Результаты 1-20 из 76 по запросу Ahmet Arazow

YNAN

Zeminime myhsyñ, sütün - asmana,
Bagta - güýç, dert bolduñ ýürek gussama,
Meniñ söýgi atly ömür kyssama,
Kalbyñda bar bolsa çümmük deý ynam,
Men seni hiç kime bermerin, ynan.

Dünýäñ gursagyny taparyn döre,
Köz bolsañ tutaýyn köre sen köre,
Dözmezim, bir seni dözerin töre,
Düýni, şugni bilen kalbym sygan.
Men seni kiç kime bermerin, ynan.

Geljegme ynamym, şu güne dalda,
Labarint ýollardan çy...
Täzelikler » Goşgular - 20.05.2022

"SOWDY YKBAL ÝODASYNDAN..."

Sowdy ykbal  ýodasyndan,
Bagty tapdym ýollaryñda.
Çykyp düýäň kadasyndan,
Mekan tutdum sollaryňda.

Şol gün duýdum ýaşaýyşy,
Şol gün duýdum ölümi men.
Şol gün kalbym sowdy gyşy,
Bir tapmadym dilimi men.

Ýatdan çykdy dönüp galba,
Süýji bir zat dadanlygym.
A sen mähir çoýduñ kalba,
Duýdum ýene adamlygym.

Tapdym seni millard içre,
Dörüp dünýäñ sesligin...
Täzelikler » Goşgular - 09.05.2022

YNSAP

Sözle köñül, syryñ bukma,
Gaýgy, saña ser ýassykmy?
Bir ynsanyñ tagty lukma,
Bagty bize per ýassykmy?

Gije awda ýatyp öýle,
Salam bermän dañ sazyna.
Honha awyñ, ýene peýle,
Öwrenşdik biz añsadyna.

Kalbymyzy zikir däl-de,
Doldurypdyr çökündiler.
Köpsi meýil, köpsi alda,
Bagt güllermiz söküldiler.

Kör köpüge umyt berse,
Şeýtan saýyp palçylary.
Ykballary garsa derse...
Täzelikler » Goşgular - 06.04.2022

ONSAÑ?

- Ykbaldan soraglym gyzyl ne zer ne,
Ömrüňe düşäýin ömrüm haly deý.
Ýöne ala gözleň al bolup her nä,
Geljegme bakmasyn palçyň paly deý.

Gözýetimden belente sen.
Wah, ýone
asmanda bolsaňam sen deňim, demim.
Sag aýakdan girip gelgin dünýäme.
- Enşalla!
- Ýene bir islegim meniň.
Sözlem duz deý doň mähriňi eretse,
Armanly dünýäniň ýüki ýeňlärdi.
Onsaň bagt diýilýän naçar, neresse,
Kel...
Täzelikler » Goşgular - 02.03.2022

GITDIM

Garlawaç deý bahardy meň Watanym,
Ýel kibi bir ýerde gezmeýin gitdim.
Bir didedi ömürboýy matalym,
Arman, bakyşlaryn çözmeýin gitdim.

Gelenin bilsem-de köñlüm suwara,
Didämi şor suwa ezmeýin gitdim.
Özümi yşga we yşgy gubara,
Bir ömür, bu ömür dözmeýin gitdim.

Dünýäň çagyrşyna gaýtaryp jogap,
Ýykylyp ýöredim, ýüzmeýin gitdim.
Jübimde galan şol soñky teññe deý,
Üzüljek umydym üzmeýin gitdi...
Täzelikler » Goşgular - 16.02.2022

ÝARAŞYK

Gursaklarda ýüreklermiz,
Dowla düşüp köp urmasyn.
Gülleýärkä söýgiñ güli,
Öýke-kine kök urmasyn.

Arzuwlarmyz gama baglap,
Möwjäp ýagyp diñmeýäsmi?
Tutuş dünýä saz çalýarka,
Ümsümligi diñleýäsmi?

Dogry, iýdik duza basyp,
Köýüp kakan kebaby-da...
Gezerismi ýatlar kimin,
Unudyld-a sebäbi-de.

Ýetim sözlem başyn egýär,
Halamasañ dala, myja.
Ýöne hayş, eremänkä,
...
Täzelikler » Goşgular - 02.02.2022

MAGNIT

Birmahallar magnit bolup birigip,
Bir tomus däl, ençe gyşy ötürdik.
Aramyza dil sygmadyk mahaly,
Mangit bolup bir-birimiz iterdik.

Şondan bäri hyýallara gark bolup,
Parhsyz atyrýarys her gelen dañy.
Men ýarama spirt çalyp ýaşaýan,
A sen aý-günleri edipsiñ dañy.

Köwüşlermiz bir-birne baglardyk,
Bu gun bagjyklarmyz özün baglap dur.
Geliñ bizden nusga alaýyñ diýip,
Seret, ýatlamalar ýene agl...
Täzelikler » Goşgular - 25.01.2022

DÜNÝÄM

Bagt guşun ugratjak gizleme salgyñ,
Bu ykbal sañadyr, ret etme algyñ,
O dünýe bilmedim, bu dünýe çelgiñ
bolaýyn, dünýäme gelsene, dünýäm.

Alada-gaýgyny köñlüñden öçür,
Ýat tutan yşgymy kalbyña göçür,
Bir haýyşt, ezizim, bolma-da kejir,
Aşygyñ gujagna ýelsene, dünýäm.

Barmagym kesemde göwnüm saranym,
Köplükde göz asty, ogryn garanym,
Bir saña aýtmakçy kalbym parolyn,
Diñeje girmäni bilsene...
Täzelikler » Goşgular - 23.01.2022

GUTLAGLAR

GUTLAG
Yzlap gezme, öz ýoluñy saklagyn,
Bagtyñ özi sen tarapa ýöresin.
Ýyllar ýüze ýygyrdyny salmasyn,
Gasyn diñe goý, gülküden döresin.

Ömre--many, kalba ýalkym çaýylsyn,
Uzak ýaşa wagt goşulsyn wagtyña.
Bir dilegim bu durmuşda aman bol,
Ýüzüñ gülsün goý, maşgalañ bagtyna.

BAGT TOÝA

Bu gün biz söýginiñ janly şaýady,
Telwas urýan gül yşgynda bilbiliñ.
Ýüzügiñ gaşy deý bagt...
Täzelikler » Goşgular - 19.01.2022

"AÝA DÜNÝÄÑ..."

Aýa dünýäñ, aýa, dünýäm,
Şum ykbala soragçy ýok.
Menem bar-la ýöne saña,
Senden zyýat goragçy ýok.

Dünýe ýaşdyr, ýetişiersiñ,
Duýjak bolsañ ýakymyny.
Soñ daş atyp uly derýañ
Saklap bolmaz akymyny.

Saña bolsun, elýetmezim,
Rahat--gijän, şowly-bijäñ.
Gözleñ dury bolsun weli,
Bolmasyn goý, deñiz didäñ.

Gatyşsa-da ykblarmyz,
Kim bilip dur oñ paýawyn.
Dakman...
Täzelikler » Goşgular - 09.01.2022

GÖWNÜM GEÇDI

"Meniñ senden göwnüm geçdi..."
Aýdymdan.


Gidişiñ rast boldy ykbaly çeken,
Söýülseñ gül eken, söýseñem--tiken,
Ýaşamaga howa ýetik däl eken,
Aýryldyk, meniñ demden göwnüm geçdi.

Özüne gark etdi gözleñ akymy,
Gül ysyñden köp beripsiñ hakymy,
Baş aýlanyp, bilmän asla çakymy,
Utuldym...
Meniñ çenden göwnüm geçdi...

Saçlañ buýra, iki egniñ horjady,
Sözleriñem m...
Täzelikler » Goşgular - 08.01.2022

ERTIR BILERIN

Dek düýn muzdsyz ýa-da para-peşgeşsiz,
Sapylgydy ykbalyma ykbalyñ.
Halsyzlyk ýa ýolsuzlykdyr öýderdim,
Şu çaka çen birje göwnüm ýykmanyñ.

Ýaralarña melhem etdim narpyzy,
Çaýa goşup içdim lebleñ gandyny.
Şüdgär ýer deý asla suwdan ganmadym,
Ahyr basdyñ uly derýañ bendini...

Durmuşda-da kän büdredim, ýykyldym,
Öñler örän rahatdy meñ gijelem.
Labarint deý ýodalardan çykardym,
Ganly dä...
Täzelikler » Goşgular - 05.01.2022

ÖZÜME

Amanat zatlary özümki görmän,
Köp wagtymy köp geçirdim boşa men.
Gezýärkäm köplügi ündäp her kese,
Gör, kalbymda kök urupdyr goşa men.

Ýanmaklyk, ýazmaklyk täleýdir öýdüp,
Ýandym, ýazdym mydam gelşine görä.
Hakykaty aýtsam-da men,
Kä mahal,
Diýdim alnymdakyñ bolşuna görä.

Dünýä kä bir zatlar goýmak isledim,
Emma,
Öýi doldurmaga gerek goş-golam.
Nädip ile paýlaşýanym bilemok,
...
Täzelikler » Goşgular - 29.12.2021

NOBAT

Bir goja bu durmuşa,
Hem ga:rylyp, garalyp.
Ýaşar eken durmuşda,
Hem sa:ralyp, saralyp.

Zähmete ähmýet bolmaz,
Boş çykarmyş bijesi.
Asla güýze ýetmändir,
Jan etse-de  jüýjesi...

Ýalançy erbet çakdy,
A goja aýawlady.
Sanalmadyk sanalgy,
Bir güni paýawlady.

Hiç ýatasy gelmedi,
Imrikmänsoñ düşege.
Tabyda nädip müner,
Münmändem ol eşege.

Çar tarap...
Täzelikler » Goşgular - 28.12.2021

SINTAKTIK GUTLAG

Ömür bolsun sintaktika,
Tertip bolsun taraşlysy.
Esasy söz özüň bolup,
Ykbal bolsun garaşlysy.

Rysgal bolsun doldurgyçdan,
Kemlik gitsin aýyrgyja.
Habar agyr gelse-de soň,
Eýe bolsun haýyrlyja.

Erkin bolsun maksadyňyz,
Durmuklylyk ýar bolsun.
Her kişili gatnaşykda,
Ylalaşma täri bolsun.

Ýaýbaňlansyn goý, adyňyz,
Ýönekeýlik ýoly bolsun.
Saçagňyzda halal...
Täzelikler » Goşgular - 26.12.2021

GORKY

Kamata guwanyp söýmedim guwy,
Akja däl, ýene şol gara sen gowy,
Köp bişensoň indi bir bulgur suwy,
Özgeleň golundan içmekden gorkýan.

Özlükden geçen kim dogulyp-döräp,
Gyş gitdi suw basdy buzluklar eräp,
Kalpdaky alawym ýaksa-da köräp,
Pessaýy şemala öçmekden gorkýan.

Geläý, içeli biz yşk döndi sa:ka:,
Senli ýatlamadan dolsun her waka,
Wah, diýmen, armanly gitsem-de baka,
Kalbyň suprasynda...
Täzelikler » Goşgular - 24.12.2021

KAKA

Müň gaýgyly bu durmuşda,
Perzendiňdir pikriň, derdiň.
Dostum ýaly bir sözde däl,
Arkam tutup goltgy berdiň.

Iň ýakyn dost söweşemde,
Uzaklardan kesekleşýär.
Kaka, senden asgyn gelip,
Aý-Gün bile gezekleşýär.

Öwretdiňiz, ýol bolmany,
diňe dogry,
galplygy däl.
Diýerdiňiz, bilmek kyndyr,
Dünýe mekdep harplygy däl.

Başymyza pena wagtyň
Müýn duýmadyk jinnek ýaly.
...
Täzelikler » Goşgular - 23.12.2021

PESE DÜŞMEK

Ony ondan aýyrdylar bir günde,
Garşam bolup durmady ol boşluga.
Gaýgyranok, saýgaranok, oýlanok,
Irden gelen sagbollaşýar guşluga.

Olam razy,  muzd tölenmez ýa kireý,
Oýnjak kimin oýnaýarlar keýpine.
Bir pursatlyk saýaly bir düşelge,
Ömürboýy kime gerek, aýt kime?..

Kalbym nagra dartdy, egildi başym,
Ýürek diýdi maña gerek, gelsene.
Namys diýdi haçan pese düşdüñ sen,
Egilme-de,  gowu...
Täzelikler » Goşgular - 15.12.2021

GALAMYÑ GÜÝJI

Erk ýörär, berk ýörär zemin ýüzünde,
Ynsan,
Jany bolsa bolmaz asla gury ýer.
Dostum, ynan!
Gadymky rysarlañ gylyjy ýaly,
Bir gün biziñ galamlarmyz biriger.

Onsañ zemin üzre ýaýylar şatlyk,
Açylar doga däl, sowa kör gözler.
Näçe çuñda gizlense-de garalyk,
Nyşana deger deý atylar sözler.

Açylar güller, açylar diller,
Örküni üzer gorkudan daban.
Aýdan bolsalar-da könelremiz, ...
Täzelikler » Goşgular - 14.12.2021

EJE

Eje!
Gollarym titreýär, gaçýar mejalym,
Ogluň sandyrawyk däldir aslynda.
Emma, eje diýsem dag kimin kalbym,
Bir gezek beýgelip hem-de epilip,
Aljyrap, alňasap galýar sarsgynda.

Hiç beyle duýmadym özümi ejiz,
Bu gara baş yaş halyna çalaran.
Hany, mähir bilen bakýan gözleriň,
Häzır bakýanlary gödek, alaran.

Eje, yadyňdamy, sen bir dünýädiň.
A bizler jan hem uly han, agadyk...
Ýatlamalar...
Täzelikler » Goşgular - 10.12.2021


1 2 3 4 »