19:27

Ýüzüp bilmän ýörene, gaýyp ýören sal haýran...

"ÝÜZÜP BILMÄN ÝÖRENE, GAÝYP ÝÖREN SAL HAÝRAN..."

■ Ýagşydyr

Dileg salsañ, eger bitmese işiñ,
Bir gez peselermiş beýgelen ýaşyñ,
Çaraweri, dostum, öz gara başyñ,
Başarsañ el sermän gezen ýagşydyr.

Haýyr-sahawaty aýrman seriñden,
Il-güne hyzmat et elde baryñdan,
Hantama bolmagyl begiñ töründen,
Özüñe çatmajyk düzen ýagşydyr.

Durmuşda gözländen azapsyz ýeri,
Topragy ýumşatsyn mañlaýyñ deri,
Öndürersiñ şonda tyllaýy-zeri,
Rähnet üçin janyn dözen ýagşydyr.

Otuza barabar gezdiñ bir kärde,
Şägirtleñ ýetişdi, ýarady derde,
Öjükse bahyllar, göripler bärde,
Atanazar, arañ üzen ýagşydyr.

■ Diýmek bilen

Ogrularda bolmaz haýa,
Kişi zadyn iýmek bilen.
Pisler bakar pislik taýa,
Ýola gelmez diýmek bilen.

Ýaman ýerde çyksa adyñ,
Gaçar senden ýakyn-ýadyñ -
Saýylmarsyñ ýagşy adam,
Toý eşigin geýmek bilen.

Tene batsa söz-teýenäñ,
Köpeläýse ýene-ýenäñ,
Men-menlikde bolsa günäñ,
Işiñ gaýdar taýmak bilen.

Ömür boýy etme hile,
Näletli söz alma dile,
Açgöz bolup bakma ile,
Barmak ýalap doýmak bilen.

Arman çekmen sözläp bilsem,
Dogry ýoly yzlap bilsem,
Erbetligi düzläp bilsem,
Ýagşylygy ýaýmak bilen.

■ Il haýran

Edepli öýden çykan,
Edepsize il haýran.
Gider ýoluñ añmaza,
Şowlap ýatan ýol haýran.

Maýsa otlar bolmasa,
Guşlar saýrap gonmasa,
Eñek basan ganmasa,
Dury suwly köl haýran.

Barça bolsa pähimli,
Azalarmyş wehimli,
Awçy görse rehimli -
Hindistanda pil haýran.

Sözün edip terene,
Dil ýetirmen görene.
Ýüzüp bilmän ýörene,
Gaýyp ýören sal haýran.

Sypaýsa bimany söz,
(Başarsañ diýme hergiz),
Oýlan owal, özüñ çöz,
Başarmasañ il haýran.

* * *

Pasyllaryñ içinde,
Bahar gowy, ýaz gowy.
Saýrap dürler saçanda,
Aýdym gowy, saz gowy.

Sözlemegil ýalandan,
Özüñ borsuñ ýanandan,
Tüsse beril gynandan,
Köräp duran köz gowy.

Berk hem sagdyn synaly,
Kök, ýaprakly, şineli,
Mañza batýan manyly,
Şirin-şeker söz gowy.

Ýasalan gara-akdan...
Görer ýakyn-yrakdan,
Näzik beden - garakdan,
Gyl saýlaýan göz gowy.

Kimse beýik, kimse pes,
Öýke, gahar - bular pis.
Gelin-gyzlarymyz nerkes -
Ýaraşygy - näz gowy.

Gowluklar kän dünýäde,
Bary düşýärmi ýada,
Ähli zatdan zyýada,
Watanym hergiz gowy.

Atanazar NURMUHAMMEDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 362 | Добавил: Medinilla | Теги: Atanazar Nurmuhammedow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

К богу / Goşgular - 31.01.2023
Памятник / Goşgular - 28.01.2023
Ирисе / Goşgular - 15.01.2023
«Весна несла свои дары…» / Goşgular - 14.01.2023
Eger... / Goşgular - 25.01.2023
«Там, в полусумраке собора…» / Goşgular - 14.01.2023
Бог / Goşgular - 31.01.2023
К Кюхельбекеру / Goşgular - 18.01.2023
«День идёт…» / Goşgular - 08.01.2023
Легенда лет / Goşgular - 08.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]