00:34 Ýüzük we kesgitlenen kyrk gün | |
ÝÜZÜK WE KESGITLENEN KYRK GÜN
Halkymyzyň milli mirasy, medeniýeti, däp-dessurlary ylmy nukdaýnazardan öwrenilip, özboluşlylygy bilen köpçülige ýetirilýär. «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen «Ýusup gezer tilden-tile» (17.11.2017) atly makalamyzda Gul Aly Mirhajy (Mir hoja) ogly Kaşanynyň «Kyssaýy Ýusup» poemasyndaky we Nurmuhammet Andalybyň «Ýusup-Züleýha» dessanyndaky wakalaryň özboluşlylygy hakynda söz açypdyk. Onda bir rowaýatyň üç görnüşde işlenilişine üns berip, olara seljerme bermäge çalşypdyk. Şol getirilen rowaýatdaky wakalaryň içinde Aýnul-hitan atly balygyň iki perzendiniň bolmagy, olaryň-da keramatly bolup, biriniň Süleýmanyň ýüzügini, beýlekisiniň Ýunusy ýuwutmagy barada aýdylýar. Biziň bu rowaýata dolanyp gelmegimiziň öz sebäbi bar. Tagandurdy Bekjäýew «Gözelligiň we ylhamyň gözbaşy» atly makalasynda: «Abu Reýhan Biruny «Öten asyrlardan galan baky ýadygärlikler» kitabynda Nowruz baýramynyň döreýşi, onuň belli şahsyýetleriň durmuşy bilen baglanyşygy barada anyk gürrüňler edilýär. Alym Nowruzyň täze ýylyň ilkinji günüdigini, şonda bahar baýramynyň bellenilýändigini ýatlap geçýär. Kitapda şeýle rowaýat hem getirilýär: «Dawudyň ogly Süleýman özüniň ýüzügini ýitiripdir, şu sebäpden hem hökümdarlygyny elden gideripdir. Kyrk günden soň oňa ýüzügini gaýtaryp beripdirler. Ol hökümdarlygyna gaýtadan eýe bolupdyr. Bu waka mynasybetli älemiň ähli şalary Süleýmanyň ýanyna gelipdirler, bu ýere guşlar hem ýygnanypdyr. Şol gün täze günüň gelendigi bilen baglanyşdyrylyp, «Nowruz» atlandyrylypdyr» diýip ýazýar. Biziň bu ýerde esasy ünsümizi çeken zat ýüzük hem-de kesgitlenen kyrk gün bolup durýar. Edil şu aýdylan waka barada «Goja ýaşly juwan Nowruz» atly makalanyň awtory Kakajan Janbekow hem ýazýar. Ýüzük we kesgitlenen kyrk gün meselesine gaýdyp gelsek, olar köpsanly meňzeşlikleri orta atýar hem-de ýüzügiň, kyrklyk sanyň simwolikasynyň manysyny agtarmaga mejbur edýär. Bu ýüzük, kesgitlenen kyrk gün Alynyň «Kyssaýy Ýusup» poemasynda şeýle beýan edilýär: Ol ikisi keramatly gopmuş idi, Birisi onuň Ýunusy ýuwtmyş idi, Birisi ol hem ýüzügi ýuwtmyş idi, Ol ýüzük Süleýmanyňky, baýyk imdi. Alynyň «Kyssaýy Ýusup» eserinde diňe bir ýüzük däl, «Oluk sagat Ýusuba bir gupba geldi» setiri-de biparh goýmaýar. Ýöne bu setir häzirlikçe bize syr bermeýär, gabatlaşýan maglumatlar-da duş gelmeýär. Aslynda, Süleýmanyň ýüzügi, mistiki mifologiýa görä, jadyly güýje eýeligi bilen tapawutlandyrylýar. Onuň ýitmegi netijesinde bolsa, Süleýman tagtdan düşýär diýlip düşündirilýär. Emma bu rowaýatlar diňe bir türki ýa musulman halklarynyň arasynda bolman, Ýewropa halklarynda hem şuňa ýakyn özboluşly rowaýatlar ýaşaýar. Olara tylla balygyň ertekilerinde ýaşamagy, onuň tora ýa çeňňege düşmegi, balykçynyň arzuwyny hasyl etmegi ýa-da derýadaky uly balygyň çeňňege düşüp, agzyndan tylla ýüzügi balykçynyň eline gaçyryp gitmegi mysal bolup biler. Şu aýdylanlary nazarda tutsak, uly güýje eýe bolan Süleýmanyň jadyly ýüzügi öz tarypyny edebiýatyň altyn gatlarynda şöhlelendirip bilipdir. Diýmek, ol dünýäniň gurluşynyň özboluşlylygynda bir wezipäni ýerine ýetirýän bolmaly. Çünki ol ýazuwly edebiýatyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gündogar edebiýaty özüniň jadyly güýjüni ýüzük arkaly simwollaşdyrýan bolsa, Ýewropa ony pelsepe daşynyň üsti bilen orta çykarýar. Nasreddin Rabguzynyň «Kysasyl-enbiýa» eserinde: «Olaryň biri — Ýunus onuň garnynda kyrk gün galdy. Ikinjisi — Süleýmanyň ýüzügi onuň garnynda kyrk gün galdy» diýen maglumatlar duşýar. Halkymyzyň arasynda kyrklyk bilen bagly ençeme yrymlar, ynançlar ýaşaýar: kyrk çilten, kyrk çille, kyrk çile ýa adam aradan çykansoň, kyrkynyň bellenilmegi... Elbetde, olaryňam kyrk gün möhlet bilen baglanyşýanlary bar. «Kyrk» sözi nakyllarda, atalar sözünde, dessanlarda, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda köp duş gelýär. Kyrk Gündogar halklarynyň keramatly hasaplaýan sanlarynyň biridir. Geçirilen birnäçe işleriň we gözlegleriň netijesinde biz hem poemadaky «kyrk» sözüniň mistiki güýje eýe bolan totem bolmagy mümkin diýen netijä geldik. Sebäbi ýazuwly edebiýatymyzyň agramly böleginde «kyrk» sözüniň simwolikasy keramatlylyga eltýär. Şu nukdaýnazardan milli mirasymyzyň kyrklyklary: kyrk gije-gündiz toý berilmegi, kyrk derwezeli şäheriň, Görogly şadessanynda «Kyrk müňler» şahasynyň bolmagy... halkymyzyň keramata ynanýandygyny subut edýär. Garahanjar BAÝHANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |