22:36

Ýüregimi yzyna beriñ! / hekaýa

ÝÜREGIMI YZYNA BERIŇ!

Ýogynly-inçeli sesler, galmagallar, dermanlaryň ysy ýüregime düşüp başlady. Kellämi galdyryp, ellerimi ýokary galdyryp "Goýuň indi" diýmek üçin hereket etmek isledim. Göwre özümki däl ýalydy. Ne ellerim, ne-de aýaklarym hereket edýärdi. Hat-da dodaklarym hem gymyldanokdy. "Beh, öläýdimmikäm ýa-da, onda, bardy geldi ölen bolsam-da, ynsan sesleri gulagyma nireden gelýär?"
Bar güýjüm bilen ýene hereket etmäge synanyşdym. El aýak, göwre hiç hili hereket etmeýärdi. Diňe, garym gatym inçeli ýogynly sesler, sesler, sesler...
Ýogyn ses:
- Bu hassanyň sagalmajagy öňden bellidi. Indi bir aýdyr munuň hossarlary hem hassahana gatnamadan ýadaýdylar öýdýän gelmelerini-de azaltdylar. Ine, bu gün onuň ogullary gelipdirler. Umytlaryny üzen bolmaga çemeli, beden agzalaryny gerekli näsaglara bermäge razylyk üçin gol çekip gidipdirler
Inçe ses:
- Wah, geçen hepde razylaşan bolsadylar, munuň ýüregini geçen hepde ölen baý adamyňky bilen hemmetaraplaýyn gabat gelipdi, laýyjakdy. Olar munuň iki oglunyň hem üstüni pul bilen gömerdiler, wah, wah.
Ýogyn ses:
- Häzir hem giç däl. Baý bolmasa-da han-ha, ýigrimi üçinji otagda ýatan gyzjagazyn geljek hepde toýumyş. Şoňa berse, öýlenjek oglan "söýgülime ýürek tapylsa, maly-mülküm şoňa berjek" diýýärmiş. Oglanlarynyň eli boş galmazdy. Razy-ha ederdi.
Inçe ses:
- Ýok-la, on altynjy otagda ýatan garry professora bermeli aslynda.Ol ölmän galsa, ynsanlar üçin gör näçe ylmy açyşlar eder. Ynsanyñ gelejegi üçin, nesillerimiz üçin, ylym şçin elbetde bu has zerur.
Ýogyn ses:
- Öýlenjek oglana dözemok men-ä. Gyza bermelimikä diýýän ýüregi. Gyz entek ýaşasa ondan bala çaga öner. Görjegi öňünde olaryň. Garry professor görjegini görüpdir, ýaşajagyny ýaşapdyr. Ýürek goýulany bilen ýene bir bahana tapar, kesel gytmy garry adama bilen uzak ýaşamaz ol.
Inçe ses:
- Belki-de, gyz uzak ýaşamasa has haýyrly bolar. Ýüregi operasiýa edilen, başganyň yüregi bilen ýaşarmy ýaşamazmy ol hem belli däl. Eger ýaşamasa oglanyň umydy, ene atasynyn umydy, barysy hiç bolar. Üstesine-de, bu gyza edilen harç harajatlar ummadan çykar. Pullar ýele sowrulan ýaly bolar diýýän. Gyz hem başganyň yüregi oturdylan soň, ol oglany öňküsi ýaly söymese birden? Aý, bolyar-da, ýene-de ikimize galmandyr bulary hasaplamak. Bize kim bolanda näme, diýsene!?
Ýogyn ses:
- Dogry, aýdyarsyň .Bize näme diýsene, biz işimizi edeliň . Haýsy ýürek gabat gelse, kimiň ýüregini kime oturtmaly bolsa şony ederis. Wessalam, iş tamam.
Sesler ýuwaş ýuwaşdan uzaklaşdylar. Ýüregim birneme giňäp gitdi. Meniň ýüregimi kime goyjakdyklary häzirlikçe belli däldi. Şol barmana koridoryň ugryndan tyrkyldaýan zenan aýakgabysynyň ökjesiniň sesi we agyr ädimlenýän erkek aýakkabysynyň ökje sesi gulagyma geldi. Olar edil meniň ýatan otagymyň gapysynda pyşyrdaşmaga başladylar. Aýalyň aglamjyraýan sesi gulagyma geldi.
- Wah ogul, ogul! Diňlemeýäňde ene ata bir zat diýende. Bu galmagallar, gykylyklar, başagaýlyklar biziň başymyza gelmeli däl-ä ýogsa. On iki süňňi sagat gyz gytmy ýeriň ýüzünde. Seniň gözüňe bu hassa gyz peri bolup göründimi, ýa seni geplemez ýaly etdilermi jady- doga bilen, hää? Ine indi onuň toýuna eden çykdaýjylar diýermiň, keselhana edilen harçlar diýermiň hasap etsek aşagyndan galar ýaly bolmady. Indi hem biriniň ýüregini alyp, gelin boljagyň ýüreginiň ýerine oturtmalymyş. Ýürek bagyşlanyň hem iki ogly barmyş. Olaryň gözi kimiň jübisi galyň bolsa şondamyş. Soňky goylan ýürek rehimli bolsa ne ýagşy. Eger, rehim şepagat bolmasa, dat biziň günümize. Gelin bizi öz öýümizden kowup ýörse. Uff, ýadyma düşse ýüregim darygýar. Uffff, ahhh. ehhh.
- Eje, dursana sen iň soňky gepe ýetiberýäň. Ilki bilen-ä, ýüregi berjekler ejeleriniň ýüregi öçin hiç zat aljak dällermiş. Ýöne bagyşlajaklarmyş haýyr sogabyna. Onsoň hem Aýgül ölmese bolýar-a, galanynyň bir zady bolar. Süýgülim ölmese bolýar.
- Ogul-eý, janym-ey , sada bolýaň-da. Ine görersiň ýüregi oturdarlar hem ,hoool duran gözleri dym gyzyl oglanlar bar-aaa , senin gapyňda gazarylyp durandyr. "Mugt Buharada-da ýok''- diýipdirler atalarymyz. Onda-da ýürek mugt beriljekmi? Bu gün geliniň tikdiren toý köýnegi hem geljekmiş . Onuň pulunyň hem ýarsy entek berilmändir. Men näalaç edeýin. Men zikke kakýanmy diýsene! Uff, ahh, ehh.
- Özüm bir zat ederin eje, ony gaýgy etme!
- Ony gaýgy etme, muny gaýgy etme. Sen eliňde näme bolsa hassahana harç etmediňmi näme? Bu gyz indi aýaga galaýanda hem, seniň hyzmatyňa ýararmy? Gaýyn ene bolup , ondan bize hyzmat etmesinden geçdim men-ä. Saňa perzent dogrup, ojagyňy öçürmän saklasa kän zat. Hassahana sowurjak pullaryň bilen, gazananyň bezeneniňe ýetermi-kä? Geljek görjek günleriňe içim ýanýar. "Enedirin, ýanadyryn'' diýleni-de, menden başga kim ýanjak,ogul-ey, janym-ey.
- Aý näbileýin eje beýle boljagyny, "Söýgüniň gözi kör bolýar" diýleni, Aýgül "ýüregimde kemçilik bar '' - diýdem-le, edil beýle beýledir öýütmedim-dä. Indi, edil şu ýerde taşlap gidibersem hem namartçylyk bolar-da.
Ýigidiň sesi naýynjar, ökünçli endiräp çykdy.Ejesiniň inçejik sesi bilen ýigidiň horkuldap aglaýan sesi gapynyň aňyrsyndan gelse-de, meniň edil beýnimiň içinde ýalydy. Sesi kellämden çykarjak bolup kellämi iki baka yramak isledim. Ýok, kellämiň içine agyr daş salnan ýaly gymyldanok. Ýene-de bolmady. Men-de hereketden nam-nyşan ýokdy.
Şol barmana koridoryň içinde galmagallar köpeldi. Gapynyň aňyrsyndaky tyrkyldaýan ökje sesi howlugyp, tyrkyldap uzaklaşdy. Agyr ädimler hem onuň yzyna düşdi.
Ses köpeldi . Gaýyn ene boljagyň maňa tanyş sesi has sesli aglaýardy:
- "Ak maşyna münüp gelin boljakdyň-eý, tabydyň kejebäň boldum-eý, oglum bilen jübütleşip gezjekdiň-eý ony ýeke goýduň-eý. Sen sagalyp duluma geçsediň dünýämi saňa bagyş etjekdim-eý. Oglumdan beter men arzuwlapdym-eýýý. Gelnim diýip gujagyma gysjakdym-eýýý''
Bu tanyş ses bilen beýleki agylar hem garylyp gatylyp gitdi. "Diýmek, basym toýy boljak gyz dünýäden gaýdypdyr-ow" -diýip içimi gepletdim.
Näçe wagt geçenini bilemok. Ýöne ,hassahananyň koridoryndaky sesler ýatyşypdyr, gapy açylyp bir zadyň tigirlenip getirilenini bilýän. Ony getirip edil meniň gapdalymda goýdular.
- Ýüzüni açyň, ýüzi gözi bir abatmy özi?
Bogazynda bir zat galan ýaly, gyryljak sesli professoryň buýrugy bilen ýüzümi açdylar. Ýerli ýerden inçeli ýogynly tanyş sesler "Bu öz ajalyna öldi ýüz göz abat, maşyn kakyp ölmedi" -diýişdiler.
Gyryljak sesli professor:
- Men o manyda aýdamok, esasy zat hakda soraýan. ,, Ýüzi gözeliň –ýüregi hem gözel bolarmyş"- diýip okapdym bir ýerde. Ýüzi gamaşyp duran bolsa, maňa munuň ýüregi gerek däl. Meniň esas ýüzüme görä, halk baha berýärler. Ýüzi gamaşyp duran bolsa, ir-u giç, meniň ýüzüme-de bildirer.
Ýogyn ses:
- Aý görksüz hem däl ekeni ýüzi. Birneme burny kiçiräk, aşaky dodagy hem ulurak diýmeseňiz? Umuman- a, edil beýle owadan zenan maşgala-ha däl ekeni. Ýöne, gorkunç gödek zenanlara hem meňzänok. Ýüregi gowudyr-la, ýüregi gowy bolmasa, yzyndan sorap gelen giden beýle köp bolmazdy-la. Geleniň, soranyň hasaby ýokdur. Köp geldiler.
Inçe ses
- Hawa, iki aýlykda sorap giden köp boldy welin, erbet hatyn bolsa beýle köp gelmezdiler. Hat-da, gelinleri dagy özüni öldürip, gözüni çykardy "öldi" diýlende. Erbet bolsa, gaýyn ene üçin beýle aglamazdylarmyka diýýän men-ä. Gowudyr-la!
Gyryljak sesli professor:
- Baý buwww , aýal maşgalanyň ýüregimi bu maňa goýjagyňyz? Indi, men, dünýä belli professor Gurt Böriýewiç Arslan ogly, ömrümiň ahyrynda hatyn ýüregini götermelimi? Hatyn ýüregi ýaly ýumşak, häli bir zada aglap duran ýürekli bolmalymy? Aý ýok, onda meni şu durşuma goýayyň.
Inçe ses:
- Bolmaz-a, Gurt Böriýewiç häzir bizde bar bolan, taýýar ýürek şu. Gerek diýeňde tapdyryp hem duranok, edil beýleki adam agzalary ýaly. Alajymyz ýok. Bolmasa siziň wagtyňyz sanaglyja....
Gyryljak sesiň eýesi birneme ýuwaşady:
- Beh , muny wagtlaýyn goýup bolanokmy-ka, bolmasa? Onsoň hem munuň geçmişi nähili-kä? Hemme taraplaýyn öwrenmäge wagt ýokmy? Ertirki gün "wiýýý Gurt Böriýewiçiň göterip ýören ýüregi pylanyňky" - diýip mäňä pitjiň atmasynlar häli. Onsoň hem oglanlara aýdyň munuň üçin köp pul bermesinler. Bolar bir agyzlary ýag çalan ýaly azajyk hem berseler. Sebäbi, men soňra muny ýene-de çalyşjak. Hatyn ýüregini göterip bilmen men bu adym abrayym bilen.
Ýogyn ses:
- Wah, wagt ýok-da. Derrew alyp goýmasak size ýetişmez. Ine derrew, edil şu wagt. Gaty tiz siziň janyňyzy gutarmaly biz.
Operasiýon stola getirildik ikimizde. Çep tarapymda ýatan garra, eger özüm diri bolsam dagy ýüregimi däl, ýüregimiň birje urşuny hem berjek däl welin elimden gelýän zat ýok. Ol ýigrenç bilen seňrigini ýygyryp, meniň ýüzüme seredip ýatyr. Iki gözü-de meni burnum bilen dodagymda. Birden çep tarapym boşap galdy. Bir görsem, ýogyn sesli doktor pişge ýaly murtuny pezzerdip, iki eli bilen meniň ýüregimi sogrup alypdyr. Iki eli gan,meniň ýüregim bolsa iki tarapa elenip tars-tars edýär. Göýä, ýüregim indiki eýesine gitmejek bolýan ýaly, doktoryň elinden sypyp, tayyp, tutdurmajak bolýardy. Oňa, nebsim agyrdy. Men ony gör näçe gezekler ynjydypdym. Islegine seretmezden, sesini diňlemezden tersine gidipdim. "Bagyşla, näzik, rehimli ýüregim ''...
"Ýüregimi beriň özüme, Meniň ýüregim satlyk dä-ä-ääl. Her bir zada aglaýan-da bolsa, ýumşakda bolsa öz ýüregim özüme bes, gaýtaryň ýüregimi yzyna" - diýip, bar sesim bilen gygyrdym. Öz sesime özüm gorkup oýandym. Aýyň ýagtysy düşüp duran kiçijik otagymda, öz düşegimde ýatyryn. Sag elimi çep gursagyma ýetirenimi bilmän galdym. Gürs, gürs, gürs.

Maýa Samizade SAPAROWA.

Eýran. Türklmensähra.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 282 | Добавил: Haweran | Теги: Ogulmaýa Saparowa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]