11:34

Yslamlaşdyrlan arap adaty

YSLAMLAŞDYRLAN ARAP ADATY

Emin wakasyndan soñ Kufä çekilen Hezreti Aly Mugawyýa garşy täze ýörişiñ taýynlygyna başlapdyr. Yrakly esgerlerden ýeterlik goldaw almasa-da, çyr-çytyr bolup 40 müñ adamlyk goşun toplamagy başarypdyr. Emma ertir namazyna duranda, Kufede ýaşaýan harijilerden Abdyrahman ibn Müljemiñ hüjümine uçrapdyr. Zäherli hanjar bilen ýaralanan Hezreti Aly iki gün geçensoñ aradan çykypdyr (661-nji ýyl). Harijiler Mugawyýa garşydygyna garamazdan Hezreti Alyny aradan aýryp, Mugawyýanyñ halyflygynyñ ýoluny açypdyrlar.
Hezreti Aly agyr ýaraly ýatyrka, kufelileriñ dowamly talaplaryny diñlemändir we ýerine geçjek adamy görkezmändir. Ol aradan çykansoñ, kufeliler ogly Hasany halyf saýlaýarlar. Hasan Mugawyýanyñ hötdesinden gelibilmejegine düşünipdir, ol kakasynyñ ýanynda soñuna çenli durmadyk kufelilere ynam etmändir, şonuñ üçinem belli şertleriniñ bardygyny aýdyp, Mugawyýanyñ peýdasyna halyflykdan el cekipdir. Ilki Mugawyýany we onuñ tarapdarlaryny, soñra Hezreti Alyny dinden çykmaklykda aýyplan harijiler Mugawyýa bilen ylalaşyga gelendigi üçin Hasany-da şirke düşmekde günäkärläpdirler. Mugawyýa 661-nji ýylda emewi döwletini gurýar. Çeşmeler Mugawyýanyñ jahylyýet döwrüniñ syýasy-medeni añ-düşünjesi boýunça döwlet gurandygyny nygtap geçýärler. Takdyra kaýyl bolmagy imanyñ esasyna öwürden Mugawyýa halyf bolmagyny Allanyñ mañlaýyna ýazan takdyryna baglanyşdyrypdyr. Soñky halyflaram bu ýoldan gidipdir we özleriniñ Alla tarapyn bellenýändiklerini, Allanyñ ýerdäki kölegesi-halyfydyklaryny, aýratynam özlerine garşy bolup biläýjek iñ bir ownuk gozgalañyñam Hudaýa garşy gitmekdigini golastyndakylarynyñ añlaryna guýupdyrlar.
Mugawyýa metjidiñ münberine çykyp Hezreti Ala nälet okapdyr, ähli häkimlerine-de nälet okamagy buýrupdyr. Hutbalarda nälet okama däbini Omar ibn Abdyleziz halyf bolansoñ (717-nji ýyl) ýatyrýar. Adalaty bilen tanalan Omar ibn Abdyleziz Mugawyýa döwründen bäri onuñ dinastiýasynyñ talap alan maldyr emläklerini anykladyp, hak eýelerine gaýtaryp beripdir.

• ESASY AKYMLARYÑ ÝÜZE ÇYKYP BAŞLAMAGY

Dört halyfyñ saýlanma formasy-da irki döwür arap musulmanlarynyñ syýasy-medeni düşünjesiniñ nähili bolandygyny görkezýär. Professor Ahmet Akbulut "Sahaba döwrüniñ häkimiýet dawasy" kitabynda şeýle diýýär: "Ilkinji musulmanlaryñ guran halyflyk režimi arap tradisiýasyndan döräpdir, soñky musulmanlar tarapyndanam yslamlaşdyrylypdyr. Kuranyñ dolandyryş formasy boýunça bir hökümiñ üstünde durup geçmezligi - muny wagta we ýerine görä ymmatyñ öz ygtyýaryna goýanlygyndandyr. Kuran syýasy işleri düzgünleşdirmändir, inkär ýa gadagan etmändir, bulary akyl-paýhasyñ, hökümiñ, syýasatyñ esaslaryna görä düzgünleşdirmegi musulmanlaryñ öz ygtyýaryna goýupdyr.”  Emma taryhyñ dowamynda bu durmuşy hakykat görmezlige salnypdyr. Tersine, dinileşdirlen irki döwrüñ syýasy wakalary, öñe çykan şahslaryñ tutumlary ygtykady mezhepleriñ parametrlerini emele getiripdir. Hezreti Osmanyñ şehit edilmegi, Jemel we Syffyn söweşlerinde bolup geçenler şaýy, hawariç (harijiler), mürjiýe, kaderiýe, jebriýe ýaly esasy akymlaryñ ugruny kesgitläpdir we olaryñ şahamçalary bolan pyrkalary öñe çykarypdyr. Häkimiýeti ele geçiren her pyrka beýlekileriñ üstüne basyş edipdir, garşylyk görkezenleriñ käbirini ölüme höküm etse, käbirini sürgüne ýollapdyr. Bu ýagdaý abbasylar döwründe häkimiýet başyna gelen mutezile akymyna eýerýänlerde-de gabat gelýär.

• KANUNYLAŞDYRMAGYÑ ÝOLY

Harijileriñ başyny başlan tekfir kerwenine soñabaka şaýylaram goşulypdyr. Biri-birlerini küpüre düşmekde aýyplaýan toparlaryñ garşysynda ylalaşdyryjy düşünje hökmünde mürjiýe akymy-da döräpdir. Mürjiler Aly-Mugawyýa garpyşygynda goşulmazlygy saýlap alypdyr we Jemel-Syffyn söweşinde biri-birinin ganyna galan ýüzlerçe sahabanyñ imanynyñ gürrünini etmekden gaça durupdyrlar. Harijiler biri-birini öldüren sahabalaryñ uly günä edendigini, şonuñ üçinem kapyr bolýandyklaryny öñe sürüpdir. Mutezile akymy bolsa, mömin bolmasalaram dinden çykan hasaplap bolmajagyny aýtsa, mürjiler uly günä edenleriñ hasabyny Hudaýyñ ygtyýaryna goýupdyr. Imanyñ nämediginiñ, onuñ süññüni düzýän zatlaryñ nämediginiñ üstünde lkinji bolup mürji alymlary pikir alşypdyr.
Uzyn gepiñ keltesi, diñe şundanam açyk görnüşi ýaly mezhepleriñ emele gelşi yslam taryhynyñ däl-de, arap taryhynyñ prosesidir. Yslam taryhy diýlende, göz öñüne gelmeli zat yslam düşünjesiniñ taryh çyzgysyndaky ýeten sepgidi bolmaly. Mezhepler bolsa arap taýpalarynyñ syýasy agalyk ugrundaky dawa-jenjelleriniñ polýuslarydyr. Diýmek isleýänim, iman-amal gatnaşygy we bu sferada orta atylan pikirler syýasy polýuslaşmalaryñ netijesidir. Her pikir öz çapraz pikirini döredipdir, her biri öz kanunylygyny Kurana we hadyslara esaslandyrypdyr. Häzirki günlerde-de görşüñiz ýaly her akym we her mezhep diniñ özüne öwrülip gidipdir. Ýogsam bolmasa mezhepleri we mezhepçiligi yslam saýmagyñ hiç bir tarapdan Kurana esaslanýan ýeri ýokdur. "Hemmäñiz birlikde Allanyñ ýüpüne ýapyşyñ, pyrkalara bölünip, parçalanmañ". ("Aly-Ymran" süresi, 103).

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 22.08.2022 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 244 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]