Результаты 1-7 из 7 по запросу Akmyrat Rejebow
HALKARA ZENANLAR GÜNÜNE GUTLAGLAR ÇEMENI
Ýigidiň zenanlara gutlagy: Güller açýan döwrümiziň bezegi, Bagtyýar zenanlar, bagtly zenanlar. Mährem perzentlerne ganat gereni, Bagtyýar zenanlar, bagtly zenanlar. Ak säheriň ak daňlary atanda, Balalarna söýgi bilen bakanda, Beýle gudrat heý, barmyka jahanda? Bagtyýar zenanlar, bagtly zenanlar. Ýigidiň enesine gutlagy: Men şatlanýan, eger enem şatl... |
GEÇIRIMLILIK
"Gursakda agyr daş göterip ýörmäň, Adamlar, bagyşlaň birek-biregi!" Didarberdi Allaberdiýew. Dagyň gaýasyndan bir agyr daşy, Göterip bilmesek, goýýarys ýerde. Käte göwne degip, bolsak-da asy, Öýke-kine edip, galýarys derde. Dagyň daşyndan-da bir agyr daşy, Gursakda mydama göterip ýörüs. Bir söz üçin undup dogan-gardaşy, Eden hatamyza ökünip ýörüs. Bagyşlamak – mahsus bo... |
ŞAHYRLARYŇ AÝDYŞYGY
Döwrangeldi Agalyýew: — O nämedir, ýalkym saçar zer ýaly, O nämedir, joşa geti:r derýany, O nämedir, älem-jahan seýrany? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. Akmyrat Rejebow: — Ol bugdaýdyr, ýalkym saçýar zer ýaly, Ol tolkundyr, joşa geti:r derýany, Ol arzuwdyr, älem-jahan seýrany, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. D. Agalyýew: — O nämedir, çöl içinde köl... |
DURNALAR GELÝÄR
Durnalar ir gelýär biziň illere, Olar, göýä baharlaryň buşlugy. Gök asmandan garap gelýär sillere, Toýnuk gurar, gözellige duşdugy. Synlaň olaň hatar gurap gelşini, Öwrüm edip, çemenzarlykda düşlär. Göge galksa, gök asmanyň gelşigi, Ýere gonsa, olar eserdeň, hüşgär. Bu ýaýlalar kalby salyp heýjana, Göwnüň ganatlanyp durmaly meýdan. Çykasyň ger ýap boýuna seýrana, Ýöne has gözeldi... |
ÇUŇLUK
Süýji suwly takyrlaryň çetinde, Kän guýy gazypdy guýy ussasy. Syn ederdik örümleriň setirne, Dik gazylşy ezberligiň nusgasy. Köpügören gojalaryň öwdügi — Kändi onuň ýetişdiren şägirdi. Emaý bilen düşürende çöwlügi, Köp kişileň nazarlary sägindi. Ýer astyndan çykaryp kän topragy, Gazyp, gazyp gidip barýar çuňluga. Ussaň agyr işde ýeňil gopmagy, Çalym edýär duşan ýaly humluga. ... |
LONDONYŇ KÖÇELERINDE
Ençe-ençe menzilleri geçsem-de, Argynlygy duýulmady ýollaryň. Atlantikaň ak ýagşyna ezilip, Seýle çykýan köçelerne Londonyň. Iki gatly awtobusyň üstünde, Iňlis gyzy gyzygypdyr kitaba. Big-Ben, Bukingemde jahankeşdeler Haýran galýar bu mekana, bu taýa. Hyýalyňy alyslara äkidýär, Klýon agajynyň sary ýapragy. Tauer köprüsi — iňlis halkynyň Dünýä gymmatlygna serpaý ýapmagy. ... |
BAÝRAMALY ŞYPAHANASYNDA
Munda ylham egsilmeýär sähel-de, Haýran goýýar binalaryň gurluşy. Mydama-da ýetik munda mähelle, Ýada salýar şagalaňly durmuşy. Saýasynda Gün düşmeýän baglykda, Duýaňok hiç tomsuň epgek, howruny. Saglykdan gymmat zat barmy barlykda, Eçilende duýgularyň gowsuny? Saglyk — adamlara uly baýlykdyr, Janyň saglygynda durmuşyň datly. Mähirli ýüzlerden, hoşamaýlykdan, Göwünler gan... |