09:24

Ysmaýyl / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 361 | Добавил: Bagabat | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024

Teswirleriň ählisi: 15
0
1 Bagabat  
43
Manysy aýlawly-gatlakly, ideýasy sagdyn, mif bilen hakykaty özünden sazlaşyklyja sepleýän gowy zat bolupdyr.
Berekella.

0
2 hanturebs  
755
Bu hekaýa Rahman agaň öz saýtynda Meredaman ady bilen berlipdir. Men muny öz arhiwimden tapyp islenende goýupdym. Näme üçin öz arhiwimde Ysmaýyl onuň saýtynda Meredamandygna düşünemok. https://hekaya.clan.su/news/ysmayyl/2021-04-15-64

0
3 Bagabat  
43
Ysmaýyl Alaýhyssalam hakda hekaýat

Şeýle rowaýat edipdirler: Ybraýym alaýhyssalam bir gün düýş gördi. Ol: «Eý, Ybraýym! Tur, gurban ber» diýen owazy eşitdi. Ybraýym alaýhyssalam daň bilen ýerinden gopdy. Ol ýüz goýun getirdi we olary gurban etdi. Ikinji gije ol ýene düýş gördi. Ol: «Eý, Ybraýym! Tur, gurban ber» di‎ýen bir owazy eşitdi. Ybraýym alaýhyssalam daň bilen turdy. Ol ýüz düýäni gurban berdi. Üçünji gije ol ýene düýş gördi. Ol ýene: «Eý, Ybraýym! Tur, gurban ber» diýen owazy eşitdi. Ybraýym alaý¬hyssalam: «Eý, Taňrym! Meniň gurbanlygym nämedir? Men nämäni gurban bereýin» diýdi. Taňrydan: «Bizden soň kimi gowy görýän bolsaň, şony gurban ber» di‎ýen owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam: «Men Senden soň oglumy – Ysmaýyly gowy görýärin» diýdi. Oňa: «Sen ol ogluňy gurban ber» di‎ýen owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam nämäni gurban bermelidigini bildi.
Ertesi ol Hajara: «Meniň bir eziz dostum bar. Ol maňa: «Sen ogluňy meniň ýanyma getir. Men ony göreýin» diýýär. Sen Ysmaýylyň başyny, saçyny ýuw. Men ony dostumyň ýanyna elteýin» di‎ýdi. Hajar Ysmaýyly ýuwdy, saçyny darady, päk donlary geýdirdi. Ysmaýyl örän görklendi.
Ybraýym alaýhyssalam ýüp bilen pyçak aldy. Olary ýeňine saldy we Ysmaýyl bilen daga tarap ýola düşdi. Hajar: «Eý, Ybraýym! Sen goýna barýaryn diýýärsiň. Sen ýüp bilen pyçagy näme etjek?» di‎ýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Meniň peşgeş üçin goýun soýup gitmek niýetim bar» diýdi. Taňry onuň dilinde goýun sözüni ýöretdi. Uçmahdan goýun geldi. Ysmaýyl gurban bolmaklykdan halas boldy.
Ybraýym alaýhyssalam ýöredi. Ol Ysmaýyla: «Eý, oglum! Sen meniň yzymdan gel» diýdi. Ysmaýyl Ybraýym alaýhyssa-lamyň yzyndan ýöräp ugrady. Iblisiň sabry galmady. Ol özüni adam keşbine salyp, Ysmaýylyň ýanyna geldi.: «Eý, Ysmaýyl! Ataň seni nirä alyp barýandygyny bilýärsiňmi?» diýdi. Ysmaýyl: «Ol meni dostunyň ýanyna alyp barýar» diýdi. Iblis: «Ataň seni gurban etmäge alyp barýar» diýdi. Ysmaýyl: «Haýsy bir ata öz ogluny gurban eder?» diýdi. Iblis: «Ol seni Taňrynyň permany bilen gurban bermekçi bolýar» diýdi. Ysmaýyl: «Taňrynyň permany bolan bolsa, men müň janym bolsa, olaryň baryny pida ederin» diýdi. Iblis: «Men bu oglany yryp bilmedim. Indi, men Hajaryň ýanyna baraýyn» diýdi. Iblis Hajaryň ýanyna bardy.
Iblis: «Aýallar ejiz bolýar» diýip, Hajaryň ýanyna gelip: «Eý, Hajar! Ybraýymyň Ysmaýyly nirä alyp gidendigini bilýärmisiň?» diýdi. Hajar: «Ol ony dostunyňka alyp gitdi» diýdi. Iblis: «Ol ony gurban bermek üçin alyp gitdi» diýdi. Hajar: «Haýsy bir ata öz ogluny gurban eder» diýdi. Iblis: «Taňry oňa: «Ogluňy gurban ber» diýip, perman berdi» diýdi. Hajar: «Eý, akmak! Taňrynyň permany bolsa, müň oglum bar bolsa, olaryň barysynyň jany pida bolsun» diýdi.
Iblis Hajardan näumyt bolup, ýene Ysmaýylyň ýanyna geldi. Ol: «Eý, Ysmaýyl! Ataňdan gaç, ýogsa ol seni öldürer. Men muny saňa ýüregim awap aýdýaryn» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, oglum! Sen kim bilen gepleşýärsiň?» diýdi. Ysmaýyl: «Eý, ata! Bir kişi maňa ataň seni öldürmäge alyp barýar. Sen ondan gaç diýip aýdýar» diýdi. Ybraýym alaýhys¬salam: «Ol şeýtandyr. Ol ýene gelse, sen ony daşlap kow» diýdi.
Şeýtan onuň arkasyndan gelip, ýedi gezek söz aýtdy. Her gezek gelende Ysmaýyl ony daşlap kowdy. Hajylara daş atmaklyk şondan soň sünnet bolup galdy.
Ybraýym alaýhyssalam Mina dagyna ýetdi. Ol pyçagy daşa çaldy we ýyglap başlady. Ysmaýyl: «Eý, ata! Sen näme üçin ýyglaýarsyň?» diýdi. Ol: «Eý, oglum! Seni gurban bermekli-gime Taňrydan perman boldy» diýdi. Aýat: «Eý, oglum! Men düýşümde yzly-yzyna: «Ogluňy gurban ber» diýen hökümi görýärin. Men seni gurban etmeli boljak. Sen muňa nähili garaýarsyň?» diýdi. Ysmaýyl: «Eý, ata! Siz Taňry üçin oguldan geçseňiz, men hem onuň üçin janymdan geçerin. Eý, ata, ýöne siz bu sözi maňa öýde aýdan bolsaňyz ýagşy bolardy. Men enemiň aýagyna ýykylardym, söýgüli didaryny görerdim, razylygyny dilärdim» diýdi. Ysmaýyl ýene: «Eý, ata! Sen Taňryny dost tutýarsyň. Taňrynyň dosty uklarmy? Sen uklamadyk bolsaň bu düýşi görmezdiň. Eýse sen Allatagalanyň käbir pygamberlere: «Meni söýen adamyň gije gözüne nähili uky geler» diýip aýdanyny eşitmediňmi? Eý, ata, indi bolsa, özüňize buýrulan işi berjaý ediň» diýdi. Aýat: Ol: «Eý, ata, özüňe buýrulan işi et» diýdi.
Ybraýym: «Eý, oglum! Sen nähili sabyr edersiň?» diýdi. Ysmaýyl: «Eý, ata! Eger Allatagala islese, sen meniň sabyrlylardandygymy görersiň» diýdi. Eý, ata! Meniň saňa üç sany wesýetim bar: Birinji, sen meniň elimi we aýagymy berk bagla. Men jan ajygyma urunsam, ganym syçrap saňa degmesin. Ikinji, meniň ýüzümi aşak tarap et. Birden seniň gözüň meniň gözüme düşüp, sende atalyk mähri oýanyp, pyçakly eliňiz titremesin. Üçünji, meniň köýnegimi, saçymy eneme eltip beriň» diýdi.

0
4 Bagabat  
43
Ondan soň Ybraýym alaýhyssalam Ysmaýylyň elini we aýagyny baglady. Ýüzüni aşak edip ýatyrdy. Aýat: «Ol Ysmaýylyň ýüzüni aşak edip ýatyrdy». Ybraýym alaýhyssalam pyçagy onuň bogazyna urdy. Güýjüniň ýetdigiçe pyçagy dartdy. Emma pyçak kesmedi. Ol bir gezek gaýtalady pyçak kesmedi.
Bagzylar: Ybraýym alaýhyssalam Ysmaýyly baglap boldy. Şol ol pyçak dartanda Ysmaýyl güldi. Ybraýym alaýhyssalam: «Sen näme üçin gülýärsiň?» di‎ýdi. Ysmaýyl: «Eý, ata! Men pyçagyň ýüzünde: «Bismillähi-r-rahmänyr-rahym» diýen ýazgyny görýärin. Eý, ata! Saňa söýünji bolsun! Pyçaga Taňrynyň ady ýazylgy bolsa, ol meniň bogazymy nähili kessin?» di‎ýdi» diýipdirler.
Bagzylar aýdypdyrlar: «Ybraýym alaýhyssalam pyçagy Ysmaýylyň bogazyna urmazdan öň, Allatagala Jebraýyl alaýhyssalama: «Meniň bendäme ýetiş. Pyçagyň ýüzüni öwür» di‎ýip, perman berdi. Jebraýyl alaýhyssalam ganaty bilen kakyp, pyçagyň ýüzüni öwürdi. Hezreti Ybraýym gahar edip, pyçagy ýere taşlady. Pyçak: «Eý, Ybraýym! Sen maňa kes diýýärsiň. Emma Taňry maňa kesme diýýär. Kyýamat güni gelende (Biz bu güne ynanýarys we iman getirýäris!) Muhammet ummatyny dowzaha girizmezler. Olary dowzah ody köýdürmez. Mälik dowzah: «Men näme üçin köýdürmäýin?» di‎ýýär. Ot: «Eý, Mälik! Sen maňa köýdür diýýärsiň. Emma Taňry maňa köýdürme diýýär.
Şol wagt ýedi gat gögüň gapylary açyl. Perişdeler bu işe tomaşa etmäge durdular. Olar ýyglaşdylar. Bularyň agysyndan Arş bilen gök yrandy. Perişdeler: «Eý, Taňrymyz! Biz Lowhul-Mahfuzda: «Ahyrzaman pygamberi Ysmaýylyň urugyndan bolar» diýlip ýaradyllandygyny gördük. Ol Muhammediň haky-hormaty üçin bu uly ata farah ber» di‎ýip mynajat etdiler. Howadan üýn eşidildi. Aýat: «Eý, Ybraýym! Sen düýşüňi hakykata çykardyň. Sen sözüňe ýetdiň, biz hem onuň ýanutyny berdik». Aýat: «Biz ýagşy işleri edijilere şunuň ýaly ýagşy derejeleri berýäris». Seniň muzduň bu goçdur. Sen ol goçy al we ony gurban ber. Ogluň salamat galsyn. Aýat: «Biz onuň oglunyň öwezine jennetden bir uly goçy gurban etmek üçin iberdik». Jebraýyl alaýhyssalamdan: «Allahu ekber, Allahu ekber» di‎ýip owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam ýokary bakdy. Görse, Jebraýyl alaýhyssalam bir goçy alyp gelýär eken. Ol begenip: «Lä ilähe illallahu, Allahu ekber» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Ysmaýyl! Gör, Allatagala meni we seni bu emgekden gutardy» diýdi. Ysmaýyl: «Allahu ekber we lillähil-hamd» diýdi.

Çeşmesi: Nasyreddin Rabguzy. Kysasy Rabguzy (Kysasyl enbiýa). I jilt. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 210-214 sah.

0
5 Babay  
1481
Awtor ýawno buýsanç bilen gedemlik, ulumsylyk, men-menlik duýgylaryny putat edýär. Özem täze telefon edinen çaganyň göwnihoşlyk duýgysyndan özüniň gaýnap-joşýan görüplik, görebilmezlik duýgysynyň dag aşýanyny bilmeýän bolarly. Eger awtoryň aýdyşy ýaly, "Kakasynyň eden işleri aýlanyp ogla, oglunyň eden işleri aýlanyp kakasyna urýan" bolsa, ýokarky suratlanan sužetde kaka dälde ogul kakasynyň görebilmezligi we müňkirligi üçin beden azabyny çekmeli. Onsoňam dinde-de akyly doly goýalmadyk adamyň (çagalaryň ýada akly kemlileriň) goýberen hatalary üçin jogap bermäne mejbur edenoklar.

0
6 sylapberdimuhamov  
1428
Hekaýanyñ terjimeçisi görkezilmändir. Meger Serdar agañ özi terjime edendir diýdim. Gyzykly hem oýlandyrýan hekaýa.
Bize täsir edip bildi. Dyzymyz agyrýar durup-durup...

0
7 hanturebs  
755
Bu terjime däl

0
8 sylapberdimuhamov  
1428
Familiya we at tâjikleriñkâ menzap gitdi-de. Awtor hakda bilemok.

0
11 Bagabat  
43
Edil özümiz ýaly "garagöz" (gowy manyda, degşip diýýändirin :-)) türkmen oglan olam Sylapberdi. "Rahman Zulfikar" tahallusy (edebi lakam, psewdonim). Ýazanda mistika, mistiki realizme, mistiki-fantastiki-realizme ýykgyn edýär. Çeperçilik usulyna çürt-kesiklik, bilgeşleýin edilýän tagaşyksyz jümlelilik (frazalylyk) mahsus. Teologiýany, konspirologiýa, kosmologiýa, kosmogoniýa, psihodelika, ezoterika, numerologiýa we ş.m. bilen garyp, özboluşly bir çeperçilik kokteýlini ýasamaga dyrjaşýar. Üç-dört çümmügem realizm oklaýar üstüne. Bolany.
Kokteýl taýyn.
Içiňler!
Noş bolsun.
Men-ä erbet göremok.
Ünsli yzarlaýan. Soňky döwür az ýazýar. Çeper eseri. Ýöne özgerýäni duýulýar.
Öz saýty bar. Salgysy: https://hekaya.clan.su/. Şol salgyda hekaýalary, beýleki eserleri, oýlanmalary bar. Birhili aram-aram ýazýanyndan Bulgakowyňam ysy gelip gidýä, Borhesiňem.
Garaz, özboluşly stil-ä emele geljek, geljekde ýaly.

0
9 sylapberdimuhamov  
1428
Rahman-a bizde hem bar welin Zülfikar bizde bar bolsa-da, ýörgünli dâl bolansoñ. Umuman...

0
10 hanturebs  
755
Bu onuň ulanýan lakamy. Awtoruň hakyky at familýasy başga.

0
12 sylapberdimuhamov  
1428
Tüweleme

0
13 sylapberdimuhamov  
1428
Gowy. Men kän zatlardan habarsyz. Garraýan öýdýän)

0
14 Injener  
1
Dogrymy aýtsam bir zat ýazsam, hamala asmana tüpeň atylan ýaly bolýar, netijesi ýok. Ýöne şu wagt siziň "otzywňyz" begendirdi Serdar aga. Ýazýan zadyň birne gyzyklydygyny bilseň, ýene ýazasyň gelýär, ýöne indi öňkiler ýaly wagt tapyp bolanok. Ideýada kän, ýöne ideýanam bir agyz sözde aýdyp bolanok, ideýany waka gaplamaly bolýa, waka gowy täsiz eder ýaly atmosfera döretmeli diýýärler, onam men başaramok.

0
15 Babyşgalaly  
1446
Оз архивимизден: 2006-нжы йыллар. Пайтагт ве велаят меркезлери болаймаса башга ерде энтек телефон уланыланок диен ялыды. (жуби тел). Дашары юртда гуллук командировкасына коп гидип гелйан ин улы агамыз (Балканда яшаярды). Кэвагт гаррылар бн саламлашмак учин Мара оба гелип гидерди. Бир гунем оба гелип, ызына гиденде велаят меркезинде яшаян иниминка баряр... Олар биленем саламлашып, ёла душермен боланда, инимин 14 яшлы оглы ассырынлык бн.. она озунин телефоныны йитирендигини айдяр.. ("гынанма сана башга алып берерис" диер ойден болмагы мумкин) агам ондан сораяр: "наче яшадын?" Оглан: "14". Агамам айдыпдыр: "Менден 40 яш кичи экенин. Сенин яшында мен телефон йитирип гормедим. Йоне чепегими огурлатдым, эшегими гачырып гаññасыны йитирип гордум, сенем 40 яшаянчан йитирен задын коп болар"дийипдир. Йоне сонкы геленде бир тф гетирип пешгеш берипдир.. Ве окувыны пугтажа окамаклыгы табшырыпдыр.. Инди шол огланжыгам харбы угры гутарып улы офицер болуп ишлэп йор. Ое гезмане геленде атасынын шол пентлерини якымлы дуйгылар бн ятлаяр.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]