GÖROGLYNYÑ DÖWRI HAKYNDA BELLIKLER |
PYRAGYNYŇ DÜÝŞLERINI ÝORUP BOLMAZMYKA?
Görnükli gündogarşynas Ý.E.Bertels Magtymgulynyň «Turgul!» diýdiler» şygryny şahyryň diplom goşgusy atlandyrypdy. Munuň özi Pyragy hakyky döredijilige düýş hakyndaky şygyr bile başlapdyr diýmegi aňladýar. Şahyryň golýazmalaryny kileň şu şygyr bilen başlanýandygy hem muny belli bir derejede tassyk edýän ýaly bolup dur. Diňe şu şygyr däl. Eýsem Pyragynyň döredijiliginde düýş bilen bagly şygyrlaryň ýene sekizisi bar. Olar şahyry... |
DOSTLAR, BU AÝDYMY DIŇLEMEK GOWY!
Siz onuň goşgy okaýşyny diňläp görüpmidiňiz?! Ol göýä diňe öz-özi bilen gürleşýän ýaly, birhili pessaý, ýöne owazly heň bilen okaýardy. Edebiýat tankydynyň turuwdan belleýşi ýaly, ol döredijiliginiň häsiýeti boýunça lirik şahyrdy. Şeýle hem, dogry bellenişi ýaly, onuň şygyrlarynda nepis lirizm bilen birlikde inçejik ýumor öwüşginleri-de bardy. Emma ol goşgy okan wagty şygryň gussalyrak ýerine birhili äheň, ýylgyrmaly ýerine-de başga bir äheň, üýtge... |
ÝAGŞYSYNA - ÝAGŞY, ÝAMANYNA - ÝAMAN DIÝELIŇ
Bu adamyň çylşyrymly, gyzykly hem-de gamgyn ykbaly bar. Onuň haçan dünýä inendigi, nähili maşgalada önüp-ösendigi baradaky anyk maglumatlar häzirlikçe biziň elimizde ýok. Diňe bir zat belli. Ol Halaç raýonynda dünýä inipdir. Graždanlyk urşunyň wakalaryna gatnaşyjy Mahinowiç diýen şahsyň ýatlamalarynda aýdylyşyna görä, Abulhekim Gulmumuhammedow Stambulyň ýokary dini uçilişesini tamamlapdyr. Gündogar dilleriniň ençemesine suwara bolupdyr. O... |
ABAÝ ALTAÝAGY TÜRKMEN ŞYGRYNDA
Halk arasynda «Ýagşynyň ýoly uzak» diýen pähim bar. Gazak ýazuwly poeziýasynyň esasyny goýan, gazak-rus edebi hyzmatdaşlyklarynyň gözbaşyny açan Abaýyň çeperçilik gözlegleri, tapyndylary barada oýlansaň, şu pähim ýadyňa düşýär. Gepi uzaldyp oturmagyň hajaty ýok. Biziň söhbetimiz Abaý şygrynyň forma gözelligi hem şahyryň çeperçilik ýolukyň türkmen edebiýatyna gelip ýeten ýodalary hakynda. Şahyryň döredijiligini çigitlän alymlaryň güwä geçmegine görä, A... |
TILIM GUŞ TILIDIR, SURATYM – YNSAN
Magtymgulynyň şygyrýetinde häli-şindi özboluşly simwoliki obrazlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Şol obrazlaryň öz syry, öz nyşana alýan nokady bar. Sebäbi şahyrda artyk-süýşük zat ýok. Her sözüň, her detalyň öz hasaby bar. Eger oý edip görseňiz, Magtymgulynyň liriki gahrymany guşlary aýratyn «gowy görýär». Dogry, Gündogar poeziýasynda ömrüni diňe bilbil hakynda şygyr ýazyp ötüren şahyram bolupdyr. Magtymguly onuň ýaly guşlary dilinden düşürmän ýören... |
EDEBI MIRAS HEM ULY YHLAS HAKYNDA
Edebiýatymyzyň Elbrusy (Kaýsyn Kulyýewiň deňeşdirmesi) Berdi Kerbabaýewiň köpgyraňly çeperçilik gözlegleriniň, hyzmatlarynyň ikinji bir döredijilik hemrasy hem bolupdy. Olýazyjynyň edebiýatçylyk zähmetleridi. Özi-de onuň bu döredijilik ugry baryp ýazyjynyň çeperçilik agtaryşlarynyň ilkinji ädimlerinden başlanypdy. Beýik Magtymgulynyň eserleriniň sowet eýýamyndaky ilkinji neşiriniň ýazyjynyň zehin hem zähmeti bilen baglydygyndan, elbetde, hem... |
BÄŞ DESSANDAN DESSE BAGLAN
Edebiýat taryhçylary her halkyň söz sungatynyň «altyn asyrynyň» bolýandygyny belleýärler. Biziň berk ynanjymyza görä, türkmen edebiýatynyň «altyn asyry» XVIII asyr. Bu asyr bize edebiýatymyzyň ýedi ýyldyzy –Ýedigenini– Andalyby, Azadyny, Magtymgulyny, Magrupyny, Gaýybyny, Şabendäni, Şeýdaýyny – berdi. Olaryň hersiniň edebiýatymyzyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Aýdaly, Gurbanaly Magrupy «Oguznamadan», «Gorkut Atanyň kitabyndan», «Görogludan» gaýdýan türk... |
HINDISTANYŇ REŇKI GYZYL MEŞESI
Şygyr senediniň uly läheňleriniň, onda-da geçmiş döwürde ýaşan senetkärleriň döredijiligini jikme-jik, bütin aýdyňlygy bilen akyl eleginden geçirip bolanok. Nähilidir syrly setirler tapylýarlar-da, böwrüňe diň salmaga mejbur edýär. Olaryň käbiri-hä belli bir uç bermän enter-pelegiňi öwürýär. Aýdyşlaryna görä, Abywertde (Häzirki Kaka raýonynda – A.B.) doglup, öz eserlerini XII asyryň edebi dili hasaplanan pars dilinde ýazan, döwürdeşleri tarapyndan, «ş... |
LOGIKA, ROWAÝAT HEM-DE HAKYKAT
Bu gürrüň öňräkden bäri bardy. Onuň başyny 1966-njy ýylda S.Ahally başlapdy. Ol şol ýyl «Mugallymlar gazetiniň» 4-nji aprelindäki sanynda çykan makalasynda Seýdiniň iki bolandygy baradaky pikiri orta atypdy. Emma dogrusyny dogry aýtsak, öz pikirini düýpli deliller bilen berkidip bilmändi. Biz bu makala barada gürrüň edip oturmakçy däl. Sebäbi oňa öz wagtynda K.Jumaýew, M.Garryýew hem Seýdiniň söwer dosty Zeliliniň ömür hem döredijilik ýoluny ýörite öw... |
BIR DOGANY SÖZ DOGRUP BERÝÄR |
ŞAHYRYŇ EPIKI POEZIÝADAKY USSATLYGY
Edebi döredijilikde uly söz ussatlarynyň ideýa-çeperçilik özboluşlylygy aýry-aýry eserleriň däl, eýsem belli-belli žanrlaryň mysalynda ýüze çykýar. Şoňa görä-de, L.Frizmanyň sözleri bilen aýtsaň, Biz ýöne ýere Şekspiriň tragediýasy, Puşkiniň poemasy, Balzagyň romany, Çehowyň nowellasy diýemizok». Sebäbi geçmişde aýry-aýry edebi žanrlar tutuş bir döwrüň edebiýatynyň ugurlaryny, stillerini kesgitläpdir. Ikinjiden bolsa, edebi žanrlaryň belende galm... |
MÜSEMMET – MERWERIT DÜZMEK EKENI
Türkmen klassyk edebiýatynda döredijiliginiň žanr köpdürlüligi boýunça Andalyp bilen bäsleşip biljek şahyr ýok diýsek ýalňyş däl. Ol diýseň kämil hem çeper ýazylan dört sany dessany, dört sany poemany miras goýan, klassyky edebiýatymyza ýazuwly prozany («Melike-Mährinigär» powesti) girizen ussat, Şahyryň lirikasy hem özüniň žanr köpdürlüligi bilen köpleri haýran edip biljek. ■ Eýsem şahyr nähili diriki žanrlary öz galamyna gulluk etd... |
DANA ATA OGUZNAMA AÝDYPDYR
Orta asyr arap, pars türki dilli edebiýatlaryň durmuşynda özboluşly çeperçilik ýörelgesi ýüze çykypdyr. Bu ýörelgä ylmy edebiýatda n e z i r e ç i l i k diýilýär. Ol özüniň tebigaty boýunça belli bir söz senetkäriniň başga bir ussadyň eserine, ýa bolmasa edebiýatda öňden bäri işlenip gelinýän anyk bir tema ýüzlenip, täze eser ýazmagy bilen häsiýetlenýär. Nezireçilikde awtor özüniň çeperçilik konsepsiýasynyň aýratynlygyna, mümkinçiliklerine görä däp... |
4. Ussat Aýnynyň eý gören kitaby
Täjik sowet edebiýatynyň klassygy Sadretdin Aýnynyň türkmen durmuşy, türkmen edebiýaty bilen köptaraply ilteşikleriniň bardygyndan, elbetde, okyjylar habarlydyr. Ýazyjy baryp-ha ýetginjek wagtlary Çärjewe gelip Lebap boýlarynda ýaşaýan türkmenleriň durmuşy bilen ýakyndan tanyş bolýar. Soň zehinli ýazyjy Osman Ödäýew Aýnynyň bu syýahatyny beýan edýän özboluşly powest ýazdy. Sadretdin Aýny özüniň meşhur «Gullar» romanynda XIX asyrdaky türkmen d... |
3. Italiýa ýeten küşt mallary
Gadymy geçmişi bolan her bir halkyň asyrlar boýy adyny arşa göterip gelýän üýtgeşik zatlary, beýik-beýik ogullary bolýar. Şol halk barada gürrüň edilse, ilki bilen şol üýtgeşik zatlar, beýik ogullar dile alynýar. Aýdaly, türkmen halky diýilse, başdan gözüňiň ýagyny iýip barýan gözel halylar, ýelden ýyndam gamyş gulak bedewler ýatlanýar. Gör, indi nijeme asyrlar bäri olar halkymyzyň buýsanjy hem şöhraty hasap edilýär. Mysal üçin, baryp XIII asyrd... |
2. Setirlere siňe seretseň...
Käte-käte haýsydyr bir şahyryň ýeke şygrynyň üstünde uzakdan-uzak kelle döwýän, hatda galama ýapyşýan halatlaryň bolýar. Bu häli-şindi gabat gelýän ýagdaý. Bir mysal. Leningradly alym M.P.Alekseýew Puşkiniň bary-ýogy ýigrimi setirliik «Ýadygärlik» atly şygryny köp wagtlap içgin öwrenip tutumly bir monografiýa döredipdi. Dogrusyny aýtsak, biziň şu ýazgymyzyň döremegine hem orta asyr türkmen poeziýasynyň görnükli wekili Baýram hanyň «Huramanginäm»... |
YLMY-PUBLISISTIK MINIATÝURALARDAN
1. Oýunda oýun etmeli däl Biz onuň bilen ilkinji ýola belli özbek ýazyjysy Aýbegiň «Nowaýy» romanynda duşuşypdyk. Bir görseň beýik şahyryň ýanyna dürli meseleler bilen gelýänlere Nowaýynyň özi bolup maslahat berip oturan, ýene bir görseň döwlet hem döredijilik işleri bilen hiç bir zada eli degmeýän Myralynyň eserlerini tertibe salyp, onuň beýleki işlerine serenjam berip ýören bu gahryman bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarsyň. I... |
MARY – MYRALYNYŇ MESGEN-MEKANY
Gündogaryň beýIk söz senetkäriniň biri Alyşir Nowaýynyň türkmen halkynyň arasyndaky mertebesi barada gürrüň edip türkmen sowet edebiýatynyň klassygy Berdi Kerbabaýew şeýle ýazypdyr: «Myralyny –Nowaýyny türkmen halky özüniň klassygy hökmünde söýerdi. Sowat çykmak üçin mekdepde okalýan esasy kitaplardan biri Nowaýynyň lirikasy-gazallary bolardy. Sowatly, düşünjeli adamlar öz töweregine diňçileri üýşürip, onuň gazallaryny, «Hamsasyny» hepdeläp okardylar.... |
MUNY DÜZEN ULY USSAT, ADY ALY
Soňky wagtlarda iş-alada köpelip, wagty bilen kazanly dostum hem kärdeşim Nurmuhammet Hisamowyň kitap sowgatlaryny ele alyp bilmedim. Golaýda onuň ýollan kitaplaryny okap çykdym. Olary okap, öz ýanymdan Nurmuhammede berekella berdim. Onuň mundan ýedi asyr öň ýaşap geçen özboluşly bir şahyr barada eden uly işlerine guwandym. Geliň, onuň iberen kitaplary hakynda gysgaça gürrüň edeliň. Kitaplaryň ilkinjisi «Gul Alynyň «Kyssaýy-Ýusup» poemasy» diýlip atlan... |