GÜL GOWŞURYP...
![]() Bu waka, meger, ýalňyşmaýan bolsam, ellinji ýyllaryň başlarynda bolupdy. Şindi-şindilerem birden ýadyma düşäýdigi, öz ýanymdan ýylgyranymy duýman galýaryn. Şu çaka çenli men muny kemteresinden iň ýakyn ülpetlerimiň ýanynda hem dilime çolaman geldim. Ýöne indi görüp oturýan welin, asyl şuny ile gürrüň beräýsemem, gelişmän durmajak ýaly bolup dur. Ine, şu niýet bile... |
SALGYTLY GEDAÝ
![]() Ýandyryp barýan yssy tomus günleriniň birinde gijöýlänler işden gelip, ýuwnup-ardynyp, işigimizdäki keçäň üstünde goşa ýassygy tirsekälp, ýaňy bir hum çäýnegi öňüme alypdym. Yssy ülkelerde müň derde derman bolýan gök çaýy agdarmaga ýetişmänkäm, howlymyzyň daşyndan körpe oglumyň heşelle kakýan sesi eşidildi. Onýança-da howlyň işigi jarka açylyp, oglum içerik ok ýaly... |
ALTYN BALYK
![]() Wraçyň maslahatyna görä, göze görünmeýän birahat nerwlerimi köşeşdirmek maksady bilen, boş wagtlarym keýpine balyk tutmak bilen meşgullanmalydym. Wraç aýtmyşlaýyn, toruňy ýa-da çeňňegiňi suwa taşlap, kanagata ýaran bolup otursaň, derdiň dep bolýamyş. Şu pikire uýup, düýn köle ugardym. Biziň jelgaýlarymyza kanal çekileli bäri, tüweleme, ululy-kiçili köl nirä barsaň bar... |
GALSTUKLY EŞEK
![]() Aşyrberdi Kürt “Tokmak” žurnalynda işleýän wagty atly kolhoz başlyklarynyň birini tankytlap feleton ýazýar. Kolhoz başlygy bu hakda partiýanyň Merkezi Komitetinde işleýän uly wezipeli howandaryny habardar edýär. Hökmirowan uly wezipeli haýdan-haý žurnalyň baş redaktoryna jaň edip, şol feletony ýatyrmagy, žurnalda çap etmezligi talap edýär. Baş redaktor feletonyň awtory Aşyrberdi Kürtüň özdiý... |
"HORLANMAGYN..."
Biler bolsañyz, öñräk bize bir täze ýolbaşçy geldi. Raýon möçberindäki nomenklaturaly işgär. Raýon çäginde erk edip bilýän ýolbaşçylardan biri-dä. Menem onuñ "GAZ-69" maşynyny sürýän şofýor. Täze wezipede işläp başlan güni ol ilki bilen meni ýanyna çagyryp, hal-ahwalymy sorady. "Adyñ, familiýañ näme?" diýdi. Garaz, meniñ bulen mazaly tanyşdy ol. Ahyrynda-da aýlygymyñ näçedigini sorady. Men "110 manat" diýdim. Şonda ol başyny ýaýkap: "Öz-ä maşgala eklärden az ... |
IKIMIZEM BIÇÄRE EKENIK
Keremli daglaryň mesgeninde - biziň myhmançylyga baran ýerimizde bir äpet hoz agajy bar eken. Uzakdan seretseň, täsin galdyrýar. Golaýyna barsaň, howuňy basýar. Astynda dursaň, hopugdyrýar. Ömrüň-de görmedik zadyň-da. Birsalym haýran galyp seretdim. Onsoňam dyrmaşyp, onuň çür depesine çykasym geldi. Oglanlykdan oba göçendigini dyrmaşyp başlanymdan aňdymam welin, yzyma gaýtmadym. Hyýalymdan el çekäýenem bolsam, şo taýda meni utandyrjak adam ýokdy, ýeke ö... |
DÖWGYRAN
- Daýza, adamyňyz bilen gelmeseňiz, men size sprawka berip biljek däl. - Wah, dünýäm, biz bir dag içinde, çeşme başynda elkin ýaşap ýören garry biz. Çagalarymyz kileň, tüweleme, öýli-öwzarly, indi hersi bir ýana uçrum boldy. Meniň garrymyň oýdan gozganary bolmaz, bilagyrysy heläk edýär ony. Onsoňam ara gaty uzak. sen gaýrat et-de, guzym... - Iki bolup gelmeseňiz, menden size sprawka ýok. Uly stoluň aňyrsynda oturan ýigidiň beren jogabynyň ymykly äheňi A... |
BIR KÖPÜK
Baýak turistik putýowka bilen Husnabat welaýatyna sapar etdim. ýat ülkä baranymdan "iň täsin zatlary göresim gelýär" diýdim. Birgiden zatlaryň salgyny berdiler, emma şolaryň içinde meni "bäh!" diýdirip biljegi ýok eken. Turistler üçin ýörite düzülen gezelenç programmasyndan göwnüm suw içmänsoň, ýekelikde ygmagy kem görmedim. Şu maksat bilen baran günümiziň ertesi irden ýola düşdüm. Asuda ädimläp barşyma, saýasynda at çapdyraýmaly bir güjümiň ýanynda aýak çekdim. Onuň saýas... |
AWTOMATLY GORAÝMASAÑ... |
NYŞANALY SÖZLER |
SÖZ-Ä BERDILER
Dek ýigrimi üç ýyl mundan ozal ýaşlar gazetiniň redaksiýasinda işläp otyrdym. Tomus. Yssy. Kondisioner diýen zat ýok o wagtlar. Yssydan ýaňa meýmiräp tas irkilen ekenim. Telefon jyňňyrdady. Görsem, Döwlet Howpsuzlygy Komitetinden bir turkmen polkownigi jaň edýän eken. Şol edaranyň meniň daşyma çyzyk çekip ýörendigini aňýardym – esli wagt bäri KGB-niň graždan eşikli işgärleri meniň dost – ýarlarymy ýolda-yzda saklap, meniň beýnimdäki 14 milliard kletkanyň özüni alyp ba... |
SOWALHON
Içerde oturanlar onuň nähili girenini duýmady. Ýok, ýok! Ol girmedi. Ol iç işikde birden peýda boldy. — Geleweri, Ata sowalçy — diýip, öý eýesi gelene ýüzlendi. Biz onuň bilen gaýybana tanyşdyk: “Biziň obamyzda Ata sowalçy diýen bir täsin adam bar. Lakamyna gaty mynasyp. Keseden bir del adam geläýdigi ony eýerläp münýär-de, öliň soragyny öňünde goýýar. Oba arasynda-ha onuň gepine hä berýänem ýok indi” diýip, öý eýesi bize öten agşam gürrüň beripdi. Ine, şu gel... |
ILE MEÑZESEÑ
K.Gurbannepesowa Şahyr Kerim Gurbannepes elli ýaşap ýören döwürlerinde bir gün redaksiýalaryň birinde duşuşdyk welin, menden az-owlak göwni galandygyny syzdyrdy. Nämemişin, men ony ýubileýi mynasybetli gutlamanmyşym, iň bärkisi, bir otkrytka-da ibermänmişim. Men şonda indem giç däl, gutlagymy ýazdy biläý diýdim. Ine, şu ýazgylar şeýdip döräpdi. Bloknotyma ýazypdym. Şondan göçüribem, okyjylara hödürläp durşum şu. KERIM! Men Gurbann... |
MUHAMMET AGAMYZ
Bu kitap ilkinji türkmen žurnalistleriniñ biri zehinli satiraçy, şahyr Muhammet Söýünowyñ ilkinji we sonky kitapçasy. Merhum M.Söýünowyň bu ýeke-täk kitabyna onuñ goşgulary we poemalary girizildi. Ýagşyny ýaýyp, ýamany ýepbeklän şahyryň kalbyndan syzylyp çykan bu eserler okyjylary biperwaý goýmaz diýen tama bar. "ÝYLLARA SYÝAHAT" Häzirki ösdürimler Muhammet Söýünowy tanamaýan bolsalar gerek. Kyrkynjy, ellinji, altmyşynjy ýyllardaky okyjylar ... |
IKI DAMAR
Sorag-ideg bilen daýymlary tapdym. Daýymy çagakam görüpdim. Ejemiň hatyny gowşurdym. Okap boldy-da, diliniň üstüne biri münen ýaly, esli wagtlap dymdy. Näme sebäpden beýdendigine düşünmedim. Beýle agyr oýlara çümer ýaly esas ýokdy. Ol meni diňe işe ýerleşdiräýmelidi. Wessalam. Ol, ejem aýtmyşlaýyn, bir edaraň kethudasymyş. Ol bir haýukdan soň “bolýa-da” diýdi. “Daýyly oglan dartyk” diýilişi ýaly, men-ä ganat bekläp geldim, bi-de zordan “bolýa-... |