TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ AKADEMIGI
Edebi mirasymyzy halka ýetirmekde iňňän uly hyzmatlary eden Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň işleriniň bibliografik görkezijisinde: «Ataly aga öz ogullarynyň ilkinjisine «Baýmuhammet» diýip at goýupdy. Ilkinji perzent 1914-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Gökje obasynda dünýä inýär. Hakykatdan-da, onuň geçen ýoly adatdan daşary baýdy, dürlüligi hem üýtgeşikliligi bilen tapawutlanýardy» diýip ýazylypdyr. Şol üýtgeşik baýlyk bütin... |
PIDA Älem bilen bagly bu wakany maňa bir wagt enem pahyr gürrüň beripdi. Olam enesinden eşidipdir. Menem bu wakany okyjylara gürrüň bermegi ýüregime düwdüm. * * * Älem ýüregi gursagyna sygman, begenjinden uçaýjak bolup gelşine obalaryny etekläp oturan ene ýabyň raýyşyna çykdy. Obalary, onuň töweregini gallap oturan belentli-pesli baýyrlar, günbatarda ýazylyp ýatan gök ýapynjaly meýdanlar eliň aýasynda ýaly göründi. Älemiň gözlerinden ýaş paýrap gitdi. Ol edil jan... |
LUKMAN Men iş wagtymy soňlap öýe gaýtjak bolup durkam, ilkinji perzendini dünýä inderip bilmän urnup-urnup ysgyn-mydary gaçan gelni hassahana getirdiler. Gelniň öňem bir derdi bar bolmaga çemeli onuň gymyldamaga-da mejaly bolman sus bolup ýatyrdy. Oňa tyg çekmäge-de dözer ýaly däldi. Çaga uludy. Ony çalam – çaş bolup ýatan enäniň göwresinden çykarmak aňsat däldi. Haýal-ýagallyga salsaň ikisi üçinem howplydy. Baş lukman ony halas etmegi maňa tabşyrdy. Men ýaýdandym. Her gezek iň ... |
ÝAR OJAGY
"Seň yşkyňda ömür baky perwana, Bu dünýä bir ýana, senem bir ýana, Täleýim, goý, dartybersin her ýana, Maña gaýry yşk oduna köýme ýok." G.Ezizow. Ýüregim gysdy-da, gijara gezelenje çykdym. Bir gapdalym elektrik yşyklaryna lowurdaşyp asman bilen bäsleşip oturan gözel ymaratlar. Beýleki tarapymda şaýol uzalyp ýatyr. Ýanýol bilen günorta tarap haýaljak ädimläp barýaryn. Asmanam, ýerem, hatda eginleşip oturan çynarlaryň üs... |
HOŞLAŞYK Ganym uruş ýerden ýöräni bir maksada gönükdirdi. Bir adama öwürdi. Gije-gündize parh galmady. Uly-kiçi her kim öz ornunda ýan bermän duşmany ýer garbadyp, ýeňişe ýetip, goç ýigitleriň sag-aman dolanyp gelerine uly umyt bilen garaşdy. Meýdandaky işleriň bary gelin-gyzlaryň gerdenine düşdi. Ýigitler gidenden soň gowaçany otaýanlaram, çürtýänlerem, suwarýanlaram olardy. Gazy işlerem gelin-gyzlaryň başyna düşdi. Olaryň näzijek ýüzleri güne ýanyp akýagyzy, garaýagyzy bir reň... |
ŞIRIN SÖZLI ÝAZYJY
Sözüň jadylaýjy güýjüne imrinip, ykbalyny döredijilige baglan ýazyjy-şahyrlaryň her bir eseri, ömür ýoly hiç bir adamy-da biparh goýmaýar. Sekiz onlugy arka atan halypa ýazyjymyz — Şirinjemal Geldiýewa hem edebiýatda, hem ylmy işlerinde özüniň tutanýerliligi, zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýar. Biz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, flologiýa ylymlarynyň doktory Şiri... |
ERENLER ÝÖRÄN ÝOLDUR BU ÝOL
Ýol — erenler hasasyny süýräp geçen mukaddes ýol. Ýol bar ýerde hem il bar. Ýol — özgeriş hem geljege barýan arzuwlar. Ýol baradaky pikirleriň çuňňur manylylygy bolsa, eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde açylýar. Türkmenistanda alymlar tarapyndan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna degişli ençeme ylmybarlag işleri alnyp baryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän şäherler we olar hakynda taryhy, arheologik, etnogra... |
MÄMMETMYRAT
Mämmetmyradyñ näçenji ýyllarda eneden bolup, haçan aradan çykandygyny anyk görkezýän maglumat ýok. Ýöne şahyryñ eserlerinde beýan edilýän wakalardan, duş gelýän atlardan onuñ XIX asyryñ ahyrlarynda Gökdepede, umuman Ahal sebitleeinde ýaşap geçendigini anyklamak bolýar. Mämmetmyradyñ "Söweş keýpiñ bolsa, meýdana gelgin" goşgusynda getirýän atlary, Orazmämmet hany taryp edip ýazan odasy-da ýokarky pikirimizi tassyklaýar. Orazmämmet han XIX asyrda Ahal töwereklerinde tanalý... |
ÝÜREKDEN ÝÜREGE ORNAN ŞAHSYÝETLER |
DERDESER
Toý sähedi bellenmelidi. Bellenmedi. Bir güniň içinde girip-çykyp ysgyn-mydary galmadyk gyz, tä gün batyp, garaňky düşýänçä, umytdan düşmedi. Garaşdy ... Ýarygije başyny ýassyga goýan gyz, kirpikli gözüni çalyşman, hopugyp ýerinden galdy. Daşaryk çykdy. Gije gündizlik ýaly ýagtydy. Süýji-süýji arzuwlaryňy paýlaşyp, ýürekdeş ýigit bilen eginleşip gezmeli gijelerdi. Aý bir geňsi bolup ýalpyldap gyza ýylgyryp seredýän ýalydy. Gyz uludan bir demini alyp, Aýa ýüzlendi: &b... |
GÖREŞ Daňyň düýbi ýagtylandan Jennet keýik owlagy ýaly bolup, atylyp öýden çykdy. Ertiriň tämiz howasyndan dem alyp asman bilen zeminiň birleşýän ýerine çenli söýgi bilen nazaryndan geçirdi.Ol ýaşyl ýapynjaly depeleri, magallaklap görünýän kert-kert daglary gözýetimdäki zatlaryň hemmesini begenjine sygsa gujagyna gysaýasy geldi. “Meniň dünýäm-de, baýlygym-da, janym-da siz. Dünýä inip alla janyň maňa peşgeş beren gudratlary-da siz, eziz topragym, hiç wagt sizden jyda düşmäýin. Si... |
IKI DÜNÝÄ Iki juwan şäheriň ortarasyndan demirgazykdan günorta tarap geçýän şaýoluň ugry bilen haýaljak ädimläp barýardy. Ýoluň iki tarapynda ak mermere beslenip lowurdap oturan jaýlar biri-biriniň gapdalyndan düzülip, agşamyň şapagyndan dürli reňk alyp täsin öwüsýärdi. Ýanýoluň iki gapdalyna düzülen depesi asman bilen bäsleşýän baglaryň üstünde şadyýan saýraýan guşlar ýaşlary şirin owaz bilen ýola salýardy. |
BÄGÜL
![]() Üç gyzy deňli-derejeli edip öýden çykaryp goýberdim. Olaryň biri närazy bolup gitdimi? Sen nähili çaga bolduň. Ne atany diňleýäň ne enäni, ne-de agany. Şu adamlaryň saňa ýamanlygy barmy? Aýt, bar bolsa eşideli. Näçe gündir gyzyna gepini geçirip bilmän, paltasy daşa degip duran Myratgeldi aga ahyr-da namys edip, gyzyna iň soňkusyny diýdi. Ol törde ýüzüni asyp baýdak ýalyjak bolup ot... |
ÇYKALGA Ýerden ýaňy saýlanan gün äleme altyn şöhlesini çaýypdy. Başyny aşak salyp gidip barýan garry, diňe ýoluny görýärdi, onuň gözüne başga zat ilenokdy. Ýogsam onuň ýoluň ugrundaky seteran baglar, baglardan aňyrda ýazylyp ýatan uç-gyraksyz pagta meýdanlarynda aýagyny basmadyk ýerleri ýokdy. Bilini berk guşap pelinem çekipdi, ýabynam gazypdy. Deň-duşlary bilen ýomak atyşyp, daş-töweregini ala-ýaz edip, ir-ertir, giç-agşam bu ýollardan az geçmändi? Hakydasyna getirse, bu ... |
SYNAG Aşgabadyň Magtymguly şaýolundan haýaljak ädimläp barýan gyz ýoluň sag tarapyndan hatar gurap gelýän gelnalja gözi düşüp sakga aýak çekdi. Ap–ak guwa meňzäp süýnüp gelýän ak „Wolga” bir giden maşynyň başyny çekip al–elwan atgulaklaryny pasyrdadyp gyzyň deňinden geçip gitdi. Şaýoluň iki tarapyndanam maňlaýa sylynyp ugradylýan gelnaljy ýola bezeg berip şol gidip otyr. Gyzam ony maňlaýyna syldy. |
UMYT Gijara obanyň içinden ylgawyny ýazdyrman ýoňsuz aralygy ýyldyrym çaltlygynda geçen oglan gara dere batyp gapylarynda daýandy. Ol gabsalaryny batly açdy. Iç işikde diriň-diriň bökdi. |
SÄHRA Jorasynyň getiren habaryna üstünden gaýnan suw goýberilen ýaly boldy. Ojagyň başynda aýaklary diýenini etmän, gapdalyndaky tam kepbä arkasyny diredi. Ol öz ýanyndan pyşyrdap diýen ýaly gürledi. |
ZENAN HÄSIÝETI Çagalykdan gelnejemiň elinde galdym. Aslynda ol ýaramaz aýal däldi. Jigilerimiň häli-şindi ýüzüni alyp duranokdy. Ýöne diýenini etmedik wagtym ol meni sylap duranokdy. Içeriniň işlerini diýdirmän, edip ylgap ýörem soň, ol meni erkek doganlarymdan ileri tutýardy. Eline bir zat düşse, özi geýmän maňa geýdirýärdi. Öýe bir zat gelse biz bilen deň-derman paýlaşyp iýýärdi. Özümden uly doganymy öýerenlerinden soň, gezek maňa ýetdi. Dogrusyny aýtsam gelnejemiň meni çykarasy gel... |
BAGYŞLA... — Bägül, saňa näme boldy? Ýüzüň ak tam-la!. Ejizläp süňňi gowşan gyz ýüzüni galdyrdy. Onuň gözlerinden ýaş paýrap gaýtdy. |
GARAŞARYN ... Aýyn bolmasa, Aýnur ýene gyzlar ümä üýşdigi, şol bir söhbetine başlaýar: „Wah, wah, jeňe gidip jeňde galan gerçekler ata ýurdynda beýle düzgünleri, beýle-beýle derejeleri görmänjik gitdiler-dä? Haýp, haýyp. Ýag iýip, ýüpek geýip, ýaýnap ýaşamaly zaman geldi. * * * Aýnur, saňa ýalan maňa çyn, sada çopanyň ýagd... |