06:19

Zyna barada aýdylanlardan

ZYNA BARADA AÝDYLANLARDAN

Nowfyl Musahygyñ agasynyñ ogly goñşusynyñ gyrnagyny göwreli edýär. Nowfyl oña duşup:

- Eý, Allanyñ duşmany, iñ bolmanda azal etseñ (zenanyñ göwreli bolmazlygy üçin tohumlygyñy daşyna goýbermek) bolmadymy? - diýip soranda, ol:

- Azal etmek mekruhdyr öýtdüm - diýýär.

Onda Nowfyl:

- Mekruh iş etmekden gorkup zyna edýärsiñ. Sen, näme, zynanyñ haramdygyny bileñokmy? - diýýär.

* * *

Jahyz: "Bir adam aýdymçy gyrnak aýala aşyk bolup, onuñ yzynda sergezdan bolýar. Ol adamyñ dostlary:

- Beýdip ýörenden sen galyñyny töläp ýa-da eýesinden satyn alyp, oña öýlenseñ bolmaýarmy? - diýip soranlarynda, ol:

- Onda meniñ üçin gizlin we ogrynça duşuşyklaryñ, onuñ azat edilmegine garaşmagyñ, ondan onuñ eýesiniñ ýüz öwürmegine garaşmagyñ lezzeti ýiter - diýip jogap beripdir.

* * *

Bir çarwa umeýrany (ýagny, "eli gamçylamak", onanizm, masturbasiýa bilen meşgullanmak) gamçylaýan eken. Ony zyndana oklaýarlar. Ol şeýle diýýär:

Öýlendim elime, hiç kimde islegim ýok,
Zynadan gorandym, başga günä edemok.

Eger şu bolsa meniñ ýazygym,
Taşlaryn, garşy gitmen Halyga.

* * *

Sahhakalar (teletinbazçylar, ýagny lezbiýankalar) barada bir şahyr şeýle diýipdir:

Iki ot bir ýerde lowlap tutaşar,
Nadan iki ataşy bir ýerde ýakar.

* * *

Hezreti Aly (r.a): "Sahhakalar iñ uly günäkärlerdendir" diýýär.

* * *

Abu Gyna: "Bir gyrnak Nahasyndan Halaba gidýär we yzyna dolanyp barmakdan çürt-kesik ýüz dönderýär. Men ondan:

- Näme üçin yzyña dolanasyñ gelenok? - diýip soranymda, ol gyrnak:

- Eý, hojaýyn, meniñ eýäm ukudan turandan meniñ bilen oýnaşýar we suwa düşünmezden namaz okaýar, maña paýyş-paýyş sögünýär, Gurhany ýalñyş okaýar, diñe duşenbe we sişenbe günleri agyz bekläp, Remezan aýynda-da iýip-içýär. Ertir namazyny-da gün guşluk bolanda okaýar. Men neneñ beýle adama hyzmat edeýin - diýip jogap berdi" diýýär.

* * *

Wehp: "Zyna eden adama berilýän jezany görüp, ýedi gat asman we ýedi gat ýer aglar. Ýer bu ýagdaýy görüp, ony göterip bilmez" diýýär.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüñ berýär. Muhammet alaýhyssalam: "Imanyñ perdesi (eşigi) bardyr. Eger ol adam zyna etse, onda Allatagala ondan bu iman eşigini çykarýar. Haçan-da ol adam toba edende, Allatagala oña iman eşigini gaýdyp berýär" diýýär.

* * *

Ýene-de Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüñ berýär. Muhammet alaýhyssalam: "Ýedi gat asmandyr ýer zyna eden garry gojadyr kempire lagnat okaýar" diýýär.

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüń berýär. Muhammet alaýhyssalam: "Dowzahdaky adamlar zyna eden adamlaryñ jyns agzalaryndan çykýan ysa çydaman dat ederler" diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam Isra (Magraç) gijesi Arşa çykanda Jebraýyl bilen dowzaha aýlanyp ýörkä bir topar adamlary görýär. Olaryñ bir gapdalynda arassa, hoşboý ysly et, başga bir tarapynda bolsa oý-pikiriñe gelmejek şeýle bir porsy ysly maslyk eti bar diýýär. Ol adamlar hars urup maslyk etini iýýärler. Bu ýagdaýy gören Muhammet alaýhyssalam: "Eý, Jebraýyl, arassa, gowy tagamly eti goýup, maslyk etiniñ üstünde ölşüp oturan bu adamlar kim?" diýip soranda, ol: "Bular zyna eden adamlar" diýip jogap berýär.

* * *

Bir aýalyñ lakamyna "Rakkal Hafyr" (Naly ýukalan) diýer ekenler. Bu aýalyñ beýle lakama eýe bolmagyna onuñ erkeklere bolan islegi sebäp bolupdyr. "Erkek adam gözlemekden ýaña ýöräp-ýöräp onuñ aýagynyñ naly ýukalypdyr" diýýärler.

* * *

Sahybyl Mesalik wel Mämälik: "Kammardan başga ähli hindi şalary zyna rugsat edilýän zat hökmünde seredýärdiler. Men onuñ şäherinde iki ýyl boldum we ondan dini berk tutýan şany görmedim. Ol şerap içýäne we zyna edýäne ölüm jezasyny berýärdi" diýýär.

* * *

Bir adam başga biriniñ gyrnagyna seredýär welin, ýañky gyrnak: "Gözüñ göreji, nazar özüñki bolsa-da, zat başga biriniñkidir" diýýär.

* * *

Bir çarwa aýala seredýär welin, ol şeýle diýýär:

"Sen öýlenen, senden maña ne hajat,
Tagat et, göze seretmäñi bes et".

# Mahmyt ZAMAHŞARYNYÑ "Ýagşyzadalaryñ bahary" kitabyndan.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 1034 | Добавил: Нawеran | Теги: Mahmyt Zamahşary | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Koroleva Marguş  
Ajayyp ensiklopedik eser. Deyl Karnegiden adamkarcilik owrenjek bolyanlar, ilki Yagşyzadalaryñ baharynyñ 6 tomlygyny okamaly, başgasyna gerek yok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]