14:44

Ýürek sözüm

ÝÜREK SÖZÜM

Ylym-bilim diýip, çykdym ýollara,
Özge ýurda gadamlarymy basdym.
“Ynanýaryn, başararsyň, ýeňersiň”
Diýlen beýik söze, men gulak asdym.

Saçlarymy sypap, daran günleriň,
Dolanyp gelmegini, isleýän eje!
Ýyljajyk gujagyň doly mähirden,
Şol mähriňden ganmak isleýän eje!

“Gyzym mertsiň, polat ýaly mäkämsiň,
Başyň dik tut beýik Watanyň barka.
Bu bir sanalgy gün, derrewjik geçer”
Diýipdiň, bal sözüň küýseýän kaka!

"Hany yylgyr, mydam gülsün gözleriň,
Aglamak ýok, saňa söýgimiz soňsuz.
Diýip öz gözünden ýaşlar akdyran,
Uýam, durmuş kyn ekeni dogansyz.

Gözel Mary, önüp-ösen mekanym,
Şol toprakda oýnap ösdüm, ulaldym.
"Ýurduma kömegim ýetmeli" diýip,
Ençe wagt aýra gezmeli boldum.

Abat aýdar: nesip etsin ödemek,
Şol beýik ynama ýürekden uýup.
Ozal: "körpejämiz" diýenleň bary,
Indi ýüzlenýärler: "mugallym" diyip.

Ogulabat AGAMYRADOWA,
Türkiýe Respublikasynyň Bartyn șäherindaki Bartyn uniwersitetiniň “Synp we jemgyýetçilik ugry boýunça mugallymçylyk” bölüminiň talyby.

• Şahyr Gülşirin Hanowanyň goşga syny:

Ogulabadyň bu goşgusy, Watanyň, ene-atanyň beýik ynamyna ýugrulan juwan ýüregiň sözi. Elbetde käbir ýüzugra düzedilýän kiçijek tehniki kemçilikler diýmeseň bu goşga kämil goşgy diýibermeli. Goşgy ýazmagyny dowam etse Ogulabada: "geljegine uly ynam bildirilýän ýaş şahyr" diýip arkaýyn aýtsa bolar!


31.03.2023 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 166 | Добавил: Bagabat | Теги: Ogulabat Agamyradowa | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]