18:54

Ýüregimiñ sesi

ÝÜREGMIŇ SESI

Günlermizi güle gaplap geçiýrdik,
Ýa giç galdym, ýa-da ýakdy keç irlik,
Seni görüp, gurşanynda ejizlik,
Beýnim “Besdir, geçmişiňi ýeň” diýýär,
Men nädeýin ýürek ýene sen diýýär.

Asman basýar, ykbal gysýar egnimi,
Elden gitdi juwanlygy begligi,
Yza berýär ýanan söýgiň tegmili,
Ýogsa ýazgyt “geljek sary eň” diýýär,
Men nädeýin ýürek ýene sen diýýär.

Serde ýakyp oý-pikirleň niçesin,
Boýlanymda öz kalbymyň köçesin,
“Ýitiribem iň mähriban ejesin,
Ölenoklar, alyp ýörler dem” diýýär,
Men nädeýin ýürek ýene sen diýýär.

Zer seçse-de öňkülerçe däl günler,
Garalypdyr gyzyl öwsen bägüller,
Çynym bilen şatlanamda kä günler,
Gülkilermem “Aý, bir zada kem” diýýär,
…Men nädeýin ýürek ýene sen diýýär.

Erkeklikden çetleşdirýär agylam,
Ýok gerek däl sensiz berlen şalygam,
Suw bolupdyr on birinji ýaglygam,
Göz ýaşlarym “bolandyr bir çen” diýýär,
Men nädeýin ýürek ýene sen diýýär.

Dünýäm döndi, obasyna ezýetiň,
Şeýle giňdi, gysyldy bar gözýetim,
Dostlam “Görjek bolsaň ömrüň lezzetin,
Ýatlamaňy özüňden öň göm” diýýär,
Men nädeýin ýürek ýene sen diýýär.

Kerim HALLYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 511 | Добавил: Мylayym | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Февраль / Goşgular - 31.01.2023
Men indi gidýärin / Goşgular - 15.01.2023
Тени А.С.Пушкина / Goşgular - 09.01.2023
Hat / Goşgular - 04.02.2023
«Мы преклонились у завета…» / Goşgular - 18.01.2023
Ot bilen oýun / Goşgular - 16.01.2023
Abdalyň oýy / Goşgular - 10.01.2023
К 16 января 1814 года / Goşgular - 16.01.2023
Пеночка / Goşgular - 11.02.2023
Послание П.Н.Каратееву / Goşgular - 11.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]