12:44

Zenan kim?

ZENAN KIM?

Saçyñ birje tary ynjany üçin,
Kimdir biri gizlin aglaýan bolsa.
Hemmeden öñürti ýagty ertäñe,
Synmazak umydyn baglaýan bolsa,
Soñlanmaz sowaly "Hallaryñ neneñ?",
Jogaba ýaltanma, ol seniñ eneñ!

Haldan doýup, bir gün derde uçrasañ,
Kimdir ýagdaýyñy soraýan bolsa,
Seniñ ýa-da sen deý erkek göbekliñ,
Maşgalañ namysyn goraýan bolsa,
Çekmeseñ şol gara gulpakdan zyýan,
Ynamly gadam ur,
Ol merdem uýañ!

Çañ keçäñ kakylyp, gyzdyrlyp külbäñ,
Bir näzijek mähir çisñeýän bolsa.
Kyrk ýaşda-da, çaga garaşýan ýaly,
Ýoluña bakmasyn kesmeýän bolsa,
Hytaý galasydeý mizemez törüñ,
Çünki ony gorar wepadar ýaryñ.

Paýhas, parasatyñ gursagna guýlup,
Geljegni güneşde çaklaýan bolsa.
Mynasyp näz edip, mynasyp söýlüp,
Gyzlyk mertebesin saklaýan bolsa,
Ynamly gollarda dowamat yzyñ,
Ak geljege güwä gyzyñdyr gyzyñ.

Kerim HALLY.
Категория: Goşgular | Просмотров: 555 | Добавил: Мylayym | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kaýyllyk / Goşgular - 15.01.2023
Ода Анакреона / Goşgular - 07.02.2023
Сочувственное послание Сарре, графине Джерсей, по поводу того, что принц регент возвратил ее портрет м-с Ми / Goşgular - 10.01.2023
Ak goşgy / Goşgular - 04.02.2023
Ýoklugyňda / Goşgular - 22.01.2023
Бальмонт / Goşgular - 15.02.2023
Ölmezinden öñ ogluna ýazylan hat / Goşgular - 22.01.2023
Самострел любви / Goşgular - 25.01.2023
Е.Д.Дункер / Goşgular - 27.01.2023
Ода на истребление в России звания раба Екатериною Второю, в 15 день февраля 1786 года / Goşgular - 15.02.2023

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Şahymerdan  
81
Çañ keçäñ kakylyp...

Çañ basan keçäñ... ýa-da çañly keçäñ bolsa dogry bolardy. Goşgydaky bolşy tagaşyksyz we dogry manyny berip bilenok.

0
2 Şahymerdan  
81
Hytaý galasy?

Hytaý diwary diyjek boldumyka? eger şo bolsa onda Hytaý diwarynda tör ýok... ýöne bir uzap yatan diwar.

0
3 Yazik  
Sahymerdan dos mana sul gosgy yarady sen halamsan halandalsin welin yone gosgy manyly yazylypdyr at dakara zat yok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]