22:00

Ýygnak / basnýa

ÝYGNAK

Kombinatyñ naçalnigi Semiz Baýguşow prezidiumyñ stolunda otyrdy. Domarylyp oturyşyna onuñ haýsy tarapa seredýänini-de biler ýaly däldi. Haçan-da, ol: "Ýoldaşlar!" diýip, arsynjyrap söze başlanda, onuñ ýere seredip oturanyny duýup galdylar. Naçalnik ökde işçi Eşek Aññyrowa söz berýändigini yglan edip, nagyşlyja elýaglygy bilen derçigen, posalak ýüzüni süpürdi-de, kreslo özüni goýberdi.
Aññyrow añyrdan gelşine köwşüñ ökjesi ýaly toýnagy bilen stoly tarkyldatdy. Soñ uçup ýören siñegi bir gulagy bilen kakyp goýberdi-de "A-a-a, a-a-a" diýip, söze başlady. Hemmeler gülüşdiler. "Näme, "a" harpyny öwrenmäge geldiñmi? Aýt-da aýtjagyñy!" diýip, Baýguşow gygyrdy.
- Ýoldaşlar, men şu ýygnakda käbir ýoldaşlary tapawutlandyrjak. Ine, Gurbaga Warrykow açyk göwünli, şadyýan, mydama aýdyp ýör. Köp ýerlerde çykyş edip, kombinatyñ abraýyny goraýar. Ol diñe suwda däl, gury ýerde-de başyny çaraýar. A-a, a, ýöne, ynha Lakga Balykow welin, beýle däl, arassa kişmiş-dä, suwdan çykanok. Hamala, porsap barýan ýaly, özem, bu ýoldaş örän ulumsy, hiç gürlänok. Görýäñizmi, hatda ýygnaga-da gelmändir. Şonuñ üçinem, ýoldaşlar, suw hojalyk bölüminiñ müdirliginden Lakga Balykowy boşadyp, ýerine Gurbaga Warrykowy bellemeli diýen teklip bar - diýip, Eşek zala seretdi. Ýygnakdakylaryñ köpüsi begenişip, dowamly el çarpyşdylar. Haýwanlar: "Gutlaýarys", "Tüýs bolaýjak", "Ýuwjak dälmi?" diýip wagyrdaşdylar. Warrykow bolsa "Hökman çagyraryn" diýip, war-war etdi.
Ýygnak başlygy soñra Warrykowa söz berdi. Ol ýyrş-ýyrş edip, öñe çykdy. Begenjinden ýaña: "Warryk, warryk, warr!" diýdi-de, söze başlady.
- Ýoldaşlar, menem, peýdasyz, wezipesine laýyk gelmeýän biriniñ üstünde durup geçmekçi, ýagny ol Bedew Gyratow. Hawwa... Ynha siz şu jelegaýda abat asfalt ýok diýýäñiz, köçeleriñ asfaltynyñ tozmagyna Gyratowyñ toýnagy günäkär. Iki-baka gatnap, ýürege düşýär. Ine, Eşek Aññyrow welin, beýle däl. Ol örän işeññir. Hem suw çekýär, hem ýük daşaýar. Näme, ol çapyp bilmez öýdýäñizmi? Çapsa, Bedewdenem ozar. Gyratowyñ şu çapyp ýörşi boljak bolsa, ol planynam dolup bilmez. Şoña görä-de, Eşşek Aññyrowy Gyratowyñ ornuna goýsak, dogry bolarmykan öýdýän.
Hemmeler el çarpyşdylar. Öñde oturan Gyratow başyny ýaýkap ýylgyrdy, ýöne sesini çykarmady. Soñ ýygnagy alyp baryjy Baýguşow söz aldy:
- Ýoldaşlar, soñky günlerde medeniýet müdiri Bilbil Bagşyýewiñ ýaramaz işleýändigini özüñizem bilýänsiñiz, asla ol indi emgenenogam diýsek ýalñyşmarys. Sebäbi gyş günleri ýekeje gezegem işde görnenok. Sähelçe sowukdan ýa-da kynçylykdan gaçyp ýörene beýle wezipäni ynanyp bolmaz. Men-ä şu käre Gara Gargaýewi mynasyp görýşn. Ol gyşy-ýazy zähmet çekýär. Özem sportsmen, şony belläýsek nädýär, ýoldaşlar!
Hemmeler: "Bolýar şol, siz aýtsañyz, bolmajak zat ýokdur" diýip, el çarpyşdylar-da, Baýguşowyñ sözüni böldüler.
- Onda, şol täze saýlananlar wezipe eýesi bolsun diýen ýoldaşlar ellerini galdyrsynlar. Garşy, saklanan, ýok...
Edil şol pursatda gapy açyldy. Ministrlikde işleýän Şir Ýolbarsowyñ göwresi göründi. Hemme kişi doñup galdy. Baýguşowyñ gözi öñküden-de öñe çykdy. Gara Gargaýew "gak" diýmän "häýk" diýdi. Warrykow "War" diýmegiñ deregine "Waý" diýse, Eşek Aññyrow "Hih-a-a" bilen öñe geçdi.
- Hä, ýygnak geçirýäñizmi?! Menem jaý wagtynda gelipdirin. Siziñ oñ gowy işleýänleriñiz Bedew Gyratowy, Lakga Balykowy, Bilbil Bagşyýewi we Ýuwaş Goýunowy "Hormat haty" bilen sylaglamakçy.
Gurbaga "Warr-a-a, olar örän zor" diýse, başga biri "Şolardan başga sylaga mynasyp ýok" diýdi. Ýygnaga gelenler Şir Ýolbarsowyñ akylyna haýran galyp, oña minnetdarlyk bildirdiler.

Öre DAŞGYNOW.

"Tokmak" žurnaly, 1990.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 260 | Добавил: Haweran | Теги: Öre Daşgynow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]