16:50

Zähmet bilen taplanan ömür. Beki Seýtäkow barada edebi makala

Edebiýat meýdanynyň tarp ýerlerini tebigy zehinleridir irginsiz zähmetleri bilen bagy-bossanlyga döndermegi başaran türkmen ýazyjy-şahyrlaryny näçe sanasaň sanap oturmaly. Olaryň umman ýaly göwünlerinden syzylyp çykan eserlerini okanyňda, paýhas eleginde elenen pikirleriň ýüregiňde baky ornaşyp, duýgular ummanynyň girdabyna düşeniňi duýman galýarsyň. Megerem, beýle ýagdaý diňe ussat ýazyjy öz eserlerini zähmet bilen taplap, zehin bilen ýuguran bolsa bolup geçýändir.
Bir gezek ýazyjy-şahyrlarymyza bagyşlanyp geçirilen edebiýat agşamlarynyň birinde halypa ýazyjylarymyzyň biri: ,, Bir göterim zehiniň galan togsan dokuz göterimini zähmet bilen ödäp bolarmy?''- diýip, pelsepe gatyşykly sowal beren çagy, men bu pikire kes-kelläm garşy çykypdym. Emma wagtyň geçmegi bilen edebiýat läheňleriniň omri-döredijiligini içgin öwrenip başlanymda, tanymal ýazyjylarymyzyň biriniň ykbaly meni şol pikir bilen ylalaşmaga doly boýun edipdi. Hawa, ol ýazyjy türkmen kyssasyny belent-belent kötellerden geçirmegi başaran Beki Seýtäkowdy. Megerem, türkmen okyjylarynyň arasynda Beki aganyň agramly döredijiliginden habar almadygy ýok bolsa gerek. Çünki onuň döredijilik gorunda durmuş basgançagyna ýaňy gadam basan ýedi ýaşly çaga üçin hem, menziller ötüp, gözýetimi giňän ýetmiş ýaşly goja üçin hem gyzykly wakalara baý bolan çeper eserler bar. Şeýle eserleri okanyňda Beki Seýtäkowyň nä derejede zehinlidigine, pikir ýöretmekde ussatdygyna doly göz ýetirýärsiň. Emma ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly: ,,Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz''. Ynsan öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin golunda baryny edip göreşmeli, zähmet çekmeli bolýar. Hawa, edebiýat dünýäsinde şeýle belent at-abraýa ýetmek üçin Beki aga-da guşgunyny syrdap, maňlaýyndan akan her bir katra derini döredijilik üçin bagyş edip, agyr külpetler bilen az göreşen däldir. Bu barada ýazyjynyň özi Hudaýberdi Diwangulyýew bilen gürrüňdeş bolanynda bir wakany ýatlap geçýär: ,, Bir gezek öýe jaň edip, Merkezi Komitetiň birinji sekretary Suhan Babaýewiň ýazyjylara öz iş otagynda garaşjakdygyny, gijä galman gelmelidigini aýdypdylar. Men bellenen sagadyndan ýekeje minut hem gijä galman aýdylan ýere barypdym. Berdi Kerbabaýew başlyklaýyn ähli ýazyjylar şol ýere üýşüpdi. Bäş-üç minut ýaly ondan-mundan gürrüň açyp durkak, bize otaga girmeli diýdiler. Şol günler häli-şindi tankyt edilip ýörülendigimdenmi ýa-da doga ýygralygymdanmy, garaz, geçiň öň aýagy ýaly, öňe süsderilibermäýin diýip, iň yzdan girdim. Şol wagtam Suhan Babaýewiň gazaply sesi ýaňlandy:
- Haý, kör, sen nirä süsdürilip gelýärsiň, sen näme ýazyjymy, çyk otagdan!
Nädip yza öwrülenimi, jaýdan çykanymy, köçä düşenimi bilemok. Nepesimi durlap, öz-özüm bilen gidişdim. ,, Heý, ýomut, eger seniň Jüneýit hanlardandygyň çynyň bolsa namysa galma. Basa oturyp işle-de, ilhalar eser döret. Suhan Babalara ýazyjydygyňy subut etmeseň, namartsyň!'' Ha ynan, ha ynanma - iki hepdäniň içinde,, Gyz salgydyny'' ýazdym. Soňam ,,Doganlara'' başladym. Onuň ikinji, üçünji kitaplary, soňra ,, Şahyr'', ,,Bedirkent'' romanlary, on-on iki powest... ýazyldy. Magtymguly baýragynyň eýesi, respublikanyň halk ýazyjysy boldum.
Bir gezek Suhan Baba ýolda gabat geldi:
- Beki, bagyşla, şol gezek gepe gidip, nähak göwnüňe degdim, uly ýazyjy bolup ýetişdiň, daşyňdan guwanyp ýörendirin - diýip, öňümde müzzerip dur.
- Meni ýazyjy eden sen, sag bol hyzmatyňa- diýdim''.
Halypa ýazyjy bu wakany diňe bir özüniň döredijilik ýoluna aýgytly gadam basmagynyň sebäbini düşündirmek üçin däl-de, eýsem ýaş ýazyjy-şahyrlaryň haýsydyr bir tankyt üçin ruhdan düşüp, ertirki gün olary ,,Beki Seýtäkow'' etjek galamlaryny çete taşlamazlyklary üçin gürrüň beripdir. Elbetde, bu ýerde Beki aganyň döredijilige bolan söýgüsiniň çäksizdigi, döredijilik bilen ýagşy günlerde-de, ýaman günlerde-de mydama duzemek bolup gezendigi hakykat içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ol zehin bilen zähmeti akyl suprasynda mazaly ýugrup, asyrlar boýy nusga bolup galjak ajaýyp eserleri döredipdi. Hemmämize mälim boluşy ýaly, beýle eserleri akyl eleginde eläp, pikir süzgüjinde süzüp, ile ýetirmek üçin kän wagt gerek bolýar. Muňa mysal edip türkmen edebiýatyna ägirt goşandyny goşan Aman Kekilowyň ,, Söýgi'' romanyny alyp göreliň. Şygyr görnüşinde ussatlyk bilen ýazylan bu romanyny ýazyjy on bäş ýylyň dowamynda ýazyp gutarypdyr. Ýa bolmasa, dünýä edebiýatynyň almaz gatlarynda hemişelik ornuny tapan Bulgakow özüniň ,,Ussat we Margarita'' romanyny bütin ömrüniň dowamynda ýazypdyr. Ine, şu ýerde-de Beki Seýtäkowyň beýleki ýazyjylardan özüni doly tapa-wutlandyrýan aýratynlygy ýüze çykýar. Ol öz eserleriniň göwrümlidigine, many-mazmuna baýdygyna garamazdan romany dört-bäş aýda, powesti bir-iki hepde-de, ulurak hekaýany, oçerki bolsa bir gejede ýazar eken. Galamdaş dostlary aýtmyşlaýyn, Beki aga bir ýazan zadyna gaýdyp galam degirmändir. Gijäniň birmahallary hem onuň otagyndan oturgyjyň tykyrdysy, kagyzyň şagyrdysy ýaly sesler eşidilip durupdyr. Bir söz bilen aýdanyňda, ol döredijilik dünýäsini kämilleşdirip, türkmen edebiýatyny galkyndyrmak üçin gijelerine süýji ukusyndan ejiz gelmän, basa oturyp, zähmet çekipdir.
Ene dilimiziň düşündirip bolmajak derejede baý bolmagy, elbetde, ilkinji nobatda ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine oňyn täsirini ýetirýär. Her bir ýazyjynyň özüne mahsus çeper dili, ony beýleki galamgärlerden görnetin tapawutlandyrýar. Beki Seýtäkow hem özüniň düşnükli, hanjar ýaly kesgir dili bilen türkmen edebiýatyna gulluk eden ýazyjy. Ol öz eserlerinde okyjynyň duýup bilmejek jümlesini asla ullanmandyr. Diňe bir öz döredijiliginde däl, eýsem ýaş ýazyjylara-da şeýle säwlikleri goýbermezligi maslahat berer eken. Bir gezek Beki aga ýazyjy Goşjan Seýitmädowyň powestini okap otyrka, ,,Onuň gözleri bulutlaryň aňyrsyndan gözleýän döwüňki ýalydy'' diýen meňzetmäniň üstünden barýar. Şondan köp wagt geçmänkä, ol Goşjanyň özünden: ,, Sen heý, bulutlaryň aňyrsyndan jyklap duran döwi görüpmidiň?'' diýip soranynda, ol , elbetde, ,,Göremok'' diýip jogap berýär. Şonda Beki aga geçirimsiz ýazyjynyň ýowyz ýylgyrşyny edip, ,, Ýeri, ýazyjynyň görmän ýazan zadyna okyjy nädip ynansyn?!'' diýipdir. Hawa, ol näçe degişgen, dostluga gol uzadýan adam bolsa-da, döredijilige gezek gelende, örän geçirimsiz bolupdyr. Okan eserlerinde ýalňyşlyk diýen düşünjäniň kiçijek elementi bar bolsa-da, ol muňa gözüni ýumup bilmeýär eken. Kämahal ýaş ýazyjylaryň eserleri Beki aganyň penjesine pida bolup düşen çagy, ýalyn öwüsdiriji sözler bilen bellik eden halypadan kitiw edenler hem az bolmandyr. Emma Beki Seýtäkow mukaddes döredijilige hemişe wepaly bolupdyr. Hiç bir dosta, hiç bir ýakynyna ýaranjaňlyk etjek bolup, ,, ýüz görüp, gapyrga syrmandyr''. ,,Döredijilikde geçirimlilik etmek, duşmançylyk etmek bolýar'' - diýip, ussat ýazyjy ýaş şägirtlere mydama dogruçyl bolmaklygy ündär eken. Megerem, türkmen edebiýatyny ençeme basgançak ýokary galdyran çeper eserler şol belliklerdir maslahatlar bilen kämillik ýoluna düşendir.
Türkmen kyssasynda çyrag bolup, röwşen saçan Beki aga barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Halkyň hakydasyna baky siňmegi başaran beýik şahsyýetler müdimi ýaşaýarlar. Olar üçin her bir ynsanyň ýürek töründe aýratyn orun bar. Çünki olar bütin ynsanýete durmuşyň mizemez saýasyny sowgat edip gidipdiler. Edebiýat meýdanyna tohum sepip, onuň miwesini iline-gününe bagyş eýlemegi başaran halypa ýazyjy-şahyrlary ýatlamak biziň mukaddes borjumyzdyr. Goý, şeýle güýç-kuwwata eýe bolan Beki Seýtäkowyň her bir beren maslahaty, her bir aýdan jümlesi durmuşyň çarkandakly ýollaryndan geçmäge mydama ruhy goldaw bersin!
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 449 | Добавил: Maksat | Теги: Maksat Seýitliýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]