18:21

Ýurt gadyry

ÝURT GADYRY

Käte-käte ogullardan hat gelýär,
Käte jañ edýärler gözel illerden.
"Aman-esen okap ýörüs" diýen söz,
Rahatlyk getirýär uzak ýollardan.

Diýýärler: "Biz halda alada etmäñ,
Arkamyzda ýurdumyz dur dag bolup".
Ýaş aýlanýar eneleriñ gözüne,
Hoş habara göwünleri çag bolup.

Bu günlere mübäreklik ýaraşýar,
Ogullar kämillik menzilne ýeten.
Ene-ata Watan bolup garaşýar,
Ene-ata bolup garaşýar Watan!

■ PENT

Eý, türk iman ogul, türk iman ogul,
Sen il üçin dogum, Gün üçin dogum!

Açyk bol, göni bol, berk guşa bili,
Illeriñ Güni bol, günleriñ ili!

Haýyr özeni bol, ýagşylyk paýy,
Aýlaryñ Güni bol, günleriñ Aýy!

Hajy KAKALYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 403 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hajy Kakalyýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Maksat  
Goşgularyň jemlemeleri kämil, emma nämüçindir jemlemä ýetýänçäk guragrak?! Belki-de awtor goşgularyny täzeden işlär. Esasy zat goşguda göwrüm däl-de kämil pikir ahyryn, şonuň üçin artykmaç ýerlerini aýyrsa gowy bolardy. Döredijilikde üstünlik!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]