Результаты 1-20 из 298 по запросу Öwezdurdy Nepesow
ÝER YRANMASY
- Agşam ýer yrandy. Duýduňyzmy? — diýip, bolümdäki aýallar irden işe gelen batlaryna biri-birlerinden sorap başladylar. - Alla jan-eý, özüň goraweri. Ýüregim ýaryldy-la — diýip, Uly ylmy işgär Kümüş Söýäýewa ýakasyn towlap, üç sapar içine tüýkürdi.—Tutuş jaýymyz leňňer atyp dur gyz... - Men-ä hudaý ýoluna ýedi çapady aýtdym—diýip, Oguş Dönmezowa çalnyp ýerinden turdy-da, hemmeler eşider ýaly dabara bilen— A gyz, şol iki arada tutuş bir janlyny hudaý ýoluna... |
MUSA JELILE
![]() "Ýaşamak nähili süýji, Ne ajap ömri adamyň. Men weli häzir ölmeli, Bu aýdym soňky aýdymym." Musa Jelil. Awgust, 1943. Sen öldüňmi?! Ynanamok mähriban. Öldürdiler! Ýok, bu gury bahana. Seň aýdym geýimne girdiň,-ynanýan, Soň güneş deý, parlap çykdyň, jahana. Boz... |
18.
- Salam! Men Garyp Nuryllaýew! - diýip, ol “Kazbegini“ henizem eliniň aýasy bilen ýumşajyk owkalap oturan ýaşulynyň otagyna girdi. - Salam. - Ýaşuly öňündäki bulam-bujar kagyzlary tertipleşdirip, nämedir bir zatlar gözledi. - Hawa, näme gerek? Garyp bu ýaşulynyň özi bilen bagly habary bilmeýänini aňdy. - Men Gary Nuryllaýew. Berdi Kerbabaýew maňa irden soýuza gelmeli –diýip, obamyza telefon edipdir. Ýaşuly birden jana gelen ýaly boldy. - Berdi ... |
TÄZE ÝYL
Gyrawlapdyr gara zülpi gözelleň, Gar basypdyr daglaryňam kemendin. Görüp, küregenläp ýagýan ak gary, Çagajyk deý ýüregimden begendim. Bu günümiz - ertämiziň myrady, Bu günki gün ertir meniň geçmişim. Gök arçanyň, bol nygmatyň başynda, Gel, seň bilen hoşlalaşy ýetmişim! Dünýämize dynçlyk berip täze ýyl, - Aşyk ýigdi magşugyna gowşursyn. Şahyrlaň ylhamam daglardan inen, Bahar bulagy deý d... |
17.
Garybyň okuwa girendigi baradaky habar edil bir, ýyldyrym ýaly bolup, oba ýaýrady. Oňa kim begendi, kim gynandy. Oba bu gürrüňi ede-ede, köşeşdi. Garyp oba eli gipssiz bardy. Ol indi aý ýarym bäri bagda işläp ýördi. Institutyň rektorynyň teklibi geçmedi. Ogulsona daýza oňa kes-kellämi razy bolmady. Oňa sebäp bolanam, Myrry boldy. Myrry Garyp okuwda wagty onuň ejesini Gyzylarbat şäherini doktora görkezmäge alyp gideneken. Bu şäherde onuň aýal dogany Jeren ýaş... |
14.
Garyp matematikadan, himiýadan, biologiýadan hem bäş aldy. Indi onuň bir hepdelik berkidiş okuwy bardy. Oňa onuň takady ýetmeýärdi. Ol çaltyrak öýe gaýtmak üçin instituta gaýtdy. Ata henizem gelenokdy. Ýöne iki sapar jaň edip, özüniň eglenmeli bolandygyny aýtdy. - Gaýrat et, men barýançam garaş.Sözümiz sözdür... Gulýa-d her gün jaň edip durdy. Ol bir sapar gelibem gitdi. Ýöne ekzamenden geçenden soň, Garybyň hiç zat bilen weji ýokdy. Bar pikiri-hýaly obadady... |
12.
Garybyň bu şäherde, indi, barara gapysam, söýenere hossaram ýokdy. Gar basan sowuk Aşgabat içgysgynç, umytsyz köçelerini Garybyň öňünde açyp goýupdy. Ol bu gatbar-gatbar jaýlardan, sowuk, typançak buzuň üstünde nirädir howlugyşyp barýan adamlardan oňa delalat ýokdy. Wokzal niredekä?- Ol Aşgabada awtobus bilen gelipdi. Ýöne oglanlaryň “Ertire çenli wokzalda bolduk“ diýenleri onuň ýadynda galypdy. Ol haýdap gelýän adamlarň birinden wokzalyň haýsy tarapdadygyny soredy... |
10.
Garyp ir turdy. Bildiriş çap edilen gazeti eline alyp, gerekli dokumentleri, ýene bir laý tükelläp, tertipleşdirdi. Soň çaý goýdy. Saçak ýazdy. Saçagyň üstüne külçe, badam maňzeny, böwürslen mürepbesini goýuşdyrdy. Işik kakyldy. - Baýram aga, Baýram aga, gapykakylýar. Baýram ýüpek ýorganyny serpdi-de,ýeňillik bilen ýerinden turdy. - Kakam bolaýmasa. Ol agşamam gelen bolmaly.- Ol ýeňillik bilen baryp işigi açdy. - Aal-lam- diýip, gyz ses eşidild... |
AK GUWLARY ATMAŇ
Ötenleriň ruhuna öwrülip, Bu diýaryň zaryn çekip gelende. Ak guwlary atmaň, halys bolmasa, Atyň meni, atyň şolaň deregne. Oýlanyň, doganlar, gadym diýardan, Näçe eziz, näçe eziz ötendir. Bir ganaty umyt, birisi zardan, Gitdi olar, ötdi olar göterlip. Bu gün olar ak guwlara öwrülip, Biz diýip, biz üçin ýüregin üzüp, Guwlaryň keşbinde şatlanyp, gülüp, Guwlaryň dilinde nagmalar düz... |
7.
Baýramyň bolýan otagy giňdi. Ýylydy. Durşuna türkmen halysydy. Törde, diwaryň düýbünde iki krowat ýanaşyp goýlandy. Içerdäki telewizir, sowatgyç, magnitofon içerini birjikde daraltman, gaýta, içerä bezeg berýärdi.Ýokardan owadan ilýustra asylgydy. Penjiräniň bärsinde, ullakan stol durdy. - Gel, geç!- diýip, Baýram Garyba mürehet etdi.Garyp ýokary geçensoň Baýram Garybyň işikde çykaran yzy sökülen öl-myžyk bolan köwşüne egilip-egilip seretdi.Ýöne, sesini çykarmady.Ilki Baýr... |
AK GUWLARY ATMAŇ!
1. Ýanwaryň süňňünden baharyň ysy bark urýardy. Günbatardan, durşuna gury şaha bolup ýatan baglary aralap, öwüsýän şemal bir ýerlerden gül-gunçalaryň ysyny getirýän ýalydy. Munuň göwnüüňe bolmagam mümkindi. Dogup, indi ep-esli ýokar galan ýanwar gününe bakan köneje tigrini haýdadyp, sürüp barýan şilliň uzyn ýigit gaty bir möhüm habar alyp barýan çapar ýaly, töwerekdaşy bilen işi ýokdy.Ol gyşyň ortaky aýynda öwüsýän emal bilen bark urýan ýaz ysyn... |
2.
Mergen duralgada geçýän maşynlara elini galdyryp duran ýaş gelni görüp, maşyny saklady. Soň kabinany açyp: - Geliň! Münüň!—diýdi. Ol bir gujagyndaky çagasyna, birem el bulaýan şofýora seretdi-de, gelip, - Men Aşgabada barýan. Meni alarmysyňyz—diýdi-de, birdenem garaluw ýaly owadan gözlerini balkyldadyp, aňňalyp galdy. Birhaýukdanam: -- Mer-ge-en!—diýip, howsalaly aýtdy. Sen-mi?! Mergen maşynyndan düşüp, birneme kirlek görünýän holpuk, ýygyrt-ýyg... |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
1. Mergen täze jaýynyň ikinji gatyndaky eýwanyndan Günüň dogşuny synlap durdy. Iýul aýynyň dogumly Güni özüniň altynsow şuglasyny ýaş ýigidiň üstüne sahylyk bilen seçeleýärdi. Aşakda, mellegiň içinde Rejep aga egnine kiçijik kätmenini atyp, ekinlere aýlanyp ýör. Nobaraly aga sekiniň üstüne ýazylan düşegiň üstüne taşlanan ýassyga gyşaryp ýatyr. Howly tertipli görünýärdi. Çukurdan tä köne jaýyňň depesine çenli dalbarlanyp, çekilip, agaç germewlerde gal... |
12.
"Prawda” gazetiniň öz habarçysynyň, Wadim Sergeýewiň olar bilen raýkomyň birinjisiniň Mergeni yzarlap, ýörite gelmegi, olaryň ýaş mugallymdan pedagogikanyň meseleleri barada sud soragyny soragyny edip, gyzyklanmagy, onuň bilen bile 3-nji mekdebe, agşamky mekdebe gidip, klasyny görmekleri, okuwçylardan ýaňy işe başlan ýaş mugallym barada ilik-düwme soramaaklary, gaýdyşyn , Esenowyň ýolda gelýärkäler: ”Senden gaty gowy mugallym bolar, inim. Kesbiňden kemal tap” diýmegi Mergeniň sy... |
11.
Mergeniň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Mart aýynyň ýigrimi bäşine, onuň öýüne del myhman geldi. Täze jaýyň birinji gatynyň giň otaglarynyň birinde aýdym-sazyň owazy ýaň berýärdi. Ýaşy bir çene baran dolmuş pyýada çakgynyň çüýi ýaljak , kiçijik ýiti gözjagazlaryny ligirdedip, batly, gyryk sesi bilen "aldyň, aý , ýaş-şa” diýip şüweleň berýärdi-de, birdenem,”al, bally, şunyň-a bolmady. Hany, şeýleräk, şeýleräk edibem bir al bakaly, haý berekella” diýip, aýdym aýdýanyň gapdal... |
10.
Mart aýynyň başynda Rejep aga kartoşkany ýygdy. Öküzçeleri satdy. Şol hepdäniň aýagynda-da Mergene arassaja bäş müň manat getirip berdi. Gaçar alaly, bala. Howa gyzmagynça kärtişkäni ekeli. Mergen oňa müň manat pul berdi. -- Ata, özüň isläniňi saýla-da, alybergin.Näme kömek gerek bolsa-da, aýdyber. Gaty geň ýeri, Mergeniň Rejep aga bilen eken erikleri martyň ortalarynda edil bir ap-ak patrak bolup gülledi. Indi sekä akyp gelýän jana ýakymlyja howanyň ... |
9.
Mergeniň işe gitmeýänine bu gün eýýäm on gün bolupdy. Ol şu on günde Nobaraly aga bilen Gyzylarbat şäherine baryp, maşynyň hakyny hasaplaşyp geldi. Gyzylarbadyň haly fabrigine baryp, birinji gatdaky dört otag üçin dört sany ýedilik türkmen halysyny, koridor üçin iki üçlük türkmen halysyny satyn alyp geldi. Maşyny Köçek aganyň hasabyndan çykaryp, şu raýonuň içeri işler bölümine baryp,awtoinspeksiýada, öz hasabyna geçirdi. Öýi üçin telefon çekdirmek üçin Maral Meňliýewa ”M.A... |
8.
Kanikul tamam bolup, okuwa başlanan güni gar ýagdy. Beýle agyr gary bu ýakynlarda görnändiklerini Rejep aga-da, Nobaraly aga-da tekrarladylar. Mergen lap edip aýtmasa-da, bu gar çukuryň gap bilindee barýardy. Bu gary görüp, agyr howsala batan Rejep aga sygyryny sagyp, süýtli bedresini asdy-da, nirädir bir ýerlere gürüm-jirim boldy. -- Bally, peç oturtmasaga, heýwere sok boljak. Nämşetsek diýýeň?-- Nobaraly aga howsalaly gepledi. Onsuzam, Mergen bu gary görüp: "Ýaşul... |
7.
Mergen üçin aladaly günler başlandy. Ol üçünji mekdepde-de, agşamky mekdepde-de çärýegi jemlemelidi. Ol öýüň aladasyndan dynypdy. Iki goja hümmüldeşipjik, iş-aladany Mergene ýetirenokdy. Nobaraly aga öýe, oba ýagşy öwrenişdi. Indi onuň aýagy Rejep aganyň edýän emleriniň zarbyna, düýbünden aýrylyp gitmese-de, gowulaşypdy. Ýöne onuň bu ýerde öwrenişip bilmeýän bir zady bardy. Olam, hemişe Moskwa wagty bilen, ýerli wagty çalyşýardy. Eger äwüp-säwäp sagat soraýsaň, hökm... |
6.
Şenbe güni Rejep aga mergeni ýanyna alyp, miweli baglaryň nahalyny ýetişdirýän edara geldi. Bu edaranyň ýolbaşçysyna Arjyk aga diýýän ekenler. Ol Rejep agany gadyrly garşylady. -- Akim, Baris gurgunmy? Menden köp salam aýdyň. Rejep aga saglyk-amanlykdan soň, näme ýumuş bilen gelenini aýtdy. -- Bolýar, bolýar, gürrüňi bolmaz. Arjyk aga agranomyny çagyrdy. -- Rejep agamyza şol goýup ýören dört-bäş ýyllyk erik nahalymyzdan elli sanysyny ber. Ýigrim... |