Результаты 1-20 из 47 по запросу Aşyrmät Garly

ILE PEÝDALY

Ähli gürrüň eserlerden başlandy,
dowam etdi ylham käni hakynda.
Gybata çalymdaş «ýumak» çöşlendi,
«Ylham ummany» we «gämi» hakynda.

«Men Watany söýýän, ýaşaýşy söýýän»,
«Meniň yşgym dagyň garyn eredýä»...
Emma, kimdir biri, ynan-aý,
...duýýan,
şoňa çalymdaşrak eser döredýä».

Gyýylmagyn.
Erbet bolýan dogrusy,
gaty erbet borun, eger ses etseň.
Köpelýändir öýtseň, «sungat ogrusy»...
Täzelikler » Goşgular - 08.09.2023

ÝAZYJY-ŞAHYRLARDAN NÄME ÜÇIN ÝAZÝANDYGYNY WE EDEBIÝAT BARADAKY PIKIRLERINI BILMEK ÜÇIN ÜÇ SORAGDA UMUMY GÜRRÜÑDEŞLIK

- Döredijilige ýañy başlan uçurlaryñyz "Näme üçin ýazýarsyñyz?" diýen soragy beripmidiler we oña beren jogabyñyzdan bäri üýtgän zat boldumy?

- Şygyr arkaly beýan etmek ýa-da üýtgetmek islän zadyñyz bolupmydy?

- Täze çykýan kitaplar we gazet-žurnallarda berilýän çeper eserler bilen baglanşyklykda häzirki döwrüñ şygr...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 20.08.2023

DÜNÝÄDE

Üstünlige aňsat ýetjek bolýas biz,
Ýaşamasy juda agyr dünýäde.
Onsoň çalt sargaryp, çakgan solýas biz
Çyn sözi juda az
wagyr dünýäde.

Gümanly ýaşasaň bolarsyň küpür,
Herniçik etmeli baryňa şükür,
Dymsaň-a samsyksyň, gürleseň pökür,
Ýok zada etmeli sabyr dünýäde

Aýna däl, kalbyna seretsin her kim, <...
Täzelikler » Goşgular - 01.07.2023

ARTYKOGULLARYNDAN BAŞLANAN TARYHY ARTYKMAÇLYK

Türkmeniň milli buýsanjy taryhyň çuňluklarynda-da ýeriň basyndan dykyzlygyny güýçlendirip, hilini ýokarlandyrýan almaz mysalydyr.
Söhbediň başyny 1136-1202-nji ýyllarda ýaşan, yslam dünýäsine wekilçilik edip, öz döwründe dünýäniň ösüşlerini başyny çeken aýratyn hem mehanikada öňe saýlanmagy başaran türkmen inženeri Ysmaýyl ibn ...

ERKEKLIK MUKAMY

Ol indi öz öýündedi. Diýseň tutanýerli we maksadaokgunly häsiýetiniň yzyna düşüp, geçen menzillerinden, başaran işlerinden lezzet alýardy. Lezzet almzaça-da däl. Heý eden işlerinden alan lezzetiňden gowy lezzet nirede barmyş. 1832-nji ýyl dünýä inenem bolsa, özüniň dünýä meşhur syýahatçylaryň hataryna goşulandygyna ynanýardy hem buýsanýardy. Ol wenger syýahatçysy,...
Täzelikler » Taryhy proza - 28.05.2023

TUPANDAN SOŇKY TÜWELEÝ

• ýa-da Jelaleddiniň soltanlykdaky ilkinji ädimleri

Taryhyň örüsi ýeňişleriň we ýeňilişleriň, üstünden ençeme asyr geçenligine seretmezden inkär edilmesi mümkin bolmadyk wakalaryň guraksy sene ýazgysynyň möçberinden aşa giňdir. Taryh özboluşly bir dünýädir. Taryh hereketdäki ömrüň belli bir pursatlaryny hakydasynda doňduryp bilýän...

MAÝ

On sekiz günden soň batansoň Ülker,
Başlanýar türkmende ýene-de bir aý.
Bilýänsiňiz, bilýän dälsiňiz, belkem,
Ol aýa
bu döwür diýilýändir Maý.

Maý — gowy aý. Öwsüp duran heserli
günleň ýeňse berip, tesen pillesi.
Gyşda üşän Zemin tapar teselli,
Lowlap geler Jöwza — tomsuň çillesi.

Ekilýän ekinleň göger...
Täzelikler » Goşgular - 28.05.2023

RAHMET GYLYJOW

Rahmet Gylyjow asyl hünäri boýunça arap dili mugallymy. Ol 1996-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri fakultetiniň arap dili bölümini tamamlady. Talyplyk döwründe Kuweýt döwlet uniwersitetiniň Diller merkeziniň ýokary kursunda tejribe geçmegi, onuň arap dilini doly özleşdirmegine giň ýol açdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Magtymgulyny öwreniş bölüminde s...

ÖKDE ÝAZYJY BOLMAK ÜÇIN DEGERLI MASLAHATLAR

Ýazmagy we okamagy halaýanlaryň iň uly arzuwlarynyň biri — ýazyjy bolmak. Ýeri onda, gowy ýazyjy bolmak üçin näme etmeli?

Ýazyjy bolmagyň aňsat däldigini hemmeler bilýär. Käteler dilde beýan etmegem ýeňil düşenok, emma şony kagyza geçirmeli bolanyňyzda, baý, kösenensiňiz­ä. Birje sahypany doldurmak üçin her gün sagatlap eglenen wagtlaryňyz bolandyr. Käteler bir söz ýazyp bilmedik wagtlaryňyzam bardyr. Syk dokalan, nepis...

SAG BOL!

Dynç alman gözlän sözlerim,
Kelama geldiñmi, sag bol!
Ynjalman sözlän gözlegim,
Deñäme geldiñmi, sag bol!

"Kim dözse-de men dözmenem
inkäre" - diýip gözlenen,
Idäp geldiñmi dözmezim,
Salama geldiñmi, sag bol!

Duýgyñy gördüm gijeler,
Pikriñi ýordum gijeler,
Bar ekeniñ-ä bijede,
Jemala geldiñmi, sag bol!

Gam bardyr gülýänlerde-de,
Nem bardyr solýanlarda-da,
Ýazm...
Täzelikler » Goşgular - 22.11.2021

GUR GENÇ – OGUZLARYŇ GENJI-KÄNI

• Köneürgenç–Ürgenç–Gürgenç–Gurgenç–Gur genji hakynda täze çaklamalar

Döredijilik dünýäsiniň howasyndan dem alyp, göwni ylham çeşmesiniň suwundan ganyk şahsyýetleriň ymgyr manyly sözleri ýüregiňe jüňk bolaýýar. Bu gezegem şeýle boldy.
Dünýäde alymlardyr şahyrlaryň, ýazyjylardyr žurnalistleriň tebigatyna umumy mahsus bolan, şolara häsiýetli bir dessur bar. Olar haýsydyr bir eseri döretmek duýgusy bilen ylhamlananlarynda, düný...

GERAKL – Hudaýyň ogly. Ol Hudaý tarapyndan çäksiz güýje eýe edilen, üstesine-de belli şertler esasynda goýlan edermenlikleri ýerine ýetirse, öz-özünden hudaýlaryň hataryna goşulmaly. Ol hudaýa öwrülmeli. Geraklyň özi ony Apollondan eşidýär. Oňa ýaraglary berenler hem hudaýlar. Gerakl ähli edermenliklerini hut öz bähbidi üçin, özüniň hudaýa öwrülmegi üçin ýerine ýetirýär. Şeýle-de bolsa, ony uly töwekgelçilige iterýän başga-da bir sebäp bar. Ol kakasy Zewsiň (Hudaýyň) hudaý aýalynyň – (çünki, row...

GÖROGLY WE GERAKL

Dünýäniň ähli halklarynda diýen ýaly edermenliklerde ady belli gahrymanlar hakynda rowaýatlar, hekaýatlar döredilipdir. Buýsanja ýugrulan gyzykly kitaplar ýazylypdyr. Olardan ylham, gujur-gaýrat, nusga almaga meýilliler hemişe tapylypdyr. Biziň gürrüňini etmek isleýän eserlerimiziň ikisiniň hem süňňi gahrymançylykly hereketlere ýugrulandyr. Gündogarda, aýratynam, türkmen halkynyň arasynda Görogly hakydaky şöhratlylyga, edermenlige eýlenen rowaýatlaryň meşhur bolşy ...

DAGLARYŇ BÜRGÜDI, SÄHRANYŇ GURDY

Öten agşam, ýene, düýşüme girdi,
Daglaryň bürgüdi, sähranyň gurdy.
Çary Ýegenmyradow.

Jelaleddin Horezmşa hakynda taryhy esasly söhbet

Üstünden sekiz asyrdan gowrak wagtyň geçendigine seretmezden, Jelaleddin beýik şahsyýet, ýanbermez serkerde hökmünde diňe bir türkmeniň hakydasynda däl, eýsem, dünýäniň hakydasynda müdimi ýaşaýar.

Käwagt, käwagt biz taryhy unudýarys. Emma taryhmy özüni unutdyrmaga ...


JENNETI GAPY ÝAPYLMASYN

Gündogaryň iň baý, iň sowatly we iň batyr adamlarynyň arzuwlaýan Gürgenç şäheri bu wagt dym-dyrslykdy. Diňe käbir öýleriň penjirelerinden ölügsije yşyk görünýär diýäýmeseň, tutuş şäher şüýji ukudady. Ukynyň ýakymly dünýäsini terk eden hüjreleriň birinde, çalaja yşyk berýän şemiň ýanynda çuw-ak sakgaly döşüni ýapyp duran goja gözüni süzüp, oýaly-ukyly halda oturdy.
Ol öz döwrüniň belli din hadymy – «Welileri taýýarlaýan pir» adyny a...

Täzelikler » Taryhy proza - 09.07.2020

5 * 2

Zyýany bar bilmän etseň,
Günäsi bar etseň bilip.
Gitse dolanyp gelmeýär:
ÖMÜR bilen MÜMKINÇILIK.

Arzuw edýän hem oňlaýan,
Ähli aýal-u-erkege
Goraň, ýitse dolanmaýar:
RAHATLYK bilen MERTEBE.

Eliňde wagty arsyzsyň,
Biler terk edip, azalyp
Daýanma, ygtybarsyzdyr:
ŞOWLULYK bilen AGALYK.

Rüstemdir ýa golaýdadyr,
Kim çyndan berilse dine.
Golaý barsaň, bulaýladar:
...
Täzelikler » Goşgular - 20.12.2019

ŞÜKRANALYK

"Oñarsañ bar zady oñatlyga ýor"
Gurbannazar EZIZOW.


Gürrüñe girişdim Gurbannazaryñ
şygar edinerlik sözleri bilen,
tapan pikirlerni durman ýazanyñ
nusgalyk - irginsiz gözlegi bilen.

ýogsa bizem dürli goşgular bilen
okyjylañ nazaryna kän ildik.
Ykrar edilme ýok boş gylaw bilen
düýpli pikir talap edýär - kämillik.

Ikimiz hakynda däldir bu goşgy
il derdine derman pikirler hak...
Täzelikler » Goşgular - 12.11.2019

■ ŞYGRYÝETE

Gaýdyp geldim men şu bahar,
rysgalym senden ýaly meň.
Görogla Öwezden habar getiren
Hemdem ýaly men.

Şowlulyklar üýtgedi nagt,
müň şükür,
däl men bedibagt,
kynçylyklaryň ýedi gat
astynda gömlen ýaly men.

Bet niýet ýok ýeňimdeýa,
Dag süňňi — daş egilmeýä.
Zehinliler ýeňilmeýär,
bolsamam ýeňlen ýaly men.

Saňa sargamagym bilen
bagt bagym oturar güle.
Hi...
Täzelikler » Goşgular - 23.08.2019

«GÖROGLYNYŇ» GÖRELDELERI

Her bir söhbediň many-mazmuny haýsydyr bir meselä gönükdirilmelidir. Biziň bu günki söhbedimiz Göroglynyň edermenligini, garadangaýtmazlygyny, ugurtapyjylygyny, ortany agalap ýören pälwanlardan pälwanlygyny, ýa bolmasa, şahyrlardan-da ajaýyp goşgy düzüp, sazandalardan hem şirin çalýan sazyna ýanap, bagşylardan hem ýakymly heň bilen nama gaýryberşiniň ussatlyk derejesini dabaralandyrmaga niýetlenen däldir. Islendik düýpli eserde baş gahrymanyň başarnygyna ber...

KÄMILLIK ÝA-DA HEÝKELE HÖWRÜGEN YKBAL HAKDA SÖZ

■ Şahyr Aşyrmät Garly bilen heýkeltaraş Saragt Babaýewiñ söhbetdeşligi

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň 27-nji ýanwary güni agşamaralar, sagadyň dili sekiziň golaýlap gelýänligini habar berýän wagtlary elime jaň geldi.

– Alo-o...
– Salam, Aşyrmät özüňmi?
– Hawa, Saragt aga, özüňize salawmaleýkim.
– Waleýkimessalam.
– Bir zat aýdaýjakdym.
...

Täzelikler » Söhbetdeşlik - 27.02.2019


1 2 3 »