Результаты 1-20 из 21 по запросу Ýylgaý Durdyýew

KOKTEBEL

Barýan agyr ýoluň bilen,
Meniň tukat Koktebelim.
M.Woloşin. 1914 ý.


Tebigy gözellik üýtgeşik bolýar,
Tebigy zehin hem ondan asgyndyr.
Bulut çökdi Gara dagyň üstüne,
Ymyzganyp ýatan deňiz tisgindi.

Kem-kem gök kenardan syryldy duman,
Ak geriş tolkunlaň gowşady saly.
Durlandy gözýetim, giden alyslar,
Göründi deňiziň ajaň şemaly.

Kenarda pytraýan tolkunlara bak,
...
Täzelikler » Goşgular - 12.12.2022

ÝYLGAÝ DURDYÝEW (1934-1997)

Şahyr Ýylgaý Durdyýew 1934-nji ýylda Balkan welaýatynyň Bereket şäherinde dünýä inýär. Ol 1953-1958-nji ýyllar aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ýokary bilim alýar.
Ýylgaý Durdyýew 1958-1962-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň edebiýat bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1962-1964-nji ýyllarda Aşgabatda aspirantur...

ÝERIM

Synasy gan bilen, gara der bilen,
hem ak säher bilen eýlenen, ýerim.
Düňle sähra bilen, takyr-gyr bilen,
hem teşnelik bilen saýlanan, ýerim.

Kalbyma siňendir ýazyň ýylysy,
Beýnimi bekitdi güýzüň ýylysy,
Seniň baýdak boýly gyzyň ýylysy,
Ýüregmi ýakanda oýlanan, ýerim.

Içeýin ak süýde garyp gandyňy,
Ýuwutmaryn lebiz bilen antymy,
Ene süýdi bilen ata pendini,
Gursagyma guýup aýlanan, ýerim. <...
Täzelikler » Goşgular - 07.03.2022

"INE WATAN DIÝIP.."

Açyk penjiräňden nur ýagyp dursa,
Ýagşy niýet, ýagşy keşbe uýarlar.
Depäňde lowurdap, Gün çogup dursa,
Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.

Şahandaz jahyllar, owadan gyzlar,
Özlerini guş dek erkin duýarlar.
Bir perdeden gopsa çalynýan sazlar,
Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.

Bir adamyň ba...
Täzelikler » Goşgular - 25.01.2022

DIRILIKDE DÜNÝÄ BIZ

Töhmetden, gybatdan saklangyn yrak,
dökülmesin ýüzüñ nury.
Päli ýamanlardan durgun gaçarak,
kütelmesin gözüñ nury.

Dogup gelýän güne meñze, adamlar
mañlaýyna sylsynlar.
Gyzarmagyn ýaşyp barýan gün ýaly,
diýme rehmi insinler.

Öz-özüñe meñze, hut şonuñ üçin
owadandyr dünýämiz.
Ölenden soñ aýtmak kyn
Dirilikde dünýä biz.

Ýylgaý DURDYÝEW.
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2021

ÝAZMALY WAGTYÑ

Şahyr Аmаnmуrаt Вugаýеwe

Püre-pürlär akyl käsäñ kyrkda,
Indi besdir, gezdiñ gezmeli wagtyñ.
Heniz öñde orta ýaş bar, gorp bar,
Geldi gaýnap-gaýnap ýazmaly wagtyñ.

Ýañyja-da "garaja oglan" diýerdik,
Bir-birege diñe daýy, ýegendik,
Şahyr bolup orta çykdyk, begendik,
Geldi kükräp-kükräp gyzmaly wagtyñ.

Il danadyr, tanar ýagşy-ýamany,
Ýaryşda öwülmez atyñ çamany,
B...
Täzelikler » Goşgular - 01.11.2021

Aksoltan kellesini çalaja galdyrdy-da, gapa tarap boýnuny uzatdy:
– Gyzym, göwnüme bolmasa, hümürdi bar ýaly. Hany, daşaryk bir çykyp gör, daýyň dagy gelen däldir-ä?
Eneşiň ýeňillik bilen ýerinden turup, gapyny açany-da şoldy weliň, daýysy salam berip, gapydan girdi. Ol tamyň töründe düşekli ýatan doganyny görende birhili boldy. Ýerinden gobsunjak bolan Aksoltanyň egnine elini ýetirdi.
– Ýatyber, ejeke, ýatyber. Ýeriňden gozganma. Men asyl, Amanmämmet aga aýtsa-da, beýle dü...
Täzelikler » Powestler - 18.08.2020

ENEŞ

Nemes faşistik basybalyjylaryny derbi-dagyn etmege bütin sowet halky gatnaşdy. Stanogyň başynda duran işçi-de, «ak altyn» öndürýän kolhozçy-da, «gara altyn» öndürýän nebitçi-de öz iş ýerlerini goýup, fronta gitdiler. Aýallar, ýetginjekler, hatda çagalar olarys işlerini togtatmadylar.
Ýylgaý Durdyýewiň bu powestinde hem demir ýolda strelkaçy bolup işleýän Aşyryň ornuny aýaly Aksoltanyň, soňra bolsa mekdepde okap ýören gyzy Eneşiň tutuşy barada gürrüň berilýär.
...
Täzelikler » Powestler - 18.08.2020

NOÝABR HAKDA

Noýabrda güýç peseler adamda,
Gündizler gysgalyp, gijeler uzar.
Öňküden azalar gelim-gidim-de,
Käte ýekelikden çekersiň azar.

Käte ýel öwüser, gar gatyşykly,
Käte sowuk damja depäňden iner.
Käte daş çykarsyň agyr eşikli,
Baharyň nagyşly käsesi synar.

Hiç kim höwes etmez seýil baglary,
Guşluk bolsa, soňra öýle-de bolar.
Ýagmyr ýagar, bulut bürär daglary,
Dünýä döräp şeýle, şeýle-de b...
Täzelikler » Goşgular - 10.11.2019

Йилғай Дурдиев (1934-1997)

Йилғай Дурдиев (Ýylgaý Durdyýew) — Туркманистон халқ ёзувчиси. 1934 йили Берекет туманида туғилган. Туркманистон давлат университетини тамомлаб, турли йилларда «Адабиёт ва санъат» газетасида, «Совет адабиёти» (ҳозирги «Қорақум») журналида, Туркманистон Ёзувчилар уюшмасида, Маданият вазирлигида ишлаган.

МАКСИМ ТАНКГА

Инсон фарзандига қодир табиат
Барча бойлигини этганда эҳсон.
Вахш билан си...

Täzelikler » Goşgular - 05.01.2019

SENSIZ ÝAŞAMAÝYN GARRAN ÇAGYMDA

Kaýsyn Kulyýew

Ganyma gatyşdy söýgiň, yhlasyň,
Sensiz ýaşamaýyn garran çagymda.

SAG BOL, TOMUS!

Diýýärler: «Otdanmyş tomsuň asly»,
Belki-de bu sözler bardyr ugrunda.
Ýogsam, şahyrlar hem ot ýaly pasly,
Taryp etmezdiler otly şygrynda.

Uly-kiçi küýsär salkyn saýany,
Sowuk suw yssyny azrak ýeňer.
Depesine tutup gök saýawany,
Gyzlar gür baglygyň goýnuna s...
Täzelikler » Goşgular - 04.08.2018

ŞAHYRYM
Şahyr Mämmet Seýidowa

Ukudan oýanyp aladaňdanlar,
Parlak Güne salam beren şahyrym.
Topraga ak nurun sepende daňlar,
Saýrak guşlardan ir turan şahyrym.

Gerdeniňden basan wagty tukatlyk,
Çigrekli säherler beripdi aklyk,
Ynsabyň gowulyk, arzuwyň päklik,
Kän-kän şatylary gören şahyrym.

BU ÇÖLLER

Munda ýaşap geçdi ata-babalar,
Dostlar, Hydyr gören çöldür bu çöller.
Ýazlagynda ýa...
Täzelikler » Goşgular - 04.08.2018

GOŞA BAHAR GELSE...

Sahabatly ýerim, eziz höwürtgäm,
Uzak ýaşar suwundan bir owurtlan,
Säher bilen seň howaňy ýurudýan,
Jemalyňa dünýäň geň galan wagty.

Gök Hazar dörändir ajy deriňden,
Ol döwürler asyl gitmez serimden,
Indi ot çykýandyr basan ýerinden,
Galkyndyň goşa ýaz deň gelen wagty.

Babalarmyň huny ýatyr synaňda,
Atalarmyň gany ýatyr synaňda,
Ylham gelmän mahal-mahal gynanda,
Derýa dek çy...
Täzelikler » Goşgular - 04.08.2018

Dostlarym, bar size şeýle sargydym,
Ownuk hossarlykdan dyndaryň meni.
Çybyklary gyradeň däl daragtyň,
Eselsem, kötekläp syndaryň meni.

Ýaşamda ýaşaýyn adam şekilli,
Wyždanyňa görä gezmek ýakymly,
Boljak bolsam, öz-özümden akylly,
Gaýadan başaşak inderiň meni.

Eger düýä münüp hataba buksam,
Çemçeläp ýygnanmy, çanaklap döksem,
Il-günüme gyýa göz bilen baksam,
It alan sanaja dönderiň meni.

Yhlasym,...
Täzelikler » Goşgular - 01.08.2018

Ýylgaý Durdyýew

▶ TOPRAK

Gadymy Anteýiň aýagyn diräp,
Gyssanan çagynda güýç alan ýeri,
Süňňüm seniň bilen mäkäm badaşan,
Nämäni tutaýyn senden ileri.

Oýarýarsyň säher bilen ukudan,
Daň jemalyn ýüze sylmak ýagşy-la!
Gülleriň gözüňi deşip barýandyr,
Maýsalaň ezilýär bahar ýagşyna.

Egni gök begresli tekiz meýdanlaň
Ak bagtym ýalydyr ak atyzlaryň.
Alyslar ýagtylýar geljegim ýaly,
Gol bu...
Täzelikler » Goşgular - 11.06.2018

ÝYLGAÝ DURDYÝEW

▶ DAG HEM ADAM

Daglar adamlara meňzeş bolýandyr,
Olaň hem içinde beýgi-pesi bar.
Tebigat daşlara, çal gaýalara,
Terjimehalyny keşdeläp ýazýar.

Ony okap bilýär aňly adamlar,
Aňsyzlar aňmazlar beýle zatlary.
Saňa gürrüň berer nuhuň döwründen,
Ýagyşyňdyr ýagmyryň alamatlary.

Bu joşgunly, akar suw ýaly durmuş,
Daşa ýazýar ynsan terjimehalyn.
Dag ýaly adamlar daýanyp daga,
...
Täzelikler » Goşgular - 11.06.2018

GARAGUM

Diýýän sözlerime gulak goý, gardaş,
Suw meniň gamymdyr, topragym – tenim.
Garagumuň reňkine çalymdaş,
Meniň güne ýanan goňras bedenim.

Ýedi gat toprakdan nem syzyp ýatan,
Sazagyň köküdirr meniň damarym.
Seň gara synaňa gül ýazyp ýatan,
Bol suwly derýamdyr altyn kemerim.

Çopan ody ýaly közürgär durar,
Maňa meşgeş beren gara gözleriň.
Hernä meňzesem-de, seniň howaň dek,
Guraksy bolmasyn di...
Täzelikler » Goşgular - 11.06.2018

ÝATLAMA

Geçeni ýatlamak ynsana kada,
Menem iller ýaly şol kada maýyl.
Ýelýürek jahyldym seniň husnuňa,
Badyhowa göwün bolanda maýyl.

Arzuw kyldym-bahar bolsam bagyňda,
Gözlerimde çakdy otly ýyldyrym.
Iki dünýä sygmady bir gursaga,
Hasabyn kim berer köýen ýyllaryň?

Onuň üçin senden soralmaz hasap,
Menem özüm üçin çykarman kanun.
Ýyllar hem etjegin soraman eder
Höküm bolar eken beýle-de zabun. ...
Täzelikler » Goşgular - 11.06.2018

GOJA OÝLANÝAR

Suratyny alyp köne hramyň,
Daglaryň üstünden syryldy duman.
Içinde ýatan dek, haşamly jamyň,
Güne owsun atýar, durna göz Sewan.

Alysda dumanly daglar görünýär,
Guşlar dury suwda kakýar heşelle.
Ukusyz adam dek, bulut gerinýär,
Köne ýyl öwrümde, bu-da kyrk çille.

Ybadathanada ýüz ýaşly goja,
Ararat dagyna intizar bakýar.
Dodaklary tebsireýär çalaja,
Kim bilýär, kalbynda nämeler gopý...
Täzelikler » Goşgular - 11.06.2018

ÝATLAMALAR

Kalbym käte azar berýär tomusda,
Ajy ýatlamalar üstümden gülýär.
Ejizleýän, basmarlaýar gam-gussa,
Şonda-da durmuşda ýaşasyň gelýär.

Maňa balyn hödür edýär balçylar.
«Git» diýýärler Gara deňziň boýuna.
«Saglygyňy dikelt, keýpiň açylar,
Tomaşa eýleseň gülroýyna».

Men durmuşda kän dostlary ýitirdim,
Olaryň öwezin doljak zat barmy?
Olar bilen kän meýlisde oturdym,
Gökden sepeleýän ýagyşm...
Täzelikler » Goşgular - 11.06.2018


1 2 »