GULPAK
![]() Gulpak gyzjagazlaň başyna, baý, gelişýär-ä. Ýuwup, darap goýberseň, ana, onsoň gör ony, edil ýüpek ýaly eliňde akyp, seçelenip-dökülip durandyr. Ony örüp dagam bir köwlendirip, lenta dakarsyň welin, gyzjagazyň her egniniň üstünde bir ak gül parlap, bir penje bolup açylandyr. Şonda gyzjagaz jaýtyldap, towsaklap ýören geçi owlajygyna meňzär. Onsoňam gulpak-da bi, ol entek uzalyp-össe dagy gyzjagaza, gör, näh... |
BÄŞLIK
![]() Gijöýlänler men ýene, Mekdepden gaýdyp geldim. Itim öňümden çykdy, — Näçelik aldyň? diýip, "Bäşlik" diýip, pert aýtdym, Edil öňünde öýüň. Itim diýdi ýalmanyp, — Getir, ýalap göreýin? Agageldi ALLANAZAROW IKI GÜJÜK Çekeleşip daşarda Oýnaýar iki güjük. Olaň biri ullakan, Beýlekisi ... |
ENEMIŇ ÄÝNEGI
![]() Enem janyň äýnegi Haýran eder hemmäni. Tapsa bolýar, dakynsaň, Keçä gaçan iňňäni. Bu äýnegi dakynsam, Meniň keýpim saz bolýar. Serçelerem ulalyp, Ördek bolýar, gaz bolýar. Kerpiçmikän diýýärsiň Şokoladlaň hersine. Owsunyp dur ak deňiz, Baksaň süýtli kersene. Garynjalar taýhary Düşürip dur ýad... |
GADYR GIJESI
Bu gün biz oturdyk sähere çenli Çülpe çagalaryñ ukladyp baryn. Gelnimem ýanymda, Otyrys küsyäp Hydyr ata atly piriñ didaryn. Garaşylýar bu gün oña her öýde, Gündiz bolsa galkyp gelýär - sowlup tün. (Düşünýän men Hydyr atañ ýagdaýna, Bir başy bar, nädip hemmä ýetişsin!) Hawa-da ynsanyñ şeýle-dä bolşy, Başarsa baý boljak, bagtyýar boljak. Hydyr ata duşup dileg dilejek, Soñam ol... |
"BIZI KÜÝSÄP BAHAR GELDI ÝENE-DE..."
Bizi küýsäp bahar geldi ýene-de, Her ýazda ol bolup bilenini bolýar. Onuñ geýinişi, Gylyk-häsiýeti, Gaýtarma gelini ýadyma salýar. Ýapylaryñ ýüzi agyn çigildem, Çabrap barýar töweregi ot bolup. Ony wagtal-wagtal gidýär söndürip, "Ot söndürji bulut" bir ýerden gelip. Synlany keýpine goşýar gülli ýaz, Gowy oý-pikirler gelip dur göwne. Ynandyrýar hemem ýaz her g... |
GELIN
Nätanyş töwerek, Nätanyş ojak, Diñe bir söwer ýar tanyş hem ýakyn. Bilýär gelin ýat hem bolsa özüniñ, Indi ýat däkdigni bu ojak üçin. Gaýyn ene töwerekde hozanak, Eý görýär çagalar "Gelneje" diýşip, Gyzjagazlar ony ussat hasaplap, Keşde öwrenýärler ýanyna üýşüp. Bilip barýar hemme zady kem-kemden, Kime gaýyn, baldyz diýmeli kime. Adamsy hem oña göwünlik berýär, "Goşulşyber, öwrenşer... |
MENIÑ SYMRUG GUŞUM
Köpden bäri habarym ýok guşdan, Symrug guşuň häsýetleri bar mende. Uçup ýör ol mydam gonarly bolup, Köwsar berip meniň töweregimde. Onuň ýere gonanyny gören ýok, (Güpbasdy bolmakdan çekinýän borly?) Özi-de her gezek gelende şeýle, Jemleýär özünde pikirmiň barny. Indi oňa halys öwrenşipdirnem, Kyrk ýyl bäri men ol guşuň yşgynda. Bir görsemem ol göterlip asmana, Dänjiräp uçup ýö... |
MENIÑ DILIM
Dilim seniñ barlygyña guwanýan, Guwanýan sag-aman ýaşap ýörenñe. Ähli dile sarpa goýýan-da bolsam, Maña dil gerek däl seniñ deregñe. Agdaramsoñ taryhlaryñ gatyny, Indi hakykaty anyk bilýän men. Dünýä ýitigleriniñ birisi bolup, Meniñ bagtym-dilim, has ýiten eken. Köp çykypdyr duşman onuñ kastyna, Hilesin, pirimin, gylyjyn tijäp. (Ýoklapdyrlar onuñ ýigrimi bäşini - Il anynda bişen-miwe... |
IT AÝDYMLARY
I. Eýäm sähel melul bolsa Ýallaklaýan ýanna gelip. Bolmajyny bolup berýän, Uklan bolup, çyñsan bolup. Sebäbi men itdigimi, Bir mahaldan bäri bilýän. Kösenýän kän, wah entegem, Itdigimi anyk bilmän. "Getir" diýse getirýärin, "Ýit" diýse-de, ýitiberýän. Alyp gelýän atan awun, Buzly köli sowuk görmän. Sebäbi men itdigimi, Bir eýýämden bäri bilýän. ... |
TÜRKMEN GAHRYMANLARY OLAR UNUDULMALY DÄLDIR
■ AHMET ALLABERDIÝEW Otuzynjy ýyllarda Ahmetleriň Allaberdiýewleriň maşgalasy kulakçylyga çekilip, Tagtabazaryň Erden obasyndan Özbegistana sürgün edilýär. 1942-nji ýylda urşa Ahmet arza berip gidýär. Ol 48-nji Merkezi armiýada, 1-nji we 2-nji Belorus frontlarynda söweşýär. 1943-nji ýylyň 21-nji fewralynda Polesskoý oblastynyň Periçeskiý raýonynyň Pagonin... |
◼USSATLYK ÝOLUNYŇ ÄDIMLERI
"Serwi gelin" atly kitaby okap Ussatlyga ýetişen ýazyjynyň döredijiligi barada söz açmak kyn däl, ýöne oňa baha bermek welin örän çetin. Şonuň üçinem köpüň göwnünden turjakdygyna şübhesiz ynanýan “Serwi gelin» atly täze kitaby derňemekçi bolanymda, öňünden ýaýdandym. Ýaýdanmagymyň esasy sebäbi eserlerini seljermeli awtorymyň häzirki zaman türkmen edebiýatynyň okyjylarynyň uly sarpa goýýan ýazyjylarynyň biri hasaplaýanlygym däl. E... |
ŞAHYR
Belli rus şahyry Blok az wagt içinde zenanlar hakynda 687 goşgy-gimn döredipdir. Şahyryň ol günler zenan gözelligine tebsirän, onuň manysyna diýseň düşünesi gelýän, näçe-de bolsa ondan ganyp bilmeýän hem hiç wagt ganyp bilmejegine ynanýan döwri eken. Ýöne ol 1918-nji ýyldan soň şahyr birden dymypdyr... Näme şondan soň, zenanlar gözelliklerini ýitiräý dilermikän? Şol döwür şahyr Aleksandr Blok gün-güzeran üçin rewolýusiýanyň okuw mekdepleziniň birinde sapak... |
ILKINJI SÖÝGIM |
GELIN ŞAHYRLARYŇ ŞYGRYN OKASAM |
OBA HEKAÝATY |
GELIN AÝLANYP ÝÖR DEŇIZ BOÝUNDA
Gelin aýlanyp ýör deňiz boýundaa, Egnine şar gara saçlaryn döküp. Bu pursat gözleriň isleýän görki, Hut tapylan ýaly bolsady ekip. Gelin gezmeläp ýör deňiz boýuny, Hoş arzuwlar bolsa dökülýär göwne. Ynanasyň gelýär gören zadyňa, Gelinli kenaryň özüňkidigne. II Tutuksy görünýär asmanyň ýüzi, Biraz tukat bolýar deňiz güýzüne. Tolkunlar kenara irginsiz gatnap, ... |
Kyrk ýyl bäri esgerden hat gelenok
Kyrk ýyl bäri esgerden hat gelenok, Ne salam iberýär görenne aýdyp. Gelin bolsa şol işläp ýör kolhozda, Indi köp ýyl bäri biregne, şeýdip. Ýaz eken pagtasyn güýz aýy ýygdy, Kän işletdi eller oragy, pili. Sypynsa, delmirip ýola seretdi, Şol bagty öwrülip geläýjek ýaly. Ne gaýyn nalady maýa gelinden, Ne-de kem ýaşady ýeke didesi. Ol düýşünde söwer ýaryn idese, Og... |
OGLANJYK |
ÝALYNLY ÝYLLARYŇ HEKAÝATY |
SAMOLÝOTDA |