04:45 Zenan hem bahar / liriki oýlanma | |
ZENAN HEM BAHAR
Türkmeniň arzyly pasly bolan bahar ýene-de gözel ülkämize gadam goýdy. Ussadyň «Bahar säher bilen başlady işe, Ak süýt guýdy erikleriň üstüne» diýip, wasp eden bahary, gör, indi näçenji gezek erikleriň üstünden ak süýt guýýar. Muňa garamazdan, ebedilik mukama öwrülen bu setirler kalbymyzda ýaşamagyny barha dowam etdirýär. Säher bilen baharyň ajaýyp işini – mawy asmany, ýapraklarynda säher çygy buldurap duran çigildemi, gülälegi, şahalarda parç bolan akja gülleri synlap, türkmen sährasynyň mähriban gujagynyň ysy siňen howany demiňe dartyp barşyňa A.Kekilowyň ýaz paslynyň gözel görküne bagyşlanan şeýle setirleri hakydaňda janlanýar: Gyş ýeňsäni berip, ummaga gaçdy, Gün ýagty şöhlesin äleme saçdy. Eredi ak garlar ala daglarda, Zeminiň bezegi gara baglarda. Açyldy al-ýaşyl, reňbe-reň güller, Şahasynda jak-jak urýar bilbiller. Tämiz ýaz şemaly öpýär ýüzüňi, Aýlanyňda çar tarapa gözüňi, Şähdiň açýar janly görnüş her ýanda, Gök mahmala giren gözel meýdanda. Hawa, setirlerde waspy ýetirilýän gök mahmala bürenen gözel meýdanlar şeýle bir şähdiňi açýar, hamana özüňi iň bagtly, iň şadyýan ynsan hasaplaýarsyň. Göýä tebigat: «Alyň, bu gözellikden gözleriňizi we kalbyňyzy isledigiňizçe gandyryň»diýýän ýaly. Eýsem, bu gözellikden ganmak mümkinmi?! Baharyň bagyşlan her bir täsinligine durkum bilen berlip, ussat aýtmyşlaýyn täzeçe ýaşasym, söýesim, döredesim geldi: Ýazyp seniň maňlaýdaky gasynňy, Sähranyň üstünde öwsende ýeller, Sen bu dünýä ýaňy inen mysaly, Täzeçe ýaşasyň, Söýesiň geler. Bu sähra, Bu uçmah bejerýär bizi, Bizem söýgümizden berip aklygyn, Bu ýaşyl ummana siňip gideliň Hem bolalyň bir bölegi päkligiň! Baharyň gözel ahwallaryndan aýňalyp bilmeýşime, öz-özüme şeýle soraglary berdim: Näme üçin zenan bahary gowy görýär? Ol näme üçin bahara meňzedilýär? Olaryň arasynda nähili bitewülik bar? Bu soraglar bolsa anyk jogaby alýançalarmeni öz erkiňe goýarly däl. Zenan — gözelligiň, näzikligiň, päkligiň, sadalygyň, ýaşaýşyň aşygy, söýginiň, mähir-muhabbetiň hyrydary. Ol bu dünýä özüniň şu aýratynlyklary bilen garaýar. Baharda bolsa onuň görmek isleýän zatlarynyň ählisi jemlenen. Ine, zenan bilen baharyň ruhy bitewüligi. Şu wagta çenli olaryň biri-birine meňzedilip gelinmeginiň aýrylmaz birligi. Durmuşda «Ýaz ýaly zenan», «Bahar göwünli maşgala» ýaly aýtgylara köp duş gelýäris. Bu aýtgylardan bolsa bahara mahsus alamatlaryň zenanda-da bardygyny görmek bolýar. Zenan bilen baharyň mynasybetiniň lirikadaky waspyny bolsa, elbetde, zenana berlen iň ýokary dereje diýip bileris. Şahyr: «A maňa dört paslyň zerurlygy ýok, Sen gülseň bar pasyl öwrüler ýaza» diýen setirleri bar. Bu setirlerde ýüzlenilýän zenan adatdan daşary güýje eýe bolup, onuň ýylgyryşy ähli pasyly ýaza – bahara öwürmäge ukyply. Zenanyň ynsan kalbyny, onda-da şahyryň duýgularyny gozgap bilýän şeýle ukyby, oňa «Dünýäniň sekizinji täsinligi» diýmäge esas berýär. Ýaz ýagşy... Asman yşkyny Ýere gowşurýan damjalar... Bular ýaşaýşyň, terligiň, päkizeligiň gözbaşy dälmi näme?! Mele topragyň ysyny äleme saçyp ýagýan ýagşy şahyr şeýle wasp edýär: Guý, ýagyş eziber tallaň saçlaryn, Geliber müň ýylky ýollaryň bile. Ýöne dag daşlaryn alyp gaýtma, Dag başynda ýatan silleriň bile. Sen tans oýna belent jaýlaň başynda Suw-sil et asfaltly daş-töweregmi, Hemem ilkidurmuş päkligiň bile Durla meniň bu şäherli ýüregmi. Gögüň gözbaş hanasynyň açylyp, dynman ýagýan ýagyşlar kalba ylham bolup dolýar. Ýaz ýagşyna ezilmegiň bagyşlaýan lezzetini bolsa bu ahwaly başyndan geçirenler bilýändirler. Çünki ol ene ýeriň süňňi bilen bir hatarda, ynsanyň ruhuny hem tämizleýär: Seretsene daşyňa! Çyk her ýana gezilsin. Telpek atma başyňa, Saçyň, ruhuň ezilsin! Ezil! Ezilýär zemin, Çykyp akyl-huşundan. Ýetiş! Ýogsa, bagt kimin Geçer gider duşuňdan. Waspy edilýän ýaz ýagşyna zenanlaryň juda meňzeşligi hakynda oýlanyp gördüňizmi? Zenan kalbyndaky näzik duýgular, ýyly mähir, çäksiz söýgi edil ýagyş mysalydyr. Käte olar gursaga sygmadyk mahaly Arşyň ylhamynyň ýagyş bolup inişi ýaly, ýürekden şygyr bolup syzylýar. Şonuň üçin türkmen zenanlarynyň hemmesi şahyrdyr. Eýsem, läleler, hüwdüler, monjugatlar munuň şeýledigini subut etmeýärmi näme?! Zenanlarymyz bilen pasyllaryň soltany bolan baharyň tebigatynyň biri-birine juda ýakynlygy türkmen sährasyny has-da gözel görke besleýär. Onsoň bu Watan, türkmen gelin-gyzlary, zemine kükräp gelýän ýazlar neneň gözel bolmasyn! Gurbanjemal ANNAKOWA, «Adalat». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |