Результаты 1-20 из 39 по запросу Aşyr Salyh

TEBIP WE HASSA

Bir hassa gul baryp tebip ýanyna,
Diýenmiş: derdim bar, öter janyma.

Işim, iýip-içip, gezip ýörmekdir,
Saýaly kölgede ýatyp turmakdyr.

Aş iýsemem tagam duzy ýok ýaly,
Suw içsemem damagymda zäk ýaly.

Derdim aýtsam, atam gelip ýanyma,
Ýaramaz söz diýdi, öter janyma.

Diýdi: "Nadan, haçan dynaryn senden,
Derdiñe çäräm ýok, gitgil sen mundan.

Ne peýdañy bilýän, ne-de zeleli,
Gūnäkär men, bek tut...

Täzelikler » Goşgular - 12.07.2020

KÜŞÜL ÇATMANYÑ KÜMÜŞ ÝALPYLDYSY

"Ýagşy günler köp bolsa-da az görner,
Ýaman günler az hem bolsa ötmez hiç".
Magtymguly Pyragy.

Biziň obamyza 2-Sugty obasy diýilýär. Mülkaman obasyny ýakalap geçýän ene ýaba-da Garahmet ýap diýilýär. Ol ýap hem gözbaşyny Topaz ýaby ikä bölüp goýberýän Garagul kartyň gatlasyndan alyp gaýdýar. Bu gatlanyň ýakasy gökdir bakja ekinlerini ekmäge, suwa amatly, boz toprakly ýer bolansoň, oba adamlary bu ýere ir gözinden göçüp gelip...
Täzelikler » Hekaýalar - 24.05.2019

TÖLEG

Adamsy pahyr dünýeden gaýdansoñ, alty çagasy bilen galan Annasoltan eje, küreksiz gaýykly akmaz kölüñ içinde galyp, kenardan dalda gözleýän ýaly, umytly gözlerini uzaklara dikip otyrdy.
Birdenem ol kimdir biri bilen dert egsişip gürleşýän ýaly:
- Hawa, hawa. Ot üstüne ot boldy. Erte güneşi çoýmasa, öýle güneş neýlesin, uruş sözünde galan ýürek odym öçmänkä ýene ot guýuldy.
Eý Biribar Huda, özüñ gowy bilýänsiñ-dä. Ene atamyñ mährinden ganmak nesip etmedi. Ý...
Täzelikler » Hekaýalar - 23.05.2019

RUBAGYLAR

O daglaryñ depesinde gary bar,
Deresinde teşne intizary bar.
Baldaklaryñ burçy baglan güllerde
Bu pelegiñ bilmedim ne ary bar.
                 
Ýolum düşdi o daglaryñ beýgine,
Gözüm düşdi derelerniñ keýgine.
Añzagyna döz gelen gar güllerin,
Meñzetdim men ynsanlaryñ beýgine.

Adam bar adamyñ gözünden  okar,
Adam bar, adamyñ sözünden okar.
Alymlañ azaşan yzy-da ýoldur,
Paýhasly är olañ ...
Täzelikler » Goşgular - 03.04.2019

ŞYGYR OKAP BERSENE!

Zemini sübselän saba ýelleri,
Ýazlar hakda şygyr okap bersene!
Sökensiñiz aññat-aññat çölleri,
Çöller hakda şygyr okap bersene!

Oka, salam ýollan aşyklar hakda,
Perzent diläp duran beşikler hakda,
Durna hatarynyñ jylawyn çek-de,
Köller hakda şygyr okap bersene!

Oka, ykbalyna ägirtler hakda,
İçi boş "Galaýy tabytlar" hakda,
Şehit guburynyñ başyna çök-de
Ýarlar hakda şygyr okap bersene!...

Täzelikler » Goşgular - 02.04.2019

GOÑŞULARYM BAR MENIÑ

Arkalaşyp özara,
Gerek zadyň sorara,
Gitsem öýüm gorara,
Goňşularym bar meniň.

Käte çyksa zeruryň,
Soraý, kelte etmez diliň,
Daňmana boşan malym,
Goňşularym bar meniň.

Sen ýoksuň, myhman geler,
Gelinçäň öýne salar,
Hormatym göge galar,
Goňşularym bar meniň.

Käte öýşüp çaýlaşýan,
Oý-pikirim paýlaşýan,
Gollaşyp menzil aşýan,
Goňşularym bar meniň.

Açyk, öýüm onuňky...

Täzelikler » Goşgular - 02.04.2019

DOST ÝARALANDY
                 
Meni ussat saýyp, hormat goýanym,
Hormat içre ýalñyz dogan saýanym,
Maña derdin aýdyp, köñül çoýanym,
Bir hata eýledim, dost ýaralandy,
Mähir muhabbetli has ýaralandy.

"Ozalam ýyndamdy, gamçam urulan",
Adyl sözi daşa degip burulan,
Söýgüsi talanyp, meñzi saralan,
Gözlerinde ýaşy, dost ýaralandy,
Mähir muhabbetli has ýaralandy.

Köki...

Täzelikler » Goşgular - 02.04.2019

DAGLARYÑ KEŞBI

Depesi gar, buz bürenen,
Deresi bar uz bürenen.
Jülgesi owaza dolan,
Erem, keramatly daglar.

Sende ynsanyñ keşbi bar,
Göçgün köñülleñ köşgi bar,
Berkararlygyñ yşgy bar,
Mydam berkararly daglar.

Baglarynyñ egik başy,
Miwesi küýsetmez aşy,
Gygyrsañ ynjykdyr, daşy
Indirer, gaharly daglar.

Salam berip eda bilen,
Sözleşdim men seda bilen,
Her ädimde "Huda" bilen,
Çykdym ...

Täzelikler » Goşgular - 02.04.2019

Söz manysyn biler bolsaň... 

Türkmen halk klassyky şahyrlaryň döredijiliginde duş gelýän tapmaçaly goşgular okyjyny iňňän inçe pikir bilen oýlanmaga  mejbur etmek bilen, olaryň aň düşünjesini taraşlapdyr. Muňa mysal edip turknen klassyky şahyrlary Magtymguly Pyragynyň, Annagylyç Mätäjiniň, Mollanepesin, Keminäniň we başga-da birnäçe sahyrlary mysal edip boljak. Sözümiz gury bolmaz ýaly, türkmen şahyry Aşykynyň, nalk tarapyndan nusgalyk aýdym bolup giren "Perizat" a...

Täzelikler » Türkmen dili - 22.12.2018

ADALAT KÜRSÜSI / rowaýat

Yslam dünýäsinde öñdengörüji, parasatlylygy bilen tanalýan Şakyk Balhy hezretleri Harun Reşit bilen dostlukly gatnaşykda bolupdyr. ll arasynda halkyñ hak- hukugy kemsidiliberse ýa nähak zulumlar ýüze çykyberse Şakyk Balhy hezretleri onuñ haremhanasyna  söhbetdeşlige baryp, hikmetli sözüñ üsti bilen bu säwlikleri duýdurýar eken.
Bir gün säher bilen Harunyñ kabulhanasyna barsa, Harun heniz işe başlamandyr. Otagyñ ortarasynda  duran  haşamly ...


TOWANA 

Adamsy pahyr dünýeden gaýdansoñ, alty çagasy bilen galan Annasoltan eje, küreksiz gaýykly akmaz kölüñ içinde galyp, kenardan dalda gözleýän ýaly, umytly gözlerini uzaklara dikip otyrdy.
Birdenem ol kimdir biri bilen dert egsişip gürleşýän ýaly:
- Hawa, hawa. Ot üstüne ot boldy. Erte güneşi çoýmasa, öýle güneş neýlesin, uruş sözünde galan ýürek odym öçmänkä ýene ot guýuldy.
- Eý Biribar Huda, özüñ gowy bilýänsiñ-dä. Ene atamyñ mährinden ganmak nesip etmed...

Täzelikler » Hekaýalar - 27.11.2018

AWÇY

Gadymy Merwiñ ūstūnden geçýän Beýik ýūpek ýolunyñ ugrunda kiçeñräk bir oba bardy. Muña Nazar awçynyñ obasy diýýárler. Bu töwerekdäki obalara garanyñda bu obañ gelim-gidimi-de köpdi. Obanyñ ortasynda pagsadan salnan mesjide diñe bir namaz ūçinem däldi. Oba adamlary geñeş etjegem bolsalar şol ýere ýygnanýardy.
Obanyñ deñinden geçýän kerwenlerem dūşläp geçensoñ her kim zeruryny satyn alyp, dokan haly palasdyr baganalaryny satyp pullanýarlar.
Bir gūnem öýle namazynda...

Täzelikler » Hekaýalar - 26.11.2018

DAŞDEŞEN

Gezen derýa oturan gūmra diýleni. Dostlarym bilen daglara syýahat etmegi otursak-tursak heñ edip ýörenem bolsak, hiç ugrugy bermedi. Ahyry özūm ugruna çykmaly boldum.
"Ýola çyksañ ýoldaşyñy dūzet" diýlenini tutup, göwūn halar, biri dil bilýän, beýlekisi ýol bilýän, il halar dostlarym bilen ýola çykdyk.
Minnetsiz, maşynymyzam guşdan ūrkūp duran göwnūñdenem ýokarda atylyp barýar.
Biz  gezelenji Gyzylarbat etrabynyñ dag obalaryndan başlamagy mūwe...

Täzelikler » Hekaýalar - 26.11.2018

TAÑRY MYHMANLARY

Ogullarynyñ hersi bir pudakda işläp zähmet çekip ýörensoñ, Gurbangeldi aga olar bilen seýrek görüşýärdi. Aglaba, agtyklaryny göresi gelse özi bir-iki gün gidip, ýatyp gaýdardy.
Ine-de bir gün, onuñ dilegi duş boldy. Nowruz baýramy mynasybetli, oglanlarynyñ bary, çagalary bilen öýlerinde jemlendiler.   Gurbangeldi aga, ogullaryna garap :
- Hudaýa şükür, köpden bäri başyñyzy bir saçaga jemläp bilmän ýördüm. Dünýeligiñ ynsan bilen göwündeş ýeri ýokdyr.Og...

Täzelikler » Hekaýalar - 25.11.2018

▶  Y.

1. Yrym - yrym, ýom - ýom - bolşuna görä.
2. Yrymyna ýagşy - ýagşy niýetde bolmak.
3. Yra - dara - aram, ýykma - ýykylma manysynda.
4. Ysgynyňy hoja gaýdymy - haýal - ýagal hereket edýän, ýalta adama aýdylýar.

▶       L

1. Lalyň diline enesi düşüner - başgalar ügin cylşyrymly bolup duran bu ugurdan oňt baş cykarýan biri aňsatlyk bilen ýerine ýetirende aýdylýan aýtgy. "Başarmajak işiňe urnup durma, ony başarjak adama ynan...

Täzelikler » Türkmen dili - 24.11.2018

TÜRKMEN DILINIÑ ÝAÑZYTMA AÝTGYLARYNYÑ SÖZLÜGI

■ Sözbaşy

Türkmen halk şahyrana döredijiligi hem-de onuň aýry-aýry şahalary dogrusynda biziň alymlarymyz Garaşsyzlykdan öň we soňky ýyllarda köp işleri bitirdiler. Ylaýta-da biziň meşhur alymlarymyz Baýmuhammet Garryýew, Mati Kösäýew, Hojaberdi Hanow, K.Berkeliýew, B.Mämmetýazow, A.Baýmyradow we beýlekiler halkyň hakydasynda ýaşap, dilden-dile geçip, şu günlere cenli gelip ýeten nakyllary, atalar sözüni, läleleri, monjugatdylary, ö...

Täzelikler » Türkmen dili - 24.11.2018

«SÖZ MANYSYN TIRER BOLSAŇ»
                           
■ Aýtgylar

● Kädide çigit goýmadyk - bu aýtgynyñ manysy uzak gije gürrüñdeş  bolup oturylyşyk edilende suw kädisi ýaly kiçeñräk kädini gowurlan çigitden dolduryp tä çigitläp gutarylynça oturylyp aýdylan aýtgy.

● Kellede zat galmady. Bar bilenimizi orta atdyk -  manysy-da bar.

● Çöpi köze degip duran - paýhassyz. ...

Täzelikler » Türkmen dili - 21.11.2018

«SÖZ MANYSYN TlRER BOLSAŇ»
       
■ Sözler, adalgalar, aýtgylar.

● Goşar-goşa gary: Eliñ tirsekden tä barmaklara çenli aralygina gary sūñki diýilýär. Şol sūñk iki şaha görnūşde bolansañ "goşa-gary" ýagny, assimilleşip Goşar sözi emele gelipdir.
Gary hakynda aýtgy mysal getirmeli bolsak; -Garyña daýan, Garyñy ýassanyp ýatma.
 
● Ýolbars- bu haýwanyñ kellesiniñ daş töweregini ösgūn "Ýallar" gurşansoñ...

Täzelikler » Türkmen dili - 21.11.2018

ATALAR SÖZI ~ AKYLYÑ GÖZI

▶ NAKYLLAR

● Puluñ köpi gözüñi gyzardar, azy-ýüzüñi gyzardar.
● Köneden hem gaç ýönedenem.
● Bir gün aýan bolar ýaşyrlan syrlar,
● Gizlin buka gelen äşgäre guzlar.
● Gereksiz wagty iýmlemeseñ, gerek wagty at tapdyrmaz.
● Gula ýona gerek, özem ýöne gerek.
● Ölegen malym, tölegen malym.
● Mallyñ maýdajyk ýasy tükenmez.
● Eýe gözi em dälmi, sypalasa iým dälmi?!
● Suw geçmezi tiksemem, gum geçmez-ä &nb...

Täzelikler » Sözler - 21.11.2018

EJE

Señ gadamyñ asly jennet ýaýlasy
Mähriñ bu zemini gül eder Eje!
Görgūleriñ gözýaşlara paýlansa,
Dagy-düzi bilen köl eder Eje!

Jana sözūñ asallaryñ asaly,
Hüwdūleriñ ýeñiş saly mysaly,
On dört jan içinde bir ömür saly,
Asyrlara sary ýol eder Eje!

Uruş ody bilen bagryñ ýakdylar,
Merdanalyk ýükün egne dakdylar,
Ýuwdan gussalaryñ deñze dökseler,
Hanasyna sygmaz, däli eder Eje !

Gündi...
Täzelikler » Goşgular - 11.11.2018


1 2 »