17:46

Ýüregimizde şu Watanyñ ady bar

ÝÜREGIMIZDE ŞU WATANYÑ ADY BAR

Çagakak palçyk, toýun tapdygymyz ondan öý gurup oýnardyk. Gyzjagazlaram gurjaklaryny bezeşdirip, onuň içini ejelerinden alan matasy-beýlekisi bilen dolduryp ýörendirler.
Şu gün iki sany gumrynyň penjirämiň öňünden eýläk-beýläk galgap, ondan-mundan çöp-çalam çöpleşdirip, höwürtge gurunjak bolup çyr-çytyr bolup ýörmegi ýene öý gurup oýnan şo-ol günlerimizi ýadyma saldy. Kagyz-galamymy bir gyra süýşürip, olary synlamaga oturdym. Ilki-hä çöp tapaýmak kyn, soňam ony iki şahanyň erňeginde ýerbe-ýer goýaýmakda iş bar. Hernäme-de bolsa, olar yza teserli däl. Özleri-de, eşidişime görä, şular bir gurnan höwürtgelerini, başky taýlaryny aňsat-aňsat üýtgetmeýärlermiş. Olary synlap oturyşyma, haçandyr bir wagt bir guş höwürtgesi barlanylanda, ondan uzyn at gyllarynyň, ýorunja ýapraklarynyň, goýun ýüňüniň, dürli sapajyklaryň... tapylandygy hakda okanym ýadyma düşdi. Bir ejizje guş bolup, bu zatlary çöpläýmek dilde aňsat. Ýogsa-da, şeýdip ýörmek olaryň nämesine zerurka?! Olar şol göwreleri bilen her ýerde-de ýaşap biläýjekler ýaly welin...
Honha-da, balary, meniň synlap oturanymdan bihabar, görülmeýändir öýdüp, gülüň ýaňagyndan öpüp gaçdy... Ýogsa-da, siz şolar hakda, olaryň maşgala bolup, özbaşyna öý bolup ýaşaýyşlary hakda eşidipmidiňiz?! Özi-de, ol maşgalada her balarynyň öz kesgitlenen wezipesi barmyş. Balarylaryň käbiri gülden şire ýygnaýar, başga biri şol şireleri alyp, öýjüklere goýýar. Ynanarsyňyzmy, olaryň «sübsegäri-de» bar, olar öýjüklerde arassaçylygy saklaýarlar. Käbirleriniň işi-hä ýönekeýje diýýärler, wentilýatorlar ýaly ganatlaryny galgatsalar boldugy, şeýdip, olar «öýi» şemalladýarlar. Elbetde, nobatçysyz oňyp bolmajagy-da belli, şonuň üçin olar ýörite burçlarda özlerine zyýan beräýjekleriň aýak sekmezligi üçin gezekli-gezegine nobatçylyk çekýärlermiş. Eý, Alla! Ýogsa-da, olar deňli-derejeli, bereketli ýaşaýşyň agzybirlikde her kimiň ornunda durmagyndan başlanýandygyny näbilýärkäler?! Täsin, juda täsin!
Täsinlik diýlende... Hyýallarym meni Köýtendagyň karst gowaklaryna alyp gidýär. Ol ýerlerde suwuň dag jynslaryny eredip, olarda boşluklar döretmegi, gowaklarda dürli ululykdaky bir-birlerine birleşýän boşluklar, ýerasty örtükler, ýokardan başaşak sallanyp duran stalaktitler, aşakdan ýokarylygyna ösýän stalagmitler, dürli minerallardan dörän täsin sütünler, özboluşly perdeler, geň-enaýy daşlaryň sazlaşygy... — bularyň ählisi birigip, şa köşgüni, üýtgeşik dünýäni ýatladýar. Suw ýeriň aşagynda köşk gurup bilýär diýseler kim ynanar?! Bu-da akyla gelmez täsinlik! Ine, şol täsinlikler serime dolanda, her gezek «Gurmak, birlikde, sazlaşykly ýaşamak diňe ynsanyýetiň däl, Hakyň emrinden dörän tutuş barlygyň süňňüne siňen sungat bolardy» diýip oýlanýaryn. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz gurmagyň, döretmegiň ylahy sungatdygyny nygtap, döwlet gurluşynda hiç bir raýatyň çetde durmazlygyny sargaýar.
Hakykatdan-da, adamyň özi bilen bile dünýä gelýän bitewülik, agzybirlik, rahatlyk islegi ösüp-ösüp, döwlet, ýurt düşünjesinde jemlenendir. Ýurtly, milletli bolup ýaşamak... bu bir Hakyň ýalkawy! Onsoň, bu hakda oýlanyp garynjadan, guş-gumrudan başlap, janly-jemendäniň birlige, rahatlyga ymtylýan dünýäsinde şu derejeden, bagtdan bipaý galmanyň üçin, nesibäňe asmanyny täç, topragyny tagt bilen göwni giň, dünýäsi beýik milletiň wekili bolup, asuda, abadan ýaşaýyşda ýaşamak bagtynyň nesibäňe ýazylany üçin Gudraty güýçli Alla müňde bir şükür edýärsiň. Baý, baý-ow, türkmeniň ýurt gurup, bu birlige, rahatlyga ýetmek üçin çeken jebri-jepasy çakyňmy näme?! Düýnleri dörüp otursaň, bir hakykat gözüňde janlanýar: iň çuňňur şygyrlar ýurt gurmak ugrundaky şol söweşlerde ýazylypdyr. Syýa bilen däl. Gan bilen şu keremli topragyň ýüzüne ýazylypdyr!
Iň manyly watançylyk aýdymlary şonda döräpdir: depregiň, surnaýyň sesi bilen däl, galkanlaryň, gylyçlaryň, deňiňden şuwlap ötýän gülleleriň sesi bilen!.. Ýüregiň gürsüldisini çynyň bilen diňleseň, kalbyň ol şygyrdyr aýdymlary gaýtalap durandyr.
Hudaýa müňde bir şükür, türkmeniň ak Güne ýüzi düşdi. Bize kämil döwletiň, adamlaryň öz erk-isleginden, umytlaryndan wysal tapan beýik zamananyň ýaşaýjylary bolmak nesip edipdir.
Eziz Diýarymyz sowulmaz bahardyr! Bahar bolsa müňlerçe gülleriň sazlaşygyndan, gözelliginden döredýändir. Şonuň üçin her birimiz bu baharyň bir parçasydygymyza düşünip, kalbymyzy gözel saklamaga borçludyrys.
Bu ýurt dünýä ýaýran bir owazdyr! Owaz bol­sa, ençeme perdeleriň, şelpeleriň utgaşygyndan döreýändir. Şonuň üçin ýüregimiziň her bir gürsüldisini ýurt owazyna goşmaga borçludyrys.
Bir ussat halyçy uly haly dokandygyny, ýöne bir ýerinde ýüpüniň inçeräk düşmegi bilen, halynyň şol ýerden bölünendigini gürrüň beripdi. Milletiň hem uly bir haly kysmydygyny, onda hiç birimiziň «inçe, ownuk» bolmaga, öz ornumyza biperwaý garamaga asla hakymyzyň ýokdugyny unutmaly däldiris.
Öňem bir ülkede ýol ugrunda bir uly daş gelene-geçene kynçylyk döredip, keserip ýatyrmyş. Adamlar ondan aýlanyp geçýärler welin, ony aýyrmak hakda pikirem edenoklar diýýär. Ahyry bir odunçy bende ynsap edip, yhlas bilen gara der bolup ol daşy ýoldan sowupdyr. Seredende, gözlerine ynanmandyr. Daşyň düýbünde eslije altyn ýatanmyş. Ýanynda-da şol ülkäniň patyşalygynyň möhürli haty barmyş:

«Özünden bilip, şu daşy ýoldan aýrana alkyş bolsun, altynlar toýuna ýarasyn!...».

Elbetde, bu wakadan soň, daş görse, ýoldan sowup, «arassalap» ýörenler-ä köpelipdir, ýöne ol boldugymy?!
Ata ýurda söýgi, hyzmat hiç bir şahsy bähbitsiz, ak ýürekden bolmalydyr. Bu düşünje bolsa diňe kökleriň şu topraga mizemez baglydygyna, deňli-derejeli ýurt bolup, agzybir ýaşamagyň uly bagtdygyna düşünilende wysal tapýandyr.
Unutmalyň, bu topraga atalarymyzyň agraslygy, enelerimiziň mähremligi siňendir. Ony goramak beýik mertebedir, ömre barabar bagtdyr!
Onsoň, mahal-mahal:

Iki dünýe,
Öňde-soňda arzyman,
Watanym!
Arkamyň gara dagy sen!
Ykbalymy aýasynda arzylan,
Üstünde erenler örňän ýaýla sen!

Dyz epip alnynda tämiz erteleň,
Diýdim: «Allam, şu Watansyz örteme!»
Sen — dereje,
Sen — mertebe,
Mertebe,
Didelermiň garasy sen, agy sen! — diýip hiňleniberesiň gelýär.

Kakamyrat REJEBOW.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 471 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]