Результаты 1-20 из 751 по запросу Allaýar Çüriýew

KÖÇE KYSSASY

ýa-da sübsegär gyzlara

Süpürýän dek haly, palas, keçäni,
Gije-gündiz süpürýäňiz köçäni.
Al asmanda bolsa gara bulutlar,
Guýup dur ýagşy.
Kelesaň biriniň maşyny gelip,
Kakmasa ýagşy...
Ýaşyrýan dek köçedäki kesbiňiz,
Ýaglyk bilen çolapsyňyz keşbiňiz.

Tüp yssyda,
Şatylama aýazda,
Esgeriň serhedi goraýşy ýaly,
Eliňizde sübse,
Gije-gündiz süpürýäňiz köçäni.
S...
Täzelikler » Goşgular - 26.09.2023

ÖZÜM HAKDA, DÖWÜR HAKDA

Kazy-kelan – ýalan,
Patyşa – ýaman,
Sopular – ýalan,
Baýlaryň ömri tamam,
Gurýarys şolarsyz behişdi zaman...
Diýilýän döwürde dünýä inip men.
Metjidiň haraba öwrülýän döwri,
Ýüze urýan döwri dowzahyň howry,
Hemem halkyň ogullarnyň
Satylan wagty,
Atylan wagty.
Bolşewik ýurduny synd...
Täzelikler » Goşgular - 22.09.2023

PURSATLAR

Men Aýtbaý Hudaýbergenow diýen bir ýaşulyny tanaýardym. Aýtbaý aga 1936-1947-nji ýyllar Türkmenistan SSR-niň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy bolup işlän adam. Ol Daşoguz şäherinde ýaşaýardy. Otuzynjy ýyllaryň başlarynda institutda okap ýören döwürleri, basmaçy bar bahanasy bilen guma iberýärler. Basmaçylaryň aldaw-ündewine gidip, ýalňyşan adamlary täze häkimiýetiň tarapyna çekmek. Olar meýletin ýaraglaryny tabşyrsalar, Sowet häkimiýeti olaryň günäsini geçjekdigini olara...
Täzelikler » Ýatlamalar - 19.09.2023

DÖWÜRDEŞLERE

“Hem birneme serim bolsun,
Hem birneme zerim bolsun,
Hem birneme berim bolsun...”
Diýip, ýören oglanlarmyz,
Hem erkana doglanlarmyz,
Soň pah, pah-ow baýadylar,
Hem birneme zaýadylar.
Özlerini aýadylar.
Okdan gaty atyldylar,
Zada gyzyp satyldylar,
Saýladylar özge ýoly,
Has takygy, tozga ýoly.

26.02.2023.
Täzelikler » Goşgular - 19.09.2023

GÖWNÜME BOLMASA...

Göwnüme bolmasa, ownaýar bar zat:
Bigadyr ýanynda maýda abraý-at.
Çyn ýürekden çykan gülki ownaýar,
Agynyň ýanynda tilki oýnaýar.
Çynçy kim, ýalançy – tanar ýaly däl,
Gardaşyň gardaşa salan aly kän.
Diňe menmi bu ahwala ýan beren?
“Ýok!” – diýdi Pyragy, niçe han gören.
Eý, adam, bilesiň gelýärmi özüň,
Onda diňle beýik Pyragyň sözün.
Onuň aýdan zady sen hakda şu gün,
Sen şol adam, bilseň, ...
Täzelikler » Goşgular - 18.09.2023

HAKYDA

Agam Allaýar Çaryýewiň ýagty ýadygärligine

Ýetmiş bäş ýyl göterýärin adyny,
Müň dokuz ýüz kyrk dört, iýun ýigrim bäş.
Güllesinden wepat boldy faşistiň,
Belorus topragy, Witebsk hem Orş.

Doglan ýyly müň dokuz ýüz ýigrim bäş,
Ondan galan ýekeje zat suraty.
Başga hiç zat – ne galamy, kemeri,
Ne ýorgany, ne düşegi, gyraty...

Enem bilen gitdi ýatlamalaram,
Gujagy nist söýüp giden gyzynyň...
Täzelikler » Goşgular - 18.09.2023

PULUŇ GÜÝJI

Pul gerek ula-kiçä-de,
Billeri egik goja-da,
Molla, işan, pir, hoja-da,
Mekgeden gelen haja-da,
Emma ki pul küjede?
Pul gerek şahyr, alyma,
Eli gamçyly zalyma.
Şäherde aýak ýoluma,
Utanmak utandym neden,
Bazarda pulsuz halyma.

Pulsuz ýaşap bilmez täjir,
Güni geçer wajyr-wujur.
Pa...
Täzelikler » Goşgular - 17.09.2023

TARYHÇY ALYMA

Bilinmedik sahypasy köp entek,
Düşünmeli muňa, bolmasaň tentek.
Her sekundy, her minuty, her güni,
Geçen taryhyňdyr gündizi, tümi.
Ýazmasaň sen günäkäri özüňsiň,
Ganymydyr ýalan-ýaşryk, tozuňsyň.
Taryha kast eden kast eder nana,
Wagty gelse, geçmez taryhda sana.
Muny göre-göre görüp peseldik,
Ýalana gol ...
Täzelikler » Goşgular - 16.09.2023

GARRY ÖÝÜŇ NALASY

“Gysga ömür sürdüm” diýip, biljek däl,
Köp zat boldy. Köp zat ýatda däl indi.
Bir zat weli asla ýatdan gitmeýär,
Ony ýatlamazlyk, ýatlamak kyndy.

Ýykdy körpe, ýere ýazdy atasyn,
Tep-tekiz eýledi ata ýurduny.
Ganandyr ol atasynyň ganyndan,
Görüp galdym dünýäň jyndan gurduny.

Jemşit pisint pürsler otda ýakyldy,
Gara ýere siňip gitdi kerpiji.
Şo gün dag obasy matam baglady,
Soň-so...
Täzelikler » Goşgular - 14.09.2023

BIRINE GYSGAJYK HÄSIÝETNAMA

Bile bir obada önüp-ösmedik,
Okamadyk on ýyllap bir mekdepde.
Aşgabatda, uniwersitetde sataşdyk,
Soň ýolumyz aýra düşdi messepde.

Il bähbidi däldi onuň gaýgysy,
Kürsi diýip inkär etdi Hudaýy.
Päli onuň öňe düşdi nebisden,
Ýol ýörese göz görmedi gedaýy.

Köp oturdy özi bilen ikiçäk,
Ýazardy goşgy-da, drama, powest.
Çykdy kitaby-da yzly-yzyna,
Tagam-tagsyry nist, dereje...
Täzelikler » Goşgular - 12.09.2023

RUBAGYLAR

Kemsiz gözelleriň hyrydary kän,
Dälisi kän, dolusy kän, hary kän.
“Ýazgyt” diýip, göwne teselli beren
Gözeliň kalbynda ahy-zary kän.

28.11.2022.

***

Bu boluşa gören gözler ýadaýar,
“Eşidenim-diýmen- meni aldaýar”.
Birsydyrgyn geçip otyr aý-ýyllar,
Bu günüňe şükür eýle, Allaýar!

18.02.2023.

***

Pyragy aýtmyşlaý, bilinmän galmaz,
Muhannesler il derdi...
Täzelikler » Goşgular - 11.09.2023

GÖWNÜME DÄL ZATLAR HAKDA

Birmeňzeş bezemen gyzlar,
Birmeňzeş bezemen oglan.
Olar gadym geçmişden däl,
Olar şu günlerde doglan.

...Gara sakgal örtüp ýüzün,
Ne betnyşan, düşse gözüň.
Gyssanyp barýar jumaga,
Namazda öňde durmaga.
Oň ýalydan doly metjit,
Diýdim: - Walla, äjit-mäjit.

Birtopary oýunbazdyr,
Görejiňde gara mäzdir.
Gaýdan güni bu dünýäden,
Bolsun kepen gara biýzden.
<...
Täzelikler » Goşgular - 10.09.2023

“HEMLE ATYP GITDI ŞU GÜN BIR ADAM...”

Hemle atyp gitdi şu gün bir adam,
(Ne sebäpden hemleçiler köpelýär?)
O gendäniň gözleri ne aýylganç?
Meger, şonda gözleň nury gapylýar.

Şu gün ajal bolup indi başyma,
Belki, ol gardaşdyr, belki, dostumdyr.
Bigaýrat biriniň atan hemlesi,
Ýürek hasratyňdyr, ömre kastyňdyr.

Gitmeli wagtyndan ir gidýär adam,
Adam bir-birinden çekýär ezýeti.
Şunça ýaşap, göz ýetirdim bi...
Täzelikler » Goşgular - 10.09.2023

DÜNÝÄŇ ÝÜZÜNDE

Özgerişlik indi dünýäň ýüzünde,
Agy bar, ahy bar dünýäň gözünde.
Dünýäniň gamyny edýän eý, adam,
Ýalan ýokmy, eýsem seniň özüňde?

Nämeler bolmaýar ýeriň ýüzünde?
Ýalan bar, ýaman bar dünýäň sözünde.
Ýangyn ýürekde däl, arşda lowlaýar,
Ýangyn ýokmy ojakdaky közüňde?

30.11.2022 ý.
Täzelikler » Goşgular - 10.09.2023

EDEBI ÝAÑSYLAMA

• POEZIÝA

...Pyragydy onuň ady birmahal,
Soň Kemine boldy, Zelili boldy.
Kerim, Berdinazar diýdiler oňa,
Gurbannazar – ýene bir ady boldy.

Topragmy ýylydyp oturan ot ol,
Ynanýan ýene-de geler kän ärler.
Türkmeniň giň kalby onuň mekany,
Bu gün oňa Nobatguly diýýärler.

Agageldi Allanazarow / “Poeziýa”

(“Türkmenistan” gazeti, 2023-nji ýylyň 17-nji fewraly).
...
Täzelikler » 2023/09/08 - 08.09.2023

20.11.07 (Sişenbe).

Türkmenistanyň halk hudožnigi Durdy Baýramow geçen hepde jaň edip, portret suratymy çekjekdigini, ikinji gün sagat 11-de ussahanasyna gelmelidigimi aýtdy.
Şo gün aýny wagtynda bardym. Birtopar gürrüň berdi. Ol çaga wagty Gyzylarbadyň ýetimler öýünde terbiýelenen adam. Häzirem ol detdomuň ruhy bilen ýaşaýar. “Gowy terbiýe berdiler” diýdi.
- Detdomuň direktoryna Şyhdurdyýew diýip (Dianow adyndaky kolhozda ýerleşýän mekdebiň direktory bolup işläpdir) f...
Täzelikler » Ýatlamalar - 08.09.2023

“TEÝI BOLMAZ HARAM PULUŇ...”

Malyň-mülküň eýesi baý,
Sygyr, öküz, düýesi... baý.
Ýöne weli diýmez hiç kim:
“Şu obanyň söýesi baý”.

Doýmaz-dolmaz nebisinden,
Gelmez hiç kim gapysyndan,
Eşitdim men şepesinden:
“Şu obanyň güýesi baý”.

Il içinde Suhan gaty,
Ýeke çapar mydam aty,
Teňňeden çeker “minneti”,
Bolmaz eger doýasy baý.

Nebisine asgyn ata,
Asgynlarda köpdür hata,
D...
Täzelikler » Goşgular - 08.09.2023

05.12.2004 ý.

Sähet Rejebow, professor:
– Bu waka 1964-nji ýylyň tomsunda bolupdy. Men bir iş bilen Türkmen döwlet uniwersitetine barypdym.
– Sizi Wiktor Mihaýlowiç Pereudin telefona gyssagly çagyrýar – diýdiler. Ol şo wagtlar TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Ýokary we ýörite bilim barasyndaky döwlet komitetinde başlygyň orunbasary, menem şol komitetde baş spesialist bolup işleýärdim. Ol maňa “Saňa TKP MK-nyň ikinji sekretary garaşýar” diýdi. Bardym. Orta boýly, ýüz...
Täzelikler » Ýatlamalar - 23.08.2023

BIR ÖMÜR HAKDA

Göwne degen bilen
Öjem bolmady.
Hekgerip,
Pekgerip,
Goçam bolmady.
Iller melleginden ýoda ýasanda,
Pajam almady.
Il içinde ýalan
Hojam bolmady.
Ýа-da Mekge diýip,
Hajam bolmady.
Ynsap bilen ömür sürdi,
Ajam bolmady.

22.07.2023.
Täzelikler » Goşgular - 23.08.2023

RUBAGYLAR

Taňrysyny tanamasa ol kişi,
Bilginiň, ýol almaz her tutan işi.
Göwün hoşy alahöwren, al-arwah,
Dowzahdyr tomusy, dowzahdyr gyşy.

20.07.2023.

***

Diýerdim men oňa ýigidiň berki,
Indi gözlerinde görýärin gorky.
Munuň üçin oňa “gorkak” diýmerin,
Diýdim: “Gorky-da gerekdir, belki...”

20.07.2023.

***

Häkim bolsaň, taýak atma yzyňa,
Degme namysyna, gelin...
Täzelikler » Goşgular - 22.08.2023


1 2 3 ... 37 38 »