13:50

Ýyllar

ÝYLLAR

Ýyllaryň geçerne howlugardym öň,
Indi arzuwlaýan yza teserin.
Tesmeýär ol, diňe hakydamyzda,
Ýazyjy deý goýup gidýär eserin.
Ýöne, ol eserleň galam hakyna,
Alyp gitdi juwanlygyň heserin.
Şoň üçinem giç bolmanka agtaryp,
Geçip giden ýyllaryň iň ýeserin,
Geçilen ýyllary ýüň ýaly egrip,
Ele alyp kämilligiň keserin,
Dokamaly bir halym bar, oň üçin,
Kalbym-a erişdir, argajy serim.
Düşelgesi bolmaz ýaly düşeksiz,
Toprakdan topraga gitmeli ýeriň.
Onuň göllerini haýyrdan çitip,
Gyryp synny bilen tanapyn şeriň,
Dokap bilsem islegimçe nagyşlap,
Ýeke-ýalňyz «Ömür» atly eserim.
Geçip barýan ýyllaň yzyndan garap,
Öňe meýl etmeden yza teserin.

KIM MEN

«Kim men?» diýip, sorag berip özüme,
Käte ýitiräýsem özümi özüm.
Ejeme ýüzlenýän: «Dünýä indirip,
Edenje tamaňy edenli gyzyň
Ödedimi? Ýa paşmadyk arzuwyn,
Aýdyp jigeriňi dagladymy ýa?
Çeken armanyma näzik ýüregiň,
Meňkiden has beter agladymy ýa?
Akymynda «Durmuş» atly derýanyň,
Senden uzaklara gaýdanam bolsam.
Meň üçin her säher kyblaňa bakyp,
Edýän dilegleriň, aýdanyň bolsun.
Çaga deý ynanjaň, sadaja kakam,
Sadalygy senden alan ekenim.
Obada, öz öýümiziň üstünde,
Bilýäňmi, abraýdan baýdak dikenim.
Kaka, ol baýdagy seň üçin dikdim,
Ölçenmeýär oň bahasy zer bilen.
Saňa başga zady rowa görmedim,
Ekläniňe maňlaýdaky der bilen.
Indi bolsa pata berip ugradan,
Ak ýoluňdan ýöräp barýan gyzyňa
Seret, soraglardan ýegşerip barýar,
Sorag berip özgä däl-de özüne.
«Elimden gelýänje aklygym bilen
Ödedimmi ezizlermiň ynamyn?
Köýen badyhowa arzuwlam üçin,
Ýa jigerin dagladymmy enemiň?»
Diýip, bu ömrümiň gaýtargysyny,
Az görüp, artyga gözüm dikýärin.
Bagyşla pederim, bagyşla eje,
Bar bolaýsa hatalary dikraryň...

* * *

Gözlerde uçgun ýok, kellede göçgün,
Hyýalbent arzuwlar uçup gidipdir.
Eýýäm mekan eýläp baky dünýäni,
Deň-duşlaň käbiri göçüp gidipdir.
Illeň göçüp giden arzyly ýurdun,
Baky durjak ornummyka öýderdim.
Akyl meýdanynyň hasylyn toýlap,
Hoşasyny ordummykam öýderdim.
Öýdenlerim özüm hakda pelsepäň,
«Bir bar eken» bilen «Bir ýok eken»-li,
Çaga wagtym kän diňlenen ertekiň,
Başlanşynyň öz ömrümiz ekenni
Bilip galdym ýaşym kyrky sermände,
Ine, ömür şeýdip ötýär ekeni.
«Bir bar eken» bilen başlan badyna,
Bir demde «Bir ýog-a» ýetýär ekeni.
Bir geleňsoň munda «Bir ýog-a» çenli,
Eýdip-beýdip ädim ädýär ekeni.
Ynsan öz ömrüne çaýmasa many,
Geçilen ýola ot bitäýýär ekeni.

© Gyzylgul ANNAGYLYJOWA.

Çeşmesi: “Garagum” žurnaly, 2022, 6-njy sany.
Категория: Goşgular | Просмотров: 297 | Добавил: Bagabat | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Surat: Rahman Rahmanowyňky. "Türkmen gyzy".

0
2 Gumlygelin  
8
Sag boluñ, Serdar aga!

0
3 Aksary  
876
Gowy goşgylar.

0
4 Bagabat  
43
"Kim men" ýüregime jüňk boldy. Iki gezek gaýtalap okadym.

Edenje tamaňy edenli gyzyň
Ödedimi? Ýa paşmadyk arzuwyn,
Aýdyp jigeriňi dagladymy ýa?
Çeken armanyma näzik ýüregiň,
Meňkiden has beter agladymy ýa?


Bet. Söz ýok.
Sag boluň.

0
5 Gumlygelin  
8
"Ýyllar"-yñ we iñ soñky goşgyñ jemlemesini üýtgedişleri göwnüme ýaramady...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]