22:28

Ýürek buýsanjy

ÝOLLARYÑ AHYRY-ÝEÑIŞ

Ýeňiş gazanmak ynsanyň yhlasynyň, çeken zähmetiniň miwesi bolmak bilen bir hatarda, indiki edilmeli yhlasyň, çekilmeli zähmetiň, eliň galamly şöwür çekilmeli ençeme gijeleriň başlangyjydyr. Heniz mekdep okuwçysy wagtym "Berkarar döwletiň ylham joşguny" döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdym. Ine, bu gün ýyllar geçip bagtyýar döwrümiziň bagtly talyby bolup, edil şol  bäsleşikde baş baýraga mynasyp bolmagym halypalaryň berýän gymmatly maslahatlarynyň, öwredenleriniň, ündewleriniň miwesi. Biz ýaşlar bagt bagyna ekilen güller misli idegden boý alýas, gül açýas. Goşgularyma halypa nazary bilen garap ak ýollara ugrukdyran halypam, mugallymym Ogulkeýik Nurberdiýewa köp sag bolsun aýdýan.
Iki günläp akyldar şahyr Magtymguly atamyzyň dogduk ili, aýak yzy galan, goşgularyna ylham bolan mukaddes topragyň goýnunda myhman bolduk. Aý daglaryny, Magtymguly Pyragynyň muzeýindäki gymmatlyklary, bu ýerdäki gözel tebigaty synlamagyň özi kalbymyza ýene näçe şygyrlaryň ylham tohumyny sepdi. Aslynda, şunuň ýaly Watanda bagtly döwrüň bagtyýar talyby bolup joşmazlyk, döretmezlik mümkin däl. Nesip bolsa, bu günki gazanan ýeňşim galamyma joşgun berip, täze üstünlikleriň gözbaşy bolar diýip ynandyrýaryn.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 141 | Добавил: Demirgazykly | Теги: Annabeg Aýmakowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Dark_Wolf  
408
Baýragyň, eýelän ornyň nesip etsin. Gutlaýan.

Şu sowgatlary öz ellerimiz bilen taýýarladyk. Sowgatlyk harydyň gelen gününden, tää mynasyp eýesine gowuşýança meň boýnumda... Her gezek şeýle sowgatlary taýýarlaýarkak, mynasyp eýesiniň begenji we guwanjy göz öňüme gelýär.

Sowgadyň arzany-gymmady ýa-da ulusy-kiçisi bolmaýar. Esasy zat ýatda galmak. Bizem guramamyzyň agzybir işgärleri bolup, zehinli ýaşlary sylaglamakda, ýüze çykarmakda goşýan goşandymyza begenýäs.

Ýene bir gezek gutly bolsun. Höwri köp bolsun!

0
2 Demirgazykly  
1528
Sag boluň taňryýalkasyn!

0
3 XXX  
1536
Gutly bolsun, Annabeg

0
4 Demirgazykly  
1528
Sag boluň

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]