Результаты 1-20 из 24 по запросу Abdyreşit Taşow

KITAP BILEN NANYÑ MUKADDESLIGI HAKYNDA ROWAÝAT

Gadym-gadym zamanlarda bir dana
Belent sarpa goýup kitaba, nana,
Diýip: "Ikisi-de mukaddeslikdir!" -
Wagyz eýlänmişin barça ynsana.

Abraýy artanmyş kitap okanyñ,
Sarpasy has belent bolupdyr nanyñ,
Şeýle gowy dessur günlerde bir gün
Ýoýlup gulagyna ýetipdir şanyñ.
...
Täzelikler » Goşgular - 14.06.2023

BARHA UZAP BARÝAR ÝOLLARYÑ LENIN

Her ýyl baýram edip seniñ ýaşyñy,
Aýdyma besleýär dillerim, Lenin.
Hormat bilen
Söýgi bilen daşyñy
Bezeýär al-elwan güllerim, Lenin.

Partiýanyñ goldaw-daýanjy bilen,
Ynsanlygyñ beýik ynanjt bilen,
Ägirt ýer şarynyñ bäş künji bilen,
Dostlukly tutuşýar ellerim, Lenin.

Rewolýu...
Täzelikler » Goşgular - 22.04.2023

LENINIÑ ÖLÜMI

Kaplanyñ atan oklary
Zäherlidi,
Ýykdy derhal.
Ýigrenç borjuny haklady,
Lenin diri galdy herhal.

Zäherden müñ esse beter,
Kesel ajal bolup ýykdy.
Ölümden etmedi heder,
Ýene diri bolup çykdy.

Ara salyp elli ýyly,
Lenine jeza berdiler.
Ony ýat tutan "wepaly",
Çyn dogmatlar öldürdiler.

Abdyreşit TAŞOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1989 ý.
Täzelikler » Goşgular - 08.07.2021

PIDA

"Mukaddes Watanyñ kanuny şeýle
Özge kanun bolmaz,
Özge kanun ýok,
Dönüklere gitmek bolýar Watandan,
Dönüklere bu Watanda orun ýok."
Awtor.


I.

Moiseý elinde tutup hanjaryn
Oýlanýar öz göwresine sanjaryn.
Eden etmişine eýleýär puşman,
Ol indi düşünýär: Kim dost? Kim duşman?
Ýürekde ses edýär iñ soñky göreş,
Ahmyrly ömrüne aýlaýar nazar.
Kalbyndaky ter-ter ýapraga meñzeş...

Täzelikler » Poemalar - 19.07.2020

FARAPLY ÝIGIDIÑ GÜRRÜÑI ESASYNDA ÝAZYLAN GOŞGY

Maña bu dünýäde iñ ýakyn hossar,
işde - naçalnigim, öýde - aýalym!
Ýortsam "Ýöre!" diýer, ýöresem gyssar,
işde - naçalnigim, öýde - aýalym!

Iş buýrulsa robot bolup etmeli,
"Ýet" diýilse ýelden ozup ýetmeli,
Çat mañlaýda çatlap dursa nätmeli,
işde - naçalnigim, öýde - aýalym!

Goýmasam-da edýän işimiñ kemin,
Asuda durmuşyñ tapamok çemin,
Ot edip üstüme üfleý...
Täzelikler » Goşgular - 10.06.2020

GYRKYLAN SAÇLAR / ýarym degişme

Aýallar salony dellekhananyñ, -
Gelýän kän-de, biri gidýär her zaman.
Talabyna laýyk soñky modanyñ,
Saçyny bejerdýär bir topar zenan.

Dellekler hars urýar galjañlyk bilen,
Köpelýär günsaýyn şeýle dabara.
(Gürrüñ bar: aýallañ başy jem bolan
bolsa, baýdyr bu ýer dürli habara).

(Gep ýüwürtmek erkekleriñ işi däl,
Nesip etsin aýallaryñ özüne!)
Hanha-da nobaty ýeten ýaş aýal <...
Täzelikler » Goşgular - 27.05.2020

MODAÇYL ÝIGIDE

"Käbir adamlar akylly-başly maslahat berseñ tersine düşünýärler. Ugruna kowup ýañsa alsañ düzelibem gidýärler".
Atamyñ aýdanlaryndan

Äriñ äre, zenanyñam zenana
Meñzemegi öñden gelýän kadadyr.
Ýöne saña sada bolmak hakynda
Akyl bere-bere agzym ýadady.

Isle ösdür sakgal bilen murtuñy,
Isle syr saçyñam goşup düýbünden.
Aslynda señ bilen kimiñ işi bar,
Hasap soraýan ýok bu gün d...

Täzelikler » Goşgular - 11.05.2020

PISKARÝEW GONAMÇYLYGYNDA

(Bu gonamçylykda gahryman Leningrady goramaga gatnaşanlaryñ 500 müñüsi hormat ukusynda ýatyr).

Gün dogsa tegelek çörege meñzäp,
Nuruna garalyp döküler güller.
Bäş ýüz müñ dis-diri ýürege meñzäp
Ýatanlara gelip baş eger iller.

Ýarym million arman,
Ýarym million ruh
Hormatyna siñip topragyñ, halkyñ
Ýatyr hereketden bolsa-da mahrum,
Diri ýüreklerde direler baky.

Bu ýe...
Täzelikler » Goşgular - 05.05.2020

GÖZÝETIM

Geçdi sanalgy gün, sagadym ýetip,
Barlykda barlygym bolansoñ ykrar.
Ene mähri siñen gundagda ýatyp,
Ulaldy,
Kemala geldi bir ykbal.

Miwe bolmak pyntygyñ gözýetimi,
Göreş ýollarydyr bolan aralyk.
Uly bolmak çaganyñ gözýetimi,
Göreş ýollarydyr bolan aralyk.

Saldanly ýyllaryñ münüp gerşine,
Geçdigiçe ömrüñ uly ýodasyn.
Çagalygmy ýigitligme çalyşyp,
Berjaý etdim durmuşyñ ber kadasyn....
Täzelikler » Goşgular - 25.01.2020

DAG ETEKLERI

Juda üýteşik ýer dag etekleri,
Jülgesi, çeşmesi, ýaşyl sarç bagy.
Uly bie ansaml
Uly bir dünýä,
Uly bir gözellik, bularyñ bary.

Dagy-daşy böwsüp çykan çeşmeler
Gudratlañ gudratyn göz öñne getir.
Asmanda görünýän älemgoşarlar
Çeşmeleñ astynda gizlenip ýatar.

Dana şahyrlaryñ wasp edişi deý,
Täsin jülgeleri - jennetiñ özi.
Gözlese bir nadan başga jenneti,
Ynanmañ siz oña,
...
Täzelikler » Goşgular - 25.01.2020

ILKINJI ÄDIM

Uçar guşa dönüp saña topuldym,
Ilkinji ädimi äden pursatyñ.
Begendim,
Begençden dilim tutuldy,
Ilkinji ädimi äden pursatyñ.

Guwanjymyz dolup daşdy sil bolup,
Ädimime guwandyk biz il bolup,
Asman maña hyzmat etdi ýol bolup,
Ilkinji ädimi äden pursatyñ.

Sarpa goýdum höwes bilen ynama,
Kuwwat berdiñ,
Ganat berdiñ synama,
Hötde geldiñ sen bu uly synaga;
Ilkinji ädimi äden ...
Täzelikler » Goşgular - 25.01.2020

SÖÝGI HAKDA INTERWÝU

Gyzan bazar deýin şowhunly perron,
Güwleýär aýdymyñ sazyñ sesine,
Ugradýanlar kändi ugraýanlardan,
Az-kem aýralygyñ hatyrasyna.

(Meger radiodan) bir jahyl ýigit,
Eli mikrofonly, Orta akymda,
Haýyş etdi interwýu bermegin
Oglanlañ birinden, Söýgi hakynda.

Ýañy saçy alnan kellesin sypap,
Jogap berdi.
- Söýgi bu çal dumandyr.
Söýüp, söýlüp saýgarmasañ ugruñy,
Wysala ýetje...
Täzelikler » Goşgular - 25.01.2020

SEN DÜNÝÄ INEÑDE

Sen dünýä ineñde
                    juda az galdy,
Telpegimiñ bulduñ deñne ýeterne.
Tost göterdik,
Ajap sözler agzaldy,
Goşduñ meni atalaryñ hatarna.

Sen dünýä ineñde
                             üýtgedi älem,
Bir pursat özümi duýmadym özüm,
Aý ak şöhle bilen iberdi salam,...

Täzelikler » Goşgular - 23.01.2020

MÜSÜR DEPDERINDEN

1. Asuan

Gije
        asmandaky şäher mysaly
Alyslardan görner Asuan bendi.
Gündiz
            Köpetdagyñ gaýasy ýaly
Howalanyp otyr granit kendi.

Çep ýanynda bolsa iññän görmegeý,
Sowet halky bilen Müsür iliniñ,
Dostlugyndan dörän ajap nyşan deý
Äpet gunçasy bar Lotos gülüniñ.

Beýle-de bir gudrat bora çemeli,
Haýs...

Täzelikler » Goşgular - 22.01.2020

ÝAGTYLYK

Gyzaran gün ýere eñegin berdi,
Atlaz çadyryna dolandy älem,
Her dynç alyş güni özüñ gelerdiñ,
Giç öýländen bäri otyrtn hälem.

Ýyldyz deýin şol şol çyranyñ ýagtysy,
Böwüsýär gijäniñ gara şalyny.
Tamam bolsun garaşmagyñ möhleti,
Gelsene, gyz, duýup meniñ halymy.

Ýüregmi açmakçy men saña, läläm,
A sen bolsa şol "nokatda" işleýäñ.
Emma, öñe gitmän, yza dolandym,
Men azar bermäýin, rahat işl...
Täzelikler » Goşgular - 21.01.2020

LEBAP

Lebap!
Senden uzaklaşsam bir günlük,
Zerurlykdan dörän alada görä,
Kalbyma durmuşdan berlen gurgunlyk,
Nowruz gary kimin bada-bat erär.

Perwana diýermiş: - "Jandan geçsem-de,
Yşga kowalaşyp, Güni küýsärin".
Müñ bir gözellikden şerbet içsem-de,
Men seni küýsärin,
Seni küýsärin!

Lebap!
Heý, barmydyr senden gözel ýer?!
Senden gözel mekan bolup bilmez hiç.
Duýar muny gursagyñda g...
Täzelikler » Goşgular - 19.01.2020

"GÜNDE MEÑ ÖÑÜMDE..."

Günde meñ öñümde müñ wezipe dur.
Erte uzaklarda bolaýsam zerur,
Wyždana atlanyp giderin hökman.
Meniñ päk ýoldaşym bolanyñ üçin,
Ugradarsyñ şonda gözüñ ýaşartman.

Aýra düşsek, geçse aýlar ýa-da ýyl,
Eger läläm agyrlaşsa ýagdaýyñ,
Ýok, sen özge zatdan kömek dileme,
Ýatla meni, bedeniñe goşulyp,
Ganyñ bilen aýlanaýyn diñe men.

Uzaklardan ýetişerin ýel ýaly,
Ýyly mährim biýrin ene ýer ýa...

Täzelikler » Goşgular - 17.01.2020

WÝETNAM GOŞGUSY

Otuz ýyla golaý goja-ýaşynyñ,
Gijesi-gündizi egninde tüpeñ.
Azatlyk,
Rahatlyk, 
Şat durmuş üçin
Olar alyp bardy adalatly jeñ.

Haçan gutararka bu elhenç uruş?
Her gün bererdiler şeýle sowaly.
...Ýañy nepesiñi dürsänsiñ welin
Görýänsiñ täzeden turan gowgany.

Howa trewogasy...
Bir ene atasyz galan perzendin
Emdirip tokaýa ylgap barýardy.
Birden...
Ýeñsesinde ýarylan bomba
Ça...

Täzelikler » Goşgular - 16.01.2020

DIRI GÖMLEN

(Psihologik traktat)

"Ysraýylyñ aýallar armiýasyndan bir ofiser aýal hususy jaýyndan wagtynda çykmanlygy üçin, bir iordan işçisini beýhuş edip, ony diriligine jaýladypdyr".
Žurnalistiñ bloknotyndan.

Men nirede?
Men nirde?
Men nämüçin bu ýerde?
Ýok!
Ýok!
Men ýaşamak isleýän häli,
Gör, ynha, ýöräp dur damarda ganym.
Eşdip gykylygym, öýtmän siz däli,
Ýüregim-de urýar, diýmek, bar janym.

Bu...

Täzelikler » Goşgular - 15.01.2020

DAŞARY ÝURTDAN REPORTAŽ

Bu ýerde guduzlan ganjyga meñzeş
Urşuñ howsalasy bagryñy dilýär.
Ýetimleñ gözýaşy monjuga meñzeş,
Ene toprak yzgar çekip ezilýär.
Bu-da az,
Ýer-de az,
o jellatlara
Dünýäni dar dörüp syhýarlar çarhy.
Betniýetli girip gizlin jaýlara
Bombalañ güýjüne kesýärler nyrhy.

Ömürler öçmesin, öýler ýanmasyn,
Ýatsyzlar birsalym diñlesin böwrün.
Indi bir geçmişler gaýtalanmasyn,
...
Täzelikler » Goşgular - 14.01.2020


1 2 »