22:15

Yza gaýdyş

YZA GAÝDYŞ

Hyýal içre çagalygma dolanmak
Niçik lezzet eken hem ezýet eken.
Kakam her bazara giden mahaly,
Getiren gurjagy hemem kagyza
buýr-bulaşyk edip Güneşi çeken
galamlarym. Asyl, men däl-de, göýä
olar meniň tes-tegelek durmuşym
bulam-bujar pikirlerden dolduryp
öýjük-öýjük oýny ýaly hut şolar
düzen ýaly ykbalymyň gurluşyn.
Iş tapmasam kagyzlara bir zatlar,
çekjek bolup çyzym-çyzym edişim.
Gör-ä, bu gün olar ar alýan ýaly
Maňlaýyma çyzyk çyzyp gidişin.
Hasapsyz zat ýok ekeni durmuşda,
Edeniň alnyňa gelýän ekeni.
Ykbalyň bir zady eliňden alsa,
Ol hökman başga zat berýän ekeni.
Çagalygmy penjesine gysansoň,
Ýaşlygyň ýelgini ýel bolup geldi.
Käwagt aýnada tanaman keşbim,
diýýän “Şu menmi”?

Gülnar GELDIMYRADOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 359 | Добавил: Нawеran | Теги: Gülnar Geldimyradowa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gideňsoň / Goşgular - 06.01.2023
Два сонета / Goşgular - 23.01.2023
«Глотаю солёные слёзы…» / Goşgular - 11.01.2023
Şol gyza / Goşgular - 06.01.2023
«В часы недавнего паденья…» / Goşgular - 16.01.2023
На пятидесятилетие музы 29 января 1889 года / Goşgular - 29.01.2023
Январь – алмаз / Goşgular - 19.01.2023
Ýer beriň sopulaň meýhanasyndan... / Goşgular - 01.01.2023
Змей Горыныч / Goşgular - 22.01.2023
Ilkinji ädim / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]