Результаты 1-20 из 39 по запросу Aýsapar Emelowa

INDİ BİLDİM

"İnsan, insan derler idi,
İnsan nedir, şimdi bildim''
(Muhyiddin Abdal)


Ynandyryp, undulamsoň,
Agylarym ýuwdulansoň,
Dertlerimi hüwdilämsoň,
Wepalynyň, biwepanyň
kimdigini şonda bildim.

Galp ötünji bagyşlamsoň,
Ynjylarymy hünjä öwrüp,
Ýüregime nagyşlamsoň,
"Saňa sözüm söz" diýdiler,
Lebiz näme, şonda bildim.

Tapanlarym gideremsoň,
Söýenjimi ýi...
Täzelikler » Goşgular - 05.09.2023

AÝ TUTULMASY

Gülkilerim bar gözýaşly,
Agymda bar ýylgyryş.
Ýüregim—daş, berdaşly,
Göwnümde bar ýygralyk.
Ruhumda aýralyk bar,
Bedenimde yzalar,
Duýgularym—terkidünýä,
Umydym her gün azalar.
Azaşan hyýallarym bar,
Al asmana uçup barýan
hemem bir egoist bar,
Bu dünýeden göçüp barýan.

***
...
Täzelikler » Goşgular - 29.08.2023

GEŇ...

"Söýenmiň yzynda kän ýyl selpedim,
Il söýse-söýmese aýal edinýär"
(Seýitmyrat Geldiýew)


Bu dünýede ýaşamak kyn ogşaýar,
Arzuwlarma meň ýerime ýeten bar.
Iller gyzyl keteni geýip toý tutýar,
Geň...
Meň paýymda irde-giçde kepen bar.

Haýyryň hem şeriň saçagy bile,
Bu gün dogry müň ýalany goraýar.
Illiň köne donun gutlaýan dünýä,
Geň...
Meň täze kepenmiň nyrhyn sor...
Täzelikler » Goşgular - 15.08.2023

ÝİGİT GÖWNİ

"Ýörite ýag bilen saçlaryn daraýan" ýigitlerden däldi ol. Belki: "Wagtdanam ozup barýanlardanam" däldir. Ýöne welin: "Şeýle ýigitler bar, olar bar entek" diýilýänlerdendigi hak.
Ol bu günem hemişeki ýaly ir oýanyp, daýysyna kiçi, özüne uly bolýan köýneginiň ýeňlerini çermedi-de, tapjanyň gapdalynda duran künnügi alyp ýüzüni ýuwdy. Daýzasy çaý taýýarlapdyr. Ýart...
Täzelikler » Hekaýalar - 14.08.2023

Aýsapar Emelowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Anna, 04.08.2023 ý.


Özbekleriň bir degişmesinde: "Öňler ogrularyň elini çapýan ekenler. Ine, biziň bratoklaryň el çarpyp oturşyna seret" diýip ogurlyk aýdym aýdýanlar tankyt edilýär. Bizde-de bar şeýle el çarpyp oturýanlar. Aslynda olaryň arkaýyn el çarpyp oturmagyna özü...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 04.08.2023

MENİŇKİ DÄL...

Özümiňki däl bu ýetilen menzil,
Meniňki däl ýyllar, meňki däl ýalan.
Özge ädimleri yzladym sessiz,
Meňki däl poeziýa, meňki däl galam.
Özgä ýazylan sözler,
Setirler,
Rifmalar,
Meňki däl olar.

Özümiňki däl meň eginlerimem,
Olar her gün ýat dertleri daşaýar.
Hatda ömrümem özümiňki däl,
...
Täzelikler » Goşgular - 16.07.2023

SEN MAŇA DÜŞÜNMEDİŇ

Ýürek saña amanatdyr,
Ömrüm saña serpay bolsun!"
Diydim, diledim Allahdan
"Dileglerim berjay bolsun!"
Päk söýgiñe ömür diledim,
Ynam diledim kalbyña,
Emma sen ne meni söýdüñ,
Ne-de ynandyñ maña,
Arman, maña düşünmediñ,
Wah, maña düşünsediñ

Öz dünýämi terk eýledim,
Göçüp bardym s...
Täzelikler » Goşgular - 28.06.2023

MEN-MENLİK

Şabadyň boýundan ýöräp gelýän men-menlige gözüm düşdi. Tüýs men-menlik diýseň men-menlik-dä. Ýüzini göge tutup, saýawanyny pyrlap, el torbasyny galgadyp, Pariž podýumlaryna çykan model ýaly gaýşaryp ýöräp gelýär. Owadanam-da ýerçeken. Bolmasa beýle men-menem bolmazdy welin... Biraz saklanyp töweregine göz aýlady. Gapdalyndan ötüp barýan adamlara göýä dünýäň eýesi ýaly ...
Täzelikler » Hekaýalar - 19.05.2023

BİR ŞEY

Ben bir yagmur damlası olsam ya,
Çöllerde susayan çobanın dudaklarına damlasam.
Ben bir şebnem olsam ya,
Yaprakların üstünden güneşe baksam.
Ben bir su olsam ya,
Ateş dolu kalplere aksam.
Ne güzel olur, değilmi?

Ben bir kar olsam ya,
Dondursam gülümseyen yüzleri,
Bir birine mutlu bakan gözleri,
Va...
Täzelikler » Goşgular - 18.05.2023

SORAG

Saňa, kitap okap bereýinmi?
Ýüregimde gopýan gowgalar hakda,
Heniz ýazylmadyk romanlar hakda,
Maňa görülmedik rowalar hakda,
Kitap okap bereýinmi?
Ybarat ol, bölek-büçek sahypalardan
hemem şoňa meňzeş hakydalardan.

Saňa goşgy okap bereýinmi?
Aý ýüzün görmedik gijeler hakda,
Jüpüne täk düşen bijeler hakda, ...
Täzelikler » Goşgular - 02.05.2023

GÜLGÜNE KÖÝNEKLİ GYZ

"Mawy sakal" hekaýasyndan täsirlenme.

Älemgoşaryň ähli reňklerini özüne bezeg edinen kebelek gülgüne köýnekli gyzyň iki örüm saçlaryna gelip gondy. Gülgüne köýnekli gyz olar bilen kowalaşdym oýnamaga başlady. Çopantelpekleriň arasynda ylgap ýören gyzjagazyň şadyýanlygy, bagyň gyrasyndaky töňňede, piline söýenip dynç alyp oturan bagban gojanyň gamgyn ýüzüni biraz ýylgyrtdy....
Täzelikler » Hekaýalar - 29.04.2023

ÖMÜR

Geldim,
Ýalança dogruçyl gerek däl eken,
Olar kän eken.

Ýaşadym,
Öli ýaly diri bolup,
Her gün öz-özümi bogup.

Ýazdym,
Gara kagyzy ak etjek bolup,
Sözleri ýarama em etjek bolup.

Söýdüm,
Boldum jelladyma aşyk,
Belki söýdüm çenden aşa.

Üşedim,
Maňa ot gerek ýanar ýaly,
Ýene biraz ýazar ýaly....
Täzelikler » Goşgular - 29.04.2023

SENİ DÜÝŞÜMDE GÖRDÜMMİ?!

Seni düýşümde gördümmi?!
Ýalbarýaryn, düýşüm bolup galma ýar.
Kalbymdaky iň soňkyja umydym,
Seniň adyň tutup zaryn aglaýar,
Daglaýar ýüregmi ägirt gussalar,
Gursagymyň çep tarapy kesilýär.
Diňle bu kalbymyň gamgyn owazyn,
Matam tutup, ýatlamalar ses edýär.

Seni düýşümde gördümmi?!
Göz öňüme geldi ýylgyryp durşuň.
...
Täzelikler » Goşgular - 27.04.2023

DÜŞNÜKSİZLİK

Atdaş!
Seň bilen gürrüňdeşlik...
Meni saňa ýetirýär,
Seni maňa getirýär,
Gulagymda ýaňlanýan:
R&B,
Bruno Mars,
"Talking to the moon"
hemem men,
Notalara siňen duýgymy guçýaryn,
Men saňa uçýaryn.

***

Atdaş!
Ýata dogupsyň-la?
Biraz solupsyň-la?
Ýa irdiňmi menden?
Gelmesem özüň bar...
Täzelikler » Goşgular - 24.04.2023

GÜNDELİGİMDÄKİ ÝAZGYLARDAN

Özüme gelendirin öýdüpdim. Al kakmyş, henizem huşumda däl ekenim.

***

Men dogrymy aýtdym. Seniň maňa ynanmaýanlygyň, meniň ýalançydygymy aňladanok!

***

Her gül her bagda gögerýän däldir. Şonuň üçin öz bagyňyzda düýp tutaýjak güli saýlaweriň, hormatly bagbanlar!

***

Ynsan oglun...
Täzelikler » Sözler - 20.04.2023

GÜNDELİGİMDÄKİ ÝAZGYLARDAN...

Salam, gadyrly dostum!
Bilýäňmi näme, men ýat şäherleri juda söýýärin. Ýöne men hiç haçan olar bilen tanyşmak islemedim. Sebäbi ýat şäherlerde ýatlamaň ýokdur. Onuň hemme zady ýatdyr.
Ýollary, şemaly, agaçlarynyň yrgyldaýşy, ýagyşy, asmany, buludy, güneşi, adamlary... ähli zady nätanyş. Men şol nätanyşlygy söýýärin. Käte ýollara uza-a-ak seredip durarsyň, o ýollar hiç k...
Täzelikler » Oýlanmalar - 14.04.2023

Aýsapar Emelowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

04.04.2023 ý.


• "Sen kime gerek?" ''Il-gün näme diýer?"

Bu jümleler astynda köplenç gyz çagalar terbiýelenýär. Şeýle diýmek bilen gyz çagalaryň aňynda "Kimdir birine gerek bolmak" pikirini döredýärler. Durmuşda kabul etjek kararlaryny ýokarky iki jüml...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 04.04.2023

GİTME


Gitme, gitseň günüm dogmaz ir säher,
Gitme, gitseň bahar dolanmaz gaýdyp.
Sensiz gama batar Daşoguz şäher,
Sensiz yşgym hakda ýazylmaz aýdym.

Gitseň goşgularym edilmez tankyt,
Bu ellerim asla tutmaz galamy.
Sen meniň göwnüme ýeke tesellim,
Sen—çynym içinde şunça ýalanyň.

Sen gitseň ýalňyz men garabaşyma,
Sensiz meni kynçylykly ...
Täzelikler » Goşgular - 02.04.2023

MUKADDERAT

İsteyip te gelmedim ki hayata,
İsteseydim yaşamayı seçmezdim.
Şimdi de seçmeyebilirim, ama,
Korkyorum hesabından,
Azabından.

İsteyip te seçmedim ki korkuyu,
İsteseydim cesareti seçerdim.
Şimdi de seçebilirim, ama,
Korku verilmiş bi kere,
Geri veremem.

İsteyip te seçmedim duygularımı,
...
Täzelikler » Goşgular - 30.03.2023

IKI

Ho-ol baharyň bir güni,
Oýandym!
Ýüregim ölüpdir,
Duýgularym diri gömülipdir,
Jelladym gelipdir!
Gaflat basypdyr ruhumy,
Eşitmedim ýüregimiň gohuny.
Maňa seslenendir: "Meni halas et!"
Hasyrdandyr, gursagma sygmaýşy ýaly,
Syzlaýşy ýaly!
Egnimde ýa:s eşigim,
Wah, ýüreg-i-i-im, çekipdi kän keşigim,
...
Täzelikler » Goşgular - 19.03.2023


1 2 »