08:44

Ýusubyň kitaby / hekaýa

ÝUSUBYÑ KITABY

Depderleri içinde bir kitap gördüm,
Kasasyl Enbiýa atly ýaranlar.
Magtymguly Pyragy.


Aslynda Ýusup pygamberiñ Beniýeminden başka Ahmet atly dogany hem bar eken.
Emma uzak wagtlyk saparda bolandygy sebäpli hemmeler ony unudaýan bolsa nätjek. Çünki onuñ sapar eden ýurdy Yakup pygamberiñ dostunyñ mülki eken. Hemem uzakda... Şonuñ üçin Ahmet hem ol ýerde bir müddet galyp, eglenen eken.
Çagajyk Ýusuby agalary görüplikden guduga atyp, soñ çykaryp Müsür tarapa barýan kerwende bir söwdagäre satyp göýberen wagtlary hem Ahmet olaryñ arasynda ýok eken. Wah, eğer şol ýerde bolanlygunda ol beýle gabahatlyga ýol berjekmi. Çünki ol hem pygamber zürýady ahyr.
Ahmet körpeje Ýusubyñ başyna düşen musibetleri eşidip, kalby lerzana gelipdir. Kengana nädip barjagyny bilmändir. Ol saparda gezip ýören ýerinden Müsüre ugramagy, şol ýerden hem inisini tapmagy ýüregine düwüpdir.
Emma ol iñ bir ýyndam bedewleri atlanyp, menzilleri çatladyp, pygamber gözlerinden nur syçradyp Yusup jana tarap ümzük atsa-da, oña ýetmek başartmandyr. Ol misli ähli zamanlardan mekanlardan peýkam ýaly parran geçip Müsür diýlip at berlen diýarlaryñ üçüsini dagy üstünden baryp, ol ýerlerden körpe inisini atagtarypdyr. Soñ ýene üçi ýedä köpeldip, täze bir asyrda Müsürge gadam goýupdyr. "Belki indi taparyn kalbymyň bir bölegini, jigerimiň parasyny, derdimiň çäresini, ah-h... Bu ýolçulygyň barysy Ýusubyñ derdinde. Ähli hasrat "Ýusup diýe-diýe"...
Ahmet aleyhisselam bir taryka ýol birle Ýusup jany tapmagy, hijran derdinden gutarmagy arzuw bekläp kän talaş edipdir.
Eger inisini Müsürden sag-aman tapyp, öýe alyp gaýtsa, nähili gowy boljak. Kakalary Ýakubyñ gözleri Ýusup diýip aglamakdan batyl bolupdyr.
Şol agşam çölde ýel turdy, ýoly gömdi. Ahmet kalbyna bir argynlygyñ aralaşandygyny duýup, ýol ýöremesini bes etdi. "Biraz sägineýin. Bu hadysanyñ hikmeti bar".
Soñ wahy geldi.
Allahyñ sözi.
Hökümi däl, ylham bolan ylahy kelamy.
"Ýusup Müsürde bir müddet galmaly. Sen onuñ huzuryna baryp, didaryny görüp bilmersiñ. Emma saña söz berýän, ol duñýäniñ öñünde soñunda bolan iñ gözel sypatly pygamber ýigit bolar".
Ahmediñ damagy doldy. Allahyñ ylahy sesi ony lal etdi, ol hoşal halda. Öz inisine nesip eden bagt-sagadata guwandy. Allahyñ kelamy bolsa entek tamam bolanokdy " Ýusup gözel keşbi, gözel ahlagy bilen, gözel kelamy bilen Müsür halkyny, hökümdaryna çenli ýesir eder. Emma ol ýesirlik ne gözel ýesirlik".
Ahmediñ içinde bir ýerlerde "Onda men nädeýin? Meñem gözel inimi göresim gelýär ahbeti" diýip jibrinýän kalp owazyny eşitgeç Allah ýene Ahmedi haýran goýdy.
"Saña Ýusubyñ ahwaly, waspy ýazylan birnäçe sahypa berýärin. Olary okan wagtyñ ruhuñ Ýusufyñ ýanynda bolar".
Ahmet gözlerini açanda älem gülüstan. Elinde düýrlenen kümüşsow kagyzlar. Ýusup hakynda kyssalaryñ gözeli. Bir ýüz onbir kelam. Ahmet ýene bir zat diýjek boldy, emma serinde Hakyñ owazy ýañlandy. Sen kanagatlysyñ, berlen jeza kaýylsyñ. Şonuñ üçin indi geljekde saña has haýyrlysy beriler.

Sylapberdi Muhamow,
08.05.23.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 261 | Добавил: sylapberdimuhamov | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 3.0/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]