20:00 Ýürege ýüzlenme | |
ÝÜREGE ÝÜZLENME Menzilimiz — ynam, umyt, bakylyk, Ýeň bermek bolmaýar, ýetmeli pellä. Çünki ak ertirler berdi çakylyk, Sagymyz, solumyz, ýolumyz del däl. Duşýan şowsuzlyklaň bereli merkin, Ýolumyzdan ürküzmesin zenzele. Gowşama, ýüregim, gowşatma erkiň, Biz ir-u-giç ýeteris şol menzile. Haýyrdan, zyýandan paýymyz ýetik, Şujagaz ömürem köp zat öwretdi. Täze ýara alyp, könämiz bitip, Durmuş bizi ýara bilen höwür etdi. Ýat boldy ýakynlar, dost boldy ýatlar, Kösenip öwrendik ýaşamagy biz. Ykbaly ýyladýar gursagy otlar, Gursagy köz edip ýaşamaly biz. Söýgi bilen gazanylýar bakylyk, Ýöne olam mümkin diňe seň bile. Şonuň üçin düzüw Päli şa kylyp, Gel, howlukman, ýeteli şol menzile. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Mende başga, sende başga... / Goşgular - 23.01.2023 |
√ Русская песня / Goşgular - 12.02.2023 |
√ Они моих страданий не поймут / Goşgular - 15.01.2023 |
√ Çüwdürim / Goşgular - 08.01.2023 |
√ Jogabyny tapyp bilmedik sowalym / Goşgular - 08.02.2023 |
√ По поводу сборников «Русские символисты» / Goşgular - 22.01.2023 |
√ Зимний час / Goşgular - 03.02.2023 |
√ On bäş ýara / Goşgular - 20.01.2023 |
√ Aýal dogan! / Goşgular - 25.01.2023 |
√ «Я никогда не понимал…» / Goşgular - 18.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||