Результаты 1-20 из 68 по запросу Aşyrguly Baýryýew
"ALMANY" ÝALAN ÇÜÝREDER ...
![]() Owalbaşda "Almany'' goşa dyrnagyň içine almagymyň sebäbini düşündireýin: çünki ol Russiýa Federasiýasynyyň köpsanly syýasy partiýalarynyň biri bolan "Ýablokonyň“ türkmençe ady. Ine, rus häkimiýetlerine oppozisiýada durýan hasaplanýan şu partiýanyň lideri Sergeý Mitrоhin 2-nji aprelde "Swоboda – Swоbodnaýa Ýewropa“ radiosynda eden çykyşynda gepleşigi a... |
DAGLAR
Her deräniñ dünýäsi bar, köñli bar, Her deräniñ çeşme heñli mukamy. Pyragynyñ diwanyna meñzeýär, Tebigatyñ hazynasy-dükany. Her derede gaýtalanmaz gözellik, Her derede Aý eliniñ yzy bar. Pasyllar hasabyn undar - hezillik, Ýazdan ýaza ýazyp gidýän ýazy bar. Dag saña düşüner, ser salsañ söýüp, Many bardyr düşnüp bilseñ baglarda. Jennetiñ nusgasy ýitmesin diýip, Tañry ýygnap goýdumyka... |
BÖWÜRSLEN
Jülgäñ gujagynda peri böwürslen, Bezenipdir, düzüm-düzüm monjukly. Bilmen, olar galan niçik döwürden, Müñ zarlasam, gözel döwran dänjekmi? Durmuş bez bolupdyr synagdan-kyndan, Bir wehim aýrylmaz mydam ardyñdan. Böwürslen aslyşýar elimden, syndan, "Gitme" diýýän deýin ata ýurduñdan. Аşуrgulу ВАÝRYÝЕW. |
SARY SAÇ
Aýalym zähresi ýarylan ýaly gygyrdy-da: - Bu näme? - diýip, penjegimiñ ýakasyndan bir sary gyly çekip aldy. Men ör-gökden geldim. Be, sary saç nireden ýelmeşip ýörkä? Indi işimi tapan bolsam gerek. Maşgala urşunyñ odunyñ lowlajagy ikuçly däldi. Walla, meniñki ugruna boljak däl. Aýalym şer tapsa, şeker islemez. Wah, ýene-de dynç alyş günüm ardurja köýjek-dä. Bolmajak bolsa, bolmaz eken özi. Aý, özümdenem bar-la. Öýe girmezimden öñürti üst-başymy ymyklyja gözden... |
DURMUŞ DOWAM EDÝÄR BUGDAÝA GÖRÄ...
HOŞ SÖZ AÝDASYM GELÝÄR Goja ýetmejek ýaza, Hoş söz aýdasym gelýär. Çökder aldanan gyza, Hoş söz aýdasym gelýär. Öý-öwzarsyz güjüge, Çüýräp barýan güjüme, Dilden galan bir güñe, Hoş söz aýdasym gelýär. Diýmen oña küýli sen, Döwene suw küýzesin, Ýagşy sözi küýsedim, Hoş söz aýdasym gelýär. Zürýat zaryn çekene, Öñümden her ç... |
SAÑA SÖÝGIM ÇYKÝAR ÖMRÜÑ ÇÄGINDEN...
GAZALLAR Aýly asman astynda bir gyz näzli garap dur, Söýgi bilen bakyşy bu janyma ýarap dur. Aýy aýna edinip, ýarasyn diýip ýara, Mahmal şemal saçyny yhlas bilen darap dur. Öz yşkyna gyzaryp, gül duýgudan uýalyp, Zülpüni barmagna däl, ýüregime sarap dur. Çüwse çüwer ekeni bagtyñ ýagty jahanda, Dideler: "Toý sähedi haçan" - diýip, garap dur! * * * <... |
BOŞLUK ÝOK ÝER BILEN ASMAN ARADA...
Dogduk depäm, Güwleme" / goşgular toplumy ■ Gaýdyp gelmek Ýürek bilen geçip aradaşlygy, Dogduk depäm, geldim bu gün goýnuña. Bu ýol sarp etdim bütin ýaşlygy, Daglar deý götärdim münseñ boýnuma. Göwünde göterdim, göterdim, diýar, Gelere-gidere ýoluñ galmandyr. Obamy dikeltmek maksat hem hyýal, Hasabat sorajak iliñ galmandyr. Daglaryñ göbegi ... |
DUTAR
Men çalyp bilemok gudrat dutary, Şonuñ üçin durkum bilen kemsinýän. Pikirler gurçuk deý iýýär beýnimi, Göwnümiñ ýaýlasy beýle ümsüm däl. Öz öñümde ýuwulmajak ýazygym - Garagõ dutary çalyp bilemok. Tarlañ arasyndan ilimiñ sesin, Ýürek bilen sogrup alyp bilemok. "Görüñde çaljakmy indi öwrenip", Diýiljek ýaşlara barypdyr salam. Göwnümde henizem şol oglanlygym, Başymda şalygy - ak bilen çalyñ.... |
EGER...
Eger saklap bolsa wagtyñ ädimin, Geçmezdi gol bulap şonda ýaşlygym. Şol gözelem baky bolardy juwan? Gursakda götärdik söýgi daşgynyn. Eger saklap bolsa wagtyñ ädimin, Ähli zat öz görkün saklar özünde. Ýöne gojalmasak bilermikäk biz, Ýaşlygyñ gadyryn dünýäñ ýüzünde? * * * Gyssadymmy çybyk aty? Çagalyk çalt geçdi gaty. Söýdümmikäm men howlugyp? Ýaşlygym geçdi ýuwlugyp. <... |
ÇAGALYGYMA
Ömrümiñ başynda galdyñ gol bulap, Menem bu gün ömrüñ orta gürpünde. Aşyk oýnap ýörmüñ, eý, çagalygym, Oglanlygyñ iñ ilkinji harpynda? Meni jahyllyga düşürip, özüñ Oýna gümra bolup, galdyñ ömrümden. Otuz ýaşa ýetip, kaka bolsam-da, Men sypyp bilemok seniñ emriñden. Ýigit göwnüm galýar sähelçe zatdan, Sähelçw zatdanam galkynýar göwün. Şonuñ üçin "Çaga ýaly" diýýärler, Üç ony eýläme atsa... |
SAGLYK
Baýlyk ýok diýýärler saglykdan zyýat, Müñ keren mamladyr gadym danalar. Kimiñ ömri işi bilen ölçelse, Kimiñ ýaşy ýyllar bilen sanalar. Saglygym, men saña etmändim kasty, Ýöne seni gorap bilmedim pugta. Agyr synaglara etdim sezewar, Damagym çaldylar ulanyp pagta. Pula däl, işlere sarp etdim seni, Köñül ýaralarym süññüñ bozandyr. Men goýberdim yhlas atyñ jylawyn, Gör, kimsänin nebis aty oza... |
GOJA BARÝAR...
Goja barýar... Sowal belgisine dönüpdir göwre, Ömri şol sowalyñ nagt jogaby. Hasasyny tarkyldadyp sanaýar, Ömründe edilen günä-sogaby. Goja barýar... Bir gazma dutara dönüpdir göwre, Ömür mukamyny çalýae hesretli. Dünýäñ ejirini alyp gider ol, Nesillere goýup gider eşretni. Goja barýar... Gaýyga dönüpdir egbarlan göwre, Assa ýüzüp barýar heññam deñzinden. Ýaşlygyn ýa... |
ÇYKABILMEDIM
Yşk söwdasyna başymy goşup, Gara gözleriñden çykabilmedim. Göwün ganatlanyp, ýüregim joşup, Soñra sözleriñden çykabilmedim. Söýgi synag eken, ykbal ýollady, Herne umyt gunçasyny ýolmadyñ, Ömrüñe birikdi ýaşlyk ýollarym, Ýörän yzlaryñdan çykabilmedim. Durşuna seniñki erkim, ygtyýar, Saçlaryña çümüp bolsam bagtyýar, Sazyña oýnasam, köñül ýagty bor, Çalan sazlaryñdan çykabilmedim. ... |
JUWANLAR
Ýetirdi olary söýgi menzile, Barmaklarda tylla nika ýüzügi. Indi goşulýarlar bu uly ile, Şu günden başlanýar dünýäñ gyzygy. Bagta bolan ynam barha berkedi, Juwanlaryñ güni arzuwda geçdi. Aradan aýyryp ähli serhedi, Bir düşekde iki dünýä ýerleşdi. ■ ÝAZ GIJESINIÑ ARZUWY Bulutlañ monjugyn üzmekçi bolup, Dag başyna özün urýar ýyldyrym. Ýaz gijesi magşugyna duşanlar, Düzülen mo... |
DUŞUŞYK
Zemin içip ýatyr Aýyñ süýdüni, Gaýmagyn ýalaýar awara şemal. Akmaýañ süýdüne ýuwlan agşamda, Ýigidi synaýar gaşlary keman. Ýigidiñ göwnüne ara daş ýaly, Lälesinden göýä ýyldyzlar ýakyn. Gyzlar bolýar çyn söýginiñ hudaýy, Şol hudaýyñ ýalkamasy juda kyn. Gyzlar ýigitleri şol synap ýörler, Añryña geçirseñ olar düşbüdir. Ýigit ýüregini aýada goýsa, Ol ýürek däl, magşugynyñ keşbidir. ... |
■ HAÝYŞ
Gitdiñ ömür gaýdyp gelmerin diýip, Aýralyk derdini çekýän ýürekde. Söýüp garşylapdym, ugratdym söýüp, Biz birek-birege, bilýän, gerek-le. Ýöne düşme maña getirýän ýoda, Giden durna deýin gelme sen gaýdyp... Söýemsoñ batýaryn soñsuz alada, Gaýdyp gelseñ, söýgim bozarsyñ öýdüp. ■ MARALYM Maralym, gaşlaryñ ykbaldyr goşa, Ýazylsa - ýazydyr ýaz deý kalbymyñ. Çytylsa - müñ bela getirer b... |
BU DURMUŞYÑ GUJAGYNDA
Aý kibi kalba jyklanym, Her dem arzuwlap ýoklanym, Ömürlik çüwen ykbalym, Bu durmuşyñ gujagynda. Näz-kereşmäñ güle meñzeş, Päk söýgimiz Güne meñzeş, Gowy zatlar bize meñzeş, Bu durmuşyñ gujagynda. Göwünde güller çogup dur, Alnyña ak Gün dogup dur, Depämiz göge degip dur, Bu durmuşyñ gujagynda. Başa gondu bagt guşy, Päk yşkyñdyr göwnüm hoşy, Söýgi ... |
GÖZLERIÑDE
Gözde galan keşbiñ gözläp, Syn eglendi gözleriñde. Çykdym ýola bagtym yzlap, Ýol eglendi gözleriñde. Gözüñe goýlan serpikler, Gözüñ goragyna diklen, Aljak bolanda kirpikleñ, Jan eglendi gözleriñde. Kalp gider giden ugruña, Yşkym gönezlik şygryma, Basaýyn diýip bagryma, El eglendi gözleriñde. Saçlaryñ bir boglan desse, Çözler gider elim ýetse, Bagtym çüwer, n... |
■ URUŞ ÝYLLARYNYÑ ÇAGALYGY
Uruş turdy gül ömrümiñ başynda, Adam baryn sordy durdy durdy demine. Gidenleñ suraty - gözleñ ýaşynda, Uruş çagalygam saldy çemine. Uruşdan uzakda girdik uruşa, Atalaryñ, agalaryñ yzyndan. Uruş müñ külpetler getirip başa, Dört ýyllap düşmedi çaga dyzymdan. Göreşdik Watany goraýan soldat, Hor bolmasyn diýip, azyk-huruşdan. Çagalar gülende bu dünýäm abat, Çagalygym gaýdy... |
MEÑZEŞLIK
Säher turup, gözüm açan badyma, Ol daga seretmek boldy endigim. Goja başy ak telpekli ak gyşda, Ýaz geýýär bulutdan gara telpegin. Bir görsem dag otyr üç oglun jeñde Aldyran atam deý dik tutup başyn. Bir görsem dag ýatyr Watany goran Üç agam deý berip topraga döşün. ■ GÜLLER Bahar güni mazaryna gerçegiñ, Güller bitdi ýüreginden nem alyp. Dört ýyllap uruşda arzylanla... |