Результаты 1-20 из 30 по запросу Aknur Rozyýewa
DAÑLARYÑ DÜÝŞI
Dañlañ düýşi hasyl bormuş, ezizim, Bölüp ukularym, oýarma meni. Dañ ýyldyzy dogubersin uzakda, Besdir maña säheriñ ak düýşleri. Uly dünýäñ ynamyna gowşara, Äkit meni ýel astynda pelege. Arzuwlarum üçin hasyl bolmadyk Gollam açyp, çök düşeýin dilege. Soñ dolansak şol mähriban ýerlere, Birçak bizi uly ýola ataran. Görýärmisiñ, hanha, eziz käbämi, Mensizlige nazar salyp oturan. ... |
AKTOKAÝDA
![]() Bu ýerlere sežde bolup pelekden, Şapaklañ batasy gelmeýän eken! Takdyra seýilden seýilbaz ýelleñ, Alysa gidesi gelmeýän eken! San ýetmez ýollary ýelen söýgüleñ, Başga ýan uçasy gelmeýän eken! Dünýäñ didesinde gizlenen syrlañ, Asla hiç ötesi gelmeýän eken! Ömri gidip barmyş ötegçi demleñ, Düýş kibi ýitesi gelmeýän eken! Hakykata tebsi... |
ALAMBERDAR ROWAÝATY
Adalat Tuguny dünýäniň depesine dikmek üçin kän menzil külterlän goşun uç-gyraksyz sähranyň gujagynda goş ýazdyranda tulumlaryň iň soňkujalarynyň hem bujagy çözülip, teşnelige ölmez-ödülik edilipdi. Külterlenen menzilleriň ýadawlygyna goşulyp, esgerleriň bokurdagyna ýapyşan suwsuzlyk derdi hemmesinden erbedidi. Oňa heniz dünýäden gijäniň garaňkylygy syrylmanka çäre görülmese, goşunyň heläk boljakdygy jedelsiz hakykatdy. Beýle ahwalda goşun söweşmeg-ä beýlede durs... |
ÝAGŞY NIÝET
Dünýäde dertleriň içinde iň çökderi, megerem, ýagty jahanda adamzadyň yzsyz-sorsuz ýitip gitmegi bolsa gerek. Şonuň üçin hem Akmaral ejäniň otursa-tursa: «Kiriň kirliksiz bolmasyn, saçagyň çöreksiz» diýen dilegi dilleriniň senasyna öwrülip gidipdi. Obadaşlarynyň köpüsi dili dogaly garrynyň hut şu dilegi üçin hem özleriniň törüne gülki ýaýrap, gujagy dolan hasaplaýardylar. Emma käte uly ile umyt bereniň özüne umyt tapmaýan pursatlarynyň bolşy ýaly, körpesi Ýazla gezek ge... |
BÄBEKLI
Dünýäniň gowgaly syrlarynyň darbazy deý garaňkynyň sapak ýaly işilen ýüreginden nämälimliklere sary ýol alan göç kowgynyň aňtawyndan sypmak üçin usurgan ruhuny süýräp barýardy. Ýollar uzyn, töwerek garaňky, geljek bolsa düýbi görünmeýän boşluga öwrülen umytsyzlykdy. Emma şonda-da umytsyzlykdan-da umyt agtaran göç ýoly külterläp barşyna sag-aman ertir atjak daňy diriligiň deminde garşylamagyň yhlasy bilen haýdaýardy. Kysmaty ýowuz döwrüň hut taýak atym alnynda-da özler... |
GEL, TÄZE ÝYL, KALPLAÑ PÄKLIGI BILEN!
Ine, ýene-de her gezek adatylyga sygyp aýlanyp duran günlere nähilidir bir üýtgeşik şatlyk eçilip, Täze ýyl gelýär. Bu baýram maňa tutawajyna gollarymyzy ýetirip, emma entek bosagasyndan içeri ätlemedik gapymyzy ýatladýar. Bu gapynyň adaty gapylardan üýtgeşikligi aňyrsyndaky nämälimlikleriň bütin adamzadyň ykbalyna dahyllylygyndadyr. Nesip bolsa, bu ýylda-da birek-birege meňzemeýän her bir täze gün ynsan ykballaryna parhly-parhly pursatlary bagy... |
SERÇE NÄME ÜÇIN KIÇIJIK?!
Muny maňa bir wagtlar ejem aýdyp beripdi, ejeme-de garry mamam aýdan ekeni, menem size gürrüň bereýin diýdim. Örän gadym zamanlarda haýsydyr bir ýerlerde baýlygy ýere-göge sygmaýan bir adam ýaşaýar eken. Giň sährany dolduryp, agyp-dönüp ýören sürüler, bosagasy altyndan öýüň törüne düşelen haly-parçalardyr hazynasyndaky tylla-kümüşler görenem, eşidenem haýrana goýupdyr. Saçagynyň üstünde mydama dürli-dümen iýmişlerdir şerbetler dolup duran kişiniň hus... |
BITARAP ÝURT - EZIZ DIÝAR
Şükür bu gün täleýiňde bir zerewşan gün dogupdyr, Ylhamlanan topragyňda bereketden nur çogupdyr, Beýiklige inen dünýäň älem içre ýaň salypdyr, Owazyna dünýe aşyk, soňlanmajak aýdymym sen, Bitarap ýurt eziz diýar köňle çitmiş öýdümim sen. Ýeňişlere ýetişensiň gama çökmän göreşipler, Bu günleriň döwranyna umyt bolup garaşyplar, Ebedilik keremligiň durar ömre ýaraşyplar, Deňäp seni barlygyma janym ... |
HALALLYK HIKMETLERI
■ Kümüş gupba Obamyzyň ýaşulularynyň tomus gijeleri uzaga çekýän söhbetdeşlikleriniň birinde ömrüni çölde mal yzynda geçiren garry çopan şeýleräk bir wakany gürrüň beripdi. Aýtmaklaryna görä, ol birmahallar haýsydyr bir sebäbe görä göçülip gidilen uzak oýlaryň birinde mal yzynda gezip ýörkä ojak ornu-da mesaňa bildirip duran ýerde üstüni gum gömüp giden owadan kümüş gupba tapýar. Sünnälenip bejerilen, üstünden näçe ýyllar geçenem bolsa henizl... |
KÖÑÜL SYRY
Durmuşda ynsanlar ýaly, islendik zadyň hem öz ykbaly boljak eken. Gülmahymyň gül den näzik arzuwlaryny nagyşlaryna siňdirip, ýaz ýaly lowurdap barýan kürtesine haýran galmakdan agyzlaryndan ýaşmagyny gaçyran küňreliniň gelingyzlary, dogrusy, her nämä garaşsalaram bu kürtäniň nesibesiniň şeýle boljagyna garaşmandylar. Emma bendesi niň isleginiň dälde, iki barmak maňlaýynyň rüstem gelýäni üçin hem pany diýilýän dünýesiniň oýunlaryda mahmal kürtäniň kysmatynyň sagyndan ... |
HALALLYK HIKMETLERI
■ Özgäniň haky Arada tanyş zenanlarymyzyň biri şeýleräk bir wakany gürrüň berdi. Ýagny işdeş ýoldaşlarynyň biriniň doglan gününe sowgat almak üçin pul jemlenişip, ony almagy-da ýaňky zenanyň özüne ynanýarlar. Ol hem günortanlyk arakesmede diýlen sowgady alýar-da, ondan artan 10 manat töweregi puly 20 sany işdeşine gaýtaryp bermegiň zerurlygam ýok diýip hasaplaýar. Şeýlelikde, sowgatdan artan puly gapjygyna oklap goýberen gelin işdeş jorasyna ş... |
GÜNDELIGIMDE GALAN SETIRLER
Eşidýärkäk düşünmeli, görýärkäk akyl ýetirmeli, duýýarkak seljermeli. * * * Ýaşaýyş hereketdir we onuň bizden edýän talaby hem hereketlilikdir. Hereketsizlik bolsa islendik wagt ykbalyň durmuşdan hem ýaşaýyşdan üzňeleşmegine sebäp bolup biler. * * * Manyly ömrüň her pursady sowulmaz toýa barabardyr. * * * Unudylmazlyga — özüniň däl-de, özgäniň bagty üçin göreşmegi başaranlar mynasypdyr. ... |
ROWAÝATLY DAGLARYÑ GERÇEKLERI
Rowaýata öwrülen daglaryň kyssalaryny diňläp, merdana serhetçilerimiziň gulluk ýerlerine sary alyp gitjek serhet ýodalaryny yzarlap gitmek üçin nirdesiň gadymy Köýten diýip baranymyzda, Günüň tylla şöhlesi ýerden ýaňy ýokary saýlanypdy. Syrly jülgeleri, çeşmeleridir zawlaryndan başlap, otuna-çöpüne çenli rowaýata öwrülen bu ýerlere ýetmäge howlugyp, ulaga ornaşanymyzda sürüji esger çylşyrymly eňňitleridir belentlikleri, öwrümleri bilen öň ençe ýola ýol... |
ÝÜREGIÑDE JAÝLA MENI!
Bir gün alyslara gidip, Goýaýsam seni alada. Diriligñe umyt bolup, Gaýdyp geljegim ýañadan! Bir gün alyslara gidip, Çakyñdan artyk eglensem. Saña dünýä sygmaz dessan Ýazyp geljegimdir bilseñ! Bir gün alyslara gidip, Gaýdyp gelmesem ynangyn. Onda baky togabyñda, Beýik pida siñenligim! Ýöne haýyş aglama sen, Bu durmuşyñ uzyn ýoly. Meýdimi getirse bi... |
MUKADDES TOPRAK
Adamzat wagtyň akymyny kürekläp, aňly-başly ýaşaýşa gadam goýaly bäri, ähli mukaddeslikleriň, gowulyklaryň öz mukaddes Watanyňdan kemal tapýandygy hakyndaky beýik pelsepäni düýnden şu güne, şu günden hem geljege miras goýdy. Gadymy akyldarlaryň «Başlangyç nokat» diýen düşünjesine hem ruhy nukdaýnazardan çemeleşenimizde, bu ümmülmez dünýäniň ynsan üçin öz dogduk depesinden, Watanyndan gözbaş alýandygyna yşarat bermek isleýän ýaly. Her ynsanyň göbek ganynyň siňen Wata... |
GÜÝZ ÝETIP GELÝÄR / goşgular toplumy
■ 17 17-de galan göwün Bu gün ýadyrgap dur güýz keşp otuzdan. Çykyp gelýär başy elwan ýaglykly, Ýylgynlary gojalyşan atyzdan. 17-de galan göwün Ýyllaň aňyrsynda atýar owsuny. Gelýär ol käbämiň köne tamdyrna Arkasyna atyp tamdyr towsuny. 17-de galan göwün Kä çola gijeler girýär düýşüme. Özün tapman arasyndan arzuwlaň, Soňam siňip gidýär güýzleň ýa... |
SERHET ÝAKASY – BU DAGLAR
Nurana säherlerden çöşlenip gaýdan menziller bizi ýene-de serhet ýakasynyň syrly ýodalaryna tarap alyp gaýtdy. Watanymyzyň çar tarapyndan bir-biriniň ellerini mäkäm gysymlap, uzalyp giden ýollar bu keremli daglaryň täsin rowaýatlarynyň içinden parran geçişine tabşyryga tarap atyny eserdeňlik bilen gyssap barýan serhetçi esgerleri hem öz gahrymanlaryna öwürýär-de parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk bolup, her birimiziň mukaddes ojaklarymyza girip gelýär.... |
ÇYNYM ÝATYR
Haka agymdan añyrda, Mekanlap imanym ýatyr. Barlygymyñ añyrsynda, Syr tutup wyždanym ýatyr. Añyrsynda ýangynlaryñ, Ýalkajak wysalym ýatyr. Alnyma çöken tümlükleñ, Ertesinde dañym ýatyr. Ýitiklermiñ añyrsynda, Tapmadyk jogabym ýatyr. Ýazgyda kaýyllygymda, Tükenmez sogabym ýatyr. Alaçsyz armanlarymda, Ýeñişi saýlanym ýatyr. Ýamanlygyñ şarpygynda, Gowluga gurbanym ýatyr.... |
ÝALKARMY MENI?!
Hakykat diýe daljygyp, Ýörýänim ýalkarmy meni?! Arşy-zemini sermenip, Dörýänim ýalkarmy meni?! Äleme sygmadygyma, Sygýanym ýalkarmy meni?! Heññama köñlüm batyryp, Duýýanym ýalkarmy meni?! Arşa gollarym göterip, Diýýänim ýalkarmy meni?! Melekleriñ perwazyna, Uýýanym ýalkarmy meni?! Köñüllerden pelege ýol, Görýänim ýalkarmy meni?! Toba ýuwmuş älemlerde, Syzýanym ýal... |
DÜŞÜNMEK
Ýalandyr öýdenlerim, Asyl görsem çyn eken! Oýun öýdüp bakanlam, Bu durmuşda dañ eken! Ýagtylykdyr oýlanym, Siñe baksam tün eken! Tämiz oýlap baranlam, Päkize däl, çañ eken! Ýandyr oýlap tutanlam, Ah, ýan nire ýeñ eken! Dilewar diýp bilenlem, Hakykatda güñ eken! Ýalpak-ýüzleý sananlam, Ölçererden çuñ eken! Dertdir oýlap gaçanlam, Indi baksam em eken! Asyl görsem bu... |