20:39

Ýygnakparazlar / satiriki hekaýa

ÝYGNAKPARAZLAR

Biziň raýonymyzyň käbir ýolbaşçylarynyň arasynda ýygnakçyllyga ýykgyn edýän jogapkär ýoldaşlaryň şindem iki-ýekesi tapylýar.
Hawa, biziň raýonymyzyň ýolbaşçylary ýygnakçylrak. Beýle diýip gümansyratmaýyn, hakyky ýygnakçy göresiňiz gelse, biziň raýonyň merkezine geläýiň. Ýylda 365 günläp ýygnak bolýar. Özem 365 ýygnak bassyr-bassyr üç ýyllap gaýtalanýar. A 1978-nji ýylda bolsa 366 gezek ýygnak geçirildi. Indi şu ýyl hem uzak ýyl. 1980-nji ýylda hem geçen üç ýyla garanda ýygnaklaň biri artyk geçiriler. 1984-nji ýylam uzak ýyl bolmaly, şoňa häzirden ýaýdanýan. Günüň güni olar bizi raýon merkezine çagyrýarlar we işlemek barada uzakly gün gürrüň edýärler, takal okaýarlar. «Wah, sizden sypsak, gidip işlejek-le!» diýip, aýdaýmagy-da biedeplik hasap edýäris.
Has beteri-de bize ynam etmeýändikleri janymyzy ýakýar. Ýygnak başlanmanka haýsy kärhanadandygyňy bellik etdirmeli. Arakesmeden soňam kim bar, kim «gaçdy» diýip, ýörite spisok okaýarlar. Ýygnakda aýdylýan zatlar, gozgalýan meseleler, käşgä bir gerekli, derwaýys bolsady, onda ýele sowran gymmatly wagtyňa gynanmasa-da bolardy.
― Ýoldaşlar, ýangyna garşy göreş çärelerini ünsden düşürdiňiz ― diýip, biri iki sagatlap gepleýär.
― Eýesiz itleri ýok etmek meselesini ilat köpçüliginiň kömegi bilen durmuşa geçirmeli ― diýip, başga biri tutuş öýleden soňky wagtyňy alýar.
― Agyr senagatymyz, agzyndan ot çykýan martenlerimiz size garaşýar ― diýip, ertesi tä günortana çenli «Wtorswetçermetiň» oblastdan gelen wekili seni, baý, ukladyp bilýär-ä.
DOSAF. «Rybnadzor», ýene-de onlarça edara seni günüň ahyryna çenli nirä ýöreýäniňi bilmez ýaly ýagdaýa salyp, «gaýrat ediň» diýibem öýüňe iberýär.
Bu zatlara hemme kişi çydabam bilmeýär. Şonuň üçinem her bir edarada ýygnagyň ýoluna ýörite çykarylan, ukuçyl, äwmezek işgärler bolýar. Ol işgärler ir bilen turýarlar-da, ýygnagyň bolmaly jaýyna tarap eňiberýärler. Menem şolaryň biri bolmaly.
Hawa, onsoň, edara başlygymyz meni diňe ýygnagyň ugruna çykardy. Özem mertlerçe aç-açan aýtdy.
― Seniň önümçilige beren peýdaňam, zyýanyňam gerek däl. Sen aýda iki gezek kassa geldejik, awansyň bilen aýlygyňy al. Ýöne weli, alan hakyňy ödejek bol. Ýygnak barasynda maňa gep getirme ― diýip, edara başlygym maňa ak pata berdi.
― Bolar. Awansymy, aýlygymy alar duraryn ― diýibem söz berdim. Emma sözi oýlanyşman beräýen bolsam nätjek. Asla bu ýygnaklaryň derdinden ýaňa aýda öz edaraňa iki gezeg-ä beýlede dursun, ýylda ýeke gezegem gelmäge mümkinçilik ýok bolsa nätjek. Zähmet rugsadyna indi näçe ýylyň içidir çykyp bilemok. Hol gün çagalardan arza iberdim. Başlygym «Rugsat puluny bererin. Ýygnaga öňküsi ýaly gatnabersin» diýipdir. Hawa-da, sanatoriýa baraýanyňda-da ýygnakdaky ýaly dynçlyk ýokdur-la. Hany profsoýuz diýýäňizmi? Işgärleriň zähmet rugsady barada alada etmäge onyňam eli degmese nätjek. Olam ýygnakda irkilip, öz horuna özi tisginip oýanyp, ýüzüne gazet ýapyp, şir-peleň bolýanlaryň biri-dä. Ýygnak ýeke ýerdedir öýdýäňizmi? Ol meniň işleýän edaramda-da uzakly gün bolup dur-da.
Daş gulakdan eşidişime görä, meniň işleýän edaramyň başlygy pensiýa çykanmyş diýen myş-myş-a bar. Edaramyz iki etažly täze jaýa göçenmişem. Meň üçin stol-stul goýmandyrlar. Onam meň aýalym gürrüň berdi. Men aýalyma ynanç haty beripdim-de: «Aýlygymy özüň alyp durarsyň» diýipdim.
Meniň edaram bilen dahylly zadym ýok. Meniňkem diňe ýygnak, diňe irkilmek. Bir gezek şol diňläp oturşyma ýadap ymyzganypdyryn. Öz horuma özüm tisginip oýandym. Prezidiumda oturanlardan, çal saçly, horrak, owadan galstukly biri elindäki ruçkasy bilen stakana tyrk-tyrk kakdy, birneme dikeldim. Elimdäki gazetim bilen ýüzümi ýapyp, hezil edinip palladym. Agzymy giň açyp, pallasam-da palladym weli, tas äňim ýazypdy. Ýöne weli, bir kemter gaýdan ýerim boldy, onam aýdaýaýyn. Hakyt deräň şiri ýaly bolup, arlap, sesli pallajakdym. Ine, şonda weli, tüýs heziller edinäýýäň-dä. Asgyraňda-da aýaklaň arasyny açybrak, göwräňi öňe egip, gaty asgyrsaň, keýpden çykýaň. Ýogsam, elýaglygyňy burnuňa tutup, intelligentiň asgyryşyny etseň, pişigiň gyzgyn nahara agzyny urup, hys edişi ýaly bolýar.
Hawa, arman, men şir-peleňler ýaly sesli pallap bilmedim. Çünki oturan ýerim Gyzyl takyryň ýaýlasy däl-de, hakyt köp adamly klub. Eger klub boş haňlap duran bolsady, arlap pallasaň sesiň ýaňlanyp, hasam haýbatly eşidilerdi. Gynansagam, bu klubyň adamsyz wagty ýok-da, elmydama ýygnak bolup durandyr.
Okalýan dokladlara meýmiräp, irkilip, soň ukymdan açylyp, arasynda çuň pikire-de batýan. Ýygnakda gara bolup, adam sanyna geçip, diňläp oturar ýaly robot, ýagny demirden adam ýasap bolmazmyka diýibem pikir girdabyna gark bolýan pursatlarym az bolmaýar. Bir sapar tas masgara bolupdym. Raýon taýýarlaýyş inspeksiýasynyň naçalniginiň et, süýt, bede, iri baldakly ot, şol sanda otuň kerçeleni, şeýle hem şol sanda otuň üweleni diýen ýaly maglumatlaryny tribunada okap durşuna hüwdülenip, irkiläýen bolsam nätjek. Birdenem «ýangyn!» diýip, batly gygyryp oýanyp, zöwwe ýerimden galypdyryn. Gözümi açyp, özüme gelsem, ýygnak gidip dur. Şol günden bäri ýygnakçylar meni görenlerinde «Honha, ýangyn gelýär» diýýärler. Emma olar meniň düýşümde robot ýasandygymdan, ony ýygnakda oturdandygymdan bihabardylar.
Soňra düýşümde «ýasan» şol robotymy oýalygymda ýasadym. Häzir şol robot bilen bolan wakanyň gysgaça gürrüňini bereýin.
Her näçe ukuçylam bolsam, tüýs äwmezek, göwrümi giň işgärem bolsam, soň-soňlar menem bu işe ejiz geldim, halys çydamadym. Bir gün ýygnakda ukyny durlap, oýandym-da: «Gel, inženerleriň birine maslahat salaýyn, ol ýygnakda oturar ýaly, demirden ýygnakçy adam ýasasyn» diýip, pikir etdim.
Biz demir ýygnakçy ýasamak ideýamyzy durmuşa geçirdik. Bir ezber, ökde inžener bilen tehniki kitaplaryň, çyzgylaryň üstünde telim aýlap çorba sowatdyk.
― Eger ýygnak geçirilýän zalda gürrüldili el çarpyşmalar bolsa ýa-da hor çekýänleriň sany çenden geçse, demir adamyň dokladçyny diňlemeklige känbir ukyby bolmaz, geterodininiň ýygylygynyň awtomatik nastroýkasy gowy işlemez ― diýip, inžener başyny ýaýkady.
― Onda nätmeli? ― diýip, menem howsala düşdüm.
― Nastroýkany her gezek el bilen düzedip durmaly boljak öýdýän ― diýip, inžener hyrçyny dişledi.
― Ýanynda oturmaly bolsak, onda bu demir bidöwlet bize nämä gerek? ― diýip, men ýaňky demir adamyň depesine kakdym.
― E-heý, «bidöwlet» diýip, agzyňy ýaman öwretme, onsoňam eliňi çekip geple ― diýip, ýaňky demir adam birden gürläýdi. ― Men ýygnagy her kimçe diňläp bilerin ― diýibem ol aýtdy. Biz muňa gaty begendik. Ýöne weli, onuň «bidöwlet» sözüni gaty görüp, gaharynyň gelmegine geň galdyk.
― Men onuň gan damarlaryna suwuklyk deregine spirt guýaýypdym ― diýip, inžener aýtdy.
― Beýtmäli, spirti özümiz içeli-de, oňa derek suw guýaýaly. Ýogsam, bu peläket ýygnakda biri bilen garpyşar ― diýdim.
Demir adamyň gan damarlaryna dup-duruja suw guýduk. Bu-da şowly bolmady, aýdýan zatlary suwjuk, ýuwan, batnyksyz boldy.
― Benzin guýaýsak nähili borka?! ― diýip, inžener maňa maslahat saldy.
― Bolmaz. Sebäbi biri çilim çekse, ýangyn howpy wehim salar.
Gepiň gysga ýeri, biz demir ýygnakçyny ähli tarapdan ýygnaga taýýarladyk-da, irden zala eltdik. Özünem gaty bir öňde-de däl, känbir yzda-da däl, ortarakda orurtdyk. Demirdendigi duýulmasyn, okamasa-da adama bir meňzeş bolsun diýibem eline bir gazet tutdurdyk. Çep döşündäki jübüsine bir bloknot saldyk, birki sany ruçka-da gysdyrdyk.
Ýygnak başlandy. Demir adam sintetikadan ýasalan kirpiklerini gaýşardyp, doklad diňleýärdi. Men bolsam inženeriň tabşyrmagy boýunça, demir jandaryň her bir hereketine syn edýärdim, dörän ýagdaýy bellige alýardym. Demir adam düzgün boýunça diňläp otyrdy. Orator bolsa:
― Ýoldaşlar, bilýäňizmi, şu günler ýekeje siňek öldürseňiz, güýzde 20 müň siňek gyrdygyňyz bolar ― diýip, tribunany gujaklap, elindäki ýazgysyny okaýardy. Şol wagt zalda gaýmalap ýören bir siňek demir adamyň kellesine gondy-da, togalanyp aşak gaçaýdy. Geň zat. Men demir adamyň «saçynyň» tütäp barýandygyny gördüm. Örän howply pursat. Özem ýygnagyň ýaňy gyzyşan wagty. Hemmeler gara dere batyp, hor çekip, uklap otyrdy. Birden bolmaz iş bolaýsa, näçe adam ukudan oýanmaly boljak. Görýän weli, biziň «jandarymyzyň» rejesi geň däl öýdýän. Aljyramadym, böwründäki knopkany ýuwaşlyk bilen basyp, naprýaženiýany peseltdim. Anod bilen katodyň işi kadalaşdy. Indi glazokdaky şöhle öňki ýaly içiňden geçip barýan däldi. Demir göwre sowap başlady. Menem ýeňillik bilen dem aldym.
Itiň görmedik gününi görüp, arakesmä çykdyk. Öýleden soň başga bir orator gezek aldy.
― Adamlar, bag durmuşyň bezegidir, her düýp üçin aýry-aýrylykda alada etmeli... ― diýip, orator suw içip, ýene gürrüňe başlady: ― Bagyň erbedi ýok. Meselem, igdäni alyp göreliň...
Adamlar gazetlerini ýüzlerine tutuşyp güýmenýärdiler. Biziň «pälwan» bolsa tiňkesini dikip, dokladçyny yhlas bilen diňleýärdi. Şol yhlasam biziň işimizi gördi-dä. Demirgulynyň kellesi gyzyp, içi hüňläp başlady, göwresi bolsa saňňyldaýardy. Glazoklar ýanyp-sönüp, bir zatlaryň boljakdygyny habar berýän ýalydy. Ine birdenem pöwhüldi eşidildi. Demir han doklada çydaman ýaryldy. Zalyň içi çal tüssä büreldi.
― Ýangyn! ― diýşip, adamlar güpürdeşip, çykalga tarap eňdiler. Tüssäniň içinde gapy nirede, äpişge haýsy ― biler ýaly däldi. Hernä betbagtlyk bolmady. Aman-sag sowuldy.
Inžener ikimiz uzak oturyp, demir adamyň nogsanlary barada pikir alyşdyk.
― Ýak, walla, munuň kellesine beýni deregine men süzme guýaýypdym, oňa tworog garylan bolaýmasyn?! ― diýip, inžener analize başlajak boldy.
― Ýok, beýle däldir. Meniň pikirimçe, şu biçärede mekirlik ýok. Ýygnakda oturanlar göräýmäge dokladçyny diňleýän ýaly bolsalar-da, olar başga zatlary pikir edip oturýalar. Eger uzakly günki aýdylýan zatlary diňlejek bolsaň, oňa heý, adam çydarmy. Onsoňam adamlar gazete güýmenen bolýarlar, uklaýarlar, garaz, dokladçydan ünslerini sowýarlar. Arasynda ýygnakdan gaçyp gidýärler. A robot görgüli bolsa ähli zady diňläp, mehaniki paýhasyna zor salyp, ýazyp otyr. Kürk towuk hem aram-aram aýagyny ýazmaga daşary çykýar ahyry. Şondan çen tutulyp, inkubasion apparatda hem wagtal-wagtal naprýaženiýäni aýyrýan awtomatik rele goýlupdyr ― diýip, men inženere ýatlatdym.
― Hä, dogrudanam, biz şol ýagdaýy göz öňünde tutmandyrys-ow ― diýip, inžener poluprawodnikler bilen fotoelementlerden bir zatlar ýasamaga oturdy.
Biz ýene birküç aýlap gijeki ukymyzyň haýryndan geçdik. Özümizi toga urduran wagtlarymyzam boldy. Elbetde, bir täzelik açjak bolsaň, kynçylygam görmeli, hatda pida-da çekmeli. Beýik oýlap tapyjy Polzunow bug maşynyny döretmek üçin nähili görgüler görendir, radionyň atasy A.Popow baý, hesret çekendir-ä. Ýabloçkin elektrik lampoçkasyny oýlap tapjak bolanynda, ony tok uran däldir öýdýäňizmi?! Bizem oýlanýarys, tejribe geçirýäris. Ahyr bir gün kämilleşen demir ýygnakçyny dörederis, şondan soňra özümiz arkaýyn işlemäge mümkinçilik taparys diýen tamamyz bar.
Taýýarlaýyş inspeksiýasyndan soň, sözi raýon sanitar-epidismologik stansiýasy alýar. Men ýene oýa batýaryn, pikir kelebini çözläp başlaýaryn. «Ýoldaşlar, suw ýataklaryna derman sepilenok. Nirä barsaň hapadan depe turýar. Çybyn köpelipdir. Bahar aýy çybyn öräýende ene çybyny öldüren adam güýz aýy on ýedi million çybyny gyrdygy biläýsin» diýip, wraçlardan biri doklad okaýar. Wraç dokladyň edil şol ýerine ýeteninde, men ýaňky çözläp başlan kelebimi kelebagajy bilen ýitirýän-de, uka gidýän. Düýşümde ilata durmuş taýdan hyzmat edýän ministrlikden başga-da bir ministrlik döredilýärmiş. Oňa ilata ýygnak taýdan hyzmat edýän ministrligi diýip at berlenmiş. Soňky döredilen ministrlikde ädikçi, dellek, biçimçi, sagat ussasy, dyrnak, saç reňkleýji ýaly hünärler ýok-da, diňe ýygnakda oturmaly adamlar bar. Özleriniňem aýlyklary diýseň kän. Şahtaçylar bilen zähmet haky deň. Zähmet rugsaty ýylda üç aý. Pensiýa çykmaly döwri 50 ýaş. Ýylda iki laý geýim ministrlik tarapyndan mugt berilýär. Oňat, doňup duran gara reňkli krimplin kostýum, owadan galstuk, ak köýnek, norkanyň dersinden telpek, platformaly köwüş ýaňky ýygnakda oturjaga berilýär-dä, garaz. Has gowy zady, olam berilýän jalbaryň tüýs, hakyky gaýyşdan, emeli däl-de azaly teletinden tikilendigini aýtsana. Ýogsam ýygnakda oturgyja süýkenip oturyşyňa balak çydanok. Bir gün däl, iki gün däl, üç aý däl, bäş ýyl däl, tebigat gün berse ýygnak haw.
Hawa onsoň, ýaňky täze ministrlikde ýygnaga gatnaşmaly adamlar ukyny durlap, täze kostýum geýinip, taýýar bolşup otyrýarlar. Telefonlary bar.
― Alo, bu ýer ilata ýygnak taýdan hyzmat edýän ministrlikmikä?! ― diýip soraýaň.
― Ýok, siz nomury ýalňyşypsyňyz. Bu ýer ilata durmuş taýdan hyzmat edýän ministrlik ― diýip, bir zenan size jogap berýär. Haýsy nomura jaň etmelidigini ol gyz size aýdýar. Siz täze ministrligiň uprawleniýe naçalnigi bilen gepleşýärsiňiz.
― Maňa ertir sagat 9-da 5 sany adam gerek. Özlerem çapyljak at ýaly seýislenen bolsunlar. «Bilim» jemgyýetiniň jaýynda boljak ýygnaga barsynlar. Ýygnaga gatnaşanlarynda biziň edaramyzyň adyna bellik etdirsinler. Narýadlaryny soň getirsinler. Edaraňyzyň sçýotuna pul geçireris. Alo, alo, trubkany goýman duruň, ýene bir aýtjak zadym bar. Oňatja, aktiw adamlar ibereweriň, uklaşyp, pallaşyp, oturmasynlar, el çarpmaly ýerlerinde aýalary pakgarýança haýdasynlar. Baýrak berjekdiris, eşitmedim diýmäň.
Ine şeýle, ýeriňe adam tutup, özüň önümçilikde arkaýyn işlärsiň, kärhana peýda getirersiň.
Eşider bolsaňyz, günleriň birinde şeýle bir waka boldy. Başga ýerdedir öýdäýmäň, hakyt ýygnakda boldy. Geçen hepdede bassyr-bassyr üç günläp, şäherdäki baglaryň bir ýarym metr çemesi ýerine hek çalmaly diýen meseläniň gürrüňini etdiler. Elimize çotga, hekli bedre alaga-da işe girişen bolsak, baglary bir salkynda heke batyryp çykaran ýalam edip bilerdik. Onça adam, bir giden doklad, üç günläp ýygnak, bir seretseň geregem boljak däl ýaly. Elbetde, ýygnaksyz bolýan däldir-dä. Men-ä öwrenişen-le. Başga-da men ýaly ýygnaga werdiş bolan tüýs ýygnakparaz adamlar gyt däl. Ýöne weli, ýaňky üç günläp bir meseläni döwnäp durmaklary aramyzda birine ýaramady. Oň özi ýaş, gujurly, komsomol ýigit borly. Ähtimal, onuň gurluşykçy bolaýmagy. Sebäbi men oňa guwanç bilen siňe seretdim. Köwşünde gatap, doňup galan sement gördüm. Üsti-başyna reňk, hek damypdyr. Elleriniň aýasy krokodiliň gerşi ýaly, şygyrdap dur. Goşarynyň damarlary ekskawatoryň trosy ýaly.
― Baglaryň biline hek çalynsa mör-möjekler ýokary dyrmaşyp bilmeýärler ― diýip, dokladçy suw owurtlamaga duranda, ýaňky gurluşykçy zöwwe ýerinden turdy-da:
― Üç gün bäri gurluşyga material baranok. Meni şonuň üçin ýygnaga iberdiler. Görýän weli, siziň şu ýygnaklaryňyzdan çigit ýalyjagam peýda ýok ― diýäýdi. Her kim, ukyda däller, «be-de be» bolşupdylar. «Biedep!» diýip, gygyran hem boldy.
― Jigim, seniň bu diýýäniň çykyşmy ýa sowal?! Eger sowal bolsa, onda ýazmaça ber ― diýip, prezidiumda oturan biri stakany tyrk-tyrk kakdy.
― Çykyp gepläsiň gelse, soňundan söz bereris ― diýip, ol sözüniň yzyny ýetirdi.
― Mende sowalam ýok, dokladam. Men şu ýygnakdan çigit ýaly haýyr ýok diýýän ― diýip, ýaňky dyzmaç komsomol meseläni çöp döwlen ýaly edäýdi. Mende bu ýigide bolan hormat has-da artdy. Zalyň orta gürpünden «Berekella» diýen söz eşidildi. Kimdir biri el çarpyşdy. Soň hemmeler el çarpyşdylar. Zalyň içini durşuna şapyrdy gaplap aldy.
― Ýuwaş, adamlar, ýuwaş ― diýip, ýygnagyň prezidiumynyň başlygy ýerinden turdy. Ol:
― Ýoldaşlar, çigit diýlende möhüm bir mesele ýada düşdi. Biziň şäherimizde çigit satýanlar köpelipdir. Uniwermagyň işiginde, kinoteatrlaryň öňünde, aý, garaz, ähli ýerde çigit satylýar. Çigidiň gabygyndan ýaňa asfaltyň ýüzi görnenok. Geliň şu ýygnaga çigit hakda-da bir mesele goşalyň ― diýdi. Onýança prezidiumda oturanlardan biri şeýle diýdi:
― Adamlar, çigit hakda ertir ýörite bir ýygnak edeliň. Sebäbi bu ýygnakda öý uprawleniýeleriň naçalnikleri, uçastok milisionerleri, meýletin halk družinaçylary ýok. Şolar bilen ilki çigidiň adama zyýanlydygyny, dişiň emalyny goparýandygyny öwrenmeli, ylmy-teoretik simpozium geçirmeli.
Arada men bir ýygnakdan gijä galdym. Bardymam weli, gutaraýdy-da. Wirusly dümewe sataşdym-da poliklinika gitdim. Barsam olarda-da «Bäş minitlyk» diýen iki sagatlyk ýygnagyň ýaňy ýarym sagady geçen ekeni. Garaşmaly boldum-da. Hawa, onsoň, öz ýygnagyma gijä galyp geldim. Keýpim bozuldy. Sebäbi men ýygnak ugrundan «alkogolik» bolan ekenim. Ir bilen ýygnaga baryp, agşamara şondan çykyp öýe gaýtmasam, meňki bolanok. Ýöne titräp durun. Işdäm zat alanok. Uzakly gije kellämi ýerden galdyrasym gelenok. Ukudan gözüm açylmasa nätjek. Irden geçirilýän ýygnak meniň üçin özboluşly «pohmeliň» ýerini tutýar. Ýogsam, şol bolmasa kelläm jaýrylyp barýar. Edil transformatoryň içinde ýatyp turan ýaly hüňläp dur. Şol gijä galdym diýen günüm «aý, ýygnak ýygnaga gurbanmy» diýäge-de başga bir ýygnaga gatnaşaýsam nätjek. Şäherde näme ýygnaksyz klub-a ýok. Bardym-da diňläp oturyberdim. Arasynda bloknotyma bir zatlar bellänem bolýan. Ýogsam ukym tutýar. Garaşylmadyk bir zat, görsene muny.
― Ýoldaşlar, uzak gürrüňden peýda ýok. Häzir topumyzy bozman Gäwerse sogan ýygyşmaga gideliň. Daşarda awtobuslar garaşyp dur ― diýip, ýygnagyň prezidiumynyň başlygy zaldakylara ýüzlenäýdi. Her kim «gitdikde-gitdik» gürre ördi. Menem il hatarynda ýerimden turdum. Mündüm awtobusa. Wazlap barýas, hezillik. «Eý, namart uky, hany, mert bolsaň meni häzir gel-de tut-da göreýin» diýip, men içimden pikir etdim. Ýok, eger-eger, uky golaýyma-da gelenok. Güýzüň mylaýym howasy göwnüňi göterýär. Awtobusyň sazlaşykly sesine maýyl bolup, pikire batdym. «Dogrudanam, ýygnakda poslap oturanymyzdan şeflik edýän hojalygymyza kömek bersek gowy-da. Men agşama çenli sogan ýygsam, iň bolmanda hojalygym üçin bir ýylda harçlaýan, ýagny jaza dograýan soganymyzy-ha ýygyp bilerin» diýip, hyýal ýüwürtdim.
Hä diýmän barjak ýerimize ýetdim. Aňyrsyna göz ýetmeýän soganly karta. Görsem, bu ýerde-de reje geň däl. Ýygnagyň prezidiumy üçin üsti gyzyl mataly stollar taýyn dur. Orator üçin tribuna guralypdyr. Içi suwly grafinler goýlupdyr.
― Ýoldaşlar, soganyň organizme gerekli witaminlere baýdygyny hemmäňiz bilýänsiňiz. Meşhur lukman Gippokratyň aýtmagy boýunça sogan müň-de bir derdiň emi ― diýip, orator söze başlady. Agşam düşüp, tä iňrik garalýança sogan barada umumy düşünje aldyk. Soňra wraçlardan biri singa diýen kesel dogrusynda çykyş etjek boldy. Emma düzlükde elektrik yşygy bolmanlygy sebäpli tekstini ol okap bilmedi. Kanal tarapdan bize garşy eňen çybynlar «sogançylary» gaçmaga mejbur etdi.
― Adamlar, hemmämiz ertir irden ýene şu ýere gelmeli. Sizi seksiýalara böljek, soganyň peýdasy barada seminar geçjekdiris. Depderdir galamam getiriň. Soňundan baha-da goýjakdygymam duýdurýaryn ― diýip, ýygnagyň prezidiumynyň başlygy awtobusy saklap, ýarym sagatlap gürrüň etdi.
Men-ä ertesi «sogançylaryň» sürüsine goşulmadym. Öz ýygnagymyz janyň ujy-la. Sebäbi kreslo ýok, aýak üstünde dik durmaly. Dik durup uklasaňam adam ýykylýar.

Gurbangylyç HYDYROW.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 191 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbangylyç Hydyrow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Ependi  
284
Şuny okap "Afonýa" kinosyndaky sobraniýe ýadyma düşýär :)

Ýagny, işgärler hergün işden soňky ýygnakdan bizar-peteňi çykanlar. Afonýa atly biri bolsa işe mydama giç gelýär ýada içgili gelýär. Şony, ýygnakda naçalnigi ýamanlap-ýamanlap ähli işgärlere bolup ýörüşini gürrüň berýär. Ahyry söz aýtmagy garry santehnige berýär. Olam ýygnakda hor çekip ýatan. Arkasyndan ýaş oglan hürsekleýär:
- Pylanyýewiç, Size söž berýäler..
Owalam ukusyndan oňly oýanmadyk ýaşuly, hürsekländen soraýar:
- Näme diýip gürlemeli?
- Sylaglamaly.
Olam oýaly-ukuly şony gaýtalaýar:
- Dogrudanam, Afanasiý Borşowiý men sylaga mynasyp hasap edýän ýoldaşlar! - diýse, gülki asmana galýar.

O görgüli, oýaly-ukuda näme bolup geçýänne düşünenok. Şol kinoda hem aýdýalar-a, ýygnakdan bizar-peteňimiz çykdy diýip, soňundan başlygyna ýüzlenip. Göräýmäge ýönekeý kino ýalydyr welin, beýle däl.

Gurbangylyç aga-da şu zatlardan bizar-peteňi çykansoň ýazandyr :)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]