yzyndan J a ý d a r ylgap ýetişýär-de ýeňinden ýapyşyp adamsyny saklaýar.) J a ý d a r . Dur, hany! Sen nirä? Milt hem edäýme! Saklan-da, maňa gulak as. (Eýerinden ýapyşýar.) T a n a b a ý (eýeri silkip alyp J a ý d a r a gygyrýar). Goýber! Goýber! Goýber diýdim men saňa! Men olaryň ýoguna ýanaryn! Men olaryň baryny öldürjek! J a ý d a r. Gitmersiň! Eger gana suwsan bolsaň, onda meni öldür! (Sakmaçy aýallar ylgap gelip, T a n a b a ý a ýalbaryp başlaýarlar.) T a n a b a ý . Sen näme bu zatlary göreňokmy? Mallary, guzylary bilen nirä ýerleşdireli? Hany üçek, hany iým? Bary haram öler. Kim jogap berer? Goýber meni, saklama! J a ý d a r . Hany, duraý-da bir minut. Gitdiňem-dä, baryp heňkirdiňem-dä, gurduňam-da dawa bilen jenjeli, näme netije berer öýdýäň. Şu güne çenli çöp başyny galdyrmadyk bolsalar—ýagdaýlary ýokdur. Kolhozyň aňyrsynda üýşüp ýatan zady bar bolan bolsa, täze mal ýatak salardy. T a n a b a ý . Iň bolmanda ýataklaň üstini basyraýmaly ekenler-dä. Ne gapysy, ne äpişgesi bar—dört diwar haňlap ýatyr, bar zat dagap ýatyr. Gat-gat doňup giden gemräni on ýyllap aýyrmandyrlar. O çüýrük samanyň näçe güne ýeter öýdýäň? Guzylaram şol çüýrük samany çeýnemelimi? Bu külke saman guzylaň aşagyna düşemäge-dä ýaranok, goý olar sowuk läbigiň içinde gatap galsyn, hä?! Şeýlemi? Aýryl ýolumdan! J a ý d a r . Hany, boldy indi, köşeş. Sen näme, hemmelerden akyllymy? Sen erkek adam-a! Gowusy, giç bolmanka çykalga tapmagyň alajyny et. Olar gümüne gitsinler. Mallara biz jogap bermeli, kesekiden soramazlar. Daş-töweregmiz itburundan doly, çapyşdyryp, ýatakalň üstini basyrarys, onuň üstinden gemre ýazyp çykarys. Aşagyna-da peşmek ýazyp çykarys. Howa garaşyk edip dursa, alyp çykarys. S a k m a n ç y l a r (ýerli-ýerden, bir-biriniň sözüni bölüp). Bize hemaýat eden bolmaz, hemme işi özümiz etmeli bolarys, elbetde, bu ýazgytdyr-da. Gije-gündiz janymyzy gaýgyrman işläris, Tanake. ( T a n a b a ý lapykeçlik bilen özüni aşak goýberýär. Esli salym başyny sallap oturýar. S a k m a n ç y l a r seňňeriň daşlaryny daşap başlaýarlar. T a n a b a ý bilen J a ý d a r hem olara kömege barýarlar. Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) T a n a b a ý pili bilen gemräni bölekläp, tigirsiz galtaga ýükleýär. Jaýdar bilen sakmançylaryň biri äkidip dökýärler. Goýunlaryň mäleşýän sesleri gelýär. J a ý d a r . Örän az önýär. I k i n j i sakmançy . Hawa, arassalan ýere sygsa ýigrimi-otuz guzy ýerleşer. (Uşak gar ýagyp başlaýar.) T a n a b a ý (aýallara ýüzlenip). Hany entek galtagy goýuň, üçegiň deşiklerini ýapmaly. ( S a k m a n ç y aýala ýüzlenip.) Sen git-de, joraňy çalyş, ol öride—goýunalryň yzynda gezip, süňkine çenli üşändir. Çadyra girip ýylansyn, ýylanansoň, eglenmän bärik gelsin. ( S a k m a n ç y aýal gidýär. T a n a b a ý ýatagyň üçegine çykýar, aşak ýüp oklap, aýalyna gygyrýar.) Itburunyň petdesinden köpräk daň. J a ý d a r ( ýüpüň ujuna bir petde gury itburunyň şahalaryny daňýar-da, adamsyna). Çek! (Ýokardan üçegiň eşegarkasynyň biri güpürdäp gaçýar we J a ý d a r y ň biline degýär.) Oh... Tanabaý, kömek et. ( I k i n j i sakmaçy ylgap gelýär.) T a n a b a ý (aşak düşüp eşegarkanyň aşagyna bir egni bilen galdyrýar). Jaýdar! ( J a ý d a r agajyň aşagyndan boşansoň, bilini tutyp,“ah-wah” diýýär.) Jaýdar jan, saňa näm boldy? Näme? J a ý d a r . Waý, bilim! Biljagazym! T a n a b a ý ( J a ý d a r y ň güpbüsini galdyryp, bilini barlaýar. Egnindäki galyň ýapynjasyny ýere ýazýar, emaý bilen aýalyny oňa geçirýär.) Gorkuly zat ýok, gatyrak agyrdypdyr. J a ý d a r (aglap). Indi näderis? Edil şu wagt—iň gyzgalaňly wagty-da , özem. Siz näderkäňiz! T a n a b a ý . Eý, hudaý! Iş gümüne gitsin-le. Görgülijigim... (aýalynyň başyny sypalaýar.) Goýsana, Jaýdar, köşeşsene! Sag-aman aýagyňaa gal, galanynyň bir zady bor—özümiz alyp çykarys... I k i n j i sakmançy . Diri galanyňa şükür et-dä. A sen bolsa!? J a ý d a r (gözýaşyny süpürip, ýylgyrýar). Bor-la . Menden öýke-kine etmäň, sähel oňatlaşsam, oturman, ynha görersiňiz. (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) T a n a b a ý y ň ak öýi. Gyş, aýaz. Garaňky gije. Agyldan goýunlaryň we guzylaryň mäleşýän sesleri gelýär. Itler üýrýär. T a n a b a ý (oýanyp, düşeginde dik oturýar). Başlandy. Garaşyp bilmediler-ow. ( J a ý d a r y tutuzyp.) Eşitdiňmi? (Är-aýal tiz galkyp, mal ýataga ýönelýärler. Eli pişekli J a ý d a r agsap, çadyra—sakmaçy aýallara girip, olary oýarýar.) T a n a b a ý eli syýaly gutu we çotga bilen ýaňy doglan guzylaryň arkasyna bellik edýär. S a k m a n ç y aýallara pert ýüzlenýär.) Diwaryň gyrasyndan nirede arassa ýer tapsaňyz, gury saman düşäp, enesini bir gezek emen guzylary şo taýyk geçiriň, üstine halta ýapyň. Gowşak we mürtikleri öýe salyň. Çagalary çadyra geçiräýiň. Wagtynda ýetişäýdik, bolmasa agylyň içinde doňardylar. ( J a ý d a r a ýüzlenip.) Indi bize bu aýgytly göreşde diňe iki ýol bar—bir gudrat bilen halas bolmaly, ýa ölmeli. J a ý d a r . Berk durarys. Hany onda ýatagyň dersini aýyryp, arassalap, täze dogjak guzylara ýer taýýarlaly. Indi olar ýüzläp-ýüzläp çozarlar. Daň atyp, ýagtylanandan soň bolsa, üçege geçeris. ( S a k m a n ç y aýallara.) Gyw, biriňiz goýunlaň ýanynda bolup guzylaryny emdirip, guransoň, ýerdölä geçiriň, beýlekiňiz—meň bilen galtak çekişsin. T a n a b a ý . Berk durmaly bolar— nirä gideli. (Gapdala.) Iň bolmanda samany bir bolrak edäýmeli ekenler-dä. Ibragim özüni aklar ýaly muňa bir topar sebäp tapar: “dagyň kötel, çarkandakly ýollaryndan gelmek aňsatdyr öýdýäňmi”, diýer. Bir alajy bolmazmyka... (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Ir säher. Ýel bilen garly syrgyn. Daglar, baýyrlar, düzlükler gar bilen örtülen. Ýatakdan goýunlaryň we guzylaryň mäleşýän sesleri gelýär. Maldarlar aýak üstünde: ýatagyň dersini galtakly çekýärler; üçegiň deşiklerini çem gelen zat bilen ýamaýarlar; guzyjyklaryň maslyklaryny daşaýarlar...Tanabaý lom bilen doň ýeri çözleýär. J a ý d a r doň gemräni galtaga ýükläp dur. B i r i n j i sakmançy . Ölen guzyjyklaň üýşmegini görsem ýüregim bir hili bolýar. Howa bir garaşyk edäýmel-ä. Kesim-kesim sowuk ýel panusymy söndürýär, a men bolsa garaňkylykdan gorkýan. I k i n j i sakmançy . Ýalazy sowukda iki ýaňa ylgap, aýaklam doňup gitdi, ellem gurşup, hiç zat duýanok—guran agaja döndiler. B i r i n j i sakmançy. Ýaňy süriň içinden guzlajak goýunlaryň ýene bir bölegini bölüp aýyrdyk. I k i n j i sakmançy . Bu ýylyň ýaz gelişem bir tüýsli—gijäň bir wagty, gar gatyşykly ýagyş ýagyp, soňam ümür tutdy we bütin göwresi bilen labyryny atdy—ýatakalaň üçekleriniň deşiklerinden geçip, diwaryň ýüzi bilen syrygyp, toýnak bilen mäjumlanan ýeri sowuk laýa öwürdi. Sowuk çyg ýatakdakylaryň ýüňünden geçip süňklerine ornaşdy. Goýun janawerler bir burça gysmyljyraýarlar. Toýnaklaryna ýeten suwuň içinde duran goýunlar, gyşarmaga ýaýdanyp, dik duran ýerlerinden guzlaýarlar. Läbigiň içinde guzylar bir-birine gyslyşyp çygyrýarlar, çykgynsyz ýagdaýa düşen enelerem o tarapda bagyrýarlar... B i r i n j i sakmançy . Öýüň içi guzylardan ýaňa barmak basara ýer ýok. Olar yzyny üzmän mäleýärler. Süýt isleýärler, olaryň eneleri bolsa, özleri diri galjak bolup, öz guzylaryny kabul edenoklar—süsýär, ýa depýär. Guzysyz galan eneleriň ýanyna ýetim guzyny elteniňden gaçýarlar. Aç guzylaryň bolsa aňy ýok: goýunlaň bykynyna burunjagazlaryny sokýarlar, enesi bolsa göwni bir ýaly beýläk çekilýär. Guzyjyklar bolsa alňasap meň barmaklarmy, ýapynjamyň ujuny sorýar... Görgülijikler...(Aglaýar.) Biz olara indi näme iýmit bereris?! Tizräk terje ot çykaýamal-a. I k i n j i sakmançy . Goýunlaň özüne iýer ýaly zat ýog-a—öri meýdanlar gar bilen bürelen. Arasynda ekiz guzylar kän, olar dünýä inen badynda hapa palçyga gaçyp şo gün jan berýär, dirije galanlary bolsa üsgürişip, içleri geçýär we dar ýerde bir-rirleriniň üstini hapalaýarlar. Guzysyz galan näumyt eneler bolsa bögürişip, alňasap ýöruşlerine, burguly ýatan eneleri basgylaýarlar. B i r i n j i sakmançy . Ählije eden azabymyz biderek bolup barýar—nähili baýlygmyz ýere siňip barýar. Düýn bolsa bir guzyjyk öli enesiniň emmesini gözleýär. Ölen guzyjyklaryň üýşmegi dersiň tümmeginden geçdi. (Ikisi hem aglaýarlar.) T a n a b a ý (Sakmaçylara gygyrýar). Eý, siz nirede!? Birirňiz sürini örä sürýäňiz, beýlekiňiz—bärik—ders arassalamaga gelmeli we şol bir wagtda täze doglan guzylary kabul etmeli. B i r i n j i sakmançy . Goýunalr örä gidesleri gelenok. Bu aýazda kimiň gozganasy gelýär, ýer hem doň, çeýnär ýaly zat hem ýok. T a n a b a ý (gazaply gygyrýar). Garry melgun! Näçe ene goýunyň açlykdan haram ölenini seň gözüň görenokmy, körmi? Nämä dymýaň? Bar git-de, sürini örä kow! Ýeke sekundam durmasynlar—mydama ýöresinler, dursa—taýakla. Olar dursalar bir-biriniň tüýüni çeýnäp başlaýarlar. B i r i n j i sakmançy . Hä..? Taýaklamaly?! Olar bogaz ahyry… (Aglaýar.) T a n a b a ý . (öňküsindenem beter öjügip, gygyrýar). Güm bol şu ýerden! Nireden iým tapsaň şo ýerden tap, goýunlar aç galaýsa, öldirin! Her sazagyň, ojaryň düýbini barla, guzlan goýunlaryň ýekejesi hem gözden sypaýmasyn. Guzy sowuk, çygly ýerde köp ýatsa, ondan mal bolmaz. Ýapynjaň içine sal, enesine ýalat—garaz guratjak bol. ( B i r i n j i sakmançy aglap gidýär. I k i n j i sakmança ýüzlenip.) Oba tarap atlan! Çorony tap, gyssagly gelsin, eger gelmese, gaýdyp meň ýüzümi görmesin. ( I k i n j i sakmançy gidensoň, gapdala.) Çopanyň gara günleri geldi. Indi näçe gündir ne iýýäs, ne içýäs. Ölüm bolsa sowuk ýatakda aýlanyp ýör. Ajal üçin müşgillik ýok: ol gapysyz gabsadan, aýnasyz äpişgeden, eleme deşik üçekden—islän ýerinden girip bilýär. “Ölme eşejigim, ynha ýaz çykar!” Her edip-hesip edip bu rehimsiz ajaldan üstün çykmaly. (Demir çişi bilen doň germäni döwüp başlaýar. At dükürdisi eşidilýär. I k i n j i sakmançy gelýär.) I k i n j i sakmançy . Çoro näsag, ýorgan-düşekli ýatyr. “Iki-üç günden ysgynyma gelsem, ajal alýanam bolsa bararyn” diýdi T a n a b a ý (Nägile käýinjiräp). Keseliňden aýňalman geçäýediň! T a n a b a ý , I b r a g i m we malyň hasabyny ýöredýän H a s a p ç y . T a n a b a ý ( I b r a g i m e ýüzlenip) . Näme üçin geldiň? I b r a g i m . Size un getirdim. T a n a b a ý (gaharly). Biz açlykdan ölesimiz ýok. Süri dynyp barýar. I b r a g i m . Dowarlar üçin men köşgi nireden alaýyn? Kolhozda nähili abadrak ýatak bolsa berdim. Başga ýok. T a n a b a ý (gahary güýjäp). Sen bärik biziň üstimizden gülmäge geldiňmi, ýa ýagdaýalry görmäge? Men iş barada. Iň soňunda men jogap bermeli. I b r a g i m . Men nä gaýgy edýän däldir öýdýäňizmi? Siz bir sürä jogap berýän bolsaňyz, men hemmäňize—bütin maldarçylyga. Maňa ýeňildir öýdýäňizmi? Meni suda bererler. Hiç ýerde hiç zat ýok. Adamlaň ýazlaga gidesleri gelenok. Meni dalaňyzda-da, düýt-müýt edeniňizde-de men indi başaramok. Maňa umyt baglamaň. Haýp, men boýnuma bu agyr wezipeni alypdyryn. (Gidýär. H a s a p ç y gelýär.) T a n a b a ý ( H a s a p ç y bilen salamlaşyp ). Öň nirede bolduň? H a s a p ç y. Nirede? Sürilere aýlanyp ýörün, ýeke özüm ýetişib-em bilemok. T a n a b a ý . Beýlekileňki nähili? H a s a p ç y . Siziňkiden öwerlikli däl. Soňky üç güniň içinde ölen mal örän köp. T a n a b a ý . Çopanlar näme diýýärler? H a s a p ç y . Näme diýer, gargynyşyp ýörler. Käbiriniň-ä gepleşesem gelenok. Bektaý-a gaharyna sürä eltmän, meni kowdy. T a n a b a ý . Hä-ä-ä... Meň wagtymam bolmady ondan habar tutmaga. Elim boşaşsa, hökman baryp gaýdaryn. Hawa, kömek-sömek diýip alada edýälermi? H a s a p ç y . Bolýar-a diýýäler. Çoro işe çykypmyşyn. Athanada basylyp goýlan bedeleri arabalara ýükläp ugradanmyşyn, atlaram bir zat edip günlerini görer-dä diýipdir. Kerwenem bir ýerlerde eglenýär. Görýäň-ä ýollary! T a n a b a ý . Ýollar! Öň näme pikir etdiler? Elmydama şular ýaly ýagdaý. Aý indi, kerweniň nä derkar, boljak iş bolansoň. Inim, özüň bar-da sana,ýaz, menden hiç zat sorama. Maňa indi hemme zadyň parhy ýok. Bu gün ýene on bäş goýun guzlady. (Haýbatly.) Men entäk olaryň gözlerine görkezerin! H a s a p ç y. Siz Ibragim bilen gepleşip otyrkaňyz sanap ýetişdim. Mal gyrgynçyly baradaky resminama gol çekiň! ( T a n a b a ý okaman gol çekýär. ) Hoş galyň, Tanake! Aýtmaly-goýmaly zat barmy? T a n a b a ý . Aýdara zat galdymy? Ýogsa-da, Bektaýyň goşuna sowlup, ertir günortana çenli bararyn diýip aýt! ( H a s a p ç y hoşlaşyp, gidýär.Goýun sürisiniň mäleýän we itleriň üýrýän sesleri eşidilýär. Ýerinden turup, uzaklara seredýär.) Bä, o süri kimiňki-kä? Ol näme üçin meň sürime tarap gelýär-kä? Garyşarlar-da. Azaşan çopan öýdýän. Oh-how, ol Bektaý ýaly-la. (Gygyrýar.) Eý, Bektaý sen-maý o gelýän? (Gaharly.) Ol bogaz goýunlary taýaklap gelýär. (Arkasy goştorbaly, bili ýüp bilen berk guşalan, ellikli elleriniň birini ýapynjasynyň içine sokup, eýleki eli taýakly, sakal-murt basan B e k t a ý gelýär.) Sen niredn gelýäň? Nirä barýaň? Salam! B e k t a ý (salamlaşman, T a n a b a ý a ýakyn gelmän säginýär. Gapdalyna, gaharly, gara tüýkirip aýagy bilen basgylaýar.) Gaýdan ýerimde indi men ýok. Nirä barýanymam özüň çak urýansyň. (Gaşlarynyň astyndan, gaharly.) Kabul et. Sanasyň gelse, sanaý. Üç ýüz segsen bäş baş. T a n a b a ý . Hä, näme boldy? B e k t a ý . Men gidýän. T a n a b a ý . O nähili “gidýän”? Nirä? B e k t a ý . Aý, niräk hem bolsa. T a n a b a ý . Maňa nähili dahylly ýeri bar? B e k t a ý . Sen meň başlygym. T a n a b a ý (aljyrap). Bolamda näme? Dur, dur, dursana? Bolmaz-a, beýdip gidibermek. Nirä gidersiň? B e k t a ý . Giderin. Halys irdim. Bular ýaly durmuşdan doýdym, ynha şuňa geldi. (Kekirdegini görkezýär.) T a n a b a ý . Ohow, seň näme gepläp duranyňy bir bilýämiň? Bu gün bolmasa, ertir goýunlaň guzlap başlamal-a! B e k t a ý . Eger bizi äsgermeýän bolsalar, bzem şolar ýaly. Hoş gal! (Taýagyny başyndan aýlap-aýlap uzaga zyňyp goýberýärde, ýönelýär.) T a n a b a ý ( B e k t a ý y ň yzyndan ylgaýar). Aklyňa aýlan, Bektaý! Beýtmek bolmaz. Edýän hereketiň dogrymy, pikirlenip gör! Eşidýäňmi meni ? B e k t a ý (gaharly yzyna öwrülip, gödek). Aýryl! Sen pikirlen, a men adamalr ýaly ýaşasym gelýär. Meň ilden näme kemim bar? Menem şäherde aýlykly işde işläp bilýän. Iýmsiz, ýataksyz, ýalazy meýdanda öýsüz-öwzarsyz, näme üçin men mallaň arasynda ömrümi köýdürmeli. Aýryl öňümden! Bar, saňa gerek bolsa porsy ysy üstüňe siňdir-de ýat. Sen özüňe seret—kime meňzäp gidipsiň!? Mallaň bilen özüňem gatap galarsyň. Ýene, adamlara akyl satan bolýaň. Men indi dyndym. T a n a b a ý (yzyndan ýetip). Bektaý, hany birneme aýak çeksene, men saňa hemme zady düşündireýin. B e k t a ý . Başgalara düşündir. Akmagyňy daşrakdan gözle! T a n a b a ý . Dur, Bektaý. Gürleşeli. Suda çekerler seni. B e k t a ý (gazaply). Bular ýaly bolaňdan türmä gideniň gowy. T a n a b a ý . Sen dezertir-gaçgak! Sen ýalylary frontda atýadylar! Dur diýýän, men saňa! ( B e k t a ý y ň syýyndan ýapyşýar, ol silkinýär-de, ýoluny dowam edýär.) Muňa ýol bermen, hakyň ýok! ( B e k t a ý y ň egninden tutyp, özüne çekýär, B e k t a ý ýumrygy bien T a n a b a ý y ň eňegine urýar, ol ýykylýar, soň ýerinden galyp.) Haýp. Betbagt ýigit, indi ömrüň kül bolar. (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Çopan goşy. T a n a b a ý bilen J a ý d a r. T a n a b a ý (mallaryň arasyndan). Ine ýene bir goýun guzlady, ekiz. Bularyň oňatjadygyny. Ýöne bulary nirä äkideýin. Enesini emjekleri boş—garaýelin. Iýmese niredn süýt bolsun? Bularyň hem ömri gysga ýazylan. Bu nähili elhenç betbagtçylyk! Anha-da, birnäçesi ýatyr gatap.(Guzylaryň jesetjiklerini ýygnap üýşmege zyňyp goýberýär. J a ý d a r gelýär.) J a ý d a r . Tanabaý, nirede sen? Bize başlyklar gelýän ýaly. T a n a b a ý (ýatakdan çykyp, pessaý ses bilen). Gelsinler, hany. (Uzaklara seredip, şadyýan.) O-how, Gülsary! Görüşmänimize näçe wagt boldy! Baý, baý şol öňküje ýöreýşiň! Seň üstüňdäki gaýyş possunly kim-aý? Çoro näme üçindir başga ata münipdir—arzyly myhman bolaýmasa, hormat goýupdyr. (Içiýangynlylyk bilen.) Geliberiň bakaly. Ahyry ýüregňize düwüpsiňiz-dä. Bu betbagtçylyga siziňem ýüregiňiz agyrmazmyka. Ç o r o we etrabyň wekili S e g i z b a ý e w . S e g i z b a ý e w ( T a n a b a ý we J a ý d a r bilen salamlaşman, gaharly Ç o r o ýülenýär). Başyna giden bihaýalyk! Hemme ýerde şunuň ýaly! Sered-ä, muňa! ( T a n a b a ý a öwrülip.) Näme, how ýoldaş, kommunist-çopan, guzylar ölýä-le?! T a n a b a ý (awyly). Olar meň kommunistdigimi bilýän däl bolaýmasalar. S e g i z b a ý e w (gahary gelip). O nähili, beýle? Sen sosialistik borçnamaňy kabul etdiňmi? T a n a b a ý . Kabul etdim. S e g i z b a ý e w . Şo taýda näme nygtalýar? T a n a b a ý . Ýadyma düşenok. S e g i z b a ý e w (gamçysyny goýun ýataga uzadyp). Ana, şol sebäpli hem guzylaň ölýär. ( Ç o r o ň üstine “topulýar”) Siz nirä seredýäňiz? Adamlar öz borçnamalaryny bilenoklar. Meýilnamany bozýarlar, mallar ölýär. Siz onda bu ýerde näme iş edýäňiz? Öz kommunistleriňizi terbiýeleýşiňiz şeýlemi? Şundanam bir kommunist bolarmy? Men Sizden soraýan! ( Ç o r o elindäki gamçysyny oýnap durşuna sesini çykaranok.) T a n a b a ý . ( Ç o r o derek jogap berýär.) Ynha baryndan bolany şu—men. S e g i z b a ý e w . Ana, ana, barjasy. Sen hyýanatçy! Sen kolhozyň emlägine zyýan ýetirýäň. Sen—halk duşmany. Seň ýeriň partiýada däl-de, türmede. Sen... T a n a b a ý . Hawa, meň jaýym türmede bolmaly. Ýene aýtjak zadyň barmy? Ç o r o . Tanabaý adamlar bilen sen nähili gepleşýäň? Oňatja edip düşündir. Та н а б а й (gygyrýar). Hä, şeýlemi? Saňa-da düşündirmelimi? Çoro sen näme üçin geldiň? Men senden soraýan! Meň guzylarmyň ölýänini habar etmäge geldiňmi? Ony özümem bilýän. Seňrigime çenli läbigiň içine çökenligimden özümem habarly. Akmaklyk edip bütin ömrümi kolhozyň ugrunda köýdürenligimi hem bilýän. Ç o r o (tolgunyp). Tanabaý! Tanabaý! Tanabaý! Hany, köşeş! ( T a n a b a ý y ň ýanyna gelýär.) T a n a b a ý ( Ç o r o n y itekleýär). Ýok bol! Meň borçnamalaryma-da, meň bütin ömrüme-de nälet siňsin! Aýryl! Men mesgenim—türmede. Sen bu gaýyş donly manapy* näme üçin yzyňa tirkäp getirdiň! Meni öjükdirip, türmä dykmak üçinmi? Deýus, hany dyk-da, dykýan bolsaň türmä. (Diwara ýaplangy çarşagy alyp S e g i z b a ý e w e tarap ýönelýär we çenenýär.) Güm bol, şu ýerden, nadanparaz! ( S e g i z b a ý e w e topulýar, J a ý d a r elinden aslyşýar we çarşagy aljak bolýar, J a ý d a r y ýere pyzyp goýberýär.) Ç o r o ( S e g i z b a ý e w i ň öňüne böwet bolýar, wekiliň goltugyndan tutup, çalt-çalt gepläp gygyrýar.) Yza! Gaçaly! Öldürer! (Ikisi hem gaçýarlar, T a n a b a ý olaryň yzyndan ylgap barşyna çarşagy zyňýar. Atlaryň güpürdisi we itleriň üýrýän sesleri eşidilýär.) J a ý d a r (ýerinden galyp, üstini silkişdirýär. Gorkuly.). Sen näme etdiň? Seň akylyň ýerindemi? Nämeler etdiň? T a n a b a ý . Bilýän. Men hyýanatçy, pitneçi. Men halk duşmany… (Aglaýar.) J a ý d a r (adamsynyň egninden gujaklap, aglaýar). Köşeş, köşeş... (Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.) Dowamy bar >> Ssenariniň awtory Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |