00:43

Zaratuştranyň nutuklary: Dünýäden ýüz öwrenler hakda


• Dünýäden ýüz öwrenler hakda

Wagtyň geçmegi bilen Zaratuştra dünýäden ýüz öwrenler ýaly adamaňyrsy ilteşiklere özüni aldyrypdy. Şol wagtlar dünýä maňa dert-aladalaryň we yzalaryň içindäki hudawy eser ýaly bolup görünýärdi.
Şol wagtlar dünýä maňa göýä düýş we hudaýyň şygry ýaly ylahy bihoşnutyň gözleriniň öňündäki reňkli dumanlar ýaly görünýärdi.
Ýagşy-ýaman, zowk we gynanç, men we sen – bularyň hemmesi ýaradan gözleriň öňündäki reňkli dumanlardy. Ýaradan gözlerini sowmak islände dünýäni ýaradypdy.
Gynançlaryňdan gözüňi sowmak we özüňi ýitirmek gynanýan adam üçin seriňi sämediji zowkdyr. Wagtyň geçmegi bilen dünýä maňa seriňi sämediji zowk we özüňi ýitirmek ýaly bolup göründi.
Men bu dünýäni nogsanly, ebedi kontrastyň suraty, hatda kemçilikli suraty we kemçilikli ýaradyjysynyň ser sämediji zowky hökmünde görýärdim.
Şeýlelikde, menem dünýäden ýüz öwrenler ýaly adam aňyrsy ilteşiklere özümi aldyrdym. Hakykatdan-da adam aňyrsymy?
Ah, doganlarym, döreden hudaýym adamyň eseridi we beýleki ähli hudaýlar ýaly telbelikden başga zat däldi.
Adamdy, biçäre adam we meniň bir özüm. Bu ruh maňa öz külümden we odumdan ybarat ýaly bolup görünýärdi, hakykatdan-da o dünýäden däldi.
Soň näme boldy, doganlarym? Özümi, gynanjymy aşdym, öz külümi daga daşadym, özüme has şuglaly ot tapdym. Näme bolandyr öýdýäňiz! Ruh menden daşlaşdy.
Bular ýaly ruhlara ynanmak maňa täze şypamy ýaňy tapamsoň gynanç we yza berýärdi. Gynanardym, özümi pese düşen saýardym. Şoň üçinem dünýäden ýüz öwrenlere seslenýärin.
Ähli o dünýäleri ýaradan, diňe iň uly yzany çekýäniň syzyp biljek dem salymlyk bagtlylygyň telbeligi yzady we ejizlikdi.
Ähli hudaýlary we o dünýäleri ýeke hemlede, ýeke ölüm hemlesi bilen soňlanmak isleýän we arzuw etmegi-de arzuw edesi gelmeýän ýadawlyk ýaratdy.
Doganlar, ynanyň maňa! Ýaradylyşyň garnynyň özi bilen gürleşýänini eşidenem dünýäden umydyny kesen bedendi.
Mundan soň kejeňeklik bilen we hiç zady äwmän soňky päsgelçilikleri aşyp, “o dünýä” geçjek boldy.
Ýöne “o dünýä” bul adamlardan saplanan adamzatdan uzak dünýä, ol ylahy hiçlik adamlardan pugta gizlenilipdir, ýaradylyşyň garny adam hökmünde ýüzlenilmekden başga adamlara ýüzlenmeýär.
Ýaradylyşyň subut edilmegi we gepledilmegi hakykatdan-da kyn. Doganlarym, aýdyň maňa: iň täsin zadam iň gowy subut edilen zat dälmi näme?
Hawa, men we meniň çaprazlygy, gapma-garşylygy, öz ýaradylyşy hakda hemme zadyň ölçegi we gymmaty bolan ýaradan arzuw edýän hem-de gadyr biçýän Men hakda örän dogry aýdýar.
Bu dogry ýaradylyş bolan Men beden hakda gürleýärin, joşgunly şygyrlary ýazsamam, döwük ganatlarymy gymyldatsamam, häzirem bedeni arzuwlaýaryn.
Men barha dogry gürlemegi öwrenýän, öwrendigimçe-de bedene we dünýä dahylly has köp söz we sylag-hormat tapýaryn.
Meniň öz Menim maňa täze buýsanjy öwretdi, menem muny adamlara öwredýärin we şeýle diýýärin: Indi başyňyzy ylahy meseleleriň gumuna gömmäň, ony erkin göteriň, dünýäge many beren dünýewi seriňiz bolsun!
Adamlara täze erada: birjigem gyşarman gidilýän ýol saýlamaklaryny, şu ýoly oňlamaklaryny, näsaglar we ýok bolup gidenler ýaly oňa arkalaryny öwürmezligi öwredýärin.
Bedeni we dünýäni gowşak görýänlerem näsaglar we ýok bolup gidenlerdi, behişti we gutaran gan damjalaryny-da olar oýlap tapdylar. Ýöne datly we garaňky zäherleri bilen bedeni dünýäden alýarlar.
Bedibagtlyklaryndan gaçasyp sypaslary gelýärdi, ýyldyzlar bolsa olara örän daş bolup görünýärdi. Şeýdibem “Käşgä başga bir ýaradylyşa we bagtlylyga geçip boljak ylahy ýollar bolaýsady” diýip, ahmyr çekip öz pyssy-pyjurlyklaryny we ganly içgilerini döretdiler.
Bu nadanlar indi özlerini bedenlerinden we dünýäden uzaklaşandyr öýdýärdiler. Emma uzaklaşmagyň çyrpynyşyny we zowkuny kime borçludylar? Bedenlerine, dünýäge.
Zaratuştra kesellilere güler ýüz bilen çemeleşýär. Köşeşmelerine we gadyrbilmezliklerine hakykatdanam gaharlanjak bolup duranok. Hernä, em tapyp, päsgelçilikleri aşsalar we özlerine has kämil beden kemala getirseler bolýar.
Zaratuştra amala aşmajak hamhyýallaryna badaşan we gije ýarymdan soň hudaýynyň mazarynyň töwereginde aýlanýan em tapanlara-da gaharlanmaýar. Ýöne bularyň gözlerinden akan ýaşam syrkawlygyň we syrkaw bedeniň netijesidir.
Şahyrlaryň we hudaýa baknalaryň arasynda elmydama syrkaw köp bolupdy, olar aň ýetirip bilýänleri we iň täze hoşgylaw hüý bolan dogruçyllygy itden beter ýigrenýärler.
Hemişe yza, garaňky döwürlere seredýärler, emma ol wagtlar hamhyýallar we ynanç başga manyny aňladýardy. Akyl-paýhasyň telbeligi hudaýa meňzeşlikdi, şübhe bolsa günädi.
Men Hudaýa meňzejek bolýanlary gowy tanaýaryn, bular özlerine ynanylmagyny we şübhelenmegiň günä hasaplanmagyny isleýärler. Özleriniň iň köp nämä ynanýandyklaryny-da gowy bilýärin.
O dünýälere we halas ediji gan damjalaryna däl-de, bedenlerine ynanýandyklaryna şübhäm ýok, beden olar üçin hemme zatdan öňde durýar.
Ýöne şol bir wagtyň özünde beden kesellese, ony taşlap gitmek isleýärler. Munuň üçin ölüm pentlerine gulak gerýärler, hut özleri o dünýäleri wagyz edip başlaýarlar.
Doganlar, iň gowusy, meni – sagdyn bedeniň sesini diňläň. Bu ses dogry, dury sesdir.
Sagdyn, kemçiliksiz, oklaw ýaly göni beden dogry-dürs gürläp, dünýäniň manysyndan söz açyp bilýär.
Zaratuştra şeýle diýdi.

Terjime eden Has TÜRKMEN.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 207 | Добавил: Haweran | Теги: Fridrih Nişse | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Filosofiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Aydogdy  
1407
Ajaýyp eser, gowy terjime. Şeýle eserleri terjime edip, öz dilimizde okamak mümkinçiligini okyjylara ýetirýanler sag bolsun. Işiñizde üstünlik, galamyñyz ýiti bolsyn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]