10:45

Ýürege ýakyn sözlerden

ÝÜREGE ÝAKYN SÖZLERDEN

Erkeklik her gün şol bir zenana aşyk bolmakdyr.

* * *

Dyz üstünde ýaşanymdan aýak üstünde ölmegi saýlaryn.

* * *

Modasy geçmedik bir zat bar olam kepen, häli jübüsi ýok özem bir kişilik.

* * *

Watan üçin ölmek bolsa ykbalym, şol ykbalyň elleinden öperin.

* * *

Baýdaklary pasyrdadýan üstünde dökülen gandyr, watany Watan edýän ugruna berlen jandyr.

* * *

Basan bir garyş toprak ugruna jan bermesiňiz watanym diýmäge utanyň.

* * *

Bu watan taryhyň dilinden düşmejek dessan,
Derýasy galkandyr, daglar gahryman.
Her daşy göwher bolan bu watan,
Sessiz jan berenleriň syrlaryndandyr.

* * *

Şerap gören mesligi, zenan gören düşegini oýlaýar... ýöne ne içmesini bilýän bar, ne-de söýmesini.

* * *

Erkek küýsedim diýmez... oturar we çilim otlar.

* * *

Biraz adam bol diýjek, ýöne seni kyn ýagdaýda goýmak islämok.

* * *

Ne jennedi görmek isleýän ne-de jähennemi, çünki men ejemi gülen wagty hem gördüm, aglan wagty hem.

* * *

Köçe çyrasy ýaly bolma eý ýar... Kime ýananyň belli bolsun.

* * *

Islän isleýän ýerine gitsin,zynjyryny üzüp giden iti men ikinji gezek gapyma baglamaryn.

* * *

50 teňňelik şokoladyň beren bagtyny berip bilmeýän erkekler bar...

* * *

Azan sesini söýýän... içgi içilenok, ogruluk edilenok, hiç kim sögenok ýagny hemme 3minutluk adam bolýar.

* * *

Şemal näçe güýçli bolsa-da, gaýalardan diñe tozan alyp gidýändir.
Категория: Sözler | Просмотров: 669 | Добавил: Raziýe_Soltan | Теги: Gülälek Begjanowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Raziýe_Soltan  
16
Yokla yalta dal durmus aladalary basmarlaya biraz.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]